Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Türkmenistanyň Jenaýat Kodeksi.doc
Скачиваний:
0
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
1.18 Mб
Скачать

147 Madda. Hat alyşmagyň, telefon gepleşikleriniň, poçta, telegraf ýa-da başga habarlaryň syrynyň bozulmagy

Raýatlaryň hat alyşmagynyň, telefon gepleşikleriniň, poçta, telegraf ýa-da başga habarlarynyň syryny bilkastlaýyn bozana, eger olar:

a) bu hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň bir ýylyň dowamynda gaýtadan;

b) gulluk ýagdaýyny peýdalanmak bilen edilen bolsa,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynýar ýa-da bir ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.

(2013-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 77-nji madda)

148 Madda. Ýaşaýyş jaýynyň eldegrilmesizliginiň bozulmagy

Ýaşaýyş jaýyna bikanun girene ýa-da onda ýaşaýan adamyň erkiniň garşysyna edilen, ýaşaýyş jaýynyň eldegrilmesizligini başga hili bozana, eger olar:

a) bu hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň bir ýylyň dowamynda gaýtadan;

b) fiziki zorluk ulanmak ýa-da ony ulanmak haýbatyny atmak bilen;

ç) gulluk ýagdaýyny peýdalanmak bilen edilen bolsa,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimisinden otuzysyna çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2013-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 77-nji madda)

149 madda. Raýatlaryň saýlaw ýa-da sala salşyklara gatnaşmaga bolan hukuklarynyň amala aşyrylmagyna päsgel bermek

Zorluk ulanmak, aldaw, haýbat atmak, galplaşdyrmak ýoly bilen raýatlaryň saýlaw ýa-da sala salşyklara gatnaşmaga bolan hukuklaryny erkin amala aşyrmagyna päsgel berene, şonuň ýaly-da saýlawçylara bermit berene ýa-da ony bermäge gatnaşana,

iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2013-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 77-nji madda)

150 madda. Raýatlaryň saýlaw ýa-da sala salşyklara gatnaşmaga bolan hukuklaryny bozmak

Saýlaw toparynyň agzasy tarapyndan ses bermegiň gizlinligini bozmak, saýlaw resminamalaryny galplaşdyrmak, görnetin ýalan resminamalary düzmek we bermek, sesleri görnetin nädogry sanamak ýa-da ses bermegiň jemlerini görnetin nädogry takyklamak, saýlawlaryň, sala salşygyň netijelerini kesgitlemegi görnetin nädogry amala aşyrmak arkaly raýatlaryň saýlaw ýa-da sala salşyklara gatnaşmaga bolan hukuklarynyň bozulmagy,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da bir ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2013-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 77-nji madda)

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]