- •Institutynyň talyplary üçin
- •Terapewtik stomatologiýanyň ösüşi we onuň öňünde durýan meseleler
- •Stomatologiýa gullugyny guramak
- •Häzirki zaman stomatologiýa gullugy şu aşakdaky görnüşlerden ybarat:
- •2.1. Stomatologyň otagynyň guralyşyna talaplar we kadalar.
- •Stomatolog lukmanyň otagynda şu aşakdaky enjamlar bolmaly:
- •Terapewtik stomatologiýada aseptika we antiseptika
- •Sterilizasiýa we dezinfeksiýa
- •Amidopirin synagynda Ulanylýan erginiň düzümi şu aşakdakylardan ybarat:
- •Agyz boşlugyndaky synalaryň we dokumalaryň gurluşy we ýerine ýetirýän işleri
- •3.1. Agzyň nemli bardasy
- •3.1.1. Agzyň dürli bölümlerindäki nemli bardanyň gurluşy
- •3.1.2. Agzyň nemli bardasynyň ýerine ýetirýän işleri
- •3.2. Sülekeý mäzleri, sülekeý we agyz boşlugynyň suwuklygy
- •3.2.1. Sülekeý mäzleri
- •3.2.2. Sülekeý we agyz boşlugynyň suwuklygy
- •3.2.3. Sülekeýiň ýerine ýetirýän funksiýalary
- •We ösüp çykyş möhletleri
- •3.3.1. Dişleriň anatomik gurluşy
- •3.3.1.2. Hemişelik dişler
- •3.3.2. Dişiň gaty dokumalarynyň gistologik gurluşy, himiki düzümi we ýerine ýetirýän işleri
- •3.4. Agyz boşlugynyñ mikroflorasy
- •3.5. Agyz boşlugynyñ goraýjy mehanizmleri
- •3.5.1. Mahsus däl goraýyş faktorlar
- •3.5.2. Mahsus goraýyş faktorlar
- •Mahsus goraýyş faktorlar
- •Agyz agzalarynyň ýagdaýlaryny anyklamagyň usullary
- •4.1. Näsagdan sorag-ideg edilişi (subýektiw barlaglar)
- •4.2. Obýektiw barlag usullary
- •4.2.1. Seretmeklik
- •4.2.1.1 Daşky serediliş
- •4.2.1.2. Agyz boşlugyna seretmek.
- •Dişleriň etlerine seretmek
- •Cpitn indeksiniň kesgitlenişi
- •Agyz boşlugynyň gigiýeniki ýagdaýlarynyň kesgitlenişi
- •4.2.1.3. Agyz boşlugynyň içki bölegine seretmek
- •Agzyň nemli bardasynda bolup geçýän patologik hadysalar
- •4.2.1.4. Dişlere seretmeklik
- •4.2.2. Dişleriň perkussiýasy
- •4.2.3. Palpasiýa barlagy
- •4.2.4. Temperatura duýujylygyny anyklamak.
- •4.2.5. Diş dokumalarynyň ýagdaýlarynyň elektrik togunyň kömegi bilen anyklanylyşy
- •4.2.6. Rentgen anyklaýyş usullary
- •Rentgen barlaglaryň usullary:
- •4.2.7. Transillýuminasiýa anyklaýyş usuly
- •4.2.8. Lýuminesent barlag usuly
- •4.2.9. Funksional takyklamalar
- •4.2.10. Funksional barlaglary
- •4.2.11. Laboratoriýa barlag usullary
- •4.3 Stomatologik näsaglarynyň hasaba alnyş kartasy
- •Kariýesden özge zeperlenmeler
- •Kariýesden özge zeperlenmeler.
- •Syrçanyň kemterliligi (gipoplaziýasy)
- •Dişleriň menekliligi (flýuorozy).
- •Syrçanyň artykmaçlygy (giperplaziýasy)
- •Dişler ösüp çykanyndan soňraky döwürlerde ýüze çykýan kariýesden özge zeperlenmeler
- •Pahna şekilli kemtik.
- •Dişleriň gaty dokumalarynyň patologik sürtülmesi
- •Dişleriň eroziýasy
- •Dişleriň gaty dokumalarynyň nekrozy
- •Dişleriň himiki (turşulardan) nekrozy
- •Dişleriň ýiti şikeslenmesi
- •Dişleriň kariýesi
- •6.2. Dişleriň kariýesiniň toparlara bölünişi
- •6.3. Kariýesiň klinikasy
- •6.4. Dişleriň kariýesiniň patologik anatomiýasy
- •6.5. Diş kariýesiniň döreýişiniň nazary ýollary (takyklamalary)
- •Şats we Martiniň helasiýa teoriýasy
- •Kariýesiň döremeginiň häzirki zaman düşündirilişi
- •Surat № 6.6. Kariýesiň döreýşiniň taslamasy.
- •6.6. Diş kariýesiniň bejerlişi
- •Blek boýunça kariýes köwekleriniň klaslara bölünişi
- •I klas kariýes ojaklarynyň şekil aýratynlyklary.
- •III klas kariýes köwekleriniň şekilleri.
- •IV klas kariýes köwekleriniň görnüşleri.
- •V klas kariýes köweginiň taýýarlanyşy.
- •6.6.2. Petikleýji serişdeler
- •6.6.2.1. Wagtlaýyn ulanylýan petikleýjiler.
- •6.6.2.2. Aralaýjylar.
- •6.6.2.3. Hemişelik petikleýjiler
- •Sementleriň oňaýly taraplary:
- •Sementleriň oňaýsyz taraplary:
- •Petikleýjileri gatatmaklyk üçin ulanylýan fotopolimerzatorlar (gatadyjy çyralar) we olaryň ulanylyşy
- •6.6.3. Gaýtadan dikeldiji serişdeler bilen köwekleri doldurmaklygynyň tapgyrlary
- •6.7. Kariýesiň bejergisinde goýberilýän säwlikler we gaýra üzülmeler
- •Dişleriň pulpasy
- •7.1.1. Dişiň pulpasynyň anatomiki, gistologiki gurlyşy we fiziologiki aýratynlygy
- •7.1.2. Diş pulpasynyň gistologiki gurluşy
- •Diş pulpasynyň gistohimiýasy
- •7.1.3. Diş pulpasynyň gan üpjinçiligi.
- •7.1.4. Diş pulpasynyň nerw üpjinçiligi
- •7.1.5.Diş pulpasynyň ýerine ýetirýän işleri.
- •Iýmitlendiriş
- •Iýmitlendiriş işjeňligi
- •7.3. Dişiň pulpit keselleriniň sebäpleri.
- •7.3.1. Döreýiş sebäpleri.
- •7.4. Diş pulpasynyň çişmesiniň geçiş aýratynlygy, morfogenezi, mikrosirkulýator üýtgeşmesi.
- •7.3. Surat. Diş kök akabasynyň esasy arteriolynyň diwarynyň ultrodüzmi.
- •7.5. Diş pulpasynyň çişmesiniň toparlara bölünişi.
- •7.6. Pulpidiň geçiş alamatlary we anyklanyşy.
- •7.6.1.Ýiti ojaklaýyn pulpit.
- •7.6.2.Ýiti ýaýraň pulpit.
- •7.6.3. Üznüksiz fibroz pulpit.
- •7.6.4.Üznüksiz gipertrofiki pulpit.
- •7.6.5. Üznüksiz çüýreme (gangrenoz) pulpit
- •7.6.6. Üznüksiz pulpidiň ýitileşmegi.
- •7.7. Dişleriň pulpit keselleriniň bejerliş usullary
- •Bejerliş usullar
- •7.7.2. Pulpit keselini wital amputasyýa geçiriliş aýratynlygy.
- •7.13. Surat. Wital ekistropasiýa amputasion usuly
- •7.7.3. Hirurgiki usuly.
- •7.7.3.1. Pulpany wital ekstirpasyýa geçirilişi.
- •Pulpit bejerlende wital ekistropasyýa usulynyň geçiriliş tapgyry
- •7.7.3.2. Pulpanyň dewital ekistropasyýa geçirilişi
- •7.7.3.3. Pulpanyň dewital amputasyýa geçirilişi
- •Pulpit kesellerini bejerlende göýberilýän säwlikler we gaýry üzülmeler
- •VIII Bap Periodont dokumanyň çişmesi (infilomkatiýasy)
- •8.1. Periodont dokumanyň anatomiki -fiziologiki aýratynlygy.
- •8.3. Surat. Periodont süýmleriniň keseligine ýerleşişi, diş keseligine keseilende.
- •8.6. Surat. Periodontdaky epitelial galyndylary.
- •Periodontyn işjeňligi.
- •8.2. Periodontitiň sebapleri.
- •8.3. Periodontitiň (döreýşi geip çykyşy, geçiş aýratynlygy) patogenezi
- •8.4. Periodontit keselleriniň toparlara bölünişi.
- •8.5. Periodontit keseliniň geçiş aýratynlygy.
- •8.5.1. Dişiň köküniň depejigindäki ýiti periodontit.
- •8.5.2.Üznüksiz periodontitler
- •8.5.2.1.Üznüksiz fibroz periodontit.
- •8.5.2.2. Üznüksiz granurleýji periodontit
- •8.5.2.3. Üznüksiz granulamatoz periodontit
- •8.18. Surat. Üznüksiz gramulýomtoz periodontit.
- •8.5.2.4. Üznüksiz periodontitiň ýitileşmesi
- •Patomorfologiki üýtgeşmeler.
- •Periodontit kesellerini bejerliş usullary
- •8.6. Periodontitleriň bejerlişi.
- •Dişiň periodontit keselini bejermekligi şu aşakdaky tertiplerde amala aşyrmak ýerlikli hasap edilýär:
- •Ýiti periodontit keselini bejermekligiň aýratynlygy
- •Bir kökli dişiň bejerilişi
- •Köp kökli dişiň ýiti periodontit keselini bejerlişi Näsag ilkinji gezek ýüz tutanda
- •Üznüksiz periodontidiň bejerlişi
- •Bir kökli dişleriň bejerliş aýratynlygy
- •Köp kökli dişleriň bejerliş aýratynlygy
- •Üznüksiz periodontidiň ýitileşmesiniň bejeriliş aýratynlygy.
- •Periodontit keselini bejerlýärkä we bejergiden soňki göýberilýän säwlikler we gaýry üzülmeler.
- •Parodontyň keselleri
- •9.1. Umumy maglumatlar.
- •9.2. Parodont keselleriniň toparlara bölünişi.
- •9.3. Parodontyň gurluşy.
- •9.4. Parodontyň funksiýalary.
- •9.5. Parodont keselleriniň sebäpleri.
- •9.6. Parodont kesellerinde patologoanatomik alamatlar.
- •9.7. Parodont keselleriniň anyklanyş - barlag usullary.
- •9.1. Görkeziji. Parodont keselleriniň dürli görnüşlerinde
- •9.8. Parodont keselleriň geçiş alamatlary
- •9.8.1. Gingiwit
- •9.8.2. Parodont kesellerinde dişetiniň melanoz tegmildi.
- •9.19. Surat Dişetindäki melanoz tegmildiň goýylyk
- •9.8.3. Parodontit.
- •9.8.4. Parodontoz.
- •9.8.5. Parodontoliz (parodontyň beterleşip ereýän idiopatik keselleri).
- •9.8.6. Parodontomalar.
- •9.9. Parodont keselleriniň bejerlişi.
- •9.9.1. Ýerli bejergi.
- •9.9.2. Umumy bejerlişi.
- •9.9.3. Hirurgik bejerliş usuly.
- •9.9.4. Fiziki bejerji usuly.
- •9.9.5. Ortopedik bejerliş usuly.
- •9.10. Parodont keselli näsaglara bejeriş – keseliň öňüni alyş kömeginiň guralşy.
- •Stomatogen ýokanç ojaklary we ojakly – şertlendirlen keseller.
- •Bejerliş aýratynlygy
- •Agyz boşlugynyň nemli bardasynyň keselleri
- •11.1. Agzyň nemli bardasynda keselleriniň görnüşlere bölnüşi
- •Ýokanç keseller:
- •III. Allergiki we zäherli-allergiki keseller:
- •IX. Rakoňýany keseller, howypsyz we howyply çişler:
- •II. Ýokanç keseller:
- •IV. Ekzogen zäherlenmelerde, agzyň nemli bardasynyň üýtgeşmeleri.
- •11.2. Şikesli zeperlenmeler
- •11.2.1. Mehaniki şikeslenme
- •11.2.1.1. Ýiti mehaniki zeperlenme
- •11.2.1.2. Üznüksiz mehaniki zeperlenme
- •11.2.2. Himiki zeperlenme.
- •11.2.3. Fiziki zeperlenilme.
- •11.2.3.1. Galwanizm.
- •11.2.3.2. Şöhle keseli
- •11.2.3.3. Äň-ýüz sebtindäki täze dömmeleriň şöhle bejergisinde agzyň nemli bardasynyň üýtgemeleri.
- •11.2.4. Leýkoplakiýalar
- •Owunjak düwünçejikleri bolan gaty we ýumşak gaňşyrawgyň nemli bardasynyň gipertozy çykaryjy akabanyň giňeldilen nokatly bolan giperplazirlenen sülekeý mäzleri.
- •11.2.5. Paşkowyň ýumşak leýkoplakiýasy
- •11.2.6. Kennonyň ak ýumşak haly
- •11.3. Ýokanç keseller
- •11.3.1. Wirus keseller
- •11.3.1.1. Ýönekeý (adaty) gerpes
- •11.3.1.2. Gurşaýjy gerpes.
- •11.3.1.3. Gerpetiki angina
- •11.3.1.4. Ýiti respirator wirus ýokanç keselleri.
- •11.3.1.5. Agsal keseli
- •11.3.1.6. Agyz boşlugyndaky aids ýokanç keseli.
- •11.3.2. Wensanyň ýaraly – çüýreme stomatiti
- •11.3.3. Mereziýel keseli
- •11.3.4. Inçekesel.
- •11.3.5. Kandidoz (Agyz boşlugyň nemli bardasynyň köpüklemesi)
- •Agyz burçynyň jaýrykly mikotik (hamyrmaýaly) çişmesi.
- •11.4. Allergiýa keselleri.
- •11.4.1. Käbir allergiki keselleriň kliniki alamatlary
- •11.4.1.1. Anafilaktiki şok.
- •11.4.1.2. Kwinkäniň angionewrotik çişgini
- •11.4.1.3. Derman allergiýasy.
- •Kataral we kataral-gemorragik stomatit (heýlit, glossit).
- •11.4.2. Köp görnüşli şypyljaýan eritema
- •11.4.3. Üznüksiz gaýtalanýan aftoz stomatit.
- •11.4.4. Behçetiň (sindromy) alamatlar toplumy.
- •11.4.5. Şegreniň (sindromy) alamatlar toplumy
- •11.6. Gipowitaminozlarda agzyň nemli bardasynyň ütgemeleri.
- •11.7. Käbir ulgamlaýyn kesellerde agzyň nemli bardasynyň ütgeýşi
- •11.7.1. Aşgazan-içege ýollarynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemeleri
- •Agzyň nemli bardasynyň bozulmagy
- •11.7.2. Ýürek-damar kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.3. Içki mäz (endokrin) kesellerde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.5. Gan emele getiriş ulgamynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •Agzyň nemli bardasynyň eroziw – ýaraly zeperlenmegi.
- •11.7.6. Nerw ulgamynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.6.1. Stomalgiýa (glossalgiýa).
- •11.7.6.2. Tagam alyşyň bozulmagy
- •11.7.6.3. Sülekeý çykmagyň bozulmagy
- •11.8. Deri kesellerinde agzyň nemli bardasynyň üýtgeşmeleri
- •11.8.1. Gyzyl ýasy demrew
- •11.8.2. Pakgarçak keseli
- •11.8.3. Pemfigoid
- •11.8.4. Gyzyl gurt keseli
- •11.8.5. Dýuringiň dermatiti
- •11.9. Diliň anomaliýasy we aýratyn keselleri
- •11.9.1. Gasynly dil
- •11.9.2. Gara (saçly) dil
- •11.9.3. Deskwamatiw glossit
- •11.9.4. Rombgörnüşli glossit
- •11.10. Heýlitler
- •11.10.1. Eksfoliýatiw heýlit (tozgalaýan)
- •11.10.2. Glandulýar heýlit
- •11.10.3. Aktiniki we meteorologik heýlitler
- •11.10.4. Allergik gatnaşyk heýlit
- •11.10.5. Atopiki heýlit (adaty däl heýliti)
- •11.10.6. Ekzematoz heýliti
- •11.10.7. Makroheýlit (Melkerson – Rozentalyň alamaty)
- •11.11. Agzyň nemli bardasynyň we dodagyň gyzyl gaýmasynyň howply dömmä getiriji keselleri
- •11.11.1. Howply dömmä getiriji hadysalarynyň toparlara bölünşi
- •11.11.2. Boueniň keseli
- •11.11.3. Rak öň ýany siňňiller
- •11.11.4. Dodagyň gyzyl gaýmasynyň rak öň ýany çäkli giperkeratozy
- •11.11.5. Manganoftiniň rak öň ýany abraziw heýliti
- •11.11.6. Deri siňňili
- •11.11.7. Keratoakantoma.
- •11.11.8. Rak öň ýany keselleriň öňüni alyş çäreleri
- •11.1. Diş ýokundylary
- •Diş daşlaryny aýyrmak
- •Edebiýat sanawy
Amidopirin synagynda Ulanylýan erginiň düzümi şu aşakdakylardan ybarat:
Bir-birine deň garylan 5%-li amidopiriniň spirtindäki egrini bilen 5%-li hydrogeni peroxidi erginini taýarlap, 30%-li sirke turşusynyň damjasyny goşmaly. Taýýar bolan ergini barlag edilýän gurala çalmaly, eger-de gural arassa bolmasa, onda onuň reňki gögerýär.
Benzidiň synagynda Ulanylýan erginiň düzümi şu aşakdakylardan ybarat:
0,0025g –esasy benzidin;
0,1 ml – 3%-li hydrogeni peroxid ergini;
5,0 ml – 50%-li sirke turşysynyň ergini.
Ýasalan ergini ilki bilen çaýkamaly we garyşdyrmaly, soňra barlag geçirilýän gurala çalmaly, eger-de gural arassa bolman, gan galyndysy bolsa, onda gök tegmil görünýär.
Fenolftalein synagynda Ulanylýan erginiň düzümi şu aşakdakylardan ybarat:
Fenolftaleiniň spirtdäki 0,1%-li ergini barlag edilýän gurala 2-3 damja damdyrlanda gyzyl reňk bolsa, gural arassa däldir.
Diş lukmany we şepagat uýasy elmydama elleriniň arassalygyna gözegçilik etmeli, öz wagtynda elleriniň dyrnaklaryny aýryp, timar berip durmaly. Iş wagtynda elindäki ýüzügini we sagadyny aýyrmaly, hiç hili artykmaç zat bolmaly däl.
Lukman her gün işe başlanynda hem-de näsagy kabul edip bolan badyna ellerini sabyn we çotga bilen ýuwup arassalamaly şeýle hem her gezek (hökmany ýagdaýda) gaýtadan ýuwmaly. Lukman iriňli ýarasy ýa-da mahsus keselli näsagy kabul edeninden soň, ellerini sabyn we çotga bilen ýuwup, soňra 0,5%-li hloramin ergini bilen ellerini süpürmeli, emma gan we şoňa meňzeş erginler degen bolsa, onda 1-2 minudyň dowamynda 3%-li hloramin ergini bilen süpürmeli.
Aseptika – ulgamlaýyn öňüni alyş çäreler bolup, lukmanyň näsagy bejerýän döwründe ýara, dokumalara we beden agzalaryna mikroblaryň düşmeginiň öňüni almaga ugrykdyrylmagydyr.
Aseptika: Gurallary, daňy üçin serişdeleri, enjam we abzallary we ş.m. sterilizasiýa geçirmegi; stomatolog-lukmanyň ellerini ýörite usul bilen päkizelemegi; bejeriş işleriniň geçirilýän wagty kabul ediş tertip düzgüniniň berjaý edilmegi; bejeriş edaralarda guramaçylyk we gigiýeniki işleri geçirmegi öz içine alýar.
Terapewtik stomatologiýasynda ýokarda görkezilen ugurlara salgylanmalydyr. Ondan başga-da, hökmany ýagdaýda antiseptikanyň düzgünlerini berjaý etmelidir, sebäbi, stomatolog agyz boşlugynda işlemek bilen zäherlenen (infisirlenen) ýara bilen iş salyşýar. Şonuň üçin hem, gatnaşykda bolmak arkaly, mysal üçin tötänden pulpanyň açylmagynda ýokanç mikrob geçip bilýär. Şeýle hem aseptikanyň düzginleri berjaý edilmedik ýagdaýlarda, ýokanç mikrobyň bir näsagdan beýleki näsaga geçmegi mümkin. Meselem, gepatit – B wirusyň we AIDS – ýokanjyň stomatologik enjamlaryň üsti bilen geçip bilýänligi subut edilen. Gatnaşykly ýokanjyň öňüni almak üçin näsaglara degýän hemme görnüşli enjamlary we gurallary sterilizasiýa geçirmek zerurdyr. Elleriň päkizeleniş düzgünlerini berjaý etmegiň wajyp ähmiýeti bar. Mikroorganizmleri we olaryň zäherleýji maddalaryny ýok etmek fiziki faktorlary we himiki serişdeleri ulanmak (sterilizasiýa) arkaly amala aşyrylýar.
Fiziki faktorlardan ýokary gyzgynlygy, ultramelewşe şöhlesini, ultrasesi ulanmak bolar. Himiki serişdelerden ýod, spirt, hloramin we ş.m. ulanylýar. Himiki serişdeler ulanylanda onuň möhüm şerti bolmalydyr, ýagny bakteriýalara täsirli, enjamlary we ulanylýan serişdeleri zaýalamaýan bolmalydyr. Sterilizasiýanyň fiziki usullaryna bugly, gyzgyn howaly, infragyzyl şöhlelenme, radiasion usullary degişlidir.
Himiki usulna gazly usul (formaldagit) we himiki derman erginleri ulanmak usuly degişlidir. Bu usullar sterilizasiýa geçiriljek serişdäniň aýratynlygyna görä saýlanyp alynýar.
Stomatologiki gullugynda sterilizasiýanyň esasy gaýnatmak, ýokary basyşly bug, gury gyzgynlyk we sowuk bilen geçirlýän usullar ulanylýär.
Gaýnatmak usuly, esasan polatdan ýasalan gurallary sterilizasiýa etmek üçin ulanylýar. Gurallarda pos emele gelmezligi üçin, arassalanan (distillirlenen) suwa gidrokarbonat natriý goşulyp, 1-2%-li ergin taýýarlansa maksadalaýyk hasap edilýär. Sterilizasiýanyň dowamlygy gaýnap başlandan 30 minutdan az bolmaly däl.
Şeýle-de, aýnadan ýasalan köp ulanylýan şprisleri gaýnatmak usuly bilen sterilizasiýa etmek maslahat berilýar. Ol arassalanan suwda, ýöne çökündi ýygnanmagynyň öňüni almak ýerlikli bolýar. Suwuň ýylylygy otagyň içiniň ýylylygyna deň bolup, sterilizasiýa suw gaýnap başlandan soň 30 min. dowam etmeli. Iňňeler gaýnadylanda gidrokarbonat natriý goşup, ergin ýasap geçirmek maksadalaýykdyr. Ýokanç keselleri bilen kesellän adamlarda ulanylan iňňeleri başgaça gaýnatmak maslahat berilýär. Olar ýokary basyşly bug bilen, daňy üçin serişdeler, pamykdan we hasadan ýasalan letdejikler, örtükler we ş.m. hem sterilizasiýa edilýär. Şu serişdeleri awtoklawalarda hem sterilizasiýa geçirmek maslahat berilýär. Sterilizasiýa geçiriljek serişdeleri ilki bilen demir gutularda (biks) tertipli ýerleşdirip soňra amal edilýär. Sterilizasiýa geçirilenden soň olary 3 günüň (72 sagadyň) dowamynda açylmasa ulanmak bolýär.
Bütewi polatdan ýasalan gurallary gury gyzgynlyk bilen 40 min. dowamynda arassalamak maslahat berilýär. Bu usul bilen esasan endodontik gurallar sterilizasiýa edilýär.Gyzgynlyk 240-270 oC bolmaly.
Sowuk sterilizasiýa usuly esasan hem, kesiji gurallarda we stomatologik aýnasynda we ş.m. geçirilýär. Munüň üçin 96%-li spitrde 2 sagadyň dowamynda ýatyrmak maksadalaýyk. Şeýle-de gurallary üçem ergininde saklamak maslahat berilýär. Erginiň düzümi:
Rp:Formalin 20,0 mg
Ac.carbolici 50,0 mg
Natri hydrocarbonatis 15,0
Aq.destill. 1000 ml
DS.Stomatologyň otagy üçin.
Şeýle-de, sowuk sterilizasiýa usuly üçin 1%-li hloramin ergini, 6%-li hydrogeni peroxidi, 3%-li formalin ergini, 1%-li hlorgeksidin ergini, 10%-li dimeksid ergini we ş.m. ulanmak maslahat berilýär.
Stomatologik gurallaryň we enjamlaryň içinde dezinfeksiýa geçirmekde kynçylyk döredýäni peýneklerdir (stomatologik).
Stomatologik peýnekleri ýokary basyşly bugda, gyzgynlykda we suwda gaýnadyp sterlizasiýa geçirmek bolmaýar. Sebäbi peýnekde ýaglanyp durmaly tilsimleriň bolmagy päsgel berýär. Emma, peýnekleri wazelin ýagyna gaýnatmak soňra, daşyny arassa matalar bilen süpürmek arkaly sterilizasiýa geçirmek bolýar. Ýöne bu usul ýüz-äň hirurgiýasynda ulanylýar.
Terapewtik stomatologiýada peýnekler dezinfeksiýa geçrilende pamyk–marly gatlaklaryna siňdirlen 1%-li hloramin, 3%-li formalin ýa-da üçem erginlerine süpürilýär. Gaýta-gaýtadan arasyna 10-15 min. wagt salyp, süpürmek ýokary netijeleri berýär. Hloramin we formalin ergini bilen 30 min., üçem erginde bolsa 45 min. dowamynda sterilizasiýa geçirilýär.
Hemme gurallar sterilizasiýa edilenden soň, arassa örtügiň aşagynda tertipli ýerleşdirilýär. Her iş güni täzeden sterilizasiýa geçirilýär. Her bir gurallar, enjamlar sterilizasiýa geçrilmezden öň gözden geçirlip, gan, ýag, bellik, iriň suwuklygy, derman serişdeleri, petikleýji we ş.m. galyndylardan el bilen arassalanylýar. Ýuwujy erginler bilen ýuwup, arassalanandan soň, ýörite taýarlanan erginde 15 min. dowamynda saklanylmaly. Ýuwujy erginiň düzümi: 0,5%-li perikis wodorod ergini, naşatyr spirti 5g, ýuwujy külkesi 20,0 arassa suw 975,0mg. akar. Her bir gural suwda ýuwulmaly soňra, guradylmaly, sterilizasyýa edilmeli.
Terapewt-stomatologyň otagynyň arassaçylyk ýagdaýlary şepagat we arassaçylyk uýalaryna baglydyr.
Şepagat uýasy başlygyň, başlygyň orunbasarynyň, bölüm müdiriniň we uly şepagat uýasynyň garamagynda işleýär. Ol otagyň içindäki enjamlaryň, abzallaryň, näsag kabul edilýän oturgyjyň sazlaşykly işlemegine, iş başlamazdan öň gurallaryň, daňy üçin serişdeleriniň arassaçylygyna we umuman lukman stomatologyň iş ýerine jogap berýär. Şepagat uýasy näsag kabul edilende lukmany gerekli bolan gurallar we serişdeler bilen üpjün edip, otagyň içindäki derman-därilere, otagyň arassaçylyk ýagdaýlaryna jogap berýär.
Arassaçylyk uýasy näsag kabul edilip bolnandan soň, otagyň içini çygja mata bilen süpürýär, gurallary, lotoklary ýuwup arassalaýar. Näsaglaryň tüýkürýän ýerlerini arassalap, soňundan 1-2%-li hloramin ergini bilen süpürýär.
III. Bap
