Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Kitap ter stom.doc
Скачиваний:
29
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
3.55 Mб
Скачать

Bejerliş aýratynlygy

Stomatogen ojakly ýokanyçlarny bejermek üçin ilki bilen sebäbini ýüze çykarmak we ony aradan aýyrmak maksada okgunly hereketdir. Soňuna çykmak usuly keselleriň dürli görnüşine görä ojaklaryň ýerleşen ýerlerine baglylykda geçirip bolýar. Haçanda stomatogen ojagy bolup üznüksiz pulpit keseli bolsa, onda bitewleýin diş ýumşagyny aýyryp soňra degerli bejergi işlerini geçirmek maslahat berilýär. Diş pulpasyny bolekleýin aýyrmak bilen çäklenilse onda, kök akabada galan diş pulpasyny soňra ojakly ýokanyçlar bolup hizmat etmegi bilen umumy bedeni zäherläp durýar (autosensebilizasiya).

Üznüksiz periodontit keselleriniň soňuna çykmak üçin dürli ýagdaýlary göz öňünde tutulsa gowy netije berýär;

Dişiň kökleriň we akabalarynyň dokumalarynyň topagrafiki gurlişini, umumy bedeniň ýokary duýujylygy, ojakly ÝOKANÇ keseliniň ýagdaýlaryny, näsagyň ýüz tutan wagtyndaky umumy ýagdayny.

Üznüksiz periodontit keselini konserwatiw usuly bilen bejerilenden soň, diş adaty ýagdaýda öz ýerine ýetirýän işlerini berjaý etse, dişiň kök akabalary doly bejeriş işlerini geçirilip petiklenen bol­sa, gaýtadan birnäçe wagtdan (3-6 aýdan) soňra rentgen barlagyny geçirilende köküň töweregindäki süňk dokumanyň kadalaşyanlygyny ýüze çykarylsa, şondan soňra-da gaytadan barlaglar geçirilip umumy bedeniň ojakly ýokanyçlar bilen zäherlenmesine garşy geçirilýän bejerginiň netijelerini gan damarlaryň geçirijiligini barlamak arkaly anyklamak bolar.

Dişleri soguryp aýyrmak meselesinde gyssanmak zerur däldir, hökmany şekilda sogrulmaly dişiň anatomtopagrafyk-gurluşina, näsagyň immunologiki ýagdaýlary göz öňünde tutulsa ýerlikli bolýar. Sogur­maly bolaýanynda ilki bilen ojakly ýokanyçlarynyň güýjüni peseldip, umumy bedeniň garşylyk güjüni ýokarylandyryp gaýrüzilmänyň önüni alyp bolýär.

Hokmany şekilda başga hünärdäki lukmanlar (terapewt, kardiolog we ş.m.) bilen maslahatlaşyp bejergi geçirilse maksada okgunly bolar.

Esasy maksat ojakly infeksianyň soňuna çykmak üçin dogry bejergi saýlap almak bilen öz wag­tynda geçirmeklige baglydyr. Haçanda dişleri sogrulmaly bolsa we şol wagtda parodontda bejeriş, dikeldiş işlerini geçirmeli bolsa, onda ilki bilen parodont keselini bejermek soňra dişi ýa-da diş köki sogurmak ýerlikli bolar.Geçirilen bejeriş we dikeldiş işleriň netijesini 3-6 aýdan soňra anyklansa ýerlikli hasap edýäris.

XI Bap

Agyz boşlugynyň nemli bardasynyň keselleri

Agyz boşlugynyň nemli bardasynyň keselleri, diňe bir stomatologlar üçin däl-de şeýle hem beýleki hünärment lukmanlar üçin-de terapewtik (bejeriş) stomatologiýanyň wajyp bölegidir. Agyz boşlugynyň nemli bardasy bedeniň köp sanly synalarynyň we ulgamlarynyň ýagdaýyny suratlan­dyrýar. Ol elmydama daşky tebigy gurşawyň sebäpleriniň täsiri astynda bolýar, özi hem köplenç patogenly bolup, bedeniň goraýjy güýçleriniň jogap berijiliginiň ýokarlanmagyna mümkinçilik döredýär.

Uzak wagytlaryň dowamynda agyz boşlugynyň nemli bardasynyň kesellerine agyz boşlugynyň gigiýenasynyň kemçilikleri we ýerli şikesleýji sebäpleriň täsir etmekligi arkaly şert­len­diril­ýän ýerli keselçilik hadysa hökmünde garapdyrlar. Agyz boşlugynyň nemli bardasynyň keselleriniň öwrenilmek­ligindäki häzirki zaman täzeçe çemeleşmeler G.M. Berdimuhamedowyň (1990), G.P. Paşaýewyň, H.A. Aýnazarowyň, H.J. Jumaýewiň (1998, 1999, 2000); Ýe.Ýe. Platonowaniň (1965), A.I. Ýewdokimowiň (1972), Ýe.M. Borowskiniň, A.L. Maşkilleýsoniň (1984), G.D. Smirnowyň (1992) we beýleki alymlaryň işlerinde doly beýan edilýär. Şeýle çemeleşmeler umumy keselleriň we agyz boşlugyndaky alamatlaryň sebäpli yzarlaýjy aragatnaşyklaryň öwrenil­meginde we tassyklanylmagynda umumy we ýerli, daşarky hem içerki birnäçe sebäpleriň özara gatnaşyklylygy we özara şertlendirilmegi arkaly aňladylýar.

Häzirki döwürde agyz boşlugynyň nemli bardasynyň kesellerine bütewi beden höküminde sol garaýyşda seredilýär, sebäbi agyz boşlugynyň nemli bardasyndaky köp sanly keselçilikli hady­sa­laryň we dodaklaryň gyzyl gaýmasynyň keselleri bedeniň synalarynyň we ulgamlarynyň üýt­geş­meleri, alyş-çalyş hadysalarynyň, immun ýagdaýynyň we ş.m. häsiýeti bilen aragatnaşyk­lylygyň barlygyna hiç hili şübhelenmegi hiç bir adamda ýuze çykyp bilmez. Köp halatlarda agyz boş­lu­gynyň nemli bardasynyň üýtgeşmeleri, maddalaryň alyş çalyşmasynyň näsazlyklarynda, gan emele getirijilikli, ýürek-gan damar ulgamlarynyň, aşgazan-içege ýolunyň, deri we wenerologik (zöhri) kesellerinde we ş.m. keselleriň ilkinji kliniki alamatlary bolar. Şol sebäpli hem, agyz boş­lugynyň nemli bardasynyň keselleri anyklamaklyk üçin stomatolog ýokary derejeli hünär­ment­lige eýe bolmalydyr, şeýle hem beýleki lukmançylyk hünärleri gowy bilmekligi zerurdyr. Munda keseliň diňebir aýry-aýry ýüze çykmalary we alamatlary bilen däl-de, eýsem näsagyň bütünlikdäki şahsy gaýgylanmalaryny görmekligi başarmaklyk, onuň psihologiki we sosial aýratynlyklaryny bilmeklik, her bir näsaga bolan hususy çemeleşilme bilen deontologiýa ugurlary we lukman etikasyny bileleşdirilmeklik uly ähmiýete eýe bolýär.

Agyz boşlugynyň nemli bardasynyň keselleriniň anyklanmaklygynda elementleriň zeperlen­mekligini dogry kesgitlenilmekliginiň, keseliň geçiş patologiki üýtgeşmeleriň ýerleşişini agyz boşlugynyň nemli bardasynyň morfofunksional aýratynlyklaryny bilmek, sülekeýi we aýratynlyk­laryna düşünmek, dürli-dürli kesellerde agzyň nemli bardasynyň patomorfologiki üýtgeşmelerini takyk öwrenmekliginiň wajyp ähmiýeti bardyr. Agyz boşlugynyň nemli bardasynda alamatlary bar bolan aýry-aýry keselleriň hemme taraplaýyn we çuňňur öwrenilmekligi dodaklaryň keselleriniň (G.D.Sawkina 1968), pakgarçagyň (N.D.Şeklakow 1961), dodaklaryň ragyň onýany keselleriniň (L.D.Maşki­leý­son 1970) ylmy-esaslandyrlan görnüşlere bölünişini döretmekligi mümkinçilik berdi, onuň yzyndan agyz boşlugynyň nemli bardasynyň keselleriniň ulgamlaşdyrylmaklygyna we olaryň görnüşlere bölünmekligine-de mümkinçilikler döretdi (Ýe.Ýe.Platonow 1965, T.F.Winogradowa 1964, Ýe.B. Borowskiý, A.L.Maşkileýson 1984, 2002 we başg.).

Agzyň nemli bardasynyň keselleriniň dogry anyklamaklygy we bejermekligi üçin, agyz boşlugynyň nemli bardasyndaky keselleriň alamatlarynyň häsiýetini beýleki hünärment lukmanla­rynyň maslahatlaryny hem hasaba alynmaklygy bilen, goşmaça barlag usullarynyň saýlanyp alynmaklygy, toplumlaýyn bejerginiň meýilnamasynyň düzülmekligi üçin stomatologyň beýleki hünärmenler bilen aragatnaşyk etmekligi talap edilýär.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]