Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Türkmenistanyň Jenaýat Kodeksi.doc
Скачиваний:
0
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
1.18 Mб
Скачать

151 Madda. Zähmeti goramagyň kadalarynyň bozulmagy

(1) Tehniki howpsuzlyk kadalaryny ýa-da zähmeti goramagyň başga kadalaryny berjaý etmek boýunça borçlar ýüklenen adam tarapyndan bu kadalaryň bozulandygy üçin, eger bu etmiş adam saglygyna agyr şikes ýetirilmegine getiren bolsa,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimisinden otuzysyna çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan etmiş, eger ol seresapsyzlyk boýunça adam ölümine getiren bolsa,

üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2013-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky we 2014-nji ýylyň 3-nji maýyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 77-nji madda)

152 Madda. Göwreli aýaly işe kabul etmekden esassyz boýun gaçyrmak ýa-da işden esassyz çykarmak

Aýalyň göwreliligini bahana edip, ony işe kabul etmekden esassyz boýun gaçyrana, şeýle hem şol bahanalar bilen aýaly işden esassyz çykarana, eger bu etmişler agyr netijelere getiren bolsa,

bäş ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2013-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 77-nji madda)

153 Madda. Awtorlyk hukugynyň we gatyşyk hukuklaryň, patent eýeleriniň hukuklarynyň bozulmagy

Awtorlygyň eýelenilmegi, awtorlyk ýa-da gatyşyk hukuklaryň obýektleriniň, şeýle hem patent bilen goralýan oýlap tapyşlaryň, peýdaly modeliň ýa-da senagat nusgasynyň bikanun peýdalanylmagy, eger olar:

a) bu hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň bir ýylyň dowamynda gaýtadan;

b) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan edilen bolsa,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň on bäşisinden otuzysyna çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.

(2013-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 77-nji madda)

154 madda. Dini guramalaryň kanuny işine päsgel bermek

Dini guramalaryň jemgyýetçilik tertibini bozmaýan we raýatlaryň hukuklaryna, azatlyklaryna we kanuny bähbitlerine kast etmek bilen baglanyşykly bolmadyk kanuny işine ýa-da dini däp-dessurlaryň amala aşyrylmagyna päsgel berilmegi,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynýar ýa-da bir ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.

(2013-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 77-nji madda)

20 BAP. KÄMILLIK ÝAŞYNA ÝETMEDIKLERIŇ,

MAŞGALANYŇ WE AHLAKLYLYGYŇ

GARŞYSYNA JENAÝATLAR

155-nji madda. Kämillik ýaşyna ýetmedigi jenaýat etmäge çekmek

(1) On sekiz ýaşyna ýeten adam jenaýat etmäge kämillik ýaşyna ýetmedigi çekse,

üç ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Ata-ene, bilim-terbiýeçilik işgäri ýa-da kanun arkaly kämillik ýaşyna ýetmedik hakda alada etmek borçlary üstüne ýüklenen başga adam tarapyndan şonuň ýaly etmiş edilse,

üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Şu maddanyň birinji ýa-da ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan etmişler fiziki zorluk ulanmak ýa-da ony ulanmak haýbatyny atmak bilen amala aşyrylsa,

dört ýyldan sekiz ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(4) Kämillik ýaşyna ýetmedigi guramaçylykly jenaýatçylykly topara ýa-da jenaýatçylykly bileleşige çekmek bilen ýa-da aýratyn agyr jenaýaty etmäge çekmek bilen baglanyşykly şu maddanyň birinji, ikinji ýa-da üçünji böleklerinde göz öňünde tutulan etmişler üçin,

bäş ýyldan on ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]