Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Kitap ter stom.doc
Скачиваний:
29
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
3.55 Mб
Скачать

9.9.4. Fiziki bejerji usuly.

Fizioterapewtiki usullaryň içinde elektroforez, darsonwalizasiýa, flýuktuarizasiýa, ownyk tolkunly bejergi, giperbariki oksigenasiýa we lazer şöhlesi parodont kesellerinde giňden ulanylýar. Fizioterapewtiki usulyny çişme hadysa peselenden we ýitip gitme­gin­den soň hem hi­rurgiki amallar geçirlenden bir naçe wagyt geçenden soň başlanýar. Ýöne bu usul bilen bejergi baş­lanylmazyndan ozal näsagyň umumy beden kesellerini (gipertonik, gan, nerw we ş.m. ke­seller) we ýagdaýyny göz öňünde tutylmalydyr. Elektroforez usuly kalsiýa, witaminlerden B, C, ftor, iýod saklaýjy erginler we fermentler bilen giňden ulanylýar. 10-20 min. dowamynda 8-10 gezek geçirmek maslahat berilýär. Darsanwalizasiýa usulyny azynda 15 gezek. Flýuk­to­rizasiýa usuly 20 min. 6 gezek, FS–100 enjamy ulanmak bilen geçirilýär. Gipertrofik gingiwitlerde dio­ter­mik togy parodontyň emzijeklerini diotermokoagulýasiýa geçirmek üçin ulanylýar.

Parodont keselleri köp ugurly bejerlende owkalamak usullary sarsdyrmak (wibrasion), barmaklar bilen we suwyň kömegi bilen owkalamak, giňden ulanylýar we ýokary netijeler berýär. Owkalamak usulyny ulanylanda ownuk gan damarlaryň gan aýlanşyny kadalaşdyryp, madda alyş-çalşygy güýçlendirýär, daýandyrjy, agyryny azaldyjy we ş.m. bejeriji täsiri berýär.

Soňky ýyllarda parodont kesellerinde lazer şöhlesi giňden ulanylýar. Ol çişme hadysasyny aýyrjy, agyrsyzlandyrjy, suwklyklary ýaýraýdyjy, madda alyş-çalşygy kadalaşdyrjy häsiýetlere eýedir. Bu usul 3 min. dowamynda 5-8 gezek geçrilýär we “Optodan” abzaly ulanylýar. Esasanam kataral ýaraly gingiwit we parodontit kesellerinde hirurgik amaly (operasiýasy) berjaý edilenden soňura maslahat berilýär.

9.9.5. Ortopedik bejerliş usuly.

Parodont kesellerinde ortopedik bejergi usuly geçirlende, parodont düşýän funk­sio­nal taýdan şikeslendirji agramy aýyrmak maksady bilen dişleriň çykyp duran uçlaryny saýlap tekiz­lemek, ortopedik bejergiler, seýiklemeler we pähimli protezirlemek usullary ulanylýar. Uly adamlarda orto­dontik bejergi diňe zerur görkezmeler boýunça we parodont keseliniň başlangyç döwirlerinde ulanylýar; ortodontik bejergi seýiklemek we protezirlemek bilen tamamlanýar. Wagtlaýyn seýiklemegi kompozit serişdeleriň kömegi bilen hem geçirmek bolýar. Hemişelik seýiklemegi aýyrlyp goýulýan we aýrylmaýan protezleriň, metallokeramiki seýikler – protezleriň kömegi bilen seýiklemek bolýar.

9.10. Parodont keselli näsaglara bejeriş – keseliň öňüni alyş kömeginiň guralşy.

Parodont kesellerini döredýän we sebäp bolýan ýerli we endogen faktorlaryň öwrenil­meginde gazanylan netijeler, olary bejermek we keseliň öňüni almak üçin täzeden işlenip düzilen usullar dürli görnüşli parodont keselli näsaglara ýokary derejeli kömegi guramak üçin mümkinçilik açdy.

Parodont keselli näsaglara toplumlaýyn bejergini bermek üçin stomatologlaryň hemme ugyrdakylarynyň (terapewt, hirurg, ortoped, çagalar stomatologi) gatnaşmaklaryny talap edýär.

Parodont keseliniň üznüksiz geçmegi we onuň ýitileşmegi hökmany suratda näsaglary uzak wagytlap (dispanser) gözegçilikde saklamany talap edýär.

Üç sany guramaçylykly görnüşde ýöriteleşdirlen parodontal kömegi bardyr:

  • adaty stomatologik kabul etmeklikde parodont keselli näsaglara kömek bermek üçin lukman bellemek;

  • ýöriteleşdirlen otag döretmek;

  • ýöriteleşdirlen parodontal bölümi guramak.

Parodontal bölümi uly stomatologik merkezlerde (şäherlerde, welaýatlarda, etraplarda) guramak maksada okgynlydyr. Onda (kadyrlar) işgärler we bugalteriýa bölümi üçin ýer bolmalydyr.

Bölümiň düzüminde şu aşakdaky otaglar bolmalydyr:

  • bejeriş otagy barlag geçirmek, dispanserizasiýa we parodont keselli näsaglary bejermek üçin netlenedir;

  • hirurgik otag parodontda operasiýa geçirmek üçin;

  • ortopediýa diş ussahanasy (laboratoriýa);

  • sanjym otagy;

  • fiziobejergi otagy;

  • rentgen otagy;

  • kliniki laboratoriýa;

  • agyz boşlugynyň arassaçylyk otagy.

Häzirki wagytda parodontal otagyň has amatly guralmagynyň görnüşi ol hem stomatologik merkezlerdedir. Şeýle otag şu indiki enjamlar bilen üpjin edilmelidir: stomatologik gyryjy enjam, ultrases enjamy bilen diş daşlaryny aýyrmak üçin we hirurgik bejergi üçin gaýçylar, skalpeller, gyrgyç­lar, ekskawatorlar, çeňňekler, wakum-enjamy, diş kesmekleriň we dişetleriň ýagdaýlaryny anyklamak üçin boýaglar toplumy (Şiller-Pisarewiň ergini), sitologik we bakterioskopik barlaglar üçin aýnajyklar bolmalydyr.

Ýöriteleşdirlen bölümlerde we otaglarda işleýän lukman – parodontologlaryň şu indiki borçlary bardyr:

  • näsaglara ýöriteleşdirlen ýokary derejeli kömegi bermek;

  • parodont keselli näsaglary bejermekde amatly usuly we derman serişdeleri saýlap almak üçin lukman – terapewtlere maslahat beriş kömegini bermek;

  • parodontal otagy şertlerinde näsaglary dispanser gözegçiligine almagy guramak;

  • parodont kesellerini bejermek we keseliň öňüni almak soraglar boýunça ylmyň gazany­lan­laryny amalyýete girizmek.

Ýokarda aýdylyp geçilen talapy göz öňünde tutup, parodontolog otagynda işlejek hemme lukmanlar hökmany suratda işleýän ýerinde ýa-da TDLI-nyň diplomdan soňky kämilleşdiriş okuwy bölüminde kämilleşdiriş okuwy geçmegi maslahat berilýär.

Parodont keselli näsaglary kabul etmegi guramagyň käbir aýratynlyklary bardyr. Pa­ro­don­tolog-lukmana ýazylmak nobatçy lukmanyň gözden geçirmesinden soň ýa-da stomatolog te­ra­pewtiň ugratmagy boýunça dişleri bejerilip we sogyrlandan soň geçirilýär. Parodontda agyr pa­tologik hadysa we köp sanly dişleriň kariýes zeperlenmeleri bolanda näsagy şol bir wagytda paro­dontolog we stomatolog-terapewt bejerýär, ol bolsa bejerginiň möhletini gysgaldýar. Hirurgik be­jerliş kömegini hepdede bellenilen gün boýunça parodontolog ýa-da ýörite taýarlanan, parodontdaky geçirilýän amallaryň (operasiýalaryň) hemme görnüşlerini başarýan hirurg berip bilýär.

Parodont keselli näsaglary bejermekde stomatolog-ortoped diňe bir täzeden dikeldiş protezirlenmäniň usulyny başarmak bilen çäklenmän, eýsem ol okklýuziýany we artikulýasiýany kadalaşdyrmagy, şikes ýetirjek ýagdaýlary, parafunksiýalary aradan aýyrmagy başarmalydyr.

Parodontolog-lukman ilkinji gözden geçirişde we dispanser gözegçilikdäki näsaglara köp wagyt sarp edýär. Lukman parodontal indeksleri (PMA, PI), arassaçylyk indeksleri, ulanmak bilen näsaglary çuňňur takyk barlagdan geçirýär. Şeýle hem näsaglary lukman terapewta we beýleki hünärmenleriň maslahatyna (ganyň kliniki analizi, ganyň düzüminde süjini anyklamaga), äňleriň rentgen barlagyna iberilýar. Barlagdan soň lukman näsaga gutarnykly keseliň kesgidini goýýar we bejerginiň meýilnamasyny belleýär. Şu ilkinji gezek kabul edilşikde belli bir göwrimde bejeriş işleri (dişdaşlaryny aýyrmak, agyz boşlugyny antiseptiki dermanlar bilen päkizelemek, arassaçylyk endikleri – düzginleri öwretmek we onuň dogry ýerne ýetirilmegini gözegçilikde saklamak, dişleriň üstüni tekizlemek we ş.m.) geçirýär.

Lukman – parodontolog bejergi geçirende bir näsaga takmynan 40 minut wagyt ýitirýär, a her ikilenji ýüz tutan näsaglara 25 min. Şeýlelik bilen bir iş güninde 6,3 sagadyň dowamynda lukman 14 – adamy (2-sany ilkinji we 12-sany ikilenjileri) kabul edip bilýär.

Gingiwit keselli we parodontitiň ýeňil derejeli näsaglary bejerlenden we sagdyn döwre ýetenden soň, ortaça we agyr derejeli parodontitda olar lukman-parodontologdan ýaşaýan ýerine degişli saglyk öýüniň lukmanyna dispanser (ýylla 2-gezek) gözegçiliginde saklamak üçin geçirilýär. Dispanser gözegçiliginde lukman-parodontologyň 40-golaý näsaglary, saglyk öýüniň lukmanynda bolsa 100 – 150 näsaglar bolmalydyr.

Näsaglary dispanser gözegçiligine alynmagy guramak iki tapgyra bölünýär: birinji – dispanserizasiýa üçin näsaglary saýlap seljermek: ikinji – toplumlaýyn bejeriş – sagaldyş çäreleri geçirmek. Potronaža bellenilen topar näsaglary alynýar:

Birinji topara 20-ýaşa ýetmedik, kesele meýilli faktorlary bolanlar degişli. Ikinji topara ýaşyna garamazdan gingiwit, parodontit we parodontozyň (ýeňil görnüşli) näsaglary degişli. Üçinji topara – parodontyň destruktiw ütgemeleri bolan (parodontitiň we parodontozyň ortaça derejeli) näsaglar degişlidir. Mümkin boldygyça şu topardaky näsaglaryň ýaşy 50-çenli bolmalydyr. Dördinji topara parodontoliz, parodontitiň agyr derejelisi, paradontoz keseli näsaglar degişli. Bäşinji topara agyr görnüşli ýaýraň parodontitli näsaglar degişlidir. Olary gysga wagtlaýyn (6 aýdan 1 ýyla çenli) dispanser gözegçiligine alynmalydyr, onuň maksady toplumlaýyn bejergini gözegçilikde saklamak bolup durýar.

Dispanserizasiýanyň ikinji tapgyrynda iki topar näsaglara bölünýär: bejergi alýanlar we gözegçilige alnanlar. Näsaglarda dispanser gözegçiliginiň netijeleri ony geçirip başlananda 2-3 ýyl geçenden soň bahalandyrylýär. Geçirlen işiň netijeleri san we hil taýdan görkezijileri hasaba almak bilen geçirilýär.

Näsaglary dispanser gözegçilige almagyň san taýdan görkezijileriniň netijeliligine şu aşakdakylar degişli:

  • täze hasaba alnanlaryň udel agramy;

  • bir ýylyň dowamynda hasapdan aýrylanlaryň sany;

  • bir ýylda bir näsaga düşýän dispanser gözegçiliginiň ortaça sany;

  • gözegçilikde saklamak üçin gözden geçirlişe gelmedik näsaglaryň udel agramy.

Dispanser gözegçilige almagyň hil taýdan görkezijileriniň netijeliligine şu aşakdakylar degişli;

  • sagdynlygyň uzaklygy;

  • parodontda patologik hadysanyň bir durkynda saklanýan, näsaglaryň göterimi.

Parodont keselli näsaglary dispanser gözegçiligine almak boýunça dogry guralan iş, keseli bejermekde we onuň öňüni almakda, diş-äň ulgamyny funksional taýdan doly derejeli üpjin etmekde, agyz boşlugynyň kadaly fiziologik ýagdaýyny saklamakda, üznüksiz ýokanç ojagy ýok etmekde uly üstünlikli netije gazanmaga mümkinçilik berýär.

X Bap

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]