- •Institutynyň talyplary üçin
- •Terapewtik stomatologiýanyň ösüşi we onuň öňünde durýan meseleler
- •Stomatologiýa gullugyny guramak
- •Häzirki zaman stomatologiýa gullugy şu aşakdaky görnüşlerden ybarat:
- •2.1. Stomatologyň otagynyň guralyşyna talaplar we kadalar.
- •Stomatolog lukmanyň otagynda şu aşakdaky enjamlar bolmaly:
- •Terapewtik stomatologiýada aseptika we antiseptika
- •Sterilizasiýa we dezinfeksiýa
- •Amidopirin synagynda Ulanylýan erginiň düzümi şu aşakdakylardan ybarat:
- •Agyz boşlugyndaky synalaryň we dokumalaryň gurluşy we ýerine ýetirýän işleri
- •3.1. Agzyň nemli bardasy
- •3.1.1. Agzyň dürli bölümlerindäki nemli bardanyň gurluşy
- •3.1.2. Agzyň nemli bardasynyň ýerine ýetirýän işleri
- •3.2. Sülekeý mäzleri, sülekeý we agyz boşlugynyň suwuklygy
- •3.2.1. Sülekeý mäzleri
- •3.2.2. Sülekeý we agyz boşlugynyň suwuklygy
- •3.2.3. Sülekeýiň ýerine ýetirýän funksiýalary
- •We ösüp çykyş möhletleri
- •3.3.1. Dişleriň anatomik gurluşy
- •3.3.1.2. Hemişelik dişler
- •3.3.2. Dişiň gaty dokumalarynyň gistologik gurluşy, himiki düzümi we ýerine ýetirýän işleri
- •3.4. Agyz boşlugynyñ mikroflorasy
- •3.5. Agyz boşlugynyñ goraýjy mehanizmleri
- •3.5.1. Mahsus däl goraýyş faktorlar
- •3.5.2. Mahsus goraýyş faktorlar
- •Mahsus goraýyş faktorlar
- •Agyz agzalarynyň ýagdaýlaryny anyklamagyň usullary
- •4.1. Näsagdan sorag-ideg edilişi (subýektiw barlaglar)
- •4.2. Obýektiw barlag usullary
- •4.2.1. Seretmeklik
- •4.2.1.1 Daşky serediliş
- •4.2.1.2. Agyz boşlugyna seretmek.
- •Dişleriň etlerine seretmek
- •Cpitn indeksiniň kesgitlenişi
- •Agyz boşlugynyň gigiýeniki ýagdaýlarynyň kesgitlenişi
- •4.2.1.3. Agyz boşlugynyň içki bölegine seretmek
- •Agzyň nemli bardasynda bolup geçýän patologik hadysalar
- •4.2.1.4. Dişlere seretmeklik
- •4.2.2. Dişleriň perkussiýasy
- •4.2.3. Palpasiýa barlagy
- •4.2.4. Temperatura duýujylygyny anyklamak.
- •4.2.5. Diş dokumalarynyň ýagdaýlarynyň elektrik togunyň kömegi bilen anyklanylyşy
- •4.2.6. Rentgen anyklaýyş usullary
- •Rentgen barlaglaryň usullary:
- •4.2.7. Transillýuminasiýa anyklaýyş usuly
- •4.2.8. Lýuminesent barlag usuly
- •4.2.9. Funksional takyklamalar
- •4.2.10. Funksional barlaglary
- •4.2.11. Laboratoriýa barlag usullary
- •4.3 Stomatologik näsaglarynyň hasaba alnyş kartasy
- •Kariýesden özge zeperlenmeler
- •Kariýesden özge zeperlenmeler.
- •Syrçanyň kemterliligi (gipoplaziýasy)
- •Dişleriň menekliligi (flýuorozy).
- •Syrçanyň artykmaçlygy (giperplaziýasy)
- •Dişler ösüp çykanyndan soňraky döwürlerde ýüze çykýan kariýesden özge zeperlenmeler
- •Pahna şekilli kemtik.
- •Dişleriň gaty dokumalarynyň patologik sürtülmesi
- •Dişleriň eroziýasy
- •Dişleriň gaty dokumalarynyň nekrozy
- •Dişleriň himiki (turşulardan) nekrozy
- •Dişleriň ýiti şikeslenmesi
- •Dişleriň kariýesi
- •6.2. Dişleriň kariýesiniň toparlara bölünişi
- •6.3. Kariýesiň klinikasy
- •6.4. Dişleriň kariýesiniň patologik anatomiýasy
- •6.5. Diş kariýesiniň döreýişiniň nazary ýollary (takyklamalary)
- •Şats we Martiniň helasiýa teoriýasy
- •Kariýesiň döremeginiň häzirki zaman düşündirilişi
- •Surat № 6.6. Kariýesiň döreýşiniň taslamasy.
- •6.6. Diş kariýesiniň bejerlişi
- •Blek boýunça kariýes köwekleriniň klaslara bölünişi
- •I klas kariýes ojaklarynyň şekil aýratynlyklary.
- •III klas kariýes köwekleriniň şekilleri.
- •IV klas kariýes köwekleriniň görnüşleri.
- •V klas kariýes köweginiň taýýarlanyşy.
- •6.6.2. Petikleýji serişdeler
- •6.6.2.1. Wagtlaýyn ulanylýan petikleýjiler.
- •6.6.2.2. Aralaýjylar.
- •6.6.2.3. Hemişelik petikleýjiler
- •Sementleriň oňaýly taraplary:
- •Sementleriň oňaýsyz taraplary:
- •Petikleýjileri gatatmaklyk üçin ulanylýan fotopolimerzatorlar (gatadyjy çyralar) we olaryň ulanylyşy
- •6.6.3. Gaýtadan dikeldiji serişdeler bilen köwekleri doldurmaklygynyň tapgyrlary
- •6.7. Kariýesiň bejergisinde goýberilýän säwlikler we gaýra üzülmeler
- •Dişleriň pulpasy
- •7.1.1. Dişiň pulpasynyň anatomiki, gistologiki gurlyşy we fiziologiki aýratynlygy
- •7.1.2. Diş pulpasynyň gistologiki gurluşy
- •Diş pulpasynyň gistohimiýasy
- •7.1.3. Diş pulpasynyň gan üpjinçiligi.
- •7.1.4. Diş pulpasynyň nerw üpjinçiligi
- •7.1.5.Diş pulpasynyň ýerine ýetirýän işleri.
- •Iýmitlendiriş
- •Iýmitlendiriş işjeňligi
- •7.3. Dişiň pulpit keselleriniň sebäpleri.
- •7.3.1. Döreýiş sebäpleri.
- •7.4. Diş pulpasynyň çişmesiniň geçiş aýratynlygy, morfogenezi, mikrosirkulýator üýtgeşmesi.
- •7.3. Surat. Diş kök akabasynyň esasy arteriolynyň diwarynyň ultrodüzmi.
- •7.5. Diş pulpasynyň çişmesiniň toparlara bölünişi.
- •7.6. Pulpidiň geçiş alamatlary we anyklanyşy.
- •7.6.1.Ýiti ojaklaýyn pulpit.
- •7.6.2.Ýiti ýaýraň pulpit.
- •7.6.3. Üznüksiz fibroz pulpit.
- •7.6.4.Üznüksiz gipertrofiki pulpit.
- •7.6.5. Üznüksiz çüýreme (gangrenoz) pulpit
- •7.6.6. Üznüksiz pulpidiň ýitileşmegi.
- •7.7. Dişleriň pulpit keselleriniň bejerliş usullary
- •Bejerliş usullar
- •7.7.2. Pulpit keselini wital amputasyýa geçiriliş aýratynlygy.
- •7.13. Surat. Wital ekistropasiýa amputasion usuly
- •7.7.3. Hirurgiki usuly.
- •7.7.3.1. Pulpany wital ekstirpasyýa geçirilişi.
- •Pulpit bejerlende wital ekistropasyýa usulynyň geçiriliş tapgyry
- •7.7.3.2. Pulpanyň dewital ekistropasyýa geçirilişi
- •7.7.3.3. Pulpanyň dewital amputasyýa geçirilişi
- •Pulpit kesellerini bejerlende göýberilýän säwlikler we gaýry üzülmeler
- •VIII Bap Periodont dokumanyň çişmesi (infilomkatiýasy)
- •8.1. Periodont dokumanyň anatomiki -fiziologiki aýratynlygy.
- •8.3. Surat. Periodont süýmleriniň keseligine ýerleşişi, diş keseligine keseilende.
- •8.6. Surat. Periodontdaky epitelial galyndylary.
- •Periodontyn işjeňligi.
- •8.2. Periodontitiň sebapleri.
- •8.3. Periodontitiň (döreýşi geip çykyşy, geçiş aýratynlygy) patogenezi
- •8.4. Periodontit keselleriniň toparlara bölünişi.
- •8.5. Periodontit keseliniň geçiş aýratynlygy.
- •8.5.1. Dişiň köküniň depejigindäki ýiti periodontit.
- •8.5.2.Üznüksiz periodontitler
- •8.5.2.1.Üznüksiz fibroz periodontit.
- •8.5.2.2. Üznüksiz granurleýji periodontit
- •8.5.2.3. Üznüksiz granulamatoz periodontit
- •8.18. Surat. Üznüksiz gramulýomtoz periodontit.
- •8.5.2.4. Üznüksiz periodontitiň ýitileşmesi
- •Patomorfologiki üýtgeşmeler.
- •Periodontit kesellerini bejerliş usullary
- •8.6. Periodontitleriň bejerlişi.
- •Dişiň periodontit keselini bejermekligi şu aşakdaky tertiplerde amala aşyrmak ýerlikli hasap edilýär:
- •Ýiti periodontit keselini bejermekligiň aýratynlygy
- •Bir kökli dişiň bejerilişi
- •Köp kökli dişiň ýiti periodontit keselini bejerlişi Näsag ilkinji gezek ýüz tutanda
- •Üznüksiz periodontidiň bejerlişi
- •Bir kökli dişleriň bejerliş aýratynlygy
- •Köp kökli dişleriň bejerliş aýratynlygy
- •Üznüksiz periodontidiň ýitileşmesiniň bejeriliş aýratynlygy.
- •Periodontit keselini bejerlýärkä we bejergiden soňki göýberilýän säwlikler we gaýry üzülmeler.
- •Parodontyň keselleri
- •9.1. Umumy maglumatlar.
- •9.2. Parodont keselleriniň toparlara bölünişi.
- •9.3. Parodontyň gurluşy.
- •9.4. Parodontyň funksiýalary.
- •9.5. Parodont keselleriniň sebäpleri.
- •9.6. Parodont kesellerinde patologoanatomik alamatlar.
- •9.7. Parodont keselleriniň anyklanyş - barlag usullary.
- •9.1. Görkeziji. Parodont keselleriniň dürli görnüşlerinde
- •9.8. Parodont keselleriň geçiş alamatlary
- •9.8.1. Gingiwit
- •9.8.2. Parodont kesellerinde dişetiniň melanoz tegmildi.
- •9.19. Surat Dişetindäki melanoz tegmildiň goýylyk
- •9.8.3. Parodontit.
- •9.8.4. Parodontoz.
- •9.8.5. Parodontoliz (parodontyň beterleşip ereýän idiopatik keselleri).
- •9.8.6. Parodontomalar.
- •9.9. Parodont keselleriniň bejerlişi.
- •9.9.1. Ýerli bejergi.
- •9.9.2. Umumy bejerlişi.
- •9.9.3. Hirurgik bejerliş usuly.
- •9.9.4. Fiziki bejerji usuly.
- •9.9.5. Ortopedik bejerliş usuly.
- •9.10. Parodont keselli näsaglara bejeriş – keseliň öňüni alyş kömeginiň guralşy.
- •Stomatogen ýokanç ojaklary we ojakly – şertlendirlen keseller.
- •Bejerliş aýratynlygy
- •Agyz boşlugynyň nemli bardasynyň keselleri
- •11.1. Agzyň nemli bardasynda keselleriniň görnüşlere bölnüşi
- •Ýokanç keseller:
- •III. Allergiki we zäherli-allergiki keseller:
- •IX. Rakoňýany keseller, howypsyz we howyply çişler:
- •II. Ýokanç keseller:
- •IV. Ekzogen zäherlenmelerde, agzyň nemli bardasynyň üýtgeşmeleri.
- •11.2. Şikesli zeperlenmeler
- •11.2.1. Mehaniki şikeslenme
- •11.2.1.1. Ýiti mehaniki zeperlenme
- •11.2.1.2. Üznüksiz mehaniki zeperlenme
- •11.2.2. Himiki zeperlenme.
- •11.2.3. Fiziki zeperlenilme.
- •11.2.3.1. Galwanizm.
- •11.2.3.2. Şöhle keseli
- •11.2.3.3. Äň-ýüz sebtindäki täze dömmeleriň şöhle bejergisinde agzyň nemli bardasynyň üýtgemeleri.
- •11.2.4. Leýkoplakiýalar
- •Owunjak düwünçejikleri bolan gaty we ýumşak gaňşyrawgyň nemli bardasynyň gipertozy çykaryjy akabanyň giňeldilen nokatly bolan giperplazirlenen sülekeý mäzleri.
- •11.2.5. Paşkowyň ýumşak leýkoplakiýasy
- •11.2.6. Kennonyň ak ýumşak haly
- •11.3. Ýokanç keseller
- •11.3.1. Wirus keseller
- •11.3.1.1. Ýönekeý (adaty) gerpes
- •11.3.1.2. Gurşaýjy gerpes.
- •11.3.1.3. Gerpetiki angina
- •11.3.1.4. Ýiti respirator wirus ýokanç keselleri.
- •11.3.1.5. Agsal keseli
- •11.3.1.6. Agyz boşlugyndaky aids ýokanç keseli.
- •11.3.2. Wensanyň ýaraly – çüýreme stomatiti
- •11.3.3. Mereziýel keseli
- •11.3.4. Inçekesel.
- •11.3.5. Kandidoz (Agyz boşlugyň nemli bardasynyň köpüklemesi)
- •Agyz burçynyň jaýrykly mikotik (hamyrmaýaly) çişmesi.
- •11.4. Allergiýa keselleri.
- •11.4.1. Käbir allergiki keselleriň kliniki alamatlary
- •11.4.1.1. Anafilaktiki şok.
- •11.4.1.2. Kwinkäniň angionewrotik çişgini
- •11.4.1.3. Derman allergiýasy.
- •Kataral we kataral-gemorragik stomatit (heýlit, glossit).
- •11.4.2. Köp görnüşli şypyljaýan eritema
- •11.4.3. Üznüksiz gaýtalanýan aftoz stomatit.
- •11.4.4. Behçetiň (sindromy) alamatlar toplumy.
- •11.4.5. Şegreniň (sindromy) alamatlar toplumy
- •11.6. Gipowitaminozlarda agzyň nemli bardasynyň ütgemeleri.
- •11.7. Käbir ulgamlaýyn kesellerde agzyň nemli bardasynyň ütgeýşi
- •11.7.1. Aşgazan-içege ýollarynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemeleri
- •Agzyň nemli bardasynyň bozulmagy
- •11.7.2. Ýürek-damar kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.3. Içki mäz (endokrin) kesellerde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.5. Gan emele getiriş ulgamynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •Agzyň nemli bardasynyň eroziw – ýaraly zeperlenmegi.
- •11.7.6. Nerw ulgamynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.6.1. Stomalgiýa (glossalgiýa).
- •11.7.6.2. Tagam alyşyň bozulmagy
- •11.7.6.3. Sülekeý çykmagyň bozulmagy
- •11.8. Deri kesellerinde agzyň nemli bardasynyň üýtgeşmeleri
- •11.8.1. Gyzyl ýasy demrew
- •11.8.2. Pakgarçak keseli
- •11.8.3. Pemfigoid
- •11.8.4. Gyzyl gurt keseli
- •11.8.5. Dýuringiň dermatiti
- •11.9. Diliň anomaliýasy we aýratyn keselleri
- •11.9.1. Gasynly dil
- •11.9.2. Gara (saçly) dil
- •11.9.3. Deskwamatiw glossit
- •11.9.4. Rombgörnüşli glossit
- •11.10. Heýlitler
- •11.10.1. Eksfoliýatiw heýlit (tozgalaýan)
- •11.10.2. Glandulýar heýlit
- •11.10.3. Aktiniki we meteorologik heýlitler
- •11.10.4. Allergik gatnaşyk heýlit
- •11.10.5. Atopiki heýlit (adaty däl heýliti)
- •11.10.6. Ekzematoz heýliti
- •11.10.7. Makroheýlit (Melkerson – Rozentalyň alamaty)
- •11.11. Agzyň nemli bardasynyň we dodagyň gyzyl gaýmasynyň howply dömmä getiriji keselleri
- •11.11.1. Howply dömmä getiriji hadysalarynyň toparlara bölünşi
- •11.11.2. Boueniň keseli
- •11.11.3. Rak öň ýany siňňiller
- •11.11.4. Dodagyň gyzyl gaýmasynyň rak öň ýany çäkli giperkeratozy
- •11.11.5. Manganoftiniň rak öň ýany abraziw heýliti
- •11.11.6. Deri siňňili
- •11.11.7. Keratoakantoma.
- •11.11.8. Rak öň ýany keselleriň öňüni alyş çäreleri
- •11.1. Diş ýokundylary
- •Diş daşlaryny aýyrmak
- •Edebiýat sanawy
9.9.2. Umumy bejerlişi.
Parodontitiň. Umumy bejergisi üçin witamin bejergi geçirilýär, ilki bilen witamin C, rutin (witamin P) bilen bilelikde esasan ýaş ýetginjeklerde haçanda diş etleri ganap duran ýagdaýlarda ýagny parodont kesellerinde ulanylýar.
Immunhyjuwlandyrjy we ummunomodelirleýji bejergini (timalin, nukleinat natriý, timogen, lewamizol we ş.m.) parodont kesellerinde diňe degişli hünärmen-lukmanlar bilen bilelikde maslahatlaşyp, ylalaşylandan soň ulanmalydyr. Antigistamin dermanlar (tiosulfat natriý, dimedrol, fenkorol, pipolfen, suprastin, tawegil) dişýany kesellerinde haçanda allergiki alamatlar bilen utgaşyp gelende ulanylýar.
Antibiotik dermanlar diňe görkezmeler boýunça bellenýär: hadysanyň ýitileşmeginde, aýratyn hem iriňlän ojakly (absses bolanda) ýagdaýda, operasiýanyň öňünden we soňyndan berilýär. Antibiotik dermanlardan rondomisin, rowamisin ýada linkomisin 0.5 g. (500 000 ED) günde 2 gezekden kapsula görnüşde 2 sagat nahardan soň ýada öň içmeli, doly bejergisi 7-12 gün. Linkomisin çalt sorylyp-siňýär we süňk dokumasynda ýygnanýar.
Parodontitli näsaglarda ýerli goraýyş güýçleriniň funksiýasynyň ütgeýänligi kesgitlenen, ýagny sülekeýdäki lizosimin bölünip çykýan SIgA we IgG, IgM kadaly ýagdaýdan ütgeýänligi bellenýär. Görkezilen görkeziji alamatlar, şeýle hem parodontal kisejikdäki mikrofloranyň hil we san taýdan düziminiň ütgemegi parodont kesellerinde toplumlaýyn bejerginiň netijeliligine baha bermek we olar barada maglumat almak maksady bilen ulanmak bolar.
Immunhyjuwlandyrjy bejergi saglyk öýi şertlerinde adatça geçirilmeýär, ýöne ýatymlaýyn hassahanada T-aktiwin, lewamizol, nukleinat natriýa we beýlekiler bellenip bejergi geçirilýär.
Gingiwitleriň. Umumy bejerlişi esasy keselleri hasaba almak bilen (gipertrofik gingiwitde gormonal ütgeşiklerde, gan kesellerinde, allergik häsiýetli kesellerde, witamin deňagramlylygyň bozulmagynda we beýleki sebäplerde) endokrinolog, gematolog, allergolog ýada beýleki hünärmenler bilen bilelikde geçirilýär.
Gistiositozlaryň. Bejerlişi gowy edip umumy kliniki barlaglar geçirlenden soňra beýleki degişli hünärmen lukmanlar bilen bilelikde geçirilýär, aýratyn hem haçanda gormonal dermanlary, belok anabolizatorlary, antibiotikleri, desensibilizirleýji bejergini bermek barada gürrüň edilende hökmandyr.
9.9.3. Hirurgik bejerliş usuly.
Parodont kesellerinde toplumlaýyn hirurgik bejergisi giňden ulanylýar, sebäbi parodontyň kisejiklerini hirurgik bejergisiz aýyrmaga amaly taýdan mümkin däl (9.22. sutat). Şonyň üçin şu aşakdaky görkezilen amallar (operasiýalar) ulanylýar:
Kýuretaž (gyrçamak).
Dişeti emzijeklerini aýyrmak.
Gingiwoektomiýa (bölekleýin, total).
Agyz boşluk bosagasynyň gaýtadan dikeldiş (plastikasy) we jylawjygyň ýerleşýän ýerini ütgetmek amaly.
Dişetiniň (plastikasy) gaýtadan dikeldiş amaly.
Gingiwotomiýa.
9.22. surat. Parodontal kisejik.
Kýuretaž edilende aýyrmaly ýerleri we gingiwatomiýa görkezilen.
Kesip serpikdirlen (operasiýa) amal biogen serişdeler (gidroksiapatitiň däneleri-granulasy kollagen bilen, trikalsiý fosfat, brefokost, ostim-100 we ş.m) bilen ýada import dermanlar Biofix, Resolut Bio-OSS perde (membrana) görnüşde we beýlekiler bilen ulanylýar. Hatda çalt ýaýrap agyrlaşýan parodontitde hem toplumlaýyn bejergi hadysanyň gowlaşyp – kadalaşmagyna getirýär.
Amallar (operasiýa) saglyk öýiň amal edilýän (operasion) bölüminde geçirilýar. Gingiwoplastikany we agyz boşlugynyň bosagasynyň görk berip düzedilmegi ýatymlaýyn hasahana şertlerinde geçirilse amatlydyr. Hirurgik bejergi üçin hepdede 2-gün berilýär. Amal (operasiýa) geçirmezden öň kariýesiň bejergisi, onuň ötüşmeleri, dişeti asty daşlaryň aýrylmagy, çişmä garşy bejergi geçirilýär. Şeýle hem parodontal kisejikden iriň akmagy ýok edilýär.
Amalyň (operasiýanyň) öň syrasyndaky taýarlyk işlerine yrgyldaýan dişleri beriklemek, dişleriň çykyp duran uçlaryny tekizlemek, dişleriň pulpasyny aýyrmak, premedikasiýa (seduksen 1-2 girdejikden 1-1.5 sagat amaldan (operasiýadan) öň berilýär), trihopol (0.25 g. günde 2-3 gezekden 3-gün amaldan (operasiýadan) öň bellenýär), agyz boşlugynyň arasaçylyk düzginlerini öwretmek degişlidir.
Kýuretaž (gyrçamak). Bu usul, bejergi amalyýetinde öňden bäri ulanylýar. Bejergi parodontal kisejikleri ýok etmek maksady bilen geçirilýär. Olaryň çuňlygy 4-5 mm köp bolmaly däldir, sebäbi has çuň kisejiklerde geçirilýän tilsimleri görip gözegçilik edip bolmaýar. Kýuretažyň maksady – arassa ýaranyň ýüzini gazanmak. Amal geçirilýän döwürde kisejigiň boşlugyna gan ýygnanýar, ol bolsa gan goýylanmagyny emele getirýär we ýaranyň şowly bitmek hadysasyna gowy täsir edýär. Ganyň goýylanmagy birleşdirji dokumany emele getirýär, kisejigiň bertigip çürşmegi we täze emele gelen köke kollagen süýümleriň gatlak-gatlak örilip ösmegine alyp barýär.
Kýuretažyň geçiriliş usuly. Lidokainiň 1-2% ergini bilen sanjym edip agyrsyzlandyrlandan soň, birwagytda 3 dişlerden köp bolmadyk sebitde parodontal kisejikleriň päkizelenmegi geçirilýär. Ýiti çeňňekler, ekskawatorlar bilen dişeti asty daşlar we patologik ütgän sementler aýrylýar. Şol yzygiderlikde dişiň hemme ýüzleri – alyn, gapdal, arka taraplary päkizelenýär. Diş çökündileri aýyrlanda gurallary dişiň kökinden täjine tarap hereketlendirilýär. Ondan soň ýumşak sementi tä dykyz çägine çenli aýrylýar, yzyndan diş köküniň ýüzini ýiti guraly bilen gutarnykly päkizelenýär.
Kisejigiň boşlugyndan gaty gyryndylary aýyrmak üçin furasillin erginli şipris bilen ýuwylýar. Ondan soňra kisejigiň dübi päkizelenip başlanýar. Ýiti gyral bilen seresaply patologik kisejigiň dübinden granulýasion dokuma gyrçalýar. Egerde süňk dokumasy kesgitlense, onda ol päkizelenýär. Iň soňky tapgyr – kisejigiň dişeti diwaryndaky epiteliýanyň ýüzini gyrçamak. Bu iş örän jogapkärli we lukmanyň seresap we tejribeli bolmagyny talap edýär. Uly başam barmak bilen dişetini dişe tarap gysyp saklanýar, seresaplylyk bilen gyrçaw çemçesini kisejigiň dübine çenli salynýar we başam barmak bilen gözegçilik edip epitelial düşegi kesilip gyrçalýar. Şol wagyt guralyň hereketlenýän ugry dişiň täjine tarap bolmalydyr. Ondan soň dişetini dişe tarap gysylýar we goraýjy daňy ýapylýar. Näsaga agyz boşlugynyň arassaçylyk düzgünlerini saklamak üçin görkezme berilýär, agzyň berhizini tutmak, antiseptik dürli erginler bilen agzyny çaýkamak maslahat berilýär. Kisejigi dürtgüç bilen barlag etmek gadagan edilýär. Dişeti daňyny 1-gün geçenden soň çalşylýar, ýenede 5-7 gün daňy ýapylýar. Täze birleşdirji dokumaly bagjygynyň emele gelmek hadysasynyň we süňk dokumanyň täzeden ösmeginiň bozulmazlygy üçin kisejige derman serişdelerini goýmak – göýbermek maslahat berilmeýär.
Bolup biljek gaýraüzülmeler. Kýuretaž bejergiden soň parodontda çişme reaksiýasynyň bolmagy mümkin, ol kakylyp barlananda agyry, ýellenmeler, köplenç ýagdaýda bolsa – limfodenidiň emele gelmegi bilen utgaşýar. Gaýraüzülmeler köplenç, kýuretaž gödek ýerne ýetirlende ýüze çykýar. Bejerlişi çalt-çaltdan aşgar duzly suwa agyz boşlugyny çaýkamak ýa-da derman otlary (şalfeý, çopantelpek we ş.m.) ulanmak bilen geçirilýär. Gyzgyn-sowuga, gyjyndyrjy täsirlere ýokary derejeli duýgyrlyk (giperesteziýa) haçanda patologik ütgän sementi we dentiniň ýüzleý gatlagy aýyrlanda ýüze çykýar. Bejerlişi ftorly derman serişdeleriň (1-2% ftorid natriýniň ergini, ftorlak, ftorsaklaýjy gel) ulanmagy bilen geçirilýär.
Garşy görkezmeler. Haçanda kisejikdäki dişetiniň diwary inçelen ýagdaýynda we süňk kisejigi bar bolanda.
Dişetiniň emzijeklerini aýyrmak. Gipertrofik gingiwitde we dişetiniň fibromatozynda geçirilýär. Amal emzijekleriň içine sanjym edip agyrsyzlandyryp geçirilýär. Kesim 30-450 burçlykly dişeti keşjagazyň dübine çenli edilýär, ondan soň ösen dokuma aýrylýar we ýiti ekskawator, çeňňekler bilen diş daşlary aýrylýar, ýaranyň ýüzini koagulýasiýa edilýär we parodontal daňy ýapylýar, ony bir gün geçenden soň çalşylýar, tä doly bitýänçä.
Dişetiniň emzijeklerini diatermokoagulýatoryň kömegi bilen hem aýyrmak bolýar. Parodontda geçirilýän beýleki operasiýalar hirurgik stomatologiýa kitabynda giňişleýin berlendir.
