Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Elektrik energiýasyny öndürmek we aralyga bermek we peýdalanmak ..docx
Скачиваний:
0
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
1.14 Mб
Скачать

TÜRMENISTANYŇ BILIM MINSTRLIGI

TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGYNYŇ TÜRKMENBAŞY ŞÄHERINDÄKI DEŇIZÇILIK ORTA HÜNÄRMENT OKUW MEKDEBI

REFERAT

DERS: Fizika

T EMA: Elektrik energiýasyny öndürmek we aralyga bermek we peýdalanmak .

Tabşyran: H. Mantyýew

Kabul eden: J.B. Ataýew

ELEKTRIK ENERGIÝASYNY GENERIRLEME

Ilki bilen başda elektrik togyny öndürýän gurluşlar bilen tanyş bolalyň.

Elektrik togy generatorlarda energiýanyň şol ýa-da basşga bir

görnüşini elektrik energiýasyna öwürýän gurluşlarda alynýar. Generatorlara

galwanik elementler, elektrostatik maşynlar, termobatareýalar, gün

batareýalary we ş.m degişlidirler. Generatorlaryň prinsipial täze görnülerini

döretmek barada barlaglar geçirilýär. Meselem ýangyç elementleri diýilýän

elementler taýýarlanyp, olarda wodorod bilen kislorodyň birleşme

reaksiýasynyň netijesinde döreýän energiýa gös-göni elektrik energiýasyna

öwrülýär.

Elektrik energiýanyň generatorlarynyň agzalan görnüşleriniň her biriniň

ulanylýan ýeri olaryň häsiýetleri bilen kesgitlenilýär. Meselem, elektrostatik

maşynlar potensiallaryň ýokary tapawudyny döredýärler. Ýöne olar zynjyrda

haýsydyr bir uly toguň güýjini döredip bilmeýärler. Galwanik elementler

güçli tok berip bilerler emma onuň dowamlylygy uzak däldir.

Biziň zamanamyzda üýtgeýän toguň elektromehaniki induksion generatorlary

möhüm rol oýnaýar. Bu generatorlarda mehaniki energiýa elektrik

energiýasyna öwrülýär. Olaryň işleýşi elektromagnit induksiýa hadysasyna

esaslanandyr. Bu hili generatorlaryň gurluşy has ýönekeýdir we ýeterlik

ýokary naprazeniýede uly toklar almaga mümkinçilik berýärler. Indiden

beýlak, generatorlar hakynda gurruň edenimizde diňe induksion

elektromehaniki generatorlary göz öňüne tutarys.

Ü ýtgeýän togyň generatory

Üýtgeýän togyň generatorynyň işleýiş prinsipine eýýam garap geçipdik.

Häzirki wagtda induksion generatorlaryň köp dürli görnüşleri bar. Emma

olaryň hemmesi şol bir esasy boleklerden durýarlar. Bu birinjiden, magnit we

ikinjiden üýtgeýän EHG-ni induktirleýän sarym (generatoryň garalan

modelinde bu aýlanýan ramka). Yzygider birikdirlen sargylarda döreýän

EHG goşulýanlygy üçin, ramkadaky induksiýanyň EHG amplitudasy ondaky

sarymlaryň sanyna proporsionaldyr. Ol her sargyny kesip geçýän üýtgeýan

magnit akymynyň amplitudasyna hem proporsionaldyr.

Generatorlarda uly magnit akymyny almak üçin elektrotehniki polatdan

ýasalan iki ýürekçeden düzülen ýörite magnit sistemasynda peýdalanylýar.

Magnit meýdanyny döredýän sargy ýürekçeleriň biriniň pazasynda

(oýugynda) ýerleşýär, EHG induktirleýan sargy bolsa beýlekisiniň

(oýugynda) pazasynda ýerleşýar. Ýürekçeleriň biri (adaty içkisi) öz sargysy

bilen gorizontal ýa-da wertikal okuň daşynda aýlanýar. Şonuň üçin oňa rotor

diýilýär. Hereketlenmeýän ýürekçä onuň sargysy bilen bilelikde stator

diýilýär. Statoryň ýürekçesi bilen rotoryň arasyndaky aralygy mümkin

boldugyça kiçi edip alýarlar. Şeýdip magnit induksiýasynyň akymynyň

mümkin bolan uly bahasy alynýar. Ýokarda şekillendirilen generatoryň

modeline rotor bolup hyzmat edýän sim ramka alynýar (dogry, demir

ýürekçesiz). Magnit meýdanyny hereketsiz hemişelik magnit döredýär.

Elbetde magniti tersine aýlap ramkany hereketsiz hem galdyryp bolardy. Uly

senagat generatorlarynda rotor bolup hyzmat edýan elektromagnit aýlanýar,

şol wagtyň özinde, statoryň pazalarynda ýerleşdirilen we uçlarynda EHG

döreýän sargy hereketsiz galýar. Sebäbi togy rotora bermek ýa-da ony

rotoryň sargysyndan daşky zynjyra almak, süýşýän kontaktlaryň kömegi

bilen amala aşyrylýar. Onuň üçin rotor sargylaryň uçlaryna birikdirilen

kontakt halkalary bilen üpjün edilýär. Halkalary gysylan hereketsiz

plastinalar-çotkalar, rotoryň sargysyny daşky zynjyr bilen baglanyşdyrýarlar.

Magnit meýdanyny döredýän elektromagnitiň sargysyndaky togyň güýji,

generatoryň daşky zynjyra berýän togynyň güýjünden has kiçi. Şonuň üçin

generirlenen togy hereketsiz sargylardan almak, süýşýän kontaktlaryň üsti

bilen bolsa aýlanýan elektromagnite kiçi togy bermek amatlydyr. Bu tok şol

walda oturdylan hemişelik togyň aýratyn generatorynda (oýandyryjyda)

döredilýär. Az kuwwatly generatorlarda magnit meýdany aýlanýan hemişelik

magnit bilen döredilýär. Şunuň ýaly ýagdaýda halkanyň we çotganyň geregi

ýokdur. Statoryň hereketsiz sargylarynda EHG-niň ýüze çykmagy. Rotor

aýlananda magnit meýdanynyň üýtgeýänligi sebapli köwlenme elektrik

meýdanynyň döremegi bilen düşündirilýär. Elektrik togynyň häzirki zaman

generatory – ol mis simlerden, izolasiýon materiallardan we polat

konstruksiýalardan gurnalan äpet gurluşdyr. Birnäçe metr ölçegli

generatoryň wajyp detallary millimetr takyklygynda ýasalýarlar. Tebigatyň

hiç ýerinde elektrik energiýany şunça üznüksiz we tygşytly döredýän hereket

edýän bölekleriň baglanyşmasy ýokdur.