Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Kitap ter stom.doc
Скачиваний:
29
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
3.55 Mб
Скачать

9.3. Parodontyň gurluşy.

Parodont – genetiki we funksional taýdan umumy, bitewi bolan dokumalar toplumyny birikdirýär: olar süňk üsti gatlakly dişetinden, periodontdan, äň ösüntgili süňkinden we dişiň dokumasyndan ybaratdyr.

Dişeti. Dişeti erkin, ýada dişara we äň ösüntgini örtýän ýada berkidilen böleklere bölünýär. Şeýle hem dişetiniň gapdal bölegi bölünýär.

Erkin dişeti diýip – goňşy dişleriň aralygynda ýerleşmegine aýdylýar. Ol dodakdulyk we dil emzijeklerinden ybarat bolup, goňşy dişara boşlugyny dolduryp durýar we ujy dişleriň kesiji, çeýneýji tarapyna bakyp duran üç burç görnüşli dişara emzijekleri emele getirýär.

Berkidilen (äň ösüntgisindäki dişeti) bölegi diýip, äň ösüntgisini örtüp duran bölegine aýdylýar. Alyn tarapdan dişeti äň ösüntgisiniň dübinden äňiň göwresini örtüp, nemli barda we geçiş gasynyna geçýär; içki tarapky ýüzünden dişeti, ýokarky äňde gaty kentlewgiň nemli bardasyna, aşaky aňde agyz boşlugynyň dübindäki nemli bardasyna geçýär.

Äň ösüntgisiniň dişeti hereketsiz, hususy nemli bardanyň süýümleri, äň ösüntgisiniň süňk üsti gatlagy bilen birleşmegi netijesinde ol aşakda ýatan dokuma berkidilendir.

Dişetiniň gapdal bölegi, diýip dişiň boýunjygyny ýapyp duran ýerine aýdylýar. Ol ýerde periodonty mehaniki şikeslenmeden goramak üçin bellenen, dişiň aýlaw bagjykly süýümleri örülip, başga süýümler bilen galyň membrana gatlagy emele getirýär.

(9.2. surat)

Emzijekler bilen tamamlanýan erkin dişeti dişiň üstünde ýatyp, ol dişeti aýlawly keşja­gazlar bilen ondan aýrylyp bölünýär. Erkin dişeti dokumasynyň esasy göwrimini kollagen sü­ýüm­leri tutýar, ýöne ondan başgada elastiki süýümler tapylýar. Dişetiniň nerw üpjünçiligi örän gowy we dürli görnüşli nerw uçlary saklaýar (Maýsneriň bedenjigi, epiteliýa girýän we agyrly, duýgyrly reseptorlara degişli inçe süýümler). Diş boýunjygyny gapdal diş etiniň berk ýapyp durmagy we dürli mehaniki şikesleýji täsirlere durnyklygy onuň dykyzlygy bilen düşündirilýär, ýagny dokuma içindäki basyş, ýokarymolekulýar, fibrillýar ara serişdeler bilen sertlenendir.

Dişeti köpgatly ýasy epiteliýadan ybarat, hususy barda gatlagy (lamina propria); nemasty gatlak (submucosa) gowşak, aýdyň bolmaýar. Dişetiniň epiteliýasy kadada buýnyzlaşýar we düzü­minde däneli gatlagy saklaýar, onuň öýjiklerindäki sitoplazmasynda keratogialin bolýar. Dişeti epiteliýasynyň buýnuzlaşmagyna, köpsanly ýazarlar, mehaniki, fiziki, himiki gyjyn­dyr­malaryň ýygy-ýygydan bolýanlygy üçin, muňa goraýyş funksiýasy höküminde garaýarlar.

Dişeti epiteliýasynyň goraýyş funksiýasynda esasan hem ýokanç mikroblaryň we zäherleýji madalaryň (toksinleriň) aşakda ýerleşýän dokumalara geçmeginde, köp gatly ýasy epiteliýadaky öýjikleriň arasynda ýerleşýän ýelmeşdirji maddanyň düzimindäki glikozaminoglikanlar (GAG), möhüm roly oýnaýar.

Turşy (GAG) glikozaminglikanlar (A we Ç handroitin turşysy, gialuron turşysy, geparin) çyl­şy­rymly ýokary-molekulýar birleşme bolup, birleşdirji dokumanyň gan üpjinçilik (tofiki) funk­­si­ýasynda, dokumalaryň ösmek we bitişmek hadysasynda uly rol oýnaýanlygy bellidir. Neýtral Glikogenler (GAG) dişetiniň epiteliýasynda ýüze çykarylýar. Glikogen esasan tikenekli gatlakdaky öýjiklerde ýerleşýär, onuň möçberi köp bolmaýar we ýaşy ulaldygyça peselýär. Gli­kogenler şeýlede damarlaryň içki diwarynda (endoteliýada), damaryň içinde ýerleşýär, leýko­sitlerde ýüze çykarylýar. Ribonuklein turşysy (RNK) esasan bazal gatlagyndaky epitelial öýjik­leriň we birleşdirji doku­ma­daky plazmatik öýjikleriň sitoplazmasynda ýüze çykarylýar.

Sulfgidril toparlar epiteliýadaky keratinizirlenen gatlagyň sitoplazmasynda we öýjik ara kö­püride ýüze çykarylýar. Gingiwitlerde we parodontitlerde ýellenme we öýjik ara baglanşygyň bo­zulmagy netijesinde öýjik içindäki sulfgidril toparlar ýitip gidýärler. Periodonta neýtral gliko­za­minoglikanlar, kollagen süýim desseleriniň ugrynda, periodontyň bütin zolagynda ýüze çy­karylýar. Ilkinji sementde olar az mukdarda; birneme köpiräk mukdarda ikilenji sementde ýüze çykarylýar; süňk dokumasynda olar esasan osteonlardaky akabalaryň töwereginde ýerleşýär.

Häzirki döwürde gialuron turşy ulgamda – gialuronidaza ownyk damar-birleşme gurly­şynyň syzyjylygyny sazlaşdyrmakda uly rolynyň bardygy barada jedelsiz maglumatlar bardyr. Mikrob­lardan bölünip çykýan gialuronidaza (dokuma gialuronidaza) glikozaminoglikanlary dargadýar (depolimerizosiýa), gialuron turşysy bilen belogyň ara baglanşygyny bozýar, şonyň üçin hem bir­leşdirji dokumanyň syzygjylygy birden beýgelýär, ol bolsa goramak ukybyny ýitirýär. Şonyň bilen baglanşykda, glikozaminoglikonlar parodont dokumany bakteriýal we zäherli agentleriň, mad­dalaryň täsirinden goramagy üpjin edýär.

Dişetindäki birleşdiriji dokumalaryň öýjik elementleriniň arasynda has köp duş gelýäni fibroblastlar, seýrek-gistiositler we limfositler, has seýrek – uly, mähnet we plazmatik öýjikler. Adamyň agyz boşlugyndaky nemli bardasynyň birleşdirji dokumasynda öýjikleriň düzümi şu indiki göterimde: (Gemanow W.W., 1983):

  • ýaş fibroblastlar 12.4

  • ýetişen fbroblastlar 41.0

  • fibrositler 19.3

  • gistiositler 18.9

  • limfositler 4.2

  • galan öýjik görnüşleri 3.2

kadaly dişetinde mähnet öýjikler hususy bardanyň emzijekli gatlagyndaky esasan damar­la­ryň töwereginde toplanýarlar (9.3. suart). Mähnet öýjikler barada köp ylmy barlag işler geçirilen hem bolsa, onuň funksiýasy gutarnykly anyklanmadykdyr. Olarda gepariniň, serotoniniň we gis­ta­miniň saklanýandygyny bellemek gerekdir, olar proteoglikanlaryň önümine dahylly gatnaşygy bardyr.

Dişeti birleşmesiniň gurlyşy. Dişetiniň epiteliýasy agyz, keşjagazly (yşjagazly) we birleş­diriji epiteliýalardan ybarat (9.4. surat). Agyz epiteliýasy – köpgatly ýasy epiteliýa; keşjagazly epiteliýa aralaýjy, köpgatly ýasy we birleşdirji epiteliýanyň arasyndaky bolup durýar. Birleşdirji we agyz epi­te­liýasynyň köp zady bir meňzeş umumy bolsada, gistologiki olar dübinden aýrydyr. Diş doku­ma­syna epiteliýanyň birleşme mehanizimi şu wagta çenli gutarnykly anyklanmadyk. Elektron–mik­ros­kopda birleşdirji epiteliýanyň ýüzleý ýerleşýän öýjiklerinde köp sanly gemi­des­mosomlaryň bolýan­lygy we olar ýukajyk dälili gatlagyň üstinden diş ýüzindäki apatit kristallary bilen birleşýanligi kesgitlenen. Epitelial bagjygy (birleşdirji epiteliýa) birnäçe hatar süri öýjik­ler­­den durýar, ol dişiň üstki ýüzine gabat ýerleşýär. Dişeti keşjagazynyň çuňligi adatça 0.5 mm-den az (Sihroder, Listgar­ten, 1971), onuň dübi, sagdyn epiteliýanyň diş bilen birleşýan ýeri bolýar.

Kliniki dişeti keşjagaz – sagdyn dişeti bilen diş ýüzüniň arasyndaky yşa aýdylýar. Ol dürt­giç bilen seresaply barlag edilende kesgitlenýär. Kliniki dişeti keşjagazdan çuň bolýar, onuň çuňligi 1-2 mm bolýandyr. Epitelial bagjygynyň syrçadaky kutikulýar gatlagy bilen birleş­me­siniň bozulmagy, parodontal kisejigiň emele gelenligine şaýatlyk edýär.

Dişeti suwuklygy – gapdal paradontdaky goraýyş güýçleriniň möhüm bölegini tutýär. Dişeti suwklygynyň bölünip çykmagy az möçberde bolýar, ol mehaniki taýdan hyjuw­lan­dyrlanda we çişme hadysada köpelýär.

Periodontyň hususy dokumasy. Onuň düzümine kollagen, elastiki süýimler, gan we limfa da­marlary, nerwleri, öýjik elementleri, birleşdirji dokumalar, retikuloendotelial ulgamynyň ele­mentleri girýärler. Periodontyň göwrimi we görnüşi mydamalyk däl. Olar adamyň ýaşyna we patologiki hadysaň agyz boşlugynyň synalarynda we onuň çäklerinde ýerleşişine görä ütgäp durýar. Periodontyň birleşdiriji bagjygy (apparaty) desse görnüşli köp sanly kollagen süýüm­lerden ybarat bolup, olaryň arasynda damarlar, öýjikler, öýjikara maddalar ýerleşýär (9.5. surat).

Periodont süýümleriniň esasy funksiýasy çeýneýiş hadysada mehaniki (energiýany) guýji özi­ne süňdirmegi, äň ösüntgi süňk dokumasyna çeýneýiş güjiniň deňagramly paýlanmagyna, nerw­re­sep­­torlaryň toplumyna we periodontyň ownyk gan aýlanşyk damarlaryna gatnaşmagy bolup durýar.

Periodontyň öýjik düzümi örän dürli-dürli. Periodontda fibroblatlar, plazmatik, mähnet öýjikler, gistiositler, retikuloendotelial elementler we ş.m. ýüze çykarylýar.

Olar kök ujy periodontda süňke golaý ýerleşýar we olar üçin ýokary derejeli alyş-çalyş hadysa häsiýetlidir. Aýdylan öýjiklerden başgada epitelial galyndylary – toplanan öýjikleri görkezmek bolar. Ýazarlaryň köpisi, olary dişemelegetirji epiteliýanyň galyndysyna degişli edýärler. Bu galyndylar uzak wagytlap periodontda bolup, hiç hili ütgeşiklik bilen ýüze çykmaýar. Ýöne haçanda haýsydyr-bir sebäp täsir edende (gyjyndyrma, mikroblar, bakteriýalar onuň toksinleri we başgalar) öýjikler çişme ojagyň döremegine – epitelial granulema, iriňli haltajyk (kista) we ş.m. çeşmesi bolyp biler. Periodont elementleriň gurluşyna dikeldiş hadysa döwrüne degişli suksinat­degid­ro­ge­naza, laktatdegidrogenaza, NAD we NADF, glýukoza-6 – fostatdegidrogenaza, şeýle hem fasfatazalar we kollagenaza fermentleri degişlidir.

Dişara süňk germewleri. Kortikal (süňk üsti) gatlagy emele getirýär, kompakt (dykyz) süňk mad­­dasyndan ybaratdyr, ol bolsa ulgamlaýyn osteonlar bilen süňk gatlakdan durýar. Dykyz süňkli äň ösüntgisinde gyralary deşijekli köp sanly akabalar ýerleşýär, olardan gan damarlar we nerwler geçýär.

Dykyz süňk gatlagynyň arasynda ýumşak süňk ýerleşýär, a onuň sütünleriniň aralarynda – sary süňk ýüligi bolýar.

Periodontyň süýimleri bir tarapdan kökdäki semende, beýleki tarapdan – äň ösüntgi süňke geçýär.

Äň ösüntgisiniň süňk dokumasy gurlyşy we himiki düzümi boýunça skletiň beýleki ýerlerin­däki süňk dokumalaryndan, amaly taýdan tapawyt etmeýär. Onuň 60-70% mineral duzlardan we köp bolmadyk möçberde suwdan hem-de 30-40% organiki maddadan ybaratdyr. Süňk dokumas­y­nyň işjeň ýagdaýdalygy esasan öýjikleriň ýagny osteoblastlaryň, osteositleriň we osteoklastlaryň işjeňligi bilen kesgitlenýär.

Gan aýlanşygynyň üpjünçiligi: parodont daşarky uky arteriýadan we ondan gaýdýan aşaky äň arteriýa şahasyndan arterial gan bilen üpjinçiligi amala aşýar. Ýokarky äňdäki dişler we onuň töweregindäki dokumalar ganat şekilli (arterio palatum) we ganatgaňşyrawyk (arteriýa pterygopalatina) arteriýadan şeýle hem ýokary äň arteriýadan gan alyp üpjinlenýar.

Aşaky äňdäki dişler we onuň töweregindäki dokuma esasan aşaky äň arteriýanyň şahasy bolan aşaky oýtym arteriýasyndan gan alýar.

Aşaky alweolýar arteriýadan her dişýara germewlere bir ýada birnäçe alweolýar arteriýa şahajyklar gaýdýar.

Olar bolsa periodonta we diş köküniň semetine şahajyklaryny berýärler. Diş arteriýasyndan periodonta we diş oýtymyna (alweola) şaha gaýdýar. Süňk üsti gatlaga barýan diş arteriýalaryň hem-de alweolýar ara arteriýalarynyň we damarly toryň arasynda anastomozlar bolýar.

Gapdal parodontdaky syrçasement birleşiginiň golaýynda damarlaryň gurşap alýan toplumy bolýar, ol bolsa dişeti we periodont damarlaryň anastomozy bilen baglanşyklydyr. (9.7.; 9.8. surat).

Parodontyň nerw üpjinçiligi (innerwasiýa) üçem nerwiň ikinji we üçinji şahala­ryn­dan gaýdýan diş nerwleri bilen amala aşýar. Diş nerwi deşijigi ikä bölünýär: onuň biri diş pulpasyna beýlekisi bolsa periodontyň ýüzi bilen şoňa gabat pulpanyň esasy nerw sütinine gidýär. Parodontda nerw dessejikleriň bölünýän ýeriniň ýokarky ýerinde köp sanly has inçejik nerw süýümleri ýerleşýärler.

Limfatik damarlar. Parodontda limfatik damarlaryň örülen tory bolýar, ol parodontyň kadaly işlemeginde, aýratyn hem onuň kesellerinde örän möhim roly ýerne ýetirýär.

Sagdyn dişetinde ownyk ýukadiwarly limfatiki damarlar bolýar. Olar esasan subepitelial birleşdirji dokumanyň esasynda ýerleşýär.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]