Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Kitap ter stom.doc
Скачиваний:
29
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
3.55 Mб
Скачать

9.8.3. Parodontit.

Parodontit – dişýany dokumanyň öz boluşly keseli bolup, bir ýa-da birnäçe dişleriň sebtinde ýerleşip, ýaýraň görnüşli häsiýetde bolup bilýär.

Ojaklaýyn parodontit. Ol ýerli sebäpleriň täsir etmeginde ýüze çykýar: petikleýji serişdeleriň ýa-da myşýak hamyrynyň dişara boşluga düşmegi, okkluzion şikeslenmeler (diş gysylyşmagynyň nädogrylyklary, uly azy dişleriň ir wagyt sogrylmagy we ş.m.), fiziki şikeslenmeler, ýaramaz ýasalan protezler we beýlekiler. Ojaklaýyn parodontit kliniki amaliýetde köp duşýar, ýöne has wajyp mesele onuň ýaýraň görnüşinde bolýar (9.21. surat).

Ýaýraň parodontit. Ol elmydama kataral gingiwitden başlanyp, dişeti bagjygyndaky birleşdirjiniň bozulmagy, dişleriň birleşdirji (apparatyň) ulgamynyň dargamagy, süňk dokumanyň rezorbsiýasy, parodontal kisejigiň emele gelmegi bilen häsýetlenýär (9.22. surat).

Parodontit, dişetiniň ganakmagy, dişleriň dürli derejeli yrgyldamagy, agyrynyň bolmagy, diş boýunjyklarynyň ýokary duýgurlygy (giperesteziýa), kisejiklerden iriňiň bölinip çykmagy ýaly arz-şikaýatlar bilen ýüze çykýar.

Ýerli gözden geçiriş barlag geçirlende dişetiniň ganamagy, dişeti asty daşlaryň we kesmekleriň ýygnanmagy, dişleriň yrgyldamagy, dişetiniň gyrasyna enjam bilen basylyp görülende iriň çyk­ma­gy, Şilleriň synag – barlagynyň kesgitlenmegi bellenýär (9.23. surat). Ýöne parodontitiň esasy alamaty ol hem parodontal kisejiginiň bolmagydyr.

Parodontitiň agyr derejesi esasan onuň üç sany alyp barýan alamatlary boýunça kesgitlen­ýär – parodontal kisejiginiň çuňlygy, süňk dokumada rezorbsiýanyň derejesi we şol alamatlaryň neti­je­sinde – dişleriň yrgyldamagy. Bu alamatlar esasan hirurgik we ortopedik bejergini saýlap almak üçin esas bolýar. Parodontitiň ýeňil derejeli görnüşinde parodontal kisejiginiň 3.5 mm çuňlikde bol­magy, dişara süňk dokuma germewleriň başlangyç destruksiýasy häsýetlidir: osteoparoz hadysanyň bolmagy, dişara germewleriň beýikliginiň peselmegi; dişleriň yrgyldamagy ýok; dişleriň süşmegi, dişetiniň ganamagy bellenýär. Adatça parodontitiň ýeňil derejesinde näsagyň umumy ýagdaýlary bozulmaýar.

Parodontitiň ortaça agyrlyk derejesi üçin: kisejigiň çuňligi 5 mm çenli; dişara süňk ger­mew­leriniň - 1/3 den – 1/2 çenli rezorbsiýasy, dişleriň I – II derejeli yrgyldamalary, dişleriň aralarynyň açylmagy, okkluzion şikeslenmeler ýaly alamatlaryň bolmagy häsiýetlidir.

Parodontitiň agyr derejesinde dürli görnüşli kliniki alamatlar bolan: parodantal kisejigiň 5-6 mm hem çuňligi, II – III –derejeli dişleriň yrgyldamagy, süňk dokumanyň ½ -den hem köp göwriminiň rezorbsiýasy, kä ýagdaýlarda alweolýar germewleriň doly sorylyp çökmegi; dişler süşip ütgän ýagdaýlary, diş hatarlaryň kemterligi ýaly alamatlar häsiýetlidir (9.23. surat).

Parodontitiň orta we agyr derejelerinde köplenç iriň akma we absses bolmagy bellenýär. Parodontitiň rentgenologik alamatlary hadysanyň geçiş döwrüne we görnüşine bagly bolýar.

Hadysanyň başlangyç döwründe dişara germewleriň osteoporozy we destruksiýasy bilen häsýetlen­ýär. Uzagyndan dişara germewleriň beýikliginiň peselmegi bellenýär. Güýçli çalt geçýän parodontitde esasy rentgenologik alamatlar; uly adamlarda uly ojakly destruksiýanyň süňk kisejigi bilen emele gelmegi­dir.

Alweolýar süňk dokumanyň ösüntgisiniň gyralary jähekli “gemirlen ýaly” görnüşde bolup, dişeti asty daşlaryň çökündileri bellenýär.

Çişme hadysa parodontitde esasy üç ugyr boýunça ýaýraýar. Dişara germewiň ýokardaky (kortikal) süňk gatlagy dargandan soň çişme – rezorbsiýa hadysa süňkiň ýumşak ýerine ýaýraýar – bu esasan köp duş gelýän ugyrdyr.

Ikinji ugyr periodontal yş boýunça ýaýramagy – bu ýerde rezorbsiýa esasan dikligine süňk kisejiginiň emele gelmegi bilen bolup geçýär. Üçinji ugyr çişme hadysanyň süňk üsti gatlaga ýaýramagy çuň parodontal kisejigiň emele gelmegi, ondan iriň akmagy bilen ýüze çykýar. Şonuň bilen bilelikde absses bolmagy hem mümkindir.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]