Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Kitap ter stom.doc
Скачиваний:
29
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
3.55 Mб
Скачать

11.1. Agzyň nemli bardasynda keselleriniň görnüşlere bölnüşi

Agyz boşlugynyň nemli barda keselleriniň anyklanyşynyň kynlygy we bejeriş usuly saýlap almakda keseliň köp häsiýetli görnüşleri bilen şertlenendir. Dürli sebäplere we kesel döreýişlere görä keseliň ýerleşýänsebtinde we köp halatlarda, meňzeş ýüze çykýan kliniki alamatlary bolýar. Agzyň nemli bardasynyň keselleriniň görnüşlere bölünişi amalyýet lukmanlary üçin örän wajyp ähmiýete eýedir, sebäbi ol keseli anyklap dogry kesgitleme goýulmaklygyna, esaslandyrylan bejergi usullarynyň saýlanyp alynmaklygyna we öňüni alyş çäreleriň görülmekligine ýardam etmeklik bilen, olaryň bar bolan köpgörnüşliliginde ugur almaklyga kömek berýär.

Agzyň nemli bardasynyň keselleriniň öňünde bar bolan görnüşlere bölünişleri dürli-dürli ugurlara esaslandyrlan: anatom-klinikada, stomatit, heýlit, glossit, bolup geçmekligiň häsiýetlerinde (ýiti, dowamly), kliniki-morfologiki alamatlarda (kataral, ýaraly we başg.) zeperlenilmekligiň çuňlugynda (ýüzleý we çuňňur), örgünleriň häsiýetine (bullýozlyly, ýaraly, pakgarçakly we başg.). ýöne weli olaryň her birisiniň özüne mahsus bolan kemçilikleri bardyr we görnüşleriň bölünişine bildirilýän ýokarda görkezilen talaplara doly suratda laýyk gelmeýärler.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) tarapyndan keselleriň şu aşakdakynyň nomenkla­tura­sy kabul edilendir:

    1. Ýokanç we parazitar keseller.

    2. Neoplazmalar.

    3. Ganyň we gan emele getirji synalaryň keselleri we immun mehanizmi arkaly şertlendirlen zeperlenilmeler.

    4. Içki bölüp çykaryjy mäzleriň alyş-çalyşmasy we iýmitlenilme bilen baglanşykly bolan keselleri.

    5. Ruhy we häsiýetlilikli näsazlyklar.

    6. Nerw ulgamynyň keselleri.

    7. Ganaýlanyşygy synalarynyň keselleri.

    8. Dem alyş ulgamynyň keselleri.

    9. Iýmit siňdiriş ulgamynyň keselleri.

    10. Deri we deriasty gatlakdaky keselleri.

    11. Sklet-muskulatura ulgamynyň we birleşdiriji dokumanyň keselleri.

    12. Peşew-jyns ýollary ulgamynyň keselleri.

    13. Göwrelilik, çaga dogurma we çaga dogurmadan soňky döwür.

    14. Dogabitdi kemçilikler, deformasiýalar we hromosomly näsazlyklar.

    15. Beýleki bölümlere degişli bolmadyk kliniki alamatlar, ýüze çykmalar, nädog­rylyklar.

    16. Daşky gurşawyň sebäpleriniň täsir etmekliginiň netijesindäki näsazlyklar, şikeslenmeler, zäherlenmeler.

    17. Keselçilige we olümçilige alyp barýan daşky gurşawyň sebäpleri.

Keselleriň görnüşlere bölünmeklerindäki her bir ady aýdylyp geçilen bölümler, bir näçe sany stomatologiki keselleri we sindromlary öz içine alyp, agyz boşlugynda ýüze çykarýarlar. Olar şol ulgamlaýyn keseller ýada ýagdaýlar üçin häsiýetli bolýarlar. Toparyň içindäki stomatologiki keselleriň bölünmekleri kliniki-morfologiki, patomorfologiki alamatlar, mikrofloranyň häsiýeti we başg. görä geçirilýär.

Esasy maksat – agyz boşlugyndaky stomatologiki keselleriň we sindromlaryň halkara nomen­kla­turasyny döredilmek, soňundan ýazylyp bellenilmeli we dürli-dürli ýurtlarda stomatologiki kesel­çiligiň depginini kesgitlenmekligi bilen stomatologiki keselleriniň ýuze çykarylmaklygyna bolan synanşyklaryň ülňeleşdirilmekliginden ybaratdyr. Ondan başgada maglumatlaryň alynmak­lygy bedeniň umumy ýagdaýynyň hüjüm sürmegi bilen stomatologiki sagdynlygyň möçberini kesgit­lenilmekligine, hem-de agyz boşlugyndaky keselçilik bilen assosirlenen ulgamlaýyn kesel­leriň ýuze çykarylmaklygyna mümkinçilik berdiler.

Şeýlelik bilen, häzirki döwürde dürli-dürli synalaryň we ulgamlarynyň keselleriniň we agyz boşlu­gyndaky keselçilik, ilkinji nobatda hem agyz boşlugynyň nemli bardasynyň keselleri bilen aralykda (etiologiki) sebäpli we patogenetiki arabaglanşyklygyň bardygy subut edilendir.

Agyz boşlugynyň nemli bardasynyň belli bolan patologiki ýagdaýlarynyň (keselleriniň) ulgam­laş­dyrmaklygy üçin Ýe.W.Borowskiý we A.D.Maşkilleýson (1984) etiologiki ýa-da bolmasa patoge­netiki sebäpleriň esas edilip alynmaklygy bilen, olary şu aşakdakylar kimin toparlaş­dyr­maklygy teklip etdiler:

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]