Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Türkmenistanyň Jenaýat Kodeksi.doc
Скачиваний:
0
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
1.18 Mб
Скачать

265 Madda. Söwda düzgünleriniň bozulmagy

(1) Bellenilen düzgünleri bozup, döwlet söwdasynyň (jemgyýetçilik iýmiti) kärhanalarynyň (guramalarynyň) ammarlaryndan, bazalaryndan, dükanlaryndan we kömekçi jaýlaryndan harytlaryň satylandygy, şonuň ýaly-da harytlaryň sarp edijilerden gizlenilip saklanylmagy, eger olar:

a) bu hukuk bozulmalary üçin administratiw temmi ulanylandan soň bir ýylyň dowamynda gaýtadan;

b) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan;

ç) uly möçberde edilen bolsa,

üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek bilen, zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimisinden kyrkysyna çenli möçberde jerime salynýar ýa-da emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, iki ýyldan bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan etmişler, eger olar:

a) guramaçylykly topar tarapyndan;

b) aýratyn uly möçberde edilen bolsa,

emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ellisinden ýüz ellisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, üç ýyldan sekiz ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

Bellik.

1. Azyk önümleriniň zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimisinden az bolmadyk möçberi, beýleki harytlaryň zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ellisinden az bolmadyk möçberi harytlaryň uly möçberde satylmagy ýa-da gizlenilip saklanylmagy diýlip hasap edilýär.

2. Azyk önümleriniň zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ellisinden az bolmadyk möçberi, beýleki harytlaryň zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýüzüsinden az bolmadyk möçberi harytlaryň aýratyn uly möçberde satylmagy ýa-da gizlenilip saklanylmagy diýlip hasap edilýär.

(2013-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 77-nji madda)

266-njy madda. Poçta töleg bellikleriniň we gatnaw resminamalarynyň galplaşdyrylmagy

Görnetin galp poçta töleg bellikleriniň, halkara gaýtargy kuponlarynyň, belgi maşynlarynyň çap basmasynyň ýa-da ştempelleriň, şonuň ýaly-da demir ýol, suw, howa ýa-da awtomobil ulaglarynda ýolagçylary gatnatmak ýa-da ýük daşamak üçin niýetlenen biletleriniň we başga resminamalarynyň satmak maksady bilen ýasalmagy ýa-da satylmagy üçin,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň onusyndan otuzysyna çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

28 BAP. TÄJIRÇILIK WE BEÝLEKI GURAMALARDA GULLUK BÄHBITLERINE GARŞY JENAÝATLAR

267-nji madda. Ygtyýarlyklardan hyýanatçylykly peýdalanylmagy

(1) Ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanana, ýagny, täjirçilik ýa-da başga guramada dolandyryjy wezipeleri ýerine ýetirýän adam tarapyndan öz ygtyýarlyklaryny şu guramanyň kanuny bähbitleriniň tersine hyýanatçylykly peýdalanylmagy we özi üçin ýa-da başga adamlar üçin peýda görmek we artykmaçlyk gazanmak ýa-da beýleki adamlara zyýan ýetirmek maksady bilen edilen bolsa, eger munuň özi raýatlaryň, guramalaryň ýa-da döwletiň hukuklaryna we kanuny bähbitlerine düýpli zyýan ýetiren bolsa,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimisinden kyrkysyna çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Agyr netijelere getiren şonuň ýaly hereket edene,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ellisinden ýüzüsine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da dört ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

Bellikler.

1. Şu babyň maddalaryndaky täjirçilik ýa-da başga guramada dolandyryjy wezipeleri ýerine ýetirýän adam diýlip eýeçiligiň görnüşine garamazdan täjirçilik guramasynda, şeýle hem döwlet häkimiýet edarasy, ýerli öz-özüňi dolandyryş edarasy, döwlet edarasy bolmadyk täjirçilik däl guramada hemişelik, wagtlaýyn ýa-da ýörite ygtyýarlyk boýunça guramaçylyk-serenjam berijilik ýa-da administratiw-hojalyk borçlaryny ýerine ýetirýän adam hasap edilýär.

2. Eger şu maddada ýa-da şu babyň beýleki maddalarynda göz öňünde tutulan hereketler diňe döwlet kärhanasy bolmadyk täjirçilik guramasynyň bähbitlerine zyýan ýetiren bolsa, jenaýat yzarlaýyş şu guramanyň arzasy boýunça ýa-da onuň ýazmaça razylygy alnyp amala aşyrylýar.

3. Eger şu madda tarapyndan ýa-da şu babyň beýleki maddalary tarapyndan göz öňünde tutulan hereketler raýatlaryň, beýleki guramalaryň ýa-da döwletiň hukuklaryna we kanuny bähbitlerine zyýan ýetiren bolsa, jenaýat yzarlaýyş umumy esaslarda amala aşyrylýar.

268-nji madda. Bermit

(1) Bermit berilmegi, ýagny, täjirçilik guramasynda ýa-da başga guramalarda dolandyryjy wezipäni ýerine ýetirýän adama berim-peşgeş berilmegi, puluň, gymmatly kagyzlaryň, başga hili emlägiň bikanun berilmegi, şonuň ýaly-da, zat berýäne bähbit diýip wezipeli adamyň bir işi bitirmegi ýa-da bitirmezligi, ýagny, wezipeli adamyň öz gulluk ýagdaýyny peýdalanyp etmeli bolan ýa-da edip biljek şol işi üçin oňa emläk häsiýetli bikanun hyzmatyň edilendigi üçin,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimi bäşisinden ýetmiş bäşisine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da bir ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Amala aşyrylan şeýle hereket:

a) gaýtadan;

b) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan edilen bolsa,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ellisinden ýüzüsine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da üç ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

Bellik.

Şu maddada göz öňünde tutulan jenaýaty etmekde günäkär adam eger özi babatda gorkuzyp almak çäresiniň ulanylandygyny aýtsa ýa-da eger jenaýat işini gozgamaga hukugy bar bolan edara bermit berilenligi hakynda meýletin habar berse jenaýat jogapkärçiliginden boşadylýar.

269-njy madda. Bikanun sylag alynmagy

(1) Täjirçilik guramasynda ýa-da başga guramada dolandyryjy wezipäni ýerine ýetirýän adamyň puly, gymmatly kagyzlary, başga hili emläk bikanun almagy, şonuň ýaly-da zat berýäne bähbit diýip wezipeli adamyň, bir işi bitirmegi ýa-da bitirmezligi, ýagny, wezipeli adamyň özüniň gulluk ýagdaýyny peýdalanyp etmeli bolan ýa-da edip biljek şol işi üçin oňa emläk häsiýetli bikanun hyzmatyň edilmegi, munuň üçin,

üç ýyla çenli möhlet bilen belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek bilen, zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýüzüsinden iki ýüzüsine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, üç ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly hereketler gaýtadan ýa-da deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan ýa-da gorkuzyp almak bilen baglanyşykly edilse,

emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

270-nji madda. Auditoryň, bitarap kazynyň ýa-da adwokatyň doly ygtyýarly hukuklaryny hyýanatçylykly peýdalanmagy

Auditoryň, bitarap kazynyň ýa-da adwokatyň özlerine berlen doly ygtyýarly hukuklaryny haýyr görmek maksady bilen we özleri üçin ýa-da başga adamlar üçin artykmaçlyklar gazanmak üçin ýa-da beýleki adamlara zyýan ýetirmek üçin öz işiniň wezipeleriniň tersine peýdalanmagy, eger bu hereket raýatlaryň, guramalaryň ýa-da döwletiň hukuklaryna ýa-da kanuny bähbitlerine düýpli zyýan ýetiren bolsa,

üç ýyla çenli möhlet bilen belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek bilen, zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ellisinden ýüz ellisine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, üç ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

XII BÖLÜM. JEMGYÝETÇILIK HOWPSUZLYGYNA WE

ILATYŇ SAGLYGYNA GARŞY JENAÝATLAR

29 BAP. JEMGYÝETÇILIK HOWPSUZLYGYNA WE JEMGYÝETÇILIK TERTIBINE GARŞY JENAÝATLAR

271-nji madda. Terrorçylyk

(1) Terrorçylyk, ýagny, partladyş, otlamak ýa-da adamlaryň heläk bolmagyna getirip biljek howp döredýän başga hereketleriň amala aşyrylmagy, emläge düýpli zyýan ýetirip biljek ýa-da başga jemgyýetçilik howply wakalaryň peýda bolmagy, eger şu hereketler jemgyýetçilik howpsuzlygyny bozmak, ilaty gorkuzmak ýa-da häkimiýet edaralary tarapyndan kararyň kabul edilmegine täsir etmek maksady bilen amala aşyrylan bolsa, şeýle hem şol maksatlara ýetmek üçin görkezilen hereketler bilen haýbat atmak amala aşyrylan bolsa, munuň üçin,

bäş ýyldan on ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Amala aşyrylan şeýle hereket:

a) gaýtadan;

b) ok atýan ýaragy peýdalanmak bilen;

ç) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan edilen bolsa,

sekiz ýyldan on bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Şu maddanyň birinji ýa-da ikinji bölekleri tarapyndan göz öňünde tutulan hereketler seresapsyzlyk sebäpli adamyň ölümine elten bolsa ýa-da guramaçylykly topar tarapyndan edilen bolsa ýa-da jenaýatçylykly bileleşik tarapyndan edilen bolsa,

on ýyldan ýigrimi bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

Bellik.

Eger terrorçylyk wakasyny taýýarlamaga gatnaşan adam häkimiýet edaralaryna öz wagtynda duýdurmak arkaly ýa-da başga usullar bilen terrorçylygyň öňüni almaga ýardam eden bolsa we eger şol adamyň hereketlerinde başga jenaýatyň alamatlary ýok bolsa, onda ol jenaýat jogapkärçiliginden boşadylýar.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]