
- •521 Madda. Azatlygy çäklendirmek
- •I) jebir çekeniň hukuga ters gelýän hereketleri ýa-da ahlaksyzlygy jenaýat edilmegi üçin sebäp bolan bolsa;
- •I) ýarag ulanmak arkaly ýa-da fiziki ýa-da psihiki zorluk ulanmak arkaly jenaýatyň edilmegi;
- •123 Madda. Kämillik ýaşyna ýetmedikleriň janyny we saglygyny goramak boýunça borçlaryň göwnejaý ýerine ýetirilmezligi
- •1291-Njy madda. Adam söwdasy
- •132 Madda. Töhmet
- •147 Madda. Hat alyşmagyň, telefon gepleşikleriniň, poçta, telegraf ýa-da başga habarlaryň syrynyň bozulmagy
- •148 Madda. Ýaşaýyş jaýynyň eldegrilmesizliginiň bozulmagy
- •151 Madda. Zähmeti goramagyň kadalarynyň bozulmagy
- •152 Madda. Göwreli aýaly işe kabul etmekden esassyz boýun gaçyrmak ýa-da işden esassyz çykarmak
- •153 Madda. Awtorlyk hukugynyň we gatyşyk hukuklaryň, patent eýeleriniň hukuklarynyň bozulmagy
- •156 Madda. Kämillik ýaşyna ýetmedigi jemgyýete garşy hereketler etmäge çekmek
- •157 Madda. Perzentlige almak syrynyň aýan edilmegi
- •1812 Madda. Ýeriň bikanun berilmegi
- •1821-Nji madda. Gynamak
- •Iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
- •2071–Nji madda. Belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki jezany çekmekden zannyýamanlyk bilen boýun gaçyrmak
- •239 Madda. Bikanun telekeçilik işi
- •245 Madda. Monopolistik hereketler we bäsdeşligi çäklendirmek
- •2451 –Nji madda. Gymmatly kagyzlaryň bazaryny manipulirlemek
- •2501–Nji madda. Gymmatly kagyzlaryň bazarynda insaýder geleşikleri
- •265 Madda. Söwda düzgünleriniň bozulmagy
- •2711-Nji madda. Terrorçylygy maliýeleşdirmek
- •2771 –Nji madda. Platformany bikanun eýelemek
- •3031-Nji madda. Düzüminde tramadol gidrohlorid
- •305 Madda. Içgileri içmek üçin mesgenleriň guralmagy ýa-da saklanylmagy
- •321 Madda. Bikanun aw
239 Madda. Bikanun telekeçilik işi
Döwlet tarapyndan bellige alynmazdan we ýörite rugsadynyň (ygtyýarnamasynyň) hökmany bolmaly halatlarynda, şeýle rugsadyň (ygtyýarnamanyň) bolmazlygy ýa-da ygtyýarlylandyrmak şertleriniň bozulmagy bilen telekeçilik işiniň amala aşyrylmagy, eger bu etmiş:
a) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan edilen;
b) aýratyn uly möçberde girdeji almak bilen baglanyşykly bolsa,
zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ellisinden ýüzüsine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.
Bellik.
Şu maddada aýratyn uly möçberli girdeji diýlip, zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň bäş ýüzüsinden artyk gelýän möçberdäki bir ýylyň dowamynda alnan girdeji hasap edilýär.
(2013-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 77-nji madda)
240-nji madda. Bikanun bank işi
(1) Bellige alynmazdan ýa-da ýörite rugsadyň (ygtyýarnamasynyň) hökmany bolmaly halatlarynda, şeýle rugsadyň (ygtyýarnamanyň) bolmazlygy ýa-da ygtyýarnama bermegiň şertleriniň bozulmagy bilen, eger şol hereket raýatlara, guramalara ýa-da döwlete uly zyýan ýetiren bolsa ýa-da uly möçberde girdeji almak bilen baglanyşykly ýagdaýda bank işiniň (bank operasiýalarynyň) amala aşyrylanlygy üçin,
zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ellisinden ýüzüsine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da bir ýyla çenli azatlykdak mahrum etmek jezasy berilýär.
(2) Şonuň ýaly hereket:
a) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan ýa-da guramaçylykly topar tarapyndan edilen bolsa;
b) aýratyn uly möçberde girdeji almak bilen baglanyşykly edilen bolsa,
zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýüzüsinden iki ýüzüsine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, üç ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
Bellik.
Şu maddada uly möçberli girdeji diýlip, zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýüzüsinden artyk gelýän möçberi hasap edilýär, aýratyn uly möçberli girdeji diýlip bolsa, zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň iki ýüzüsinden artyk gelýän möçberi hasap edilýär.
(2013-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 77-nji madda)
241-nji madda. Galp telekeçilik
Galp telekeçilik, ýagny, karz pullary almak, salgytlardan boşamak, başga emläk bähbidini edinmek ýa-da raýatlara, guramalara ýa-da döwlete uly zyýan ýetiren gadagan edilen işiň üstüni basyrmak maksady bilen döredilen, telekeçilik ýa-da bank işini alyp barmagy niýet edinmeýän täjirçilik guramasynyň döredilenligi, munuň üçin,
zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimi bäşisinden ýetmiş bäşisine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek, ýa-da bir ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
242-nji madda. Bikanun ýol bilen edinilen pul serişdelerini we başga emlägi kanunlaşdyrma
(1) Görnetin bikanun ýol bilen edinilen pul serişdeleri ýa-da başga emläk bilen maliýe amallarynyň edilendigi, ýa-da beýleki geleşikleriň baglaşylandygy, şonuň ýaly-da görkezilen pul serişdeleriniň, ýa-da emlägiň telekeçilik, ýa-da başga ykdysady işi amala aşyrmak üçin peýdalanylandygy, şeýle hem olara eýelik edilmegini, peýdalanylmagyny we ygtyýar edilmegini kanuny görnüşe getirmek maksady bilen şol pul serişdeleriniň, ýa-da emlägiň bikanun gelip çykyşynyň gizlenilendigi, ýa-da ýaşyrylandygy, ýa-da şol hereketlerden peýda, ýa-da beýleki bähbitleriň alnandygy üçin,
zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ellisinden ýüzüsine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
(2) Şeýle hereketler eger:
a) gaýtadan;
b) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan ýa-da guramaçylykly topar tarapyndan;
ç) döwlet gullukçysy ýa-da oňa deňleşdirilen adam tarapyndan öz gulluk ýagdaýyny peýdalanmak arkaly edilen bolsa,
emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýetmiş bäşisinden ýüz ellisine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, iki ýyldan bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
(3) Şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde görkezilen etmişler jenaýatçylykly ýol bilen edinilen pul serişdeleri we başga emläk babatda ýa-da uly möçberde amala aşyrylan bolsa,
- emlägini muzdsuz alyp, üç ýyldan sekiz ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
Bellik: Şu maddada görkezilen jenaýatçylykly ýol bilen edinilen pul serişdeleriniň we başga emlägiň uly möçberi diýlip, zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýüzüsinden geçýän emlägiň bahasy hasap edilýär.
(2011-nji ýylyň 26-njy martyndaky, 4-nji awgustyndaky we 2014-nji ýylyň 3-nji maýyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2011 ý., № 1, 20-nji madda, № 3, 55-nji madda)
243-njimadda. Bikanun karz alynmagy
(1) Hususy telekeçi ýa-da guramanyň ýolbaşçysy tarapyndan karz almak ýa-da karz alar ýaly ýeňillikli şertleri almak üçin banka ýa-da başga kreditora hususy telekeçiniň ýa-da guramanyň hojalyk ýa-da maliýe ýagdaýlary hakynda göz-görtele galp maglumatlary bermek arkaly karzy bikanun almak, eger şol hereketler karz berijä uly möçberde zyýan ýetiren bolsa,
zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ellisinden ýüzüsine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
(2) Döwletiň maksatlaýyn karzyny bikanun almak, şonuň ýaly-da kanuny ýol bilen alnan döwletiň maksatlaýyn karzynyň niýetlenilen ugra peýdalanylmanlygy, eger şol hereketler raýatlara, guramalara ýa-da döwlete uly möçberde zyýan ýetiren bolsa,
zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýüzüsinden iki ýüzüsine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyldan bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
244-nji madda. Kreditorlyk bergini üzmekden zannyýamanlyk bilen boýun gaçyrylmagy
Degişli kazyýet çözgüdi kanuny güýje gireninden soňra, guramanyň ýolbaşçysy, hususy telekeçi ýa-da raýat tarapyndan uly möçberdäki kreditorlyk bergini üzmekden ýa-da gymmatly kagyzlary tölemekden zannyýamanlyk bilen boýun gaçyrylanlygy üçin,
zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimi bäşisinden ýetmiş bäşisine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.
Bellik.
Uly möçberdäki kreditorlyk bergi diýlip hususy telekeçiniň ýa-da raýatyň zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýüzüsinden ýokary bolan möçberdäki bergisi, guramanyňky bolsa zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň iki ýüzüsinden ýokary bolan möçberdäki bergisi hasap edilýär.
(2010-njy ýylyň 26-njy noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., № 4, 72-nji madda)