Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Kitap ter stom.doc
Скачиваний:
29
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
3.55 Mб
Скачать

9.8.4. Parodontoz.

Parodontoz lukmanyň amaly işinde seýrek 1-8%-den köp bolmadyk ýagdaýda duş gelýär. Bu keselde çişme hadysa we parodontal kisejikleri bolmaýar. Onuň üçin dişleriň berk durmagy, diş çö­kün­dileriň azajyk bolmagy, dişetiniň çökmegi, diş boýunjygynyň açylmagy, pahna görnüşli kertigiň bol­magy häsiýetlidir. Dişleriň boýunjygynyň dürli gyjyndyrjylara ýokary duýyjylygyndan başgada nä­saglar dişetiniň gijemegine arz edýärler. Deňeşdirilip anyklanyş usuly, kesel baradaky maglu­mat­lara (anamnez), kliniki alamatlaryň aýratynlygyna we rentgen alamatlaryna esaslanyp geçirilýär.

Rentgenologik barlagy süňk dokumasynda sklerotik ütgeşikleri ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär. Atrofik hadysa bu dokumada kortikal süňk gatlagyň saklanmagynda, dişara germewleriň beýikliginiň deň derejede peselmegine getirýär.

Padorontozyň ýeňil derejesi – haçanda dişleriň boýunjygynyň ýa-da köküniň 1/3 – çenli açyl­ma­gy bolanda; rentgen suratynda dişara germewleriň beýikliginiň 1/3 çenli peselmeginde hasap edilýär.

Parodontozyň orta agyrlyk derejesinde – diş kökiniň 1/3 çenli açylmagy, dişara germewleriň ½ - bölegine çenli peselmegi bolanda. Dişleriň (I – derejeli) yrgyldamagynyň bolmagy mümkin.

Parodontozyň agyr derejesinde – diş kökleriniň ½ böleginden hem köp böleginiň açylmagy, dişara germewleriň beýikliginiň ½ böleginden hem köp böleginiň peselmegi, hem-de dişleriň yrgyldamagy (I-derejeli) bolanda bellenýär.

9.8.5. Parodontoliz (parodontyň beterleşip ereýän idiopatik keselleri).

Bu topara Papiýan – Lefewranyň (sindromy) keseli, neýtropeniýa, immunýetmezçilik ýag­daýlar (agammaglobulinemiýa we beýlekiler), çagalarda süýji keseli, eozinofil granulema, Leterera – Žiwanyň we Henda – Şýuller – Krisçeniň keselleri (gistiositoz X) we başgalar degişlidir.

Bu topardaky keselleriň köpüsine şu indiki esasy alamatlar degişlidir:

  • Hadysanyň gyşarnyksyz aýdyň beterleşmeginde hemme parodontyň dargamagy: dişetiniň, periodontyň, süňk dokumanyň 2 – 4 ýylyň dowamynda utgaşyp bolup geçmegi bilen dişleriň gopmagy.

  • Deňeşdirlende, parodontal kisejiginiň çalt emele gelmeginde iriň bölünip çykmagy, dişleriň ütgäp süşmegi, aralarynyň açylmagy (distopiýa).

  • Rentgenologik alamatlaryň özboluşly ütgemegi: süňk dokumanyň çalt sorulmagynda öýjik­ligiň emele gelmegi we gysga wagtyň içinde süňk dokumanyň doly eremegi.

  • Süňk dokumada osteoliz hadysa hüjüm sürýar, bu ýagdaý osteositleriň ferment ulgamynyň hy­juw­lanmagynyň, alyş-çalyş hadysanyň bozulmagynyň esasynda bolýanlygy bilen baglan­şyk­ly bolmagy mümkindir (mysal üçin, süji keselde).

  • Keseliň käbir görnüşlerinde eliň aýasy – dabanyň keratozy, neýtropeniýa bolmagy bellenýär, çagalar ilki süýt dişlerini ondan soň hemişelik dişler ösip çykandan soň olary ýitirýärler.

Eozinofil granulema. Çagalarda hem duş gelýär.

Eozinofil granulema kliniki amalyýetde ýaýraň we ojakly görnüşde ýüze çykýar. Agyz boşlugynda gingiwit, parodontal kisejikler, dişleriň yrgyldamagy bellenýär. Keseliň ir döwründe ilkinji ýüze çykan alamatlary keseliň esasy ýeketäk alamaty bolmagy bilen häsiýetlenýär.

Rentgenologik barlagynda osteoporoz alamatlary we süňk dokumanyň sorylmagy kesgitlenýär. Patomorfologik alamatlaryna degişli bolan retikulýar öýjükleriň, eozinofilleriň toplanmagynyň, limfomakrofakly ýellenmeleriň bolmagy bilen tapawutlanýar.

Letepa – Žiwe keseli. Keseliň aýdyň ýüze çykan görnüşinde üşedip – gyzdyrmak, deri örtiginiň solgyn bolmagy, adinamiýa, horlanmak we işdäsiniň ýitmegi, gepato we splenomegaliýa ýaly alamatlar bilen häsiýetlenýär. Agyz boşlugynda, süňk dokumanyň beterleşen osteolizisi bilen ýaýraň parodontit ýüze çykýar. Rentgenologik barlagda osteoporoz, dişara germewleriň ýaýraň sorylmagy we äň süňkinde ojakly alamatlar kesgitlenýär.

Henda – Şýuller – Krisçen keseli. Retikulogistositoza degişlidir. Ol kliniki alamatlary bilen süýji ke­sel­siz ýüze çykýar. Şeýle hem ekzoftalm, süňk dokumasynda onuň ösmeginiň saklanmagy, çiş döm­me­leriň emele gelmegi bellenýär. Agyz boşlugynda alamatlar aýdyň ýüze çykanda ýaýraň parodontit be­llenýär. Rentgen barlagynda äňiň alweolýar ösüntgili süňk dokumasynda destruksiýa hadysasy bellenýär.

Papiýon – Lefewra keseli. Äňiň alweolýar ösüntgili süňkiniň beterleşen osteolizisi bolmagy bilen häsiýetlenip, dişleriň gopmagy bilen tamamlanýar. Keseliň sebäbi näbelli. Nesil yzarlaýyş autosom-resessiw boýunça geçýär.

Kesel eliň aýasynyň we dabanyň giperkeratozy we tozgalanmagy bilen utgaşýar. Kliniki we rentgenologik ütgeşikler ýaýraň parodontitiň alamatlaryna gabat gelýär. Gistologik barlagda dişetini doldyryp duran we plazmatik öýjiklerden ybarat bolan ýellenmäniň emele gelmegi ýüze çykarylýar.

Bejerlişi alamatlara garşy geçirilýär.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]