Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Türkmenistanyň Jenaýat Kodeksi.doc
Скачиваний:
0
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
1.18 Mб
Скачать

1291-Njy madda. Adam söwdasy

(1) Adam söwdasy, ýagny peýdalanmak maksady bilen adamy satyn almak-satmak ýa-da ony yrmak, daşamak, başga birine bermek, gizlemek ýa-da almak,

dört ýyldan on ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly etmiş:

а) iki ýa-da şondan-da köp adam babatda edilse;

b) kämillik ýaşyna ýetmedigi görnetin bolsa;

ç) gulluk ygtyýarlyklaryny peýdalanmak arkaly edilse;

d) jebir çekeni Türkmenistanyň döwlet serhedinden daşyna bikanun çykarylmagy ýa-da Türkmenistanyň döwlet serhedinden daşarda bikanun saklamak bilen bagly bolsa;

e) zorluk ulanmak bilen ýa-da şony ulanmak haýbatyny atmak bilen edilse;

ä) transplantasiýa maksatlary üçin jebir çekeniň organlaryny ýa-da dokumasyny almak bilen bagly bolsa,

sekiz ýyldan on bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Şu maddanyň birinji ýa-da ikinji böleginde göz öňünde tutulan etmişler:

a) seresapsyzlyk bilen jebir çekeniň ölmegine getirse ýa-da onuň saglygyna agyr şikes ýetirse ýa-da başga agyr netijelere getirse;

b) birnäçe adamyň jany üçin ýa-da saglygy üçin howply usul bilen edilse;

ç) jenaýatçylykly topar ýa-da jenaýatçylykly bileleşik tarapyndan edilse,

on bäş ýyldan ýigrimi bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

Bellik:

1. Şu maddanyň birinji böleginde we ikinji böleginiň “a” bendinde görkezilen etmişi eden adam jebir çekeni meýletin azat etse we edilen jenaýatyň üstüniň açylmagyna ýardam etse, eger onuň hereketlerinde gaýry jenaýat alamatlary bolmasa, jenaýat jogapkärçiliginden boşadylýar.

2. Şu maddadaky adamy peýdalanmak diýlip, başga adamlar tarapyndan jelepçilik bilen meşgullanylmagyna we gaýry seksual (jyns) görnüşindäki ulanylmagyna, gulçylyk zähmetine (hyzmata), mejbury ýadaýyna düşünilýär.

130-njy madda. Girewine almak

(1) Şu Kodeksiň 232 (gorkuzyp almak) we 271 (terrorçylyk) maddalarynda göz öňünde tutulan jenaýatlaryň alamatlary bolmazdan girewine alnany azat etmegiň şerti hökmünde döwleti, halkara guramasyny, ýuridik ýa-da fiziki şahsy haýsydyr bir hereketi amala aşyrmaga ýa-da bu hereketleri amala aşyrmakdan saklanmaga mejbur etmek maksady bilen öldürmek ýa-da syna şikes ýetirmek howpuny salyp, adamy girew hökmünde tutana ýa-da saklana,

bäş ýyldan on ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly etmişler, eger:

a) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary ýa-da guramaçylykly topar tarapyndan edilse;

b) gaýtadan edilse;

ç) fiziki zorluk ulanmak bilen edilse;

d) ýarag ýa-da ýarag hökmünde peýdalanylýan başga närseleri ulanmak bilen edilse,

e) kämillik ýaşyna ýetmedik babatynda edilse;

ä) iki ýa-da şondan-da köp adam babatda edilse,

sekiz ýyldan on bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan etmişler, eger:

a) jenaýatçylykly bileleşik tarapyndan edilse;

b) seresapsyzlyk boýunça jebir çekeniň ölmegine getirse ýa-da onuň saglygyna agyr şikes ýetirse ýa-da gaýry agyr netijelere getirse,

on ýyldan ýigrimi ýyla çeili azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

Bellik.

Girewine alnany meýletin azat eden adam, eger onuň hereketlerinde gaýry jenaýat alamatlary bolmasa, jenaýat jogapkärçiliginden boşadylýar.

131-nji madda. Görnetin sagdyn adamy mejbury bejermek

(1) Psihiatriýa ýatymlaýyn ýa-da ýapyk görnüşli gaýry kesel bejeriş jaýyna şeýle bejerişe görnetin mätäçlik çekmeýän adamy ýerleşdirene,

üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, üç ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly etmiş seresapsyzlyk boýunça jebir çekeniň ölmegine getirse ýa-da onuň saglygyna agyr şikes ýetirse ýa-da gaýry agyr netijelere getirse,

üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, üç ýyldan ýedi ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]