
- •521 Madda. Azatlygy çäklendirmek
- •I) jebir çekeniň hukuga ters gelýän hereketleri ýa-da ahlaksyzlygy jenaýat edilmegi üçin sebäp bolan bolsa;
- •I) ýarag ulanmak arkaly ýa-da fiziki ýa-da psihiki zorluk ulanmak arkaly jenaýatyň edilmegi;
- •123 Madda. Kämillik ýaşyna ýetmedikleriň janyny we saglygyny goramak boýunça borçlaryň göwnejaý ýerine ýetirilmezligi
- •1291-Njy madda. Adam söwdasy
- •132 Madda. Töhmet
- •147 Madda. Hat alyşmagyň, telefon gepleşikleriniň, poçta, telegraf ýa-da başga habarlaryň syrynyň bozulmagy
- •148 Madda. Ýaşaýyş jaýynyň eldegrilmesizliginiň bozulmagy
- •151 Madda. Zähmeti goramagyň kadalarynyň bozulmagy
- •152 Madda. Göwreli aýaly işe kabul etmekden esassyz boýun gaçyrmak ýa-da işden esassyz çykarmak
- •153 Madda. Awtorlyk hukugynyň we gatyşyk hukuklaryň, patent eýeleriniň hukuklarynyň bozulmagy
- •156 Madda. Kämillik ýaşyna ýetmedigi jemgyýete garşy hereketler etmäge çekmek
- •157 Madda. Perzentlige almak syrynyň aýan edilmegi
- •1812 Madda. Ýeriň bikanun berilmegi
- •1821-Nji madda. Gynamak
- •Iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
- •2071–Nji madda. Belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki jezany çekmekden zannyýamanlyk bilen boýun gaçyrmak
- •239 Madda. Bikanun telekeçilik işi
- •245 Madda. Monopolistik hereketler we bäsdeşligi çäklendirmek
- •2451 –Nji madda. Gymmatly kagyzlaryň bazaryny manipulirlemek
- •2501–Nji madda. Gymmatly kagyzlaryň bazarynda insaýder geleşikleri
- •265 Madda. Söwda düzgünleriniň bozulmagy
- •2711-Nji madda. Terrorçylygy maliýeleşdirmek
- •2771 –Nji madda. Platformany bikanun eýelemek
- •3031-Nji madda. Düzüminde tramadol gidrohlorid
- •305 Madda. Içgileri içmek üçin mesgenleriň guralmagy ýa-da saklanylmagy
- •321 Madda. Bikanun aw
1812 Madda. Ýeriň bikanun berilmegi
(1) Wezipeli adam tarapyndan ýer böleginiň ýere eýeçilik hukugynyň bozulyp berilmegi, şol sanda döwlet eýeçiligindäki ýer bölekleriniň bellenilen tertipde resmileşdirmezden kärendä ýa-da peýdalanmaga berilmegi, eger bu etmişler betnebislikden ýa-da gaýry şahsy bähbitler bilen edilen bolsa,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek bilen, zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimisinden ýüzüsine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek bilen, bir ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
(2) Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan etmiş, eger ol:
a) gaýtadan;
b) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan edilen bolsa,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek bilen, zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ellisinden ýüz ellisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek bilen, üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
(2013-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 77-nji madda)
1812-nji madda aýrylan - 2013-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 77-nji madda)
182-nji madda. Wezipe ygtyýarlarynyň çäginden çykmak
(1) Wezipe ygtyýarlarynyň çäginden çykana, ýagny, wezipeli adam öz gulluk ygtyýarlarynyň çäklerinden göz-görtele çykýan hereketleri eden bolsa we raýatlaryň, guramalaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň ýa-da jemgyýetiň ýa-da döwletiň kanun boýunça goralýan bähbitleriniň, düýpli bozulmagyna getiren bolsa,
bäş ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek ýa-da zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimisinden kyrkysyna çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da üç ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
(2) Şonuň ýaly etmiş, eger:
a) jebir çekeniň şahsy mertebesini kemsidýän hereketler bilen amala aşyrylsa;
b) fiziki zorlugy ulanmak bilen edilse;
ç) ýaragy ýa-da ýörite serişdeleri ulanmak bilen edilse;
d) agyr netijelere getirse,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek bilen, zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ellisinden iki ýüzüsine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip, bäş ýyldan sekiz ýyla çenli möhlete belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek ýa-da üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip, üç ýyldan sekiz ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.