Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Türkmenistanyň Jenaýat Kodeksi.doc
Скачиваний:
0
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
1.18 Mб
Скачать

Iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Görkezilen adamlaryň jany we saglygy üçin howply bolmadyk zorluk etmek arkaly amala aşyrylan şu maddanyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan etmiş edene,

bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(4) Görkezilen adamlaryň jany we saglygy üçin howply bolan zorluk etmek, şonuň ýaly-da korrupsiýa bilen bagly jenaýat etmekde aýyplamak arkaly amala aşyrylan şu maddanyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan etmiş edene,

üç ýyldan sekiz ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2014-nji ýylyň 3-nji maýyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № ___,___-nji madda)

204-nji madda. Deslapky derňewiň ýa-da anyklaýşyň maglumatlaryny aýan etmek

(1) Deslapky derňewiň ýa-da anyklaýşyň maglumatlaryny aýan etmegiň mümkin däldigi hakynda bellenilen tertipde duýdurylan adam tarapyndan, eger şol prokurordan, sülçüden ýa-da anyklaýyş geçirýän adamdan birugsat aýan edilse,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň onusyndan otuzysyna çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlet bilen düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.

(2) Şeýle hereket agyr netijelere getiren bolsa,

bäş ýyla çenli möhlet bilen azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

205 madda. Gulluk maglumatlarynyň aýan edilmegi

(1) Gullugy boýunça özlerine ynanylan ýa-da jenaýatyň ýüze çykmagy, jenaýatyň öňüniň alynmagy ýa-da edilen jenaýatyň derňelýän mahaly özlerine mälim bolan maglumatlary jenaýat iş ýöredişi alyp barýan edaralaryň işgäri tarapyndan aýan edilendigi üçin,

bäş ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edilýär ýa-da zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimisinden kyrkysyna çenli möçberde jerime salynýar.

(2) Şonuň ýaly hereket, eger ol betnebislik ýa-da başga bir şahsy bähbitlerden ugur alnyp edilen bolsa,

bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Şu maddanyň birinji ýa-da ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan hereketler agyr netijelere getiren bolsa,

iki ýyldan ýedi ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2014-nji ýylyň 3-nji maýyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № ___,___-nji madda)

206-njy madda. Ýazgy geçirme (opis) ýa-da gozgamasyz edilen ýa-da muzdsuz alynmaga degişli emläk babatynda bikanun hereketler

(1) Ýazgy geçirilen ýa-da gozgamasyz edilen ýa-da muzdsuz alynmaga degişli emlägiň ynanylan adam tarapyndan harç edilendigi, alnandygy, gizlenendigi ýa-da bikanun berlendigi, şonuň ýaly-da gozgamasyz edilen pul serişdeleri (goýumlar) bilen bank operasiýalarynyň karz guramasynyň gullukçysy tarapyndan amala aşyrylandygy üçin,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimisinden kyrkysyna çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Kazyýetiň hökümi boýunça muzdsuz alynmaga degişli emlägiň gizlenendigi üçin ýa-da öz haýryna geçirendigi üçin, şonuň ýaly-da emlägi muzdsuz almagy bellemek hakyndaky kazyýetiň kanuny güýjüne giren hökümini berjaý etmekden başgaça boýun gaçyran,

zähmege hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimi bäşisinden ellisine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

207-nji madda. Azatlykdan mahrum ediş ýerlerinden ýa-da tussaglykdan gaçmak

(1) Jezasyny çekýän ýa-da deslapky tussaglykda saklanylýan adamyň azatlykdan mahrum ediş ýerlerinden ýa-da tussaglykdan gaçandygy üçin,

üç ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Amala aşyrylan şeýle hereket:

a) gaýtadan;

b) deslapdan dilleşmek bilen, adamlaryň topary ýa-da guramaçylyklyk topar tarapyndan;

ç) adamyň jany ýa-da saglygy üçin howply bolan zorlugy ulanmak bilen;

d) ýarag ulanmak ýa-da ýarag hökmünde närseleri ulanmak bilen amala aşyrylandygy üçin,

üç ýyldan alty ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]