Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Kitap ter stom.doc
Скачиваний:
29
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
3.55 Mб
Скачать

9.8.6. Parodontomalar.

Parodontomalar dişetiniň fibromatozy, epulis, parodontal kista we parodontyň beýleki çiş dömmeleri degişlidir.

Dişetiniň fibromatozy. Uly adamlarda köp duş gelýär. Sebäbi näbelli. Bu genetiki taýdan şertlendirlen kesellere degişlidir. Ol bütin alweolýar ösüntginiň ugrynda ýa-da aýratyn sebitde, köplenç alyn dişleriň töwereginde ýerleşip, barmak basyp barlaňda dykyz, agyrsyz, büdir-südir ösüntginiň emele gelmeginde, kesel haýal geçmek bilen tapawutlanýar. Dişetiniň reňki ütgemedik. Gistologik barlagda dişetiniň fibromatozy dykyz birleşdirji dokumanyň bolmagy, damarlaryň azlygy, ownyk öýjikli ýellenmeler bilen häsiýetlenýär. Rentgenologik barlagda osteoparoz hadysasy we dişara germewleriň dargamagy anyklanýar. Bejerlişi hirurgik.

Epulis. Kömelek görnüşde bolup kliniki taýdan dişara emzijekleriniň gipertrofiýasynyň ala­mat­laryny ýada salýar. Onuň aýajygy bolýar, şonuň üçin hem ol hereketli bolýar. Ol uly adamlarda şeýle­ hem çagalarda duş gelýär. Epulislaryň fibroz, damarly we mähnet öýjikli görnüşleri tapa­wutlanýar. Gutarnykly keseliň kesgidi gistologik barlaglaryň netijesine görä goýulýar. Epulis köp­lenç göwreli zenanlarda ýüze çykarylýar we ol çaga dogandan soň birazyrak kiçelýär. Rentgen barlagynda ojaklaýyn osteoporoz alamaty bellenýär.

Bejergisi hirurgik we hökmany suratda elektrokoagulýasiýa geçirilýär.

Parodontal kista. Esasan keseliň üznüksiz geçmeginde döreýär; bu ýagdaýda süňküsti gatlagyň açylmagy bilen epiteliýa kisejigiň içki ýüzine ýazylýar. Hadysa ilki başda alamatsyz geçýär, wagtyň geçmegi bilen kistanyň ulalmagynda çişme ýüze çykýar. Rentgen barlagynda anyk çäklendirlen, togalak görnüşli süňk dokumanyň dargan meýdançasyny görmek bolýar. Anyklamak üçin ortopantomograma usuly gowy netije berýär. Bejerlişi hirurgik usul bilen geçirilýär.

9.9. Parodont keselleriniň bejerlişi.

Bejergi her bir näsagy aýratyn şahsy ugyrly garaýyşda onuň umumy we stomatologik ýagdaýlaryny nazarda tutup geçirilýär. Şonyň üçin bejergi elmydama toplumlaýyn häsiýetde ýerli we umumy bejergileri ulanmak bilen amala aşyrylýar. Hadysanyň agyrlyk derejesine, sebäbine we döreýşine baglylykda bejergi;

  • Sebäplere görä (etiotrop);

  • Kliniki alamatlara garşy (simptomatik);

  • etiotrop we simptomatik görnüşde geçirilip biliner.

Bejergi diňe bir çişme hadysany aýyrmak, ýok etmek bilen çäklenmän, eýsem ol umumy bedeniň ýagdaýyny berkitmeklige, goraýyş guýçleriniň beýgelmegine ugrykdyrlan bolmalydyr.

9.9.1. Ýerli bejergi.

Parodontda patologik hadysanyň görnüşine we derejesine garamazdan ýerli bejergi diş çökündileriniň aýrylmagyndan başlanýar. Diş çökündileri, daşlary ýiti ekskawatorlaryň we çeňňekleriniň kömegi bilen aýrylýar. Ondan soň dişetleriniň gyralary antiseptik epginler bilen arassalanýar. Mundan başgada nädogry goýlan petikler we protezler düzedilýär.

Ýüzleý gingiwit. Bejerlişi şu indiki bejeriş çärelerden durýar. Ilki bilen näsaglary agyz boşlugynyň ideg edilşiniň düzgünlerini öwretmekden başlanýar. Diş kesmekleri, daşlary aýrylýar; Rutin (witamin P), askorbin turşysy (witamin C), B1, A, E witaminler bellenýär.

Derman serişdelerden 1-3% rezorsiniň ergini, 2-10% hlorid sinkyň ergini, “Pinokadinen”, furin; 0.05 – 0.1% hlorgiksidiniň ergini ulanylýar. Hlorofilliptiň, 0.2% salwin erginleri, romazulan, propolis ergini (1:10), 5% butadion çalgy ýagy, solkoseril, mundizal-gel, wikasol dermanlar (appli­kasiýa) ýapgy görnüşde ulanylanda gowy netije berýarler. Mundan başgada dişetiniň owkalanmagy, ortodontik we ortopedik bejergisi ulanylýar. Agyz boşlugynyň arassaçylygy, diş ýuwylýan ha­myr­lar, çişme hadysa garşy täsirli agyz çaýkalýan erginler ulanmak bilen gözegçilikde saklanýar.

Kataral gingiwitiň ýaýraň görnüşi diýseň örän kynlyk bilen bejerilýär. Şonyň üçin hem kesel dörediji sebäpleri aradan aýyrmak, bejerginiň şowly bolmagynyň esasy we zerur şertidir.

Gipertrofik gingiwit. Keseliň ýellenme görnüşinde bejerliş usuly sebäp bolýan faktorlara görä saýlanyp alynýar. Diş çökündileri doly aýyrlandan soň, maksada okgynly sklerozirleýji bejergi ulanyl­ýar. Onuň üçin 50-60% glýukozanyň erginini dişara emzijekleriň depejiginden 0.1-0.2 ml 3-8 gezek arakes­meli her 1-2 günden sanjym edilip ulanylýar. Egerde 2-3 sanjymdan soň bejergiň täsiri bolmasa, onda hökmany suratda başga derman serişde ulanylýar, mysal üçin steroid çalgy ýaglary beje­riji daňy gör­nüş­de, lizosimi we düzüminde geparin saklaýjy çalgy ýaglar üstünlikli ulanylýar. Ýarabitiriji serişde hö­küminde rezorsiniň 20-30%-ergini ýapgy görnüşde, prospidiniň 30-50% - çalgy ýag görnüşi, hlorid sink (10-25% - ergini), atgulak derman ösümligi, pinokadinen ulanylýar. Öý şertle­rinde agyz çaýkamak üçin hlo­rid natri we çopantelpek derman ösümligiň suwklygy, nitrofuran hataryna degişli dermanlar bellenýär.

Gipertrofik gingiwitiň fibroz görnüşinde dişara emzijekleriň hirurgik ugyrly kesilip aýrylmagy bilen, soňra elektrokoagulýasiýa geçirilýär. Bu ýagdaýda soňky wagyt kriohirurgiýa we lazer enjam­lary ulanylýar.

Ýaraly gingiwit. Ýaraly gingiwitiň döremegine esasy mikrob faktorlary sebäp bolýar, şonyň üçin hem onuň bejergisiniň netijeliligi, antibakterial derman serişdeleriň ýerli ulanmagyna bagly bolýar. Bejergi dişetiniň antiseptiki erginleri hydrogeni peroxidi 3%, permenganat kaliý, furasillini, riwanol, 0.5-0.2% hlorgeksidin bilen arassalanmagyndan başlanýar. Ondan soňra seresap bilen gowy edip diş çökündileri aýrylýar. Diş daşlary gowy aýyrmak üçin agyrsyzlandyrjy serişdeler lidokain, piromekain aerozol ýa-da çalgy ýag görnüşde ulanylýar.

Antibiotik dermanlaryň ýa-da kortikosteroidlar bilen bilelikde ýüzleý ýapgy görnüşinde pasta, ýag we bejerji daňynyň ulanylmaklary gowy netije berýär. Onuň üçin “:Fastin-1” we “Fastin-2”, sin­to­misin, anestezin, şeýle hem 3% - oktatin ýagy we solkoseril daňynyň aşagyndan goýyp ulanylýar.

Fermentleri ulanmaga görkezme bar – olardan tripsin, himotripsin, himopsin, lizosim, ony gow­sy antibiotekler bilen bilelikde ulanmaly. Ýerli bejergi, gataýan bejergi däňy goýmak bilen tamamlanýar. Metronidazolyň hlorgeksidin bilen bilelikde ulanylmagy gowy netije berýär. Ýaraly gingiwitiň bejergisinde hökmany suratda poliwitaminler we desensibilizirleýji (hlorid kalsiýa, tiosulfat natriý we başgalar) hem-de umumy hyjywlandyrjy dermanlar bilen bejergi geçirilýär. Öý şertlerinde agzyny çaýkamak üçin günde 4-6 gezek 0.25% hloraminiň ergini, 0.05% hlorgeksidiniň ergini we ş.m. ulanmak maslahat berilýar. Beýleki dermanlardan ýarabitiriji dermanlary ulanmak hödürlenýär: itburyn ösümligiň ýagy we oblepihanyň, karatoliniň, ewkaliptiň, aloenyň ýaglary, 10%-metilu­rasil ýagy ulanylýar. Şeýle hem derman ösümlikler (çopantelpek, şalfeý, dubyň gabugy, it buryn), rotokan; aerozol dermany bilen bilelikde düzüminde anestezin, lidokain ýada trimekain, metilurasil, streptosid, moçewina we başgalar; witaminler A,E suwklandyrlan ýag görnüşde giňden ulanmaga görkezme berilýar. Solkoseril – dermany ýapgy görnüşde ulanylanda agyrsyzlandyrjy, çişme hadysa garşy we ýarabitiriji täsiriniň bolmagy bilen gowy bejeriji netije berýär.

Ýaraly gingiwitiň bejerlişinde ewkalipt aerozol görnüşinde düzüminde norsulfazol, streptosid, timol, ewkalipt we narpyz ýagy, spirt, şeker, gliserin, ýüzleý-aktiw maddalary saklaýan dermanlar toplumy ulanylanda gowy bejeriji netije berýär. Ulanmakdan öň agyz boşlugy antiseptik erginler bilen çaýkap çürän kesmekleri aýrylýar. Agyz boşlugyna derman sepilenden soň hökmany suratda 6-7 min. dowamynda saklamaly. Şeýle hem lizosim dermanyň ýapgy görnüşinde ulanylýar.

Mundizal – gel dermany daňynyň aşagynda goýyp bejerilýär. Yzygiderli lazer bejergisi we witaminleriň toplumyny bellemek maslahat berilýar. Agzyň berhizini tutmak hökmandyr. Iýmit­lenmek süýt önümlerden, çig ýumyrtgadan, ter-gök önümlerden bolmalydyr.

Ýaraly gingiwitiň bejerlişinde şu aşakdaky yzygiderlikdäki geçirilýän çäreler gowy netije berýar:

  • ýüzleý ýapgyly agyrsyzlandyrma;

  • proteolitik fermentleri diş etine ýapmak;

  • her bir dişleriň aralaryny “hydrogeni peroxidi” derman bilen arassalamak;

  • 0.03-0.3% hlorgeksidiniň ergini bilen agyz boşlugy 2-3 min. dowamynda saklap çaýkalmak.

  • trihopol solkoseril çalgy derman bilen daňy goýmak;

  • lazer bejergi geçirmek;

  • agyz boşlygynyň arassaçylygyny berjaý etmek.

Gingiwitiň bejerlişi, gormonal bozulmalarda hadysanyň görnüşine garamazdan ilki bilen agyz boş­lugynyň saplanmagyndan başlanýar. Agyz boşlugynyň arassaçylygynyň berjaý edilmegi zerurdyr.

Parodontoz. Parodontoz bejerlende, ulanylýan derman serişdeler we usullar hökmany syratda parodontyň ganaýlanşygyny gowlaşdyrmaga we gaýtadan dikeldiş – çalt bitiriji ukybyny ýokarlandyrmaga ugrykdyrlan bolmalydyr. Şu maksat bilen hem witamin C, elektroforez witamin B1, owkalamanyň hemme görnüşleri, lazer bejergiler bellenip bejerilýär.

Paradontit. Ýerli bejergi, parodontit keselinde hadysanyň agyrlyk derejesine, onuň şahsy geçiş aýratynlygyna bagly bolýar.

Keseliň ýeňil derejesinde antiseptik dermanlar, glýukokortikoidler antibiotikler bilen bilelikde, ýara­bitiriji we fibrinoliz täsirli dermanlar: rizorsin (20-30% ergini), maraslowin, 25% - hlorid sinkiň ergini, 0.1 nowambin ergini, 1% ýodinol ergini ulanylýar. Mundan başgada antibiotikleri ko­r­ti­kos­te­roidler we metasil bilen, ortofen etoniýa bilen, beseptol-kanesten-metilurasil pastalar bilen bilelikde ta­ýa­r­lanyp we fiziobejerliş usullar berk görkezmeler boýunça çişme hadysalar aýyrlandan soň ulanylýar.

Başga dermanlarda ýerli bejergi üçin indometasin ýagy, nitrofuran hataryna degişli dermanlar, 0.2% sangwinorin ergini, 10% dubinolyň emulsiýasy (antioksidant höküminde), 1% - nowoimanin ergini, biseptol, 1% mefenaminat natriýi ergini, 1% dioksidin ergini, 0.01% miramistin ergini; liwo­sin çalgy ýagy ulanylýar. Parodontyň ownykgan – aýlanşygyny kadalaşdyrmak we ownyk gandamarlardaky çişme hadysany aýyrmak üçin 2% troksewazini gel görnüşde ýapy edip daňynyň aşagynda goýyp ulanylýar. Doly bejergisi 8-10 gezek (prosedura); lingezin dermany daňynyň aşa­gynda goýyp ulanylýar.

Parodontitiň agyrlaşmagy bilen parodontal kisejigiň çuňleşmeginde we osteolizisiň güýjeme­ginde şol ady aýdylyp geçilen çişme hadysa garşy bejeriş çäreleri we hirurgik bejergi usullary – kýuretaž, gingiwotomiýa, radikal amallar (operasiýalar) giňden ulanylýar. Okklýuzion şikeslenme ýüze çykan ýagdaýynda hökmany suratda ortopedik bejerliş usuly, saýlanyp ýylmamak, seýikleme, protezleme çäreleri geçirilýär.

Iç kesellerinde (böwrek kesellerinde, rewmatizm we rewmatoid ýagdaýlar, anemiýa we ş.m.) autoimmun genezli mydama bolýan üznüksiz parodontal ýokanç ojagyň we zäherlenmäniň bolma­gy, sebäpkär dişi sogyrmaga göniden-göni görkezme bolýar.

Dişleriň pulpasynyň aýrylyp bejerliş usuly, haçanda pulpit, periodontit keseliniň döremek mümkinçiligi ýüze çykan ýagdaýynda, ýada aýratyn süňk kisejigi emele gelen halatynda ulanylýar.

Gistiositoz. Ýerli bejergisi agyrsyzlandyryp, diş daşlarynyň, kesmekleriň aýrylmagyndan baş­lanýar. Şeýle hem diş kisejigini gyrçamak, sebäpkär dişi sogyrmak we ortopediki bejergi usullary geçirmekden ybaratdyr.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]