Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Kitap ter stom.doc
Скачиваний:
29
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
3.55 Mб
Скачать

9.5. Parodont keselleriniň sebäpleri.

Parodontyň keselleri ýerli (diş kesmegindäki mikroblar, dişiň çeýneýji üstine düş­ýän şikesler) şeýle hem beýleki ýerli we umumy (endogen) täsir edýän faktorlaryň bolma­gynda, be­deniň goraýyş güýçleriniň ütgän ýagdaýynyň esasynda ýüze çykýar. Parodont kesel­leri­niň sebäp bolmagyna şu aşakdaky faktorlaryň uly ähmiýeti bardyr:

  • diş örtigindäki we kesmegindäki önümleriň alyş-çalşygy hem-de ýagdaýy;

  • agyz boşlugyndaky faktorlar, patogen mikroblaryň täsirini we onuň önümleriniň alyş-çalşygyny güýçlendirmäge ýada gowşatmaga ukyply bolmagy;

  • umumy faktorlar, agyz boşlugyndaky dokumanyň metobolizimini sazlaşdyrjysy. Oňa kesel dörediji (patogen) täsirleriň duýgyrlygy bagly bolýar.

Dişetiniň çişmesi diş örtügindäki mikroblaryň we onuň önümleriniň täsir etmeginde ýüze çykýar. Olar endotoksinlerden, ekzoenzimlerden we antigen serişdelerden ybaratdyr. Bakteriýalaryň dokuma geçip girmek ukyby, möçberi we düziminiň görnüşi, şeýle hem olaryň ahyrky önüminiň alyş-çalşygy bir tarapdan we dokumanyň hem bütün bedeniň durnyklylygy beýleki tarapdan, gin­gi­wit keseliniň häsiýetini we agyrlyk derejesini kesgitleýär. Şeýle hem parodontitiň we çalt dargaýan (destruksiýa) parodontyň ýüze çykmagyny kesgitleýär. Agyz boşlugy hem, deň derejede bio­lo­gik ulgam höküminde garalýar. Ol mikroblaryň arabaglanşykda bolup uýgynlaşmagy neti­jesinde bolýar. Kadaly mikroflora beden üçin “biologik gorag böwedi” bolup hyzmat edýär, ol tö­tän­den düşen mikrofloralaryň, şol sanda (patogen) kesel döredijileriň köpelmegine päsgel berýär. Mundan başgada, autoflora ojakly goraýyş güýçleriniň elmydama hyjywlandyrjysy bolup durýar. Bu öňden gazanylan, fiziologiki taýdan ýokanç mikroblardan goranman üçin zerur bolan ukybydyr.

Agyz boşlugynda 200-den gowyrak dürli görnüşli mikroblar bolýar. Mikrofloranyň düzü­mi­ne aerob we anaerob bakteriýalar, kömelejik şekilli mikroblar, mikoplazmalar, ýönekeýjeler degiş­lidir. Aerob we fakultatiw bakteriýalaryň konsentrasiýasy 1ml sülekeýiň düzüminde 10-7, anaerob­lar – 10-8 saklanýar. Agyz boşlugynda hemişeki we tötänden düşen mikrofloralar tapawytlan­dyrylýar. Hemişeki mikrofloralara streptokokki, saprofit neýsserler, laktobakteriýalar, difteroidlar, anaerob kokklar (pep­tostreptokokklar, peptokokklar), weýlonellar, bakteroidlar, fuzobakteriýalar, leptot­rih­ler, spiro­hetler we başgalar degişlidir. Hemişeki däl ýada tötänden düşen mikrofloralara gra­mo­tri­şatel aerob bak­teriýalar, şol sanda E.сoli, Klebsiella, Pseuda-monas, Proteus, grampo­lož­i­tel basil­lalar we anaerob klostridlar degişlidir. Agyz boşlugynda mikroblar her ýerde deň bolma­ýar. Bakteriýalaryň iň köp mukdary diliň dübinde dişetiniň gyrasynda we dişi örtýan kesmekde bolýar.

Gingiwitiň we parodontitiň sebäbi bolmagyna mikroblaryň roly. Giingiwitiň we parodon­ti­tiň esasy görnüşleriniň ýüze çykmagyna köplenç bakteriýalar sebäp bolýar. Olar dişetiniň gyra­synyň deňinde ýer­leşen dişiň ýüzine ýelmenýärler we bakterial örtikli kesmegiň dübini tutýar. Diş örtikli kesmek ad­sorbsiýa hadysanyň netijesinde, agyz suwklygyndaky mikroblardan dişeti keşjagazdaky sebitiň ýüzinde emele gelýär.

Şeýle absorbsiýa hadysasy ýörite gelgörnüşli ýokaryýelmeşmek ukyply bolan, suwda ereme­ýän glýukozanyň, dekstra polimeriniň, şeýle hem sülekeýdäki beloklaryň hasabyna bolup geçýar. Mikroblaryň köpelmeginiň netijesinde we onuň öýjik içi glikogenoamilopektin sintezi we agyz boşlugyna süýji iýmit önümlerden düşýän birleşmeleriň (saharoza, glýukoza, fruktoza we ş.m.) bolmagy netijesinde ýumşak diş kesmegi emele gelýär.

Mikrob çökündileriniň toplanmagyna görä, dişetinde çişme hadysa emele gelýär. Parodont­da çişme hadysanyň esasy döredijilerine gramnegatiw anaeroblar degişlidir: bakteroidler, fuzo­bak­teriýalar, spirohetler, aktinomisetler, anaerob kokklar. Parodontyň çişmegini we dargama­gyny (destruksiýasyny) emele getirýär esasy bakterial önümleriň biri hemotokisinler şeý­le hem antigenler we mutogenlerdir. Olaryň täsir etmegi netijesinde dişetiniň keşjagazlaryna leý­ko­sitleriň güýçli göçmegi emele gelýär. Ýellenmäniň ýüze çykmagynda dişe birleşen epitelial sep­lenme gow­şaýar, ol bolsa grampoložitel bakteriýalara we olaryň önümleriniň çökindilerine, dişeti birleşmesiniň (bagjygy­nyň) dübine geçip zeperlemäge mümkinçilik döredýär. Mikroblaryň ýaşa­ýyş hadysasynda emele gel­ýän köp sanly gidrolitik fermentler, şeýle hem proteolitik ferment­lerden, kollagenazalar, elastazalar dişe­tiniň we öýjikleriň, kollagen süýimleriň dargamagyna we zeperlenmegine alyp barýar. Şonuň bilen birlikde destruksiýanyň ýüze çykmagy, uzagyndan dişeti kisejiginiň emele gelmegine alyp bar­ýar. Parodontda çişme hadysanyň emele gelmegi şu indiki ýagdaýda başlanýar, ýagny ýokanç agentler bakterial toksinleri (liponolisaharidlar, lipoten turşysy, muramildipeptid we başgalar) bölüp çykarýar olar bolsa osteoklastlary işjeňleşdirýar.

Çişme ojagynda ugrykdyrlan leýkositler, trombositler, monositler we olardan döreýän makro­faglar prostaglandinleri bölüp çykarýarlar, olar bolsa göni osteoklastlary işjeňleşdirýar. Ojakly we ulgamly faktorlaryň bilelikde bolmagy çişgin-destruktiw ütgeşikli parodontitiň döremegine alyp barýar.

Şeýlelik bilen parodontda çişme hadysanyň güýçli bolup geçmegi dişeti kisejik­le­rinde mikroblaryň köpelmegi we olaryň düzümindäki görnüşiniň ütgemegi bilen häsýetlenýär.

Ýerli şikes ýetirji sebäpler. Olara protezleriň nädogry, hili pes ýasalyp goýulmagy (emeli ýasalan diş täçleriň diş etine çuň batmagy, geýdirilip-çykarylýan protezleriň dübiniň dişara emz­i­jeklerini gys­magy we ş.m.), dişleriň nädogry petiklenmegi we myşýak hamyrynyň dişara boşluga düşmegi, protez­ler­däki monomerleriň täsiri, nädogry saýlanyp ýasalan ortodontik enjamyň ýaramaz täsirleri degişlidir.

Parodonta çenden aşa agram düşmegi.

Destruktiw – çişme hadysasy parodonta çenden aşa agram düşende ýagny dürli gö­rnüşli dişleriň nädogry galtaşmalary (çuňňur galtaşmak, açyk, prognatik, progenik galta­şmalar); dişleriň nädogry ýerleşmeginde (dişleriň syky-gür ýerleşmegi); kiçi we uly azy dişleri wagtyn­dan ir ýitirlen­de; köp sanly dişler sogyrlandan soň; köpüri görnüşli, esasan hem metalkeramika protez goýmagyň görkezmeleri nädogry kesgitlenende ýüze çykyp bilýar.

Parodonta çenden aşa agram düşende elmydama damardaky gidrostatik gan basyş, gan we limfaakymy ütgeýär. Onuň esasynda gemo we limfostazlar, gistogematik böwediň syzy­jy­ly­gy­nyň bozulmagy, damarýany ýellenmeler, ganyň her görnüşli elementleriniň diapedezi, erit­rositleriň agregasiýasy, emboliýa we iň soňy damarlaryň trombazy emele gelýär. Kislorod ýet­mezçilik (gipoksiýa) hadysa ýüze çykýar. Şularyň hemmesi parodontyň gurluşyna uly täsir edýär. Periodontdaky kollagen we elastik süýümleriň berkedip-saklaýjy işiniň bozul­magy netijesinde dişleriň yrgyldamagy we olaryň sähelçe degilende agyrmagy ýüze çykýar.

Uzagyndan, kollagen süýimleriň diňe biri ýellenmegi dälde eýsem dargamagy (destruk­siýasy) bel­lenýär. Dişeti birleşmesiniň – ýada bagjygynyň sebtinde epitelial örtüginiň bitewligi bozulýar we dişýany kisejikler emele gelýär, soňra dişeti yşdaky mikrofloralaryň hasabyna çiş­me hadysa, pro­li­fe­rasiýa goşulýar. Soň wagtyň geçmegi bilen çişme – destruktiw hadysa dişara süňk germewleriň (re­zorbsiýasyna) dargamagyna alyp barýar. Şeýlelik bilen şikes ýetirji faktor­lar ojaklaýyn we ýaý­raň parodontň zeperlenmeginiň sebäbi bolup biler. Şonyň bilen bir­likde käbir dişlere çen­den aşa agramyň düşmegi, belli bir derejede ýaýraň parodontitiň geçişini agyrlaşdyrýar, parodontdaky çişme we atrofik – rezorbsiýa hadysany guýçlendirýär, bir­leşdirji bagjygyň (apparatyň) dargamagyna ýardam berýär we iň soňynda hem dişleriň gapma­gyna eltýar (9.9. surat).

Parodont keseliniň ýüze çykmagynda umumy faktorlar (sebäpler). Witaminleriň ýet­mez­çiligi. Parodont keselleriniň döremeginde C, B1, A, E witaminleriň ýetmezçiligi, parodontyň ýagdaýyna uly täsir edýandigi bellidir. Gipo we awitaminoz C-de parodontyň çişme-destruktiw ütgemegi bolup geçýär. Häzirki döwürde bedende C-witaminiň ýetmez­çili­ginde kollagen süýmleriň emele gelme hadysasynyň bozulmagy, dokumanyň ýyrtylyp – darga­magy, ownyk damarlaryň we öýjikara dokumanyň geçiriş – syzyjylygynyň ýokarlan­magy barada örän köp ynamly ylmy maglumatlar bar. Mundan başgada witamin C ýetmezçi­liginde bedende süňk dokumanyň kemala gelmegi haýallaýar, parodontyň ýokanç mikroblara bolan garşylyk güýji pese düşýär (BSGG maglumatlary, 1978 ý.); Ylmy edebi çeşmelerde adam bedende witamin A we B-niň ýetmezçiliginde parodontyň ütgeýänligi barada bellenýär. Witamin A dişetiniň bitmek hadysasynda örän uly rol oýnaýar; onuň ýetmezçiligi dişetiniň goraýyş funksiýasynyň peselmegine alyp barýar, şonyň bilen birlikde onuň çişmegine ýardam berýär.

Parodont kesellerinde synag (eksperiment) geçirlende E-awitaminoz bir näçe ýazarlar tara­pynda ýazylan. Bu ýagdaýda lipidleriň erkinradikally peroks okislenmegi güýçlenýär, parodont kisejikleri emele gelýär, süňk (atrofiýasy) çökýär, parodont ulgamynda damarlar ütgeýär.

Damarlaryň ateraskleroz bilen zeperlenmegi.

Bu faktoryň täsirini geçen asyrda (1935-1940 ýý) rus alymy A.I.Ewdokimow gan damarlar ba­radaky ylmy işinde belläp geçipdir. A.I.Ewdokimow parodontoz distrofiki hadysa diýip hasap edip­­dir we ol parodontdaky damarlaryň ateraskleroz ütgemegi esasynda umumy ýada aýra­tyn ate­rosklerozyň netijesinde ýüze çykýanlygyny belläpdir. Patomorfologik barlagda, ýazar bu ylmy işin­de parodontdaky arteriýalaryň diwarlarynyň ütgeýänligini (periwaskulýar skleroz, damar diwar­la­ry­nyň galňamagy, gialinoz, damar geçirjiliginiň daralmagy, hatda tä kal­sinoza çenli bolmagy müm­kin) ýüze çykarýar. Parodontdaky damarlarda aterosk­lerozyň bolmagy parodontda we ilki bilen äňiň ösüntgili süňkinde distrofik hadysanyň döremegi üçin möhüm orny eýeleýär.

Parodontozyň nerw – distrofik sebäpleri. Parodontda atrofik-degenerotiw ütgeş­meleri, esasan ýeterlik derejede gan üpjinçiliginiň bolmadyk ýagdaýyna, olaryň iýmitlenmeginiň bozul­magyna bagly bolýar. Ýöne gan üpjinçiligi gowy bolan ýagdaýlarynda hem iýmitlenmegiň bozulmagy ýüze çykyp bilýär, ol haçanda dokuma gelýän iýmit serişdeleriniň siňdirmek ukyby ýitirende bol­ýar. Bu ýagdaýa iýmitlenmegiň (gan üpjinçiliginiň) nerw-trofik sebäpli bozulmagy diýip aýdyl­ýär. Nerw ulgamynda gan üpjinçiliginiň edýan täsiriniň manysy diňe bir dokumada alyş-çalyş hadysa­syny sazlaşdyrmak dälde, eýsem dokuma gurlyşyny gorap saklamagy we gaýtadan dikelmek hady­sa­synda belli bir derejede olaryň kämileşmegi bilen düşündirilýär. Şonyň üçin nerw süýumlerine täsir edilmeginiň netijesinde gan üpjinçilik hadysasy bozulýar we ol öz gezeginde patologik hadysanyň (distrofiýanyň) döremegine alyp barýar.

Bedeniň işjeňliginiň peselmegi. Bedeniň işjeňliginiň peselmegi netijesinde, goraýyş güýç­leriniň ýetmezçiligi ýüze çykýar, ol bolsa parodontda distrofik hadysanyň emele gel­megine müm­kinçilik döredýär. Bu fiziko – himiki bozulmalarda ýüze çykýar, ilki bilen öýjüksiz gurlyş­da – esasan birleşdirji dokumanyň gurlyşynda bolup bilýär (kollagen süýümler, glikoza­minogli­kanlar), olar bolsa damarlaryň geçirjiliginiň, gan aýlanşygynyň, dokumada kislorod üpçinçili­giniň bozul­magyna, alyş-çalyş hadysaň ütgemegine we ş.m. alyp barýar.

Bedeniň işjeňligini peseldýän we parodont keseliniň döremegine ýardam berýän umumy faktorlara endokrin kesellerini (süýji kesel, Isenko-Kuşinga, jyns ulgamynda gormonal funksiýalaryň bozulmalary), nerw-somatiki keselleri (oligofreniýa, rewmatizm-gury-agyry, alyş-çalyşygyň bozulmalary, nefropatii we ş.m.) degişli etmek bolar.

Parodontyň çişme keselleriniň döreýşi. Ilki bilen çişme hadysa goraýyş güýçle­riniň peselmegi netijesinde, diş etiniň keşjagazlarynda emele gelip başlaýar. Patogenetik meha­nizim­leriň arasynda şu iň esasylaryny bellemek gerekdir: öýjükleriň zeperlenmegi (leýkositler we beýlekiler); biologik işjeň maddalaryň möçberiniň köpelmegi – çişmäniň mediatorlary we modulýatorlary; ownyk ganaýlanşygynyň bozulmagy; damar-dokuma geçirjiliginiň beýgelmegi, öýjik infiltrasiýasy­nyň we ekssudasiýasynyň emele gelmegi; dişetiniň birleşdirji dokumasyn­daky esasy maddasynyň ütgemegi (depolimerizasiýa), kollagenleriň dargamagy; epiteliýanyň akantozy; dişeti bagjygynyň bozulmagy we dişeti kisejiginiň emele gelmegi.

Polimorf – ýadroly leýkositleriň zeperlenmegi netijesinde lizosomal fermentler bölünip çyk­ýar. Lizosomlar çişme hadysany emele getirýänler bolup durýar a labrositler bolsa–çişme hady­sa­ny güýçlendirýänler. Labrositleriň degranulýasiýasy dürli görnüşli çişme mediatorlaryň bölünip çyk­ma­gy bilen utgaşýar. Çişme mediatorlardan plazmadaky (kallikrein-kinin ulgamly, komplement ul­gam­ly) we dokumadaky (öýjikli) görnüşleri tapawutlandyrylýar. Plazmadaky mediatorlardan bra­di­ki­nin gistaminiň çykmagyna ýardam berýär we birden damarlaryň syzyjylygy ýokarlandyrýar. Öýjik me­diatorlaryň emele gelmegine jogapkärleri polimorf-ýadroly leýkositler, labro­sit­ler, baza­filler we beý­leki öýjiklerdir. Öýjik mediatorlara gistamin, serotonin, prostaglandinler, limfokinler, pro­teaz­lar, haýal duýýan substansiýalar degişlidir.

Biologik işjeň maddalaryň täsir etmeginde, dişeti keşjagazlaryň epiteliýasyndaky öýji­kara maddalaryň dargamagy bolup geçýär we boşluklar, wakuollar emele gelýär, olaryň üsti bilen diňe bir zäherli maddalar (toksinler) dälde, eýsem bakteriýalar hem geçip aralaşyp bilýär­ler. Keseliň döremeginde (patogenez) örän möhüm orny, ownykganaýlanşygyň bozulmagy – ganakymynyň haýallamagy, waskulitler, tromblaryň emele gelmegi tutýar. Onuň netijesinde bolsa gipokoagulýa­siýa we giperfibrinoliz emele gelýär.

Damar – dokuma syzyjylygynyň ýokarlanmagy, damarlaryň diwarlaryna we waskulýar ýany dokuma beloklaryň siňmegine ýol açýar (albumin, fibrin-fibrinogen, immunoglobulinler A, M we ş.m.). Limfositlerden we plazmatik öýjiklerden ybarat bolan dykyz çişgin ýellenmäniň eme­le gelmegi dişetiniň kadaly gurlyşyny ütgedýär. Şonyň bilen bir hatarda dokumalardaky we mikroblar­da­ky gialuronidazanyň we beýleki fermentleriň işjeňligi beýgelýär we onuň netije­sinde, dişetiniň birleşdirji dokumasyndaky esasy maddalaryň dargamagy (depolimerizasiýasy), kollagenazanyň we elastazanyň ýokary işjeňliginiň netijesinde kollagenleriň bozulmagy bolup geçýär.

Mundan başgada limfasitleriň sitopatik täsir etmeginde kollagenleriň sintezi bozulýar. Go­raýyş güýçleriniň üzülmegi, bitme-dikelmek hadysasynyň bozulmagy bilen utgaşyp gidýär, onuň neti­je­sin­de bolsa, patologik granulasion dokuma emele gelýär. Patologik hadysanyň bete­r­leşmegi, çişginiň, äň-süňk ösüntgisine, periodonta ýaýramagyna alyp barýar (gingiwit-parodon­tite geçýär).

Parodont keseliniň ýüze çykmagyna bir näçe umumy faktorlaryň täsir edýänligi gadym döwürden bäri gyzyklandyrýar. Häzirki döwürde birnäçe ylmy işler toplandy. Olardan witamin С ýetmezçiligi (gipowitaminoz С) we beýleki witaminleriň ýetmezçiligi, käbir içki sy­na­laryň we ulgamlaryň keselleri parodont keseliniň sebäbinde we döremeginde möhüm rolynyň bardygyna şaýatlyk edýär. Şeýle hem häzirki döwürde parodont endokirin kesel­leriň, adatdan daşary täsirleriň ýakymsyz täsir edýänligi barada ylmy maglumatlar köpelýär.

Hemme ulgamlaýyn keseller bedeniň durnyklylygyny ütgetmek bilen az bolsyn, köp bol­syn belli bir derejede parodont keseliniň döremegine ýada onuň beterleşmegine ýardam berýär.

Witamin С – ýetmezçiliginde parodontyň hemme ýerinde ýagny dişetinde, pulpada, süňk dokumada ütgeşikler emele gelýär. Süňk dokumada osteoidlaryň çökindileriniň bolmagy, süňk dokumanyň kadaly emele gelmeginiň we täzelenmeginiň bozulmagy bellenýär. Beýleki süňk skletinde hem şunyň ýaly ütgeşikler bolýar. Şonyň üçin hem parodontda witamin С – ýetmezçiliginde keseliň öz bolyşly, häsýeti bolýar.

Parodont keseliniň döremegine we sebäbine aşgazan – içege ýollaryndaky keselleriň hem öz täsiriniň bardygy bellenýär. Bu ýerde ganyň düziminde biologik işjeň maddanyň (gistaminiň we beý­lekiler) ýokarlanmagy keseliň döremeginde esasy orny eýeleýär. Soňky döwürlerde gastridiň, aşgaza­nyň we oniki-barmak içegäniň ýaraly keselleriniň parodont ýakymsyz täsiriniň bolýa­n­lygy barada ylmy maglumatlar köpeldi. Şonyň bilen parodontda hadysanyň çalt ýaýramagy we be­terleşmegi, näsaglaryň goraýyş güýçleriniň (immunitetiň) ütgemegi bilen utgaşyp gidýänligi bellenýär.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]