Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Kitap ter stom.doc
Скачиваний:
29
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
3.55 Mб
Скачать

9.8. Parodont keselleriň geçiş alamatlary

9.8.1. Gingiwit

Parodontyň zeperlenmeginde ýüze çykýan gingiwit keseli, birnäçe özbaşdak gör­nüş­lere bölünýär: Kataral, gipertrofiki, ýaraly, atrofik. Kliniki amalynda gingiwitiň esasan 3-görnüşi köp duş gelýär.

Kataral gingiwit. Çişme hadysasy 1-2 dişleriň töweregindäki (marginal) parodontda – ojaklaýyn ýa-da ýaýraň görnüşde bolup bilýär. Parodontdaky çişme hadysanyň ýerleş­me­giniň aýratynlygy esasan sebäpli faktorlara bagly bolýar. Ýerli sebäpler ojakly gingiwitiň emele gelmegine ýardam berýärler. Ýaş ýetginjek döwürde parodontyň ýaýraň simmetrik zeper­len­megi ýokarky we aşaky äňiň alyn dişleriniň sebtinde ýerleşen ýagdaýlarynda, onuň döremegi ýerli faktorlar - sebäpler dälde, eýsem umumy (süji kesel, ýürek-damar keselleri, aşgazan-içege ýol­la­rynyň keselleri we ş.m.) faktorlaryň bardygyna şaýatlyk edýär. Gan kesellerinde (limfaleýkoz, mieloleýkoz) gingiwit nemli bardanyň ganýetmezçiliginiň esasynda emele gelip başlaýar. Ýüze çykýan gyzarma, dokumanyň sähelçe ýellenmegi bilen geçýär. Bu ýagdaýlarda dişetiniň gyzaran ýerleri agyz boşlugynda aýdyň görinýär. Keseliň agyrlaşan ýagdaýlarynda ganöýmeler emele gelip, ondan soň ýaraly gingiwit döreýär. Agyzdan ýakymsyz ysyň gelmegi duýulýar. Näsaglar iýmit iýmekden çekinýärler, gepleşesi gelmeýärler.

Stomatolog lukmanlar agyz boşlugynyň nemli bardasynyň ganaýan näsaglaryna köp duşýarlar. Diş etiniň yzygider ganakmagy, näsaglarda umumy ganazlyga getirip biler.

Adamlarda, kimiň käri ýa-da hünäri boýunça wismutyň, alýuminiň, rtutyň simabyň, ýodyň, bromyň we başgalaryň täsirleri bilen baglanşykly bolsa, olarda kataral ýa-da ýaraly gingiwit emele gelip biler. Hünäri boýunça uzak wagtyň dowamynda zäherlense onda umumy alamatlar ýüze çykýar: kelle agyry, garyn agyry, içi-geçme hadysalar.

Deňeşdirilip anyklanyş usulynda gingiwiti, dişetiniň gyrasyndaky tegmillenmesi bilen çalşmaly däldir. Ol esasan käbir yssy ýurtlarda ýaşaýan adamlarda – araplarda, afrikalylarda we beýlekilerde duş gelýanligi bellenýär.

Kataral gingiwit uly adamlarda köplenç üznüksiz çişme hadysa hökmünde geçýär. Onuň ala­matlary diýseň az bolýar: näsaglar iýmit iýen wagty we dişlerini ýuwanda dişetiniň ganaýanlygyna, agzynda ýakymsyz tagamyň we ysyň bolmagyna arz edýär.

Gözden geçiriş ýerli barlagda dişetiň gyralarynda, dişara emzijeklerde ýellenmäniň we gyzarmanyň bolmagy, dişara emzijekleriniň depesinden basylanda we dürtgüç bilen barlag edilende onuň ganamagy, diş çökündileriniň bolmagy, ýodly synag reaksiýanyň kesgitlenmegi bellenýär. Näsaglaryň umumy ýagdaýlary bozulmadyk. Rentgenologik barlagda düzgin bolşy ýaly äňde alweolýar ösüntginiň süňk dokumasynda patologik ütgeşikler ýüze çykarylmaýar.

Gingiwitiň agyrlyk derejesi, umumy bedeniň ütgemegi we patologik hadysanyň dişetine çuňleşmegi esasynda kesgitlenýär.

Gingiwitiň ýeňil derejeli görnüşine – dişeti emzijekleriniň, ortaça derejelisine – dişeti gyralarynyň (marginal), agyr derejelisine – dişetiniň bütinligine zeperlenmekleri häsiýetlidir.

Gipertrofik gingiwit. Köp ýagdaýlarda ýokary we aşaky äňleriň alyn dişleriniň sebtinde ýerleşýär. Ýetginjek ýaşlara garaňda ol uly adamlarda seýrek duş gelýär. Giperplastiki gingiwitleriň emele gelmeginde gormonal ütgeşmeler (ýetginjekleriň gingiwiti, göwrelileriň gingiwiti), difenin, siklosporin dermanlaryň, göwrelilige garşy dermanlaryň kabul edilmegi, C – witaminiň ýetmezçiligi, gan keselleri sebäp bolup bilerler. Ýerli faktorlardan patologik diş gysylyşmasyny, nädogry protez goýulmagyny degişli edip bolar (9.19. surat).

Göwreliler barlagdan geçirilende gipertrofik gingiwit 45-49% zenanlarda duş gelýär. Ol haçanda göwrelilikden ön dişetiniň çişme hadysasy bar bolan ýagdaýlarda, agyz boşlugynyň arassaçylygy ýerine ýetirilmedik ýagdaýynda ýüze çykýar.

Giperplastiki gingiwit gidantion (difenin) dermany kabul edýän epilepsiýa keselli näsaglaryň 40%-de diýen ýaly ýüze çykýar. Kliniki taýdan hadysa çenden aşa dişetiniň ösmegi bilen häsýet­len­ýär, esasan hem alyn dişleriň sebitinde. Ösüntgi elläp görlende dykyz bolýar, dişetiniň ýellenmegi we gyzar­magy agyz boşlugynyň arassaçylyk ýagdaýyna bagly bolýar. Gistologik barlagda ütgeşikler bolmaýar.

Gipertrofik gingiwit iki görnüşe bölünýärler: ýellenme we fibroz.

Ýellenme görnüşi kliniki taýdan dişeti emzijekleriniň ulalmagy, gögümtil öwişgin atmagy bilen häsiýetlenýär. Onuň üsti ýylmanak bolup, ganjarýar, dişetinde ýalan kisejikler emele gelýär. Epitelial bagjygy zeperlenmedik bolýar. Bu görnüş üçin dişetiniň emzijegine enjam bilen basylanda onuň çuňlikli yzy galmagy häsiýetlidir. Näsaglar öz-özinden ganakmaklyga, iýmit iýende, dişlerini arassalanda agyrynyň bolmagyna, owadan görkiniň bozulmagyna arz edýärler.

Fibroz görnüşinde dişetiniň ösenligi, onuň dykyz bolmagy, ýüze çykarylýar; ganakma bolma­ýar; ýalan kisejikler emele gelýär. Emzijekleriň reňki ütgemeýär, dişeti asty daşlaryň çökündileri ýüze çykarylýar.

Gipertrofik gingiwitiň ýeňil görnüşinde–dişetiniň ösmegi diştäjiniň 1/3 bölegine ýetmegi häsýetlidir.

Ortaça derejeli görnüşinde – dişetleriniň (deformasiýa) aýdyň gyşaryp ütgemegi we ösmegi diş täjiniň ½-ne ýetýär; agyr derejeli görnüşinde dişetiniň ösmegi diştäjiniň 2/3 bölegini, ýa-da hemme bölegini ýapýar.

Ýaraly gingiwit. Ýaraly gingiwitiň döremeginde esasy beden işjeňliginiň ütgemegi we agyz boşlugyndaky autoýokançlara, aýratyn hem gramotrisatel bakteriýalara parodontyň dur­nyk­lylygynyň peselmegi uly rol oýnaýar. Gingiwit köplenç ýaş adamlarda umumy keselleri (gripp, angina) zäherlenmeleri, doly derejede iýmitlenmezligi, agyr metallaryň duzlary bilen zähelen­me­gini, witaminleriň ýetmezçiligini başdan geçirenlerinden soň ýüze çykýar. Ýaraly gingiwitiň emele gelmegine alada – gaýgy (stress) ýagdaýlar hem sebäp bolup bilýär. Ýokarky we aşaky aňleriň dişetleri zeperlenýärler; köplenç kesel haýsam bolsa bir äňde ýerleşip ýüze çykýar.

Arz-şikaýatlary (subýektiw alamatlar): agyzdan ýakymsyz ysyň gelmegi, iýmit iýen wagty dişetiniň agyrmagy, ganamagy.

Ýerli gözden geçiriliş barlagda dişetiniň gyralary ýaýraň görnüşli ýaralar bolup, emzijekleriň depesi kesilenýaly bolmagy bellenýar. Ýaranyň ýüzi fibrinoz kesmek bilen örtilen, ony aýyrmakçy bolnanda ganakma emele gelýär; şeýle hem dişdaşlaryň we kesmekli çökindileriniň bolmagy häsýetlidir. Köplenç ýagdaýlarda bedeniň gyzgynlygy beýgelýär, sebitleýin limfa düwünleri ulalýarlar we agyryly bolýarlar, kelle agyry peýda bolýar, endamy urylan ýaly bolmak, ukysyzlyk; işdäsiniň ýitmegi, iýmitsiňdirişiň bozulmagy, agyzdan ýakymsyz ysyň gelmegi bellenýär. Ganyň düziminde saklanýan elementleriň görnüşleriniň ütgemegi, eritrositleriň çökmek tizliginiň (EÇT) beýgelmegi ýüze çykarylýar. Ýaraly gingiwitiň ulgamlaýyn gan kesellerinde hem duşýanlygyny ýatdan çykarmaly däldir. Ýaraly gingiwitiň agyrlyk derejesi, çişme hadysanyň geçişi we kliniki alamatlaryň aýdyň ýüze çykmagy bilen şertlenendir. Ýaraly gingiwitde streptokoklar we stafilokoklar bilen bir hatarda fuzospirohetler parodontyň durnuklygynyň bozulmagyna şaýatlyk edýär; esasan hem dişýany birleşdirji dokumanyň çüremegi emele gelende ýonekeýjeleriň (dişeti amýeba, trihomonada) roly ulydyr.

Kataral we ýaraly gingiwitiň ýeňil derejeleri bejergiden soň şowly gutarýar we bitenden soň yz galdyrmaýar. Ýöne ortaça we agyr derejelerinde birleşdirji epiteliýanyň bozylmagy we dokumanyň çüýremeginden soňky kemtikler, yzyna gaýtadan bitip dikelmeýärler. Ýaraly gingiwiti başdan geçirenlerde diş boşluklarynyň açylmagy mümkindir.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]