Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Kitap ter stom.doc
Скачиваний:
29
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
3.55 Mб
Скачать

9.4. Parodontyň funksiýalary.

Parodont elmydama daşky we içki faktorlaryň täsir etmegine duçar bolýar. Kä ýagdaýlarda ol täsir etme, şeýle bir güýçli bolýar, şonda parodont örän uly güýçli agramy başdan geçirýär, şol wagytda hem ol zeperlenmeýär. Bu bolsa adam ömriniň bütin dowamynda parodontyň elmydama täze şertlere uýgunlaşýandygy bilen düşündirilýär. Mysal üçin süýt we hemişelik dişleriň ösüp çykmagy, iýmitiň üýtgedilmegi, beden synalarynyň keselleri, şikesler we ş.meňzeşleriň hemmesi parodontyň uly uýgynlaşmak ukybynyň bardygyna şaýatlyk edýär.

Parodont şu indiki funksiýalary (işleri) ýerine ýetirýär: goraýyş; gan-damar üpjinçilik işi, çeýneýiş-basyşyň reflektor sazlaşdyrjy işi; öwezini dolmak (plastiki) işi; maýyşgaklyk (amor­ti­zasion) işi;

Goraýyş işi parodontyň bitewligi bilen ýerne ýetirilýär, ol bütin bedeni ýakymsyz pa­togen faktorlardan, ygtybarly goranmaga mümkinçilik berýär. Parodont fiziki taýdan çen­den aşa agramy göterýär, ýokanç mikroblar, zäherlenmelere garşy durnykly bolýar.

Goraýyş işi, ýokanç odontogen ojagy bolanda bedeniň ýokary duýyjylygyny duýdurmakda belli bir tutýan orny bolýar.

Şeýlelik bilen goraýyş işi şu aşakdaky faktorlar bilen kesgitlenýär:

  • dişeti epiteliýasynyň buýnuzlaşmaga ukyplylygy (parodontozda bu ukyby bozulýar);

  • köp mukdarly we aýry-aýry ugyrlarda bolan kollagen süýümleriň desseleri;

  • dişetiniň dykyzlygy;

  • parodontyň birleşdiriji süýümlerinde glikozaminoglikanlaryň ýagdaýy.

  • dişeti kisejiginiň fiziologik gurlyşynyň we ýerne ýetirýän işiniň aýratynlyklary;

  • sülekeýiň düzüminde biologik aktiw maddalaryň ýagny lizosimiň, laktoferriniň, mu­si­niň şeýle hem fermentleriň, immunoglobulinleriň, köp-ýadroly leýkositleriň bolmagy neti­je­sin­de mikroblara garşy bolan ýerne ýetirýan işi.

  • awtoantitelo bölüp çykarmakda möhüm roly oýnaýan, mähnet we plazmatik oýjikleriň barlygy.

  • Bellibir möçberde bakteriosit serişdeleri we immunoglobulinleri düzüminde saklaýan dişetiniň suwklygy.

Goraýyş işi peroksidaza tarapyndan hem amala aşyrylýar. Ol süňkiň osteoklastik rezorbsi­ýasy­nyň sazlaşygyna we lozosomal fermentleriň işjeňligine gatnaşýar.

Adamyň garyşyk sülekeýindäki peroksidazanyň esasy döreýän çişmesi agyz boşlugynyň nemli bardasyndaky ownyk sülekeý mäzlerindedir. Parodontyň ýerli goraýşynda öýjik faktorlaryna T we B-limfositler, neýtrofiller, makrofaglar, mähnet öýjikleri degişlidir.

Gan-damar üpjinçilik funksiýasy (işi) parodontyň iň bir esasy ýerne ýetirýän işleriniň biri­dir. Gan üpjinçilik işi giňden ýaýran şahalanan, ownyk damar tory we nerw reseptorlar bilen şert­­le­nendir. Ownyk damarlaryň gatnaşykda bolýan dokumalaryna gan üpjünçilik dokumanyň gurly­şy we funk­sional birligi höküminde seredilýär. Bu gan üpjinçilik işi esasan işjeň parodontda ka­da­ly ownyk gan aýlanşygynyň saklanyp galmagy we täzeden dikelmegi bilen bagly bolýar.

Çeýneýiş basyşyň reflektor sazlaşdyrjy funksiýasy parodontda köpsanly nerw (reseptor­larynyň) uçlarynyň bolanlygy bilen amala aşyrylýar. Olaryň gyjyndyrmalary dürli görnüşli iň bir esasy gyjyndyrjy uly ýollar arkaly geçýärler.

Parodontyň öwezini dolmak (plastiki) funksiýasy fiziologik ýada patofiziologik hadysada ýitirlen dokumanyň elmydama emele gelip, öwezini dolmakdan ybaratdyr. Bu işi semento we osteoblastlar ýerne ýetirýärler. Munda beýleki öýjik elemetleri – fibroblastlar, mähnet öýjikler we ş.m., şeýle hem owynjak damarlaryň alyş-çalyş ýagdaýlary belli bir roly oýnaýar.

Maýyşgaklyk funksiýasy kollogen we elastiki süýümler ýerne ýetirýär. Periodontal bagjyga çeýneýiş güýji düşende, äň-ösüntgisiniň süňk dokumasyny, periodontyň damarlaryny we nerwlerini şikes­lerden gora­ýar. Häzirki zaman garaýyşlarda maýyşgaklyk işiniň bolup geçmegi üçin, bu hadysa dokumada saklan­ýan suwklygyň we dokuma ara yşlaryň (kolloidlar) şire-şepbiginiň we öýjikleriň gatnaşýandygy görkezilýär.

Parodontyň hemme ýerine ýetirýän işleri bir-biri bilen baglanşykly bolup, daşarky we içerki sredanyň aralygyndaky fiziologik deňagramlylygy saklaýar. Şonyň bilen hem birlikde parodontyň morfologik gurluşyny goraýar.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]