Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
mane baba hekayatlar (elip).doc
Скачиваний:
0
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
1.93 Mб
Скачать

On ýedinji hekaýat

Nyşapurda Işi Nili atly bir zenan ýaşap geçipdir. Bu takwa, hudaýhon aýal Nyşapuryň atly-abraýly maşgalalaryndandy we at-owazasy bütin şähere ýaýrapdy. Ol kyrk ýyl bäri öz how­lusyndan daşyna çykman oňupdy, hatda onuň öýünden çykyp, hammama barýanyny hem gören ýokdy. Onuň öýünde bir ene­kesi bolup, ol zenana hyzmat edipdir. Haçan-da biziň şyhymyz (Alla onuň ruhuny eziz tutsun!) Nyşapura gelende: «Mäneden bir şyh gelipdir, ol mejlis gurap, öz keramatyny äşgär gör­kez­ýär, kimiň kalbynda bir düşnüksizlik dörese, ol diliňi ýar­ma­kaň, seniň pikiriň jogabyny aýdýar» diýen gürrüň bada-bat şähere doldy. Bir gün Işi Nili öz enekesine şeýle diýen: «Sen tur-da, şyhyň mejlisine bar, onuň aýdýan zatlaryny ýadyňdan çykarman gel-de, maňa jikme-jik gürrüň ber». Eneke şyhyň mej­lisine baran, ýöne şyhyň hemme aýdan zatlaryny ýatda saklap bilmändir we düşünmändir. Şyh şeýle beýt aýdan:

Meniň bir ýarym dangim1 bardy, hepbesi2 kem,

Iki pygamberlik küýze aldym, bir bölegi kem,

Meniň barbatymda3 ses ýok, seda ýok,

Haçana çenli galandarlar köçesinde gamly gezmeli.

Eneke öýe gelenden, Işi Nili ondan: «Şyh näme diýdi?» di­ýip soran. Ol hem ýat tutanja ýokarky setirlerini aýdyp beren. Işi oňa «Tur-da, agzyňy çaýkap gel. Munyň danalaryň ýa-da tak­walaryň aýtjak sözleri däl» diýen. Eneke turup, agzyny ýuwup gelipdir.

Işiniň bar işi-pişesi gözagyry dermanyny ýasap, dertlilere bermek eken. Ol bir gije basyrganyp, düýşünde eýmenç bir za­dy görýär. Ukudan hopugyp tursa, Işiniň iki gözi hem agyrýan eken. Oňa nähili däri-derman etse-de, peýda bermändir. Ähli te­bipler ýygnanyşyp, şypa etjek bolsalar-da, peýdasy deg­män­dir. Ol derde çydaman, ýigrimi gije-gündizi uwlap geçipdir. Bir gi­je düýşüne biri girip: «Gözagyryňdan dynmak isleseň, Mä­neli şyhyň razylygyny al-da, göwnüni hoş et» diýen.

Ertesi gün Işi Nili aklyk üçin müň dirhemi ýaglyga düwüp, enekesine berýär we oňa şeýle diýýär: «Sen muny şyhyň ýany­na alyp bar». Ol kümüş pullary şyhyň ýanynda goýýar. Şyhyň şeýle bir endigi bolup, her mejlisi tamamlanda, müritler bir bölek gury çörek bilen myswagy4 getirip, onuň ýanynda goýar ekenler. Şyh şol nany iýip, dişlerini arassalapdyr. Şyh dişini arassalap otyrka, eneke kümüş pullary onuň ýanynda goýýar. Eneke ýerinden turjak bolup gobsunandan, şyh oňa şeýle diý­ýär: «Bu myswagy al we hanymyňa aýt, ol bu myswagy suwa çaýkasyn we onuň suwuna gözlerini ýuwsun, şeýtse, onuň daş­ky dünýäni görýän gözi açylar we oňa aýt, ýüreginden betgü­manlygy çykarsa, kalbynyň gözi hem şypa tapar».

Eneke gelip, Işi Nilä bolan zatlary ýekän-ýekän gürrüň ber­ýär. Işi myswagy alyp, suwda çaýkaýar we şol suw bilen göz­lerini ýuwýar. Ol şolbada şypa tapyp, gözleri röwşen bolýar. Ertesi ol irden turup, ähli lagly-jowahyrlaryny, gymmatbaha ge­ýim-gejimlerini alyp, şyhyň ýanyna getirýär we şeýle diýýär: «Eý, şyh, eden işlerime toba etdim, betgümanlygy ýüregimden sogrup aýyrdym». Şyh şonda: «Mübärek bolsun, ony Abu Ta­hyryň ejesiniň ýanyna eltiň, goý, oňa hyrka geýdirsin» diýen. Şyh: «Sen şu ýolda hyzmat et, iki dünýäde-de eziz görlersiň» diýýär. Işi Nili şyhyň diýşi ýaly, baryp hyrka geýdi we bularyň hyzmatyny edip başlady, köşgüni we ähli baýlygyny derwüş­leriň ýoluna sadaka berdi we belent derejä ýetip, Nyşapur sopularynyň ýolbaşçysy boldy.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]