Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Kitap ter stom.doc
Скачиваний:
29
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
3.55 Mб
Скачать

Köp kökli dişleriň bejerliş aýratynlygy

Köp kökli dişleri bejermekde dürli soraglar ýüze çykýanlygy sebäpli, näsag birnäçe gezek lukmana ýüz tutanda bejeriş işlerini geçimeli bolýär. Sebäbi dişiň hemme köklerini doly derejede mehaniki we der­man serişdeleri bilen arassalap geçmeli emma kök akabalary geçip bolmaýan ýagdaýlarda elektro­forez usulyny birnäçe gezek geçirmeli bolýär. Bejeriş işleri ýerine düşüp hemme amallar berjaý edilende dişiň kök akabalaryny häzirki zaman kök doldurylýan hamyrlar bilen doly derejede doldurmaly we dişiň täç böleginiň anatomiki gurluşyny dikeltmeli.

Näsag ilkinji gezek ýüz tutanda keseli doly anyklap, haýsy kök ujynda granulýoma dokumasy bar ýa-da başga üýtgeşme alamatlary barlygyny ýüze çykaryp, dişiň kariýes köwegini doly de­rejede gyryp ara­s­salap, täç pulpasynyň üstüni açmaly we weýran bolan dokumalary aras­sala­maly, soňra näçe kök akaba bolsa, şol kök akabalary anyklap, içini doly derejede endodontik gurallar bilen mehaniki we derman seriş­deleri bilen arassalamaly we köküň depejigini gyňeldip açmak ýerlikli hasaplanýär. Soňra kök aka­bada antybiotik, ferment, sulfanilamit we ş.m.derman serişdeleri siňdirilen letdejigi kök akabada go­ýu­lyp üstüni dentin hamyr bilen ýapylýär. Geçip bolmaýan kök akabalary bolan ýagdaýlarda himiki we elekt­roforez usullaryny /fermentler, Iýod erginleri bilen /ulanmak maslahat berilýär. Dowamatlygy 2-3 gezek.

Näsag ikinji gezek ýüz tutanda arz-şykaýat bolmasa bejergini ahyryna çenli dowam edip tamamlamaly. Ýagny dişiň hemme kök akabalaryny häzirki zaman kök akaba doldurylýan hamyrlar bilen doldurylýär. Dişiň kök aka­balaryny doldurylanda ünsi haýsy kök akabada grnulasyon dokuma bar bolsa, şol köküň depejigi giňelen bolsa, onda ol köki doldurylýan hamyry köküň depejigine çykarmak, emma fibroz gör­nüşdäki periodontit bejerilýän bolsa, onda diňe köküň depejigine çenli doldurylýär. Soňra dişiň täç böleginiň anatomiki gurluşyny dikeltmek mas­lahat berilýär. Emma dişde binjalyk bolsa ol dişi elektroforez usuly bilen bejergini dowam edilýär we hemme binjaly aýyrlandan soňra dişiň hemme kök akabalaryny dolduryp dişiň anatomiki gurluşyny dikeldilýär.

Üznüksiz periodontidiň ýitileşmesiniň bejeriliş aýratynlygy.

Üznüksiz periodontit keselli näsaglary bejerlende ilki bilen anyklaýyş barlagyny geçirip, doly haýsy görnüşli üznüksiz periodontit keseli ýitileşenligini anyklanylýär. Soňra ýitiuleşen alawlamany peseltmek maksat edilýär. Ilki bilen agyrsyzlandyrmak esasynda dişiň täç bölegini we kök akabalaryny mehaniki hem derman serişdeleri bilen arassalap köküň depejigini açmak bilen ýygnanan iriňli suwklygynyň çykmagyna ýol açylýär. Soňra ýitileşme alamatlary geçen­den soň üznüksiz periodontit keseli bejerlişi ýaly bejergini dowam edilýär. Her bir görnüşdäki üznüksiz periodontit keseli bejerilende 3-6 aýlardan kliniki we rentgen barlaglaryny geçirmek keselin gaýry üzülmeginiň öňüni almaga uly ýardam berer diýip hasap edýäris.

Periodontit keselini bejerlýärkä we bejergiden soňki göýberilýän säwlikler we gaýry üzülmeler.

Periodontit keselini bejerilende dürli görnüşdäki gurallary we derman serişdelerini ulanylmagy ýerine ýetirilýän çylşyrymly amallary kynçylyk döredip, dürli görnüşdäki gaýry üzülmeleriň ýüze çykmagyna mümkynçylyk döredýär.

Bejergide ulanylýän amallary nädogry berjaý edilmegi gaýry üzümeleriň ýüze çykmagyna alyp barýär. Gaýry üzülmeler bejergi geçirilýän wagtda we bejergiden soň ýüze çykýär.

B e j e r g i g e ç i r i l ý ä n w a g t d a ý ü z e ç y k ý ä n g a ý r ü z i l m e l e r

1.Kök akabanyň inçe ýerini giňeltmekçi bolnanda, diş boşlugynyň düýbüni deşip geçilmegi. Bu ýagdaý­lar kök akabanyň inçe ýerini giňeldip geçmek maksady bilen uly ölçegdäki borlar ulanyp, kök aka­ba­dan ters tarapa geçilip deşilýär.

2.Dişiň kök akabasynda endodontik gurallaryň pulpa ýolujy, kök browy, direlbor, kök doldurjy we ş.m./ dowülmegi. Her bir endodontik gurallarda bilen işlenende, gural garşylyk güýüjini köp duýmagy gura­lyň dö­wülmegine alyp barýär. Esasan hem pulpa ýolujy gural bilen işle­nen­de se­resaplygy elden ber­meli däl, bu gural inçe, garşylyk güýje durnuksiz poslamaýan polat­dan we işleýän bölegi owunjak dişja­gazlardan ybaratdyr. Dözümli güýçli hereketler guraly aka­bada dy­kylmagyna soňra döwlüp gal­magyna müm­kinçilik döredýär. Kök akabanyň näçe çuňlugynda döwlüp galmagy guraly çykarmaga kynçylyk döredýär. Kök burawlary we direl­borlar ula­ny­lan­da güýç köp sarp edilse, nädogry hereketler gurallary döwlüp gal­ma­gyna müm­kynçylyk döred­ýär, esasan hem egrelen köklerde. Şeýle-de kök doldurjy gurallar kökleriň egri bolmagy bilen, hereket tizligi ýokary bolanda akabanyň içinde gysylyp guralyň döwülmegine alyp barýär.

3.Kök akabanyň dywarynyň deşilmegi, esasan hem egrelen köklerde bormaşynda ulanylýan direlbor köpräk hereket edilmegi bilen garşylyk güýji bolmagy bilen ýüze çykyp bilýär.

4.Endodontik gurallar bilen köküň depejigini giňeldilende periodont dokumany şikeslendirilýär. Şi­kes­lenme endodontik gurallardan direlbor bilen deşilip geçilenden soňra, kök akabany güýçli täsir edýän derman serişdeler bilen arassalananda periodont dokuma zäherli täsirini ýetirip bilýär.

B e j e r g i d e n s o ň k i ý ü z e ç y k ý a n g a ý r y ü z ü l m e l e r

1.Üznüksiz periodontit kesellerini impirgnasyon usuly bilen kök akabanyň içini geçilende ýitileşmegine alyp baryp bilýär.

2.Kök akabalary doly derejede petikleýji serişdelerden doldurylman galmagy üznüksiz periodontit kesel­lerini ýitileşmegine alyp baryp bilýär.

3.Kök akabanyň içini petikleýji serişdeleri bilen doldurlanda köküň depejigine çykarylmagy näsagda ilkinji 3-7 günlerinde agyrynyň güýçlenmegine we binjalyga alyp barýär. Şeýle ýagdaýlarda dişi gurşap duran ýumşak dokumalarda ýellenme, gyzarma, çiş peýda bolmagy mümkin, soňra iriň suwuklygy çykýan ýoda­jyk emele gelip içinden petikleýji serişdeleri çykýan wagtlary bolup biler.

4.Kök akabanyň içini doldurlan petikleýji serişdeler allargen hökmünde saklanyp biler.

5.Kök akabany doldurlanda petikleýji serişdeler, köküň depejiginden çykyp, nerw damara we ýokarky äň däki boşlugyna /gaýmorowi/ çykmagy bilen newrolgiýa we gaýmorit kesellerini ýüze çykarmagy ähtimal.

Peridontit kesellerini bejermek dişiň kök akabalaryny mehaniki we derman serişdeleri bilen aras­salamak hem petiklemek bilen jemlenýär. Muniň düýp maksady kök akaba bilen periodont dokuma aralaşýan mik­roor­­­gani­zim­ler we olaryň zäherleriniň öňüni almakdyr, ýagny çüýräp weýran bolan pulpa dokumadaky mikroorganizim­ler we olaryň zäherleriniň periodont dokuma aralaşmagynyň öňüni alyp ýok etmekdir. Şeý­lelikde kök akabanyň içini endodontiki gurallar bilen mehaniki we derman serişdeleriň kömegi bilen aras­salap soňra, häzirki zaman petikleýji serişdelerden doly we dogry doldurmak üçin her bir dişleriň kökleriniň takmynan uzunlygyniy, sanyny we kök akabanyň geçrjiligigini hem endodontik gurallaryn görnüşlerini, ýerine ýetrýän işlerini seljerip, saýlap bilmek iň bir wajyp meseleleriň biridir.

Tablisa 8.1.Hemişelik dişleriň kökleriniň we akabalarynyň sany.

Dişler

Kökleriň sany

Akabalaryň sany

Ýokarky äň

Aşaky äň

Ýokarky äň

Aşaky äň

1

1

1

1

1 (60%)

2 (40%)

2

1(99%)

2 (1%)

1

1 (99%)

2 (1%)

1(60%)

2(40%)

3

1(99%)

2(1%)

1(98%)

2(2%)

1(99%)

2(1%)

1(96%)

2(6%)

4

1(19%)

2(80%)

3(1%)

1

1(4%)

2(95%)

3(1%)

1(75%)

2(20%)

3(5%)

5

1(90%)

2(9%)

3(1%)

1

1(75%)

2(9%)

3(1%)

1(89%)

2(10%)

3(1%)

6

2(15%)

3(85%)

2(98%)

3(2%)

3(60%)

4(40%)

2(13%)

3(80%)

4(7%)

7

1(1%)

2(19%)

3(80%)

2(84%)

1(15%)

3(1%)

1(1%)

2(2%)

3(57%)

4(40%)

1(3%)

2(13%)

3(77%)

4(7%)

8

Diş dürli ýaşda çykmagy, dürli kökleriniň aýratyn anatomiki gurluşyny göz öňünde tutmagy ýatladýarys.

Endodontik gurallar;

-Dişiň kök akabasynyň

çuňlugyny ölçenýän

(Milleriň iňňesi) -Dişiň kök akabasynyň çuňlugyny ölçenmege we däri-dermanlar bilen ýuwup arassala­nanda we guradylanda kömekçi gural hökmünde ulanylýär. Maýşgak inçe­den ýognap gidýän gural bolup, Ýokarky äň dişlerine 4,5 sm uzynlykda, aşaky dişlerine ni­ýet­le­nen 2,5 sm., dürli ýogynlykdaky gural.

-Pulpa ýolujy

Pulpaekistraktor - Dişiň kök akabasyndaky pulpa dokumany ýolup aýyrmaga niýetlenen, ýolka şekilli bolup, el bilen tutulýän we işleýji taraply gural, işleýän tara­pyn­da dişjagaz­lary bolan endodontik guraly. Ýokarky äňdäki dişlere niýet­le­nilip uzunlygy 4,5 sm, aşaky äň dişlerine niýetlenen 2,5 sm.bolup, dürli ýogynlykda 5 belgili.

-Kök akabanyň enjamlary

Raşpil -Dişiň kök akabasynyň diwarindaky dokumalary ýumşatmak we goparmaga niýetlenen pulpa ýolujy gurala meňzeş bolan gural, dişjagazlar 90 o deň. Ýokarky äňdäki dişlere netlenip uzynlygy 4,5 sm, aşaky äň dişlerine niýetlenen 2,5 sm.bolup, dürli ýo­gyn­lykda 5 belgili.

-Kök burawy - Dişiň kök akabasynyň içini we diwaryndaky dargap weýran bolan dokumalalardan arassalamak üçin ulanylýan kömekçi gural. El bilen we bormaşynyň kömegi bilen iş­lenýän endodontik gural. Bormaşynda işlen­ýäni göni we egri peýneklere niýetlenen. Ýogynlygy 5 belgili.

-Kök drilbory - Dişiň kök akabasynyň içinde geçmesi kyn ýerlerini giňeldip geçmek üçin ulanylýän gural. El bilen we bormaşynyň kömegi bien işlenilýän görnüşleri bolup, dürli ýogun­lykda N5 görnüşi bardyr.

-Kök akabanyň diwaryny

tekizleýji we ýylmaýjy

(Razwertka) - Dişiň kök akabasynyň diwaryny ýylmamak we terizlemek üçin niýetlenen gural bolup, üç granly gural, el bilen işlenilýär. Dürli ýogunlykda N 5 belgili.

-Kök akabany dolduryjy

(Kanalanapolnytel) -Dişiň kök akabasynyň içini petikleýji we derman serişdeler bilen doldur­maga niýet­lenen spiral şekilli sagadyň ugruna towlanan gural bolup, Bor­ma­şynda ulanylyp göni we egri peýneklere niýetlenen gural. Ýogynlygy N5 belgili,

Kök akabany dykyzlandyryjy

Körnewoý ştofer. – Kök akabanyň içindäki serişdeleri dykyzlandyrmak üçin niýetlenen gural. El bilen işlenilýän gural.

Dişleriň periodontit keseli bolmagy diňe bir periodont dokumanyň mikroblar we olaryň zäherleriniň ornaşyp gaýnaglama alyp barmagy diýip düşinmeli däl, umumy beden keseli bolup, beden agzalaryna mikroblar we olaryň zäherleriniň ornaşmagyna ýol açylyp, ornaşmagyna hem beden agzasynyň ýerine ýetrýän işlerini togtadyp hatardan çykmagyna alyp barýär.

IX Bap

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]