Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Türkmenistanyň Jenaýat Kodeksi.doc
Скачиваний:
0
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
1.18 Mб
Скачать

2711-Nji madda. Terrorçylygy maliýeleşdirmek

(1) Terrorçylygy maliýeleşdirmek, ýagny terrorçylygyň guralmagyny ýa-da amala aşyrylmagyny maliýeleşdirmäge niýetlenýändigine düşünmek bilen pul, maddy-tehniki we beýleki serişdeleriň ýygnalmagy ýa-da berilmegi ýa-da maliýe hyzmatlaryň edilmegi, şonuň ýaly-da terrorçylyk maksatly hereketi bilen bagly ýa-da bagly bolmazdan terrorçynyň, terrorçylykly toparyň, terrorçylykly guramanyň, ýa-da şol maksatlara ýetmek üçin döredilýän guramaçylykly toparyň, bikanun ýaragly birikmäniň, ýa-da jenaýatçylykly bileleşigiň işini üpjün etmek boýunça hereketler edilendigi (hereketsizligi) üçin,

emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman dört ýyldan on ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Amala aşyrylan şeýle hereket:

a) gaýtadan;

b) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan;

ç) gulluk ygtyýarlyklaryny peýdalanmak arkaly edilen bolsa,

emlägini muzdsuz alyp, sekiz ýyldan on bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

Bellik.

Eger şu maddada görkezilen jenaýaty eden adam häkimiýet edaralaryna bu barada duýdurmak arkaly ýa-da başga usul bilen terrorçylygyň öňüni almaga ýardam eden bolsa we eger şol adamyň hereketlerinde başga jenaýatyň alamatlary ýok bolsa, onda ol jenaýat jogapkärçiliginden boşadylýar.

(2011-nji ýylyň 4-nji awgustyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2011 ý., № 3, 55-nji madda)

272-nji madda. Terrorçylyk wakasy hakynda görnetin ýalan habar

Taýýarlyk görülýän partladyş, otlamak ýa-da adamlaryň heläk bolmagyna getirip biljek howp döredýän başga hereketleriň taýýarlanylýandygy, emläge düýpli zyýan ýetirip biljek ýa-da başga jemgyýetçilik howply wakalaryň peýda bolmagy hakynda görnetin ýalan habary ýaýradana,

iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

273-nji madda. Bikanun ýaragly düzümleri döretmek ýa-da şoňa gatnaşmak

(1) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulmadyk ýaragly düzümiň döredilmegi, şonuň ýaly-da şeýle düzüme ýolbaşçylyk edilmegi,

üç ýyldan sekiz ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Bikanun ýaragly düzüme gatnaşana,

bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

Bellik.

Bikanun ýaragly düzüme gatnaşmakdan meýletin ýüz dönderen we ýaragyny tabşyran adam, eger onuň hereketlerinde başga jenaýatyň alamatlary ýok bolsa, onda ol jenaýat jogapkärçiliginden boşadylýar.

274-nji madda. Banditçilik

(1) Raýatlaryň ýa-da guramalaryň üstüne çozmak maksady bilen pugta guramaçylykly ýaragly toparyň (bandanyň) döredilmegi şeýle topara (banda) ýolbaşçylyk edilmegi, şonuň ýaly-da banda taparyndan edilýän çozuşlara gatnaşylmagy,

emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, on ýyldan ýigrimi bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Ýaragly topara (banda) gatnaşylmagy,

emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, bäş ýyldan on bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

275-nji madda. Jenaýatçylykly bileleşigiň guralmagy ýa-da jenaýatçylykly bileleşige gatnaşmak

(1) Agyr ýa-da aýratyn agyr jenaýatlar etmek üçin jenaýatçylykly bileleşigiň döredilmegi, şonuň ýaly-da jenaýatçylykly bileleşige ýolbaşçylyk edilmegi,

emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, sekiz ýyldan on bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Jenaýatçylykly bileleşige gatnaşylmagy,

emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, üç ýyldan on ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

276-njymadda. Köpçülikleýin bidüzgünçilikler

(1) Zorluk ulanmak, talaňçylyk, otlamak, emlägiň ýok edilmegi, ok atýan ýaragy ulanmak, partlaýjy maddalary ýa-da ýaryjy serişdeleri ulanmak bilen baglanyşykly köpçülikleýin bidüzgünçilikleriň guralmagy, şeýle hem häkimiýet wekiline ýaragly garşylyk görkezilmegi,

bäş ýyldan on bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan köpçülikleýin bidüzgünçiliklere gatnaşylmagy,

üç ýyldan sekiz ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

277-nji madda. Howa gämisiniň, suw gämisiniň ýa-da gatnadylýan demir ýol wagonlar düzüminiň ogryn äkidilmegi ýa-da birugsat eýelenmegi

(1) Howa ýa-da suw gämisiniň ýa-da gatnadylýan demir ýol wagonlar düzüminiň ogryn äkidilmegi, şonuň ýaly-da şeýle gämini ýa-da wagonlar düzümini ogryn äkitmek maksady bilen birugsat eýeläne,

üç ýyldan sekiz ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Amala aşyrylan şeýle hereket:

a) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan edilen bolsa;

b) gaýtadan;

ç) adamyň jany ýa-da saglygy üçin howply bolan zorlugy ulanmak arkaly ýa-da şeýle zorlugy ulanmak haýbatyny atyp;

d) ok atýan ýaragy ulanmak bilen edilen bolsa,

bäş ýyldan on ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Şu maddanyň birinji ýa-da ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan hereketler, eger olar guramaçylykly topar tarapyndan edilen bolsa ýa-da seresapsyzlyk zerarly adamyň ölümine getiren bolsa ýa-da başga agyr netijelere elten bolsa,

sekiz ýyldan on bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]