- •Institutynyň talyplary üçin
- •Terapewtik stomatologiýanyň ösüşi we onuň öňünde durýan meseleler
- •Stomatologiýa gullugyny guramak
- •Häzirki zaman stomatologiýa gullugy şu aşakdaky görnüşlerden ybarat:
- •2.1. Stomatologyň otagynyň guralyşyna talaplar we kadalar.
- •Stomatolog lukmanyň otagynda şu aşakdaky enjamlar bolmaly:
- •Terapewtik stomatologiýada aseptika we antiseptika
- •Sterilizasiýa we dezinfeksiýa
- •Amidopirin synagynda Ulanylýan erginiň düzümi şu aşakdakylardan ybarat:
- •Agyz boşlugyndaky synalaryň we dokumalaryň gurluşy we ýerine ýetirýän işleri
- •3.1. Agzyň nemli bardasy
- •3.1.1. Agzyň dürli bölümlerindäki nemli bardanyň gurluşy
- •3.1.2. Agzyň nemli bardasynyň ýerine ýetirýän işleri
- •3.2. Sülekeý mäzleri, sülekeý we agyz boşlugynyň suwuklygy
- •3.2.1. Sülekeý mäzleri
- •3.2.2. Sülekeý we agyz boşlugynyň suwuklygy
- •3.2.3. Sülekeýiň ýerine ýetirýän funksiýalary
- •We ösüp çykyş möhletleri
- •3.3.1. Dişleriň anatomik gurluşy
- •3.3.1.2. Hemişelik dişler
- •3.3.2. Dişiň gaty dokumalarynyň gistologik gurluşy, himiki düzümi we ýerine ýetirýän işleri
- •3.4. Agyz boşlugynyñ mikroflorasy
- •3.5. Agyz boşlugynyñ goraýjy mehanizmleri
- •3.5.1. Mahsus däl goraýyş faktorlar
- •3.5.2. Mahsus goraýyş faktorlar
- •Mahsus goraýyş faktorlar
- •Agyz agzalarynyň ýagdaýlaryny anyklamagyň usullary
- •4.1. Näsagdan sorag-ideg edilişi (subýektiw barlaglar)
- •4.2. Obýektiw barlag usullary
- •4.2.1. Seretmeklik
- •4.2.1.1 Daşky serediliş
- •4.2.1.2. Agyz boşlugyna seretmek.
- •Dişleriň etlerine seretmek
- •Cpitn indeksiniň kesgitlenişi
- •Agyz boşlugynyň gigiýeniki ýagdaýlarynyň kesgitlenişi
- •4.2.1.3. Agyz boşlugynyň içki bölegine seretmek
- •Agzyň nemli bardasynda bolup geçýän patologik hadysalar
- •4.2.1.4. Dişlere seretmeklik
- •4.2.2. Dişleriň perkussiýasy
- •4.2.3. Palpasiýa barlagy
- •4.2.4. Temperatura duýujylygyny anyklamak.
- •4.2.5. Diş dokumalarynyň ýagdaýlarynyň elektrik togunyň kömegi bilen anyklanylyşy
- •4.2.6. Rentgen anyklaýyş usullary
- •Rentgen barlaglaryň usullary:
- •4.2.7. Transillýuminasiýa anyklaýyş usuly
- •4.2.8. Lýuminesent barlag usuly
- •4.2.9. Funksional takyklamalar
- •4.2.10. Funksional barlaglary
- •4.2.11. Laboratoriýa barlag usullary
- •4.3 Stomatologik näsaglarynyň hasaba alnyş kartasy
- •Kariýesden özge zeperlenmeler
- •Kariýesden özge zeperlenmeler.
- •Syrçanyň kemterliligi (gipoplaziýasy)
- •Dişleriň menekliligi (flýuorozy).
- •Syrçanyň artykmaçlygy (giperplaziýasy)
- •Dişler ösüp çykanyndan soňraky döwürlerde ýüze çykýan kariýesden özge zeperlenmeler
- •Pahna şekilli kemtik.
- •Dişleriň gaty dokumalarynyň patologik sürtülmesi
- •Dişleriň eroziýasy
- •Dişleriň gaty dokumalarynyň nekrozy
- •Dişleriň himiki (turşulardan) nekrozy
- •Dişleriň ýiti şikeslenmesi
- •Dişleriň kariýesi
- •6.2. Dişleriň kariýesiniň toparlara bölünişi
- •6.3. Kariýesiň klinikasy
- •6.4. Dişleriň kariýesiniň patologik anatomiýasy
- •6.5. Diş kariýesiniň döreýişiniň nazary ýollary (takyklamalary)
- •Şats we Martiniň helasiýa teoriýasy
- •Kariýesiň döremeginiň häzirki zaman düşündirilişi
- •Surat № 6.6. Kariýesiň döreýşiniň taslamasy.
- •6.6. Diş kariýesiniň bejerlişi
- •Blek boýunça kariýes köwekleriniň klaslara bölünişi
- •I klas kariýes ojaklarynyň şekil aýratynlyklary.
- •III klas kariýes köwekleriniň şekilleri.
- •IV klas kariýes köwekleriniň görnüşleri.
- •V klas kariýes köweginiň taýýarlanyşy.
- •6.6.2. Petikleýji serişdeler
- •6.6.2.1. Wagtlaýyn ulanylýan petikleýjiler.
- •6.6.2.2. Aralaýjylar.
- •6.6.2.3. Hemişelik petikleýjiler
- •Sementleriň oňaýly taraplary:
- •Sementleriň oňaýsyz taraplary:
- •Petikleýjileri gatatmaklyk üçin ulanylýan fotopolimerzatorlar (gatadyjy çyralar) we olaryň ulanylyşy
- •6.6.3. Gaýtadan dikeldiji serişdeler bilen köwekleri doldurmaklygynyň tapgyrlary
- •6.7. Kariýesiň bejergisinde goýberilýän säwlikler we gaýra üzülmeler
- •Dişleriň pulpasy
- •7.1.1. Dişiň pulpasynyň anatomiki, gistologiki gurlyşy we fiziologiki aýratynlygy
- •7.1.2. Diş pulpasynyň gistologiki gurluşy
- •Diş pulpasynyň gistohimiýasy
- •7.1.3. Diş pulpasynyň gan üpjinçiligi.
- •7.1.4. Diş pulpasynyň nerw üpjinçiligi
- •7.1.5.Diş pulpasynyň ýerine ýetirýän işleri.
- •Iýmitlendiriş
- •Iýmitlendiriş işjeňligi
- •7.3. Dişiň pulpit keselleriniň sebäpleri.
- •7.3.1. Döreýiş sebäpleri.
- •7.4. Diş pulpasynyň çişmesiniň geçiş aýratynlygy, morfogenezi, mikrosirkulýator üýtgeşmesi.
- •7.3. Surat. Diş kök akabasynyň esasy arteriolynyň diwarynyň ultrodüzmi.
- •7.5. Diş pulpasynyň çişmesiniň toparlara bölünişi.
- •7.6. Pulpidiň geçiş alamatlary we anyklanyşy.
- •7.6.1.Ýiti ojaklaýyn pulpit.
- •7.6.2.Ýiti ýaýraň pulpit.
- •7.6.3. Üznüksiz fibroz pulpit.
- •7.6.4.Üznüksiz gipertrofiki pulpit.
- •7.6.5. Üznüksiz çüýreme (gangrenoz) pulpit
- •7.6.6. Üznüksiz pulpidiň ýitileşmegi.
- •7.7. Dişleriň pulpit keselleriniň bejerliş usullary
- •Bejerliş usullar
- •7.7.2. Pulpit keselini wital amputasyýa geçiriliş aýratynlygy.
- •7.13. Surat. Wital ekistropasiýa amputasion usuly
- •7.7.3. Hirurgiki usuly.
- •7.7.3.1. Pulpany wital ekstirpasyýa geçirilişi.
- •Pulpit bejerlende wital ekistropasyýa usulynyň geçiriliş tapgyry
- •7.7.3.2. Pulpanyň dewital ekistropasyýa geçirilişi
- •7.7.3.3. Pulpanyň dewital amputasyýa geçirilişi
- •Pulpit kesellerini bejerlende göýberilýän säwlikler we gaýry üzülmeler
- •VIII Bap Periodont dokumanyň çişmesi (infilomkatiýasy)
- •8.1. Periodont dokumanyň anatomiki -fiziologiki aýratynlygy.
- •8.3. Surat. Periodont süýmleriniň keseligine ýerleşişi, diş keseligine keseilende.
- •8.6. Surat. Periodontdaky epitelial galyndylary.
- •Periodontyn işjeňligi.
- •8.2. Periodontitiň sebapleri.
- •8.3. Periodontitiň (döreýşi geip çykyşy, geçiş aýratynlygy) patogenezi
- •8.4. Periodontit keselleriniň toparlara bölünişi.
- •8.5. Periodontit keseliniň geçiş aýratynlygy.
- •8.5.1. Dişiň köküniň depejigindäki ýiti periodontit.
- •8.5.2.Üznüksiz periodontitler
- •8.5.2.1.Üznüksiz fibroz periodontit.
- •8.5.2.2. Üznüksiz granurleýji periodontit
- •8.5.2.3. Üznüksiz granulamatoz periodontit
- •8.18. Surat. Üznüksiz gramulýomtoz periodontit.
- •8.5.2.4. Üznüksiz periodontitiň ýitileşmesi
- •Patomorfologiki üýtgeşmeler.
- •Periodontit kesellerini bejerliş usullary
- •8.6. Periodontitleriň bejerlişi.
- •Dişiň periodontit keselini bejermekligi şu aşakdaky tertiplerde amala aşyrmak ýerlikli hasap edilýär:
- •Ýiti periodontit keselini bejermekligiň aýratynlygy
- •Bir kökli dişiň bejerilişi
- •Köp kökli dişiň ýiti periodontit keselini bejerlişi Näsag ilkinji gezek ýüz tutanda
- •Üznüksiz periodontidiň bejerlişi
- •Bir kökli dişleriň bejerliş aýratynlygy
- •Köp kökli dişleriň bejerliş aýratynlygy
- •Üznüksiz periodontidiň ýitileşmesiniň bejeriliş aýratynlygy.
- •Periodontit keselini bejerlýärkä we bejergiden soňki göýberilýän säwlikler we gaýry üzülmeler.
- •Parodontyň keselleri
- •9.1. Umumy maglumatlar.
- •9.2. Parodont keselleriniň toparlara bölünişi.
- •9.3. Parodontyň gurluşy.
- •9.4. Parodontyň funksiýalary.
- •9.5. Parodont keselleriniň sebäpleri.
- •9.6. Parodont kesellerinde patologoanatomik alamatlar.
- •9.7. Parodont keselleriniň anyklanyş - barlag usullary.
- •9.1. Görkeziji. Parodont keselleriniň dürli görnüşlerinde
- •9.8. Parodont keselleriň geçiş alamatlary
- •9.8.1. Gingiwit
- •9.8.2. Parodont kesellerinde dişetiniň melanoz tegmildi.
- •9.19. Surat Dişetindäki melanoz tegmildiň goýylyk
- •9.8.3. Parodontit.
- •9.8.4. Parodontoz.
- •9.8.5. Parodontoliz (parodontyň beterleşip ereýän idiopatik keselleri).
- •9.8.6. Parodontomalar.
- •9.9. Parodont keselleriniň bejerlişi.
- •9.9.1. Ýerli bejergi.
- •9.9.2. Umumy bejerlişi.
- •9.9.3. Hirurgik bejerliş usuly.
- •9.9.4. Fiziki bejerji usuly.
- •9.9.5. Ortopedik bejerliş usuly.
- •9.10. Parodont keselli näsaglara bejeriş – keseliň öňüni alyş kömeginiň guralşy.
- •Stomatogen ýokanç ojaklary we ojakly – şertlendirlen keseller.
- •Bejerliş aýratynlygy
- •Agyz boşlugynyň nemli bardasynyň keselleri
- •11.1. Agzyň nemli bardasynda keselleriniň görnüşlere bölnüşi
- •Ýokanç keseller:
- •III. Allergiki we zäherli-allergiki keseller:
- •IX. Rakoňýany keseller, howypsyz we howyply çişler:
- •II. Ýokanç keseller:
- •IV. Ekzogen zäherlenmelerde, agzyň nemli bardasynyň üýtgeşmeleri.
- •11.2. Şikesli zeperlenmeler
- •11.2.1. Mehaniki şikeslenme
- •11.2.1.1. Ýiti mehaniki zeperlenme
- •11.2.1.2. Üznüksiz mehaniki zeperlenme
- •11.2.2. Himiki zeperlenme.
- •11.2.3. Fiziki zeperlenilme.
- •11.2.3.1. Galwanizm.
- •11.2.3.2. Şöhle keseli
- •11.2.3.3. Äň-ýüz sebtindäki täze dömmeleriň şöhle bejergisinde agzyň nemli bardasynyň üýtgemeleri.
- •11.2.4. Leýkoplakiýalar
- •Owunjak düwünçejikleri bolan gaty we ýumşak gaňşyrawgyň nemli bardasynyň gipertozy çykaryjy akabanyň giňeldilen nokatly bolan giperplazirlenen sülekeý mäzleri.
- •11.2.5. Paşkowyň ýumşak leýkoplakiýasy
- •11.2.6. Kennonyň ak ýumşak haly
- •11.3. Ýokanç keseller
- •11.3.1. Wirus keseller
- •11.3.1.1. Ýönekeý (adaty) gerpes
- •11.3.1.2. Gurşaýjy gerpes.
- •11.3.1.3. Gerpetiki angina
- •11.3.1.4. Ýiti respirator wirus ýokanç keselleri.
- •11.3.1.5. Agsal keseli
- •11.3.1.6. Agyz boşlugyndaky aids ýokanç keseli.
- •11.3.2. Wensanyň ýaraly – çüýreme stomatiti
- •11.3.3. Mereziýel keseli
- •11.3.4. Inçekesel.
- •11.3.5. Kandidoz (Agyz boşlugyň nemli bardasynyň köpüklemesi)
- •Agyz burçynyň jaýrykly mikotik (hamyrmaýaly) çişmesi.
- •11.4. Allergiýa keselleri.
- •11.4.1. Käbir allergiki keselleriň kliniki alamatlary
- •11.4.1.1. Anafilaktiki şok.
- •11.4.1.2. Kwinkäniň angionewrotik çişgini
- •11.4.1.3. Derman allergiýasy.
- •Kataral we kataral-gemorragik stomatit (heýlit, glossit).
- •11.4.2. Köp görnüşli şypyljaýan eritema
- •11.4.3. Üznüksiz gaýtalanýan aftoz stomatit.
- •11.4.4. Behçetiň (sindromy) alamatlar toplumy.
- •11.4.5. Şegreniň (sindromy) alamatlar toplumy
- •11.6. Gipowitaminozlarda agzyň nemli bardasynyň ütgemeleri.
- •11.7. Käbir ulgamlaýyn kesellerde agzyň nemli bardasynyň ütgeýşi
- •11.7.1. Aşgazan-içege ýollarynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemeleri
- •Agzyň nemli bardasynyň bozulmagy
- •11.7.2. Ýürek-damar kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.3. Içki mäz (endokrin) kesellerde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.5. Gan emele getiriş ulgamynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •Agzyň nemli bardasynyň eroziw – ýaraly zeperlenmegi.
- •11.7.6. Nerw ulgamynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.6.1. Stomalgiýa (glossalgiýa).
- •11.7.6.2. Tagam alyşyň bozulmagy
- •11.7.6.3. Sülekeý çykmagyň bozulmagy
- •11.8. Deri kesellerinde agzyň nemli bardasynyň üýtgeşmeleri
- •11.8.1. Gyzyl ýasy demrew
- •11.8.2. Pakgarçak keseli
- •11.8.3. Pemfigoid
- •11.8.4. Gyzyl gurt keseli
- •11.8.5. Dýuringiň dermatiti
- •11.9. Diliň anomaliýasy we aýratyn keselleri
- •11.9.1. Gasynly dil
- •11.9.2. Gara (saçly) dil
- •11.9.3. Deskwamatiw glossit
- •11.9.4. Rombgörnüşli glossit
- •11.10. Heýlitler
- •11.10.1. Eksfoliýatiw heýlit (tozgalaýan)
- •11.10.2. Glandulýar heýlit
- •11.10.3. Aktiniki we meteorologik heýlitler
- •11.10.4. Allergik gatnaşyk heýlit
- •11.10.5. Atopiki heýlit (adaty däl heýliti)
- •11.10.6. Ekzematoz heýliti
- •11.10.7. Makroheýlit (Melkerson – Rozentalyň alamaty)
- •11.11. Agzyň nemli bardasynyň we dodagyň gyzyl gaýmasynyň howply dömmä getiriji keselleri
- •11.11.1. Howply dömmä getiriji hadysalarynyň toparlara bölünşi
- •11.11.2. Boueniň keseli
- •11.11.3. Rak öň ýany siňňiller
- •11.11.4. Dodagyň gyzyl gaýmasynyň rak öň ýany çäkli giperkeratozy
- •11.11.5. Manganoftiniň rak öň ýany abraziw heýliti
- •11.11.6. Deri siňňili
- •11.11.7. Keratoakantoma.
- •11.11.8. Rak öň ýany keselleriň öňüni alyş çäreleri
- •11.1. Diş ýokundylary
- •Diş daşlaryny aýyrmak
- •Edebiýat sanawy
Agyz boşlugyndaky synalaryň we dokumalaryň gurluşy we ýerine ýetirýän işleri
Agyz boşlugynyň synalaryny we dokumalaryny öwrenýän stomotolog-lukman, olaryň anatomik gurluşyny we döremeleriň gurluşynyň özenini, ýerine ýetirýän işlerini, şeýle hem olaryň beden agzalalary we ulgamlary bilen arabaglanyşygyny bilmelidir. Agyz boşlugy (cavitas oris) ýa-da agyz (os, stoma) iýmit siňdiriş ýollarynyň başlangyç bölümi bolup durýar, ol öňünden we gapdallaryndan dodaklar we ýaňaklar bilen, ýokarsyndan bolsa ýumşak kentlewük arkaly, aşagyndan bolsa agyz boşlugynyň düýbi bilen çäklenýär. Dodaklarynyň ýumulan ýagdaýynda agyz yş görnüşde bolup, açyk ýagdaýda bolsa tegelek şekillidir. Agyz boşlugy (3.1-nji surat) iki bölüme, ýagny öňki ýa-da agyz bosagasy (vestibulum oris) we yzky – hususy agyz boşlugynuň (cavitas oris propia) bölümlerine bölünýär. Agyz boşlugynyň bosagasy öňünden we gapdallardan dodaklar we ýaňaklar bilen, yzyndan we içinden bolsa dişler hem-de aşaky we ýokarky äňlereiniň alweolýar ösüntgileriniň nemli bardasy arkaly çäklenýär.
Çaganyň ene göwresindäki ýaşaýşynyň ikinji aýynyň soňunda agyz boşlugy ýüzüň 5 sany süňk ösüntgisinden emele gelip başlaýar. Bu döwür ösüşiň nädogrulyklarynyň (anomaliýalarynyň) döreýändigini nazarda tutmak wajypdyr. Eger, medial burun ösüntgisiniň maňlaý ösüntgisi ýokarky äňiň bir ýa-da iki ösüntgisi bilen bitişmeýän bolsa, onda ýumşak dokumalaryň ýirigi-çat açmagy ýüze çykýar. Eger gaty kentlewügiň sag we çep ösüntgileri bitişmeýän bolsa, onda gaty kentlewügiň ýirigi döreýär. Agyz boşlugynyň bosagasy we özi nemli barda bilen örtülendir.
3.1. Agzyň nemli bardasy
Agzyň nemli bardasy (tunica mcosa oris) 3 gatdan, ýagny epitelial, nemli bardanyň hususy gatlagy we nemasty esasdan ybaratdyr (3.2-nji surat). Agzyň nemli bardasynyň epiteliýesi (epithelium mucosa oris) ýasy köpgatly. Onuň gurluşy agyz boşlugynyň dürli ýerlerinde meňzeş däldir.
Kadaly şertlerde dodaklardaky, ýaňaklardaky, ýumşak kentlewükdäki, agyz boşlugynyň düýbündäki epiteliýesi buýnuzlaşmaýar, ol bazal hem tikenek görnüşli gatlaklardan ybaratdyr. Emma nemli bardanyň käbir ýerlerinde bütinleý däl ýa-da bütinleý galan buýnuzlaşan zolaklar bardyr. Agzyň nemli bardasynyň epiteliýesiniň buýnuzlaşmagy adamyň ýaşaýyş döwründe has uly mehaniki, himiki we ýylylyk täsirlere sezewar edilýän ýerlerinde bolýar. Bu bolsa, agyz boşlugyndaky epiteliýiň buýnuzlaşmagynyň goraýjy häsiýetiniň bardygyny subut edýär.
Epiteliýiň bazal gatlagynyň dokumalarynyň arasynda leýkositler bolýar. Olar diş etiniň joýalarynyň we diş etiniň jübüjikleriniň epiteliýesi arkaly agyz boşlugyna aralaşyp, sülekeýde peýda bolýarlar. Mundan başga-da nemli bardanyň epiteliýesiniň käbir ýerlerinde melanositler, ýagny melanin döredýän dokumalar duş gelýär. Esasan-da bular garaýagyz derili halklarda uly mukdarda bolýar. Munuň bilen baglylykda agzyň nemli bardasynyň kadaly tegmilliligi hem bolup biler. Tegmilliligiň görkezilen ýerleri, böwrek üsti mäzleriň ýetmezçiligi bilen bagly bolan Addisonyň keseliniň ýüze çykmagyny ýatladýar.
Nemli bardanyň hususy gatlagy (lamina mucosa propria). Ol dykyz birleşdiriji dokuma bolup, esasy maddadan ybarat. Hususy nemli gatlak emzijik görnüşli bolup, tolkun ýaly nemli barda girip gidýär. Hususy nemli gatlagyň emzijeklerinde ownuk damarjyklaryň tory ýerleşýär. Bu gatlak süýüm gurluşlary bolan, kollagen we retikulýar süýümlerden hem-de öýjük elementleri bolan fibroblastlardan, ýognas we plazmatik öýjüklerden, segmenoýader leýkositlerden durýandyr. Ýaňaklaryň we dodaklaryň nemli bardasynyň hususy gatlagy, öýjük elementlerine örän baýdyr.
Birleşdiriji dokumanyň dokuma ara maddasynyň esasyny glikoproteidler we mukopolisaharidler (gialuron turşulygy, hondroitinsulfatlar) düzýär. Birleşdiriji dokumanyň goraýjy işjeňligi elmydama böwediň döremeginde ýüze çykýar. Munuň bilen baglylykda birleşdiriji dokumanyň kadaly ýagdaýy üçin substrat-ferment ulgamynyň (gialuronidazyň, ýagny esasy maddanyň gialuron turşulygynyň) ähmiýeti uludyr.
Gialuronidazanyň mukdarynyň (dokuma ýa-da mikrob taýdan) köpelmegi bilen gialuron turşulygynyň dargamagy (depolimerizasiýasy) bolup geçýär. Bu bolsa birleşdiriji dokumanyň has uly geçirijiligine ýardam berýär.
Birleşdiriji dokumada öýjükleriň esasan üç görnüşleri - fibroblastlar, makrofaglar we labrositler (ýognas öýjükler) saýgarylýar.
Adamyň birleşdiriji dokumasynyň esasy öýjügi fibroblastlar bolup, olar prokollagen, proelastin we ş.m. bölüp çykarýar.
Goraýyjy işini ýerine ýetirýän makrofaglar bakteriýalaryň özge bölejiklerini, ölen öýjükleri ýuwudýar, ýok edýär. Olar çişme we immun reaksiýalara işjeň gatnaşýarlar. Çişmäniň ösüşine gatnaşýan labrositler (ýognas öýjükler) birleşdiriji dokumanyň düzüminiň mydamalygyny, (mikrosirkulýasiýany) ownyk gan aýlanşygy, geçirijiligi üpjün edýär. Bu öýjükler geparin, gistamin ýaly biologiki işjeň maddalary gorap saklamak we bölüp çykarmak ukybynyň bardygy bilen tapawutlanyp, ýokary duýujylygyň haýallanan görnüşli hadysasyna gatnaşýar.
Süýümli gurluşlar kollagen we argirofil süýümler bilen tanalýar. Agzyň nemli bardasynyň kollagen süýümleriniň dessesi deridäkä garaňda inçedir. Olar diş etiniň we gaty kentlewügiň nemli bardasynda has gür, dykyz ýerleşýär. Nemli bardadaky argirofil süýümler deridäkä garaňda has köpdir.
Nemli bardanyň hususy gatlagy nemasty gatlaga (tunica submucosa) geçip gidýär. Ol has ýumşak birleşdiriji dokumadan durýar.
Onda köp sanly damarlar, şeýle hem, ownuk köpsanly sülekeý mäzleri ýerleşýär. Nemasty esasyň (düýbüniň) aýdyňlygy ýa-da onuň düýbünden ýoklugy agzyň nemli bardasynyň anatomik gurluşynda käbir aýratynlyklary döredýär.
Agzyň nemli bardasynyň dürli bölümleriniň funksional aýratynlyklary sebäpli, aýry-aýry ýerleriň gurluşynda aýdyň tapawutlaryň barlygyny bellemek zerur. Anatomiki tapawut nemasty gatlagyň barlygy ýa-da ýoklygy bilen şertlenen, gistologik gurluşda bolsa, epitelial gatlagyň buýnuzlamasynyň aýdyň görünýänligi ýa-da düýbünden ýoklugy bilen şertlendirilýär.
Agzyň nemli bardasynyň nerwler bilen üpjünçiligi. Agzyň, dodaklaryň, dişleriň we diliň öňki üçden iki böleginiň dokumalarynyň duýujy nerwi üçem nerwidir. Bu nerwiň duýujy neýronlary üçem (gasserowa) düwüniniň nerw öýjükleriniň daş çäklerindäki ösütngiler bolup durýar. Diliň yzky üçünji böleginiň duýujy nerwi dil we bokurdak nerwidir (IX jübüt). Ol diliň yzky üçünji böleginden gaýdýan tagam biliş gyjyndyryjylary hem kabul edýär. Diliň öňki üçden iki böleginden (2/3) gelýän tagam biliş duýujylygy ýüz nerwi (kelleçanak nerwiniň VII jübüti) kabul edýär.
Simpatiki süýümler agyz boşlugyna ýokarky boýun düwünindäki arteriýalaryň ugry bilen aralaşýarlar. Bu arteriýalaryň nemli bardanyň gan bilen üpjünçiligine we sülekeý mäzleriniň bölünip çykmasyna täsiri bardyr.
