Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Kitap ter stom.doc
Скачиваний:
29
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
3.55 Mб
Скачать

9.2. Parodont keselleriniň toparlara bölünişi.

Häzirki zaman parodontologiýasynda parodont keselleriniň toparlara bölünişiniň onlarçasyny sanamak bolar. Şeýle köp sanly toparlara keselleriň bölünmegi parodont keseliniň diňe bir köpdürli görnüşiniň bolmagyny düşündirmän, eýsem onuň ilki bilen zeperlenmeginiň häsiýetini onuň tapawydyny, keseliň ýeke – bir ugyr boýunça ulgamlaşdyrylmagyň ýoklygyny düşindirýar; ýagny keseliň toparlara bölünmeginiň esasynda keseliň kliniki alamatlary, patomorfologiýasy, sebäbi, döreýşi ýada häsiýeti we hadysanyň ýaýraýşy ýatandyr.

Parodont keselini ulgamlaşdyrmak üçin stomatologiýada ulanylýan esasy katigoriýalaryň barlygyny kesgitlemek gerekdir. Ol katigoriýalara parodont keseliň kliniki görnüşi, patologik hadysanyň häsiýetiniň görkezilmegi we keseliň derejesi, geçişi degişlidir.

Rossiýa ýurdynda uzak wagtyň dowamynda parodont keseliniň adalgasy “parodontoz” diýilip bellendi. Gingiwit keseline ikilenji hadysa höküminde seredilýärdi, ol äň ösüntgisindäki süňk doku­ma­synyň ilkinji – distrofiki ütgemeginde döreýär diýip hasap edilýärdi. E.E.Platonow gingiwiti öz­baş­dak kesel höküminde bölýär. Ol gingiwitiň geçişini belleýar: kisejigiň, süňk dokumadaky rezor­b­siýanyň we dişleriň yrgyldamasynyň ýüze çykmadyk gingiwiti; dişeti kisejikli, süňk dokuma­nyň rezorbsiýasy bolan gingiwit we dişeti kisejikli, süňk dokumasynyň rezorbsiýasy we dişleriň yrgyl­damagy bolan gingiwit. Hakykatdan hem, şeýle çişme häsiýetli patologik utgeşiklik “parodontit” adalgaly düşünjä has dogry laýyk gelýär.

Daşary ýurtlaryň we watanmyzyň alymlary tarapyndan edilen ylmy işlerinde özbaşdak paro­dont keseliniň ilkinji-çişme häsiýetliligi, parodontoz bilen bir hatarda bölünmegi esaslandyrlan.

Stomatologlaryň bütinsoýuz ylmy jemgiýetiniň XVI-nji gurultaýynda 1983ý. keseliň şu indiki toparlara bölünşigi kabul edildi we häzirki döwüre çenli ulanylýar..

Parodont keselleri (morbus parodontalis)

I. Gingiwit (gingivitis) –bu dişetiniň çişmegi, ýerli we umumy faktorlaryň ýaramaz täsir et­me­gi bilen şertlenendir we dişeti birleşdirji bagjygyň bitewiliginiň bozulmadyk ýagdaýyna aýdylýar.

Görnüşi: kataral (сatarhalis), ýaraly (ulcerosa), gipertrofik (hypertrophica).

Agyrlyk derejesi: ýeňil (levis), ortaça (media), agyr (gravis).

Ýaýraýşy: ojaklaýyn (loсalis), ýaýraň (generalisata).

II. Parodontit (parodontitis) – parodont dokumanyň çişmegi, parodontyň we äňleriň ösüntgili süňkiniň destruktiw beterleşmegi bilen häsiýetlenýär.

Agyrlyk derejesi: ýeňil (levis), ortaça (media), agyr (gravis).

Geçişi: ýiti (aсuta), üznüksiz (сhroniсa), ýitileşen (exacerbata), absses (abscessus), sagalmak döwir (remissio).

Ýaýraýşy: ojaklaýyn (loralis), ýaýraň (generalisata).

III. Parodontoz (paradontosis) – parodontyň distrofik zeperlenmegi.

Agyrlyk derejesi: ýeňil (levis), ortaça (media), agyr (gravis).

Geçişi: üznüksiz (сhroniсa), sagalmak döwir (remissio).

Ýaýraýşy: ýaýraň (generalisata).

IV. Parodont dokumanyň beterleşip eremegi bilen ideopatik keseller (parodontoliz – paradon­to­lysis) – Papiýona – Lefewranyň keseli, neýtropeniýa, agammaglobulinemiýa, kompensirlenmedik süýji keseli we beýleki keseller.

V. Howyply dömmeler (parodontoma) – çişler we çişemeňzeş keseller (epulis, fibromatoz we ş.m.).

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]