Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Kitap ter stom.doc
Скачиваний:
29
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
3.55 Mб
Скачать

9.8.2. Parodont kesellerinde dişetiniň melanoz tegmildi.

Parodont keselleri ilatyň arasynda has giňden ýaýranlygy, çylşy­rym­ly döreýşini we netijeli bejergi usulyny oýlap tapmagyň bu meselesini häzirki zaman stomatologiýasynyň iň bir wajyp bölümine degişli edip goýar. Bütün dünýä SGG-nyň maglumatlaryna görä parodont keseli bilen ýer ýüzinde ýaşaýan çaga­la­ryň ýarsy we uly adamlaryň hemmesi keselleýärler. Adamlaryň 40 ýaşdan ýokar­dakylarynda dişleriniň sogrulmagynyň 89%-i parodont keselleriniň bolanlygy netijesinde ýüze çykýanlygy aýdylýar. Şonuň bilen birlikde parodont kesel­leriniň ýaýramaklygynyň we geçişiniň aýratynlyklary dürli ýurtlardaky lukmanlaryň we alymlaryň üns merkezinde galýär. Türkmenistanyň ilatynyň arasynda geçirilen köp sanly barlaglaryň netijesinde gingiwitli we parodontitli näsaglarda diş etiniň nem­li bar­dasynda öz boluşly tegmilt alamatlarynyň barlygy ýüze çykaryldy. Geçir­len barlaglaryň neti­jeleriniň görkezmelerine görä, agyz boşlugynyň nemli barda­sy­nyň melanoz tegmildi, gingwitli we parodontitli näsaglarda kliniki ýüze çykýan ala­mat­laryň biri bolup durýar, bu alamatlar yssy howaly ýurtlarda ýaşaýan adam­larda şol sanda Türkmenistanyň raýatlarynda duş gelýär.

Gözden geçirlen 468 näsaglaryň 103-de 16-dan – 39 ýaşyndakylarda diş eti­niň melanoz tegmildi ýüze çykaryldy ýagny barlag geçirilen gingiwitli we pa­ro­don­titli keselli näsaglaryň her bir dördünjisinde (22.1%) ýüze çykaryldy. Bu ýüze çykmalar esasan erkek adamlarda (89.0%) köp duş gelýär.

Soňky ýyllarda ylmy barlaglaryň netijesinde gingiwit we parodontit keselli näsaglaryň keseliniň agyrlyk derejesine, görnüşine baglylykda kliniki, biohimiki we immunologik üýtgeş­meleriniň köp häsiýetli alamatlary ýüze çykaryldy.

Aýratyn hem edil şolar ýaly ütgeşmeleriň biri hem dişetiniň melanoz tegmilidir.

Belli bolşy ýaly, melanin tegmildiniň sintezi melanosit öýjiklerde bolup geçýär, ol özüniň gelip çykyşy boýunça nerw dokumasyna degişlidir.

Melanosomlaryň sintezi bolup geçýän öýjikler melanositler diýen ada eýe bolýar. Adam bedeniniň derisinde melanositler deri-epidermal araçäginiň bazal gatlagynda öýjikleriň arasynda ýerleşýärler. Olar keratinoşitler diýip atlandyrylýar we melanositar-keratinosit toplumyny döred­ýärler. Ol ýerde bolsa tegmilt dänejikleriniň kemala gelmegi bolup geçýär, şonuň netijesinde hem kliniki tegmilt alamatlary ýüze çykýar. Melanositler düzüminde melanosomlary saklaýar, olarda bolsa melaniniň sintezi bolup geçýär. Melanin tegmildiniň emele gelmegi bedeniň synalarynda kadaly ýagdaýda adam bedeni üçin möhüm orny eýeleýär. Melanin derä garamtyl reňki bermek bilen, şol bir wagytda bir näçe möhüm funksiýalary ýerne ýetirýar: optiki goraýyş; çişmä garşy, lizisigoraýyş, antioksidant, radio-şöhle goraýyş, bakteriostatik, elektronoiýon alyş-çalşyk funksiýalary. Melanin, öýjiklerde adatça dänejik görnüşinde bolýarlar. Olaryň ulylygy birnäçe onlar mikrona deňdir we biri-birleriniň arasy takmynan şol aralykda bolup ýerleşýärler.

Agyz boşlugynyň nemli bardasy, möhüm synalaryň biri hasap edilýär we ol hem funksiýalarynyň birnäçesini, şol sanda hem tegmilt emele getirji funksiýany amala aşyrýar. Agyz boşlugynyň nemli bardasynyň gara tegmildi ozal, ir wagyt diňe gary tegmilt derili adamlarda bolýanlygy ýazylypdyr.

Soň wagtyň geçmegi bilen melanin tegmildiniň toplanyp emele gelmegi dişetinde esasan hem onuň çişme hadysasynda emele gelýanligi ýüze çykaryldy.

Dişetiniň melanozy – öz boluşly ýagdaý bolup, dişetinde dürli görnüşdäki gara tegmildiň öwişgininde we göwrimde ýüze çykmagy bilen häsiýetlenýär.

Şol bir wagytda dişetiniň epiteliýasynda melaniniň ýygnanmagy, agyz boş­lugynyň nemli bardasyndaky çişme hadysasy bilen göniden-göni arabaglan­şygynyň bardygy bellenýär. Dişetiniň melanozy islendik ýaşda başlap, düzgün bolşy ýaly, bir durkyny saklaýan ýagdaýdyr. Ýöne şeýlede bolsa emele gelen garamtyl tegmilt köp ýagdaýlarda göwrümi we sany boýunça ulalýar, garalýar we öz-özinden aýyrlyp gitmek ukyby ýokdyr. Köplenç tegmilt alyn dişleriň alweolýar – marginal dişetleriniň sebtinde duş gelýär we ýuwaş-ýuwaşdan çeýneýiş dişleriň sebine aralaşýar, ol bolsa owadanlyk taýdan ýetmezçilik döredýär. Dişetiniň melanozy-bu dişetiniň nemli bardasynda melanin tegmildiň ýygnanan görnüşidir.

Anyklanyş usullary. Kliniki barlaglar melanoz tegmildi bar bolan gingiwit we paro­dontitli näsaglary barlamak üçin subýektiw we obýektiw barlag usullary öz içine alýar. Ob­ýektiw barlaga esasy we goşmaça usullar degişlidir. Olar dişetindäki tegmildiň häsiýetini hasaba almak bilen dogry keseli anyklamak üçin ugrykdyrlandyr. Bu ýerde esasy ünis näsagyň umumy ýagdaýyny öwrenilmäge, onuň ýanaşykly iç keselleriniň barlygyny anyklamaga be­rilýär. Egerde zerurlyk ýüze çyksa, näsaglar terapewt, endokrinolog, newropatolog, otorinolaringolog we beýleki hünärmen lukmanlaryň maslahatyna ugradylýar.

Parodontyň ýagdaýyna obýektiw baha bermek üçin şu indiki barlaglar ula­nylýar: agyz boşlugynyň arassaçylyk ýagdaýyny kesgitlemek, Papillar – marginal – alweolýar (PMA) usuly, parodont keseliniň bejergä mätäçligini kesgitlemek (SPITN), dişetiniň melanoz tegmildiniň derejesine obýektiw baha bermek, wakuum barlag synagy boýunça dişe­tindäki damarlaryň durnyklylygyny kesgitlemek, dişeti suwklygynyň möçberini wagyt birliginde kesgitlemek usullary geçirilýär.

Dişetiniň melanoz tegmildi barada giň göwrimli maglumatlaryň ýoklygy sebäpli biz tarapdan ylmy netijeleriň esasynda onuň dürli görnüşdäki reňkli öwşgini ýüze çykaryldy, hem-de biz tarapdan ilkinji sapar dişetinde melanoz tegmildiniň dürli görnüşleri, göwrimi, ýerleşýän ýerleri boýunça kliniki alamatlary ýazyldy.

Dişetindäki melanoz tegmildiň reňkine, kliniki toparlara bölünşine toplumlaýyn, obýek­tiw baha bermek usuly TDLI-nyň terapewtik stomatologiýa kafedrasynda (G.P.Paşaýew, H.J.Jumaýew 1997 ý.) oýlanyp tapyldy.

Dişetiniň melanoz tegmildine obýektiw baha bermeklik, onuň ýokarky ýada aşaky äňlerde, çep ýada sag tarapynda ýerleşýänligine görä geçirilýär. Tegmilt reň­kiň ýaýraýyş meýdançasy onuň giňligi we uzynlygy agyz boşlugynda bar bolan diş­leriň ýerleşmeginden ugyr alyp mm bilen ölçenýar. Parodontyň ýag­daýyna baha bermek bilen melanoz tegmildini kesgitlemek üçin biz tarapdan ýöriteleşdirlen anyklaýyş usuly hödürlendi. Onuň esasy manysy diş etiniň melanoz tegmiltli näsag­lary barlananda reňkleriň laýyk gelýän goýylygynyň garamtyl-goňyr öwüşgin gör­kini № 61 katalog (Moskwa şäheriniň Bütinsoýuz ylmy-barlag insti­tu­tynda düzülen katalog reňkleri “Raduga”) boýunça deňeşdirilýär.

Şu reňkli öwüşginlige laýyklykda onda 7-sany reňkiň öwüşgin görnüşi tapawut­lan­dy­rylýar, olaryň her biri reňkli öwüşginiň goýy depginligine baglylykda göterim görnüşde 14.3% -deň bolýar. Şu anyklanma usuly boýunça parodont keselleriniň agyrlygy kesgitlenilýär (9.19. surat).

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]