Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Türkmenistanyň Jenaýat Kodeksi.doc
Скачиваний:
0
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
1.18 Mб
Скачать

245 Madda. Monopolistik hereketler we bäsdeşligi çäklendirmek

Monopoliýa taýdan ýokary ýa-da pes nyrhlaryň bellenilmegi we saklanylmagy, şonuň ýaly-da bazary paýlaşmaga, bazara barylmagyny çäklendirmäge, ondan ykdysady işiň beýleki subýektlerini aýyrmaga, ýeke-täk nyrhlary bellemäge ýa-da saklamaga gönükdirilen dilleşmek ýa-da ylalaşylan hereketler arkaly bäsdeşligiň çäklendirilmegi, eger olar:

a) bu hukuk bozulmalary üçin administratiw temmi ulanylandan soň bir ýylyň dowamynda gaýtadan;

b) zorluk ulanmak bilen ýa-da zorluk ulanmak haýbatyny atmak bilen;

ç) gulluk ýagdaýyny peýdalanmak bilen;

d) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan ýa-da guramaçylykly topar tarapyndan edilen bolsa,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimi bäşisinden ýetmiş bäşisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2013-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 77-nji madda)

2451 –Nji madda. Gymmatly kagyzlaryň bazaryny manipulirlemek

(1) Gymmatly kagyzlaryň bazaryny manipulirlemek, ýagny islege we teklibe, gymmatly kagyzlaryň bahasyna ýa-da olar bilen söwdanyň möçberine täsir edýän ýa-da täsir edip biljek ýalan ýa-da aldawa salýan maglumatlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, umumy peýdalanylýan maglumat-telekommunikasiýa ulgamy arkaly, beýleki islendik usul bilen ýaýradylandygy, şonuň ýaly-da birmeňzeş gymmatly kagyzlar üçin şol gün gurnalan söwdalarda hereket eden bahalardan düýpli tapawutlanýan bahadan gymmatly kagyzlar bilen geleşikleriň baglaşylandygy, şeýle geleşikleriň bu barada özara deslapdan dilleşen şahslaryň ýa-da olaryň işgärleriniň adyndan ýa-da olaryň hasabyna baglaşylan şertlerinde, eger-de şol hereketler betnebislik ýa-da başga şahsy bähbitlerden gymmatly kagyzlaryň bazarynyň beýleki gatnaşyjylaryna zyýan ýetirmek bilen edilen bolsa,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimisinden kyrkysyna çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly etmişler, eger olar:

a) gaýtadan;

b) gulluk ýagdaýyny peýdalanmak bilen;

ç) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary ýa-da guramaçylykly topar tarapyndan edilen bolsa,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimi bäşisinden ýetmiş bäşisine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek, ýa-da emlägini muzdsuz alyp, ýa-da muzdsuz alman üç ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

Kodekse 2451 maddany goşmaly 2011–nji ýylyň 4-nji awgustyndaky Türkmenistanyň Kanuny esasynda girizildi - (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2011 ý., № 3, 55-nji madda)

246-njy madda. Geleşik baglaşmaga ýa-da ony baglaşmakdan boýun gaçyrmaga mejbur etmek

(1) Kesekiniň emlägini zorluk ulanmak, ýok etmek ýa-da zaýalamak haýbatyny atyp, şonuň ýaly-da jebir çekeniň ýa-da onuň ýakyn adamlarynyň hukuklaryna we kanuny bähbitlerine düýpli zyýan ýetirip biljek maglumatlary ýaýratmak haýbatyny atyp, şunda gorkuzyp almak alamatlary bolmadyk mahalynda, geleşik baglaşmaga ýa-da ony baglaşmakdan boýun gaçyrmaga mejbur edene,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimi bäşisinden ýetmiş bäşisine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Amala aşyrylan şeýle hereketler:

a) gaýtadan;

b) zorluk ulanmak bilen;

ç) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan ýa-da guramaçylykly topar tarapyndan edilen bolsa,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ellisinden ýüz ýellisine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

247-nji madda. Haryt nyşanynyň bikanun ulanylmagy

Başga biriniň haryt nyşanyny, hyzmat ediş nyşanyny, firmanyň, bellige alnan adyny, harydyň ilkibaşda gelip çykan ýa-da harydyň belgilenen ýeriniň adyny bikanun peýdalanandygy üçin, eger şu hereketler uly möçberli zyýan ýetiren bolsa,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimi bäşisinden ellisine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.

248-nji madda. Döwletiň düzüm kesgitleýji belliklerini taýýarlamagyň we peýdalanmagyň düzgünleriniň bozulmagy

(1) Döwletiň düzüm kesgitleýji belliklerini bikanun taýýarlamak, satmak ýa-da peýdalanmak, şonuň ýaly-da betnebislik ýa-da başga bir şahsy bähbitlerden ugur alyp, ony galplaşdyrmak, munuň üçin,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimi bäşisinden ýetmiş bäşisine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly hereketler gaýtadan ýa-da deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan ýa-da guramaçylykly topar tarapyndan edilen bolsa,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň kyrkysyndan ýüzüsine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

249-njy madda. Görnetin galp mahabat

Harytlar, işler ýa-da hyzmatlar babatdaky, şeýle hem olary taýýarlaýjylar (ýerine ýetirijiler, satyjylar) babatdaky mahabat betnebislik bähbitlerinden ugur alnyp, görnetin galp maglumaty peýdalanmak, munuň özi ep-esli zyýan ýetiren bolsa, munuň üçin,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimi bäşisinden ellisine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.

250-nji madda. Täjirçilik ýa-da bank syryny düzýän maglumatlary bikanun ýol bilen almak we aýan etmek

(1) Resminamalary ogurlamak, täjirçilik ýa-da bank syryny bilýän adamlary ýa-da olaryň ýakyn adamlaryny peşgeş berip satyn almak ýa-da gorkuzmak arkaly täjirçilik ýa-da bank syryny düzýän maglumatlary toplamak, aragatnaşyk serişdelerinden gerekli maglumatlary tutmak, şonuň ýaly-da ile aýan etmek başga usullar arkaly maglumatlary toplamak ýa-da şol maglumatlary bikanun peýdalanmak maksady bilen, munuň üçin,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimi bäşisinden ellisine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.

(2) Täjirçilik ýa-da bank syryny düzýän maglumatlary olaryň eýeleriniň razylygy bolmazdan, betnebislik ýa-da başga şahsy bähbitlerden ugur alnyp bikanun ile aýan edilmegi ýa-da peýdalanmak we uly möçberde zyýan ýetirilmegi üçin,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ellisinden ýüzüsine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]