Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Kitap ter stom.doc
Скачиваний:
29
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
3.55 Mб
Скачать

Üznüksiz periodontidiň bejerlişi

Üznüksiz periodontit keselleri adaty ýagdaýlarda näsagy binjalyk etmeýär. Şeýlelikde bejergi geçirilýän dişi agyrsyzlandyrmak näsagyň ýagdaýlaryna görä hereket etmeli bolýär. Bejergi geçirilende dürli gör­nüşde hereket etmeli bolýar. Bir kökli dişleriň akabasynyň geçrjiligi gowy bolan ýagdaýlary, bir gezek­de dişiň kök akabasyny mehaniki we derman serişdeleri bilen aras­salap, köküň depejigine çenli petik­lemegi hem dişiň täç böleginiň anatomiki gurluşyny dikelt­megi maslahat berilýär. Bir ýa-da köp kökli dişleriň kök akabasynyň geçirijiligi pes bolmagy we geçip bolmaýan ýagdaýlarda derman serişdeleri bilen elektroforez usulyny geçirmek maslahat beril­ýär. Binjalyklar bolmadyk ýagdaýlarda dişiň kök akabasyny üznüksiz periodontit keseliň görnşine görä petiklemegi maslahat berilýär. Üznüksiz fibroz periodontit keselinde köküň depe­jigine çenli, üznüksiz granulamatoz we granürleýji periodontit keselin­de köküň depejigine çykar­magy ýerlikli hasap edilýär.

Bir kökli dişleriň bejerliş aýratynlygy

Näsagyň keseli doly anyklanandan soňra, ilkinji berjaý etmeli işler /dişiň kariýes köwegini gy­ryp aras­salamak, diş boşlugyny açmak, täç we kök akabadaky dargap weýran bolan doku­malary mehaniki we derman serişdeleri bilen arassalamak hem guratmak, /Ýagny perio­dontik keselini bejerliş tertibini ­roz perio­dontit keselinde kök akabanyň içini doly arassalap dişiň köküniň de­pejigine çenli, emma granürleý­ji we gran­u­lamatoz periodontit kesellerinde kök ujuny giňel­dip, açyp, arassalap dişiň köküniň depejigin­däki gra­nulasion dokumalara däri-der­manlaryň täsiri ýe­ter ýaly we şol dokumalaryň dargamagyna, soňra ýerine süňk dokumanyň dikelmegine ýar­dam berer ýaly mümkinçylyk döretmeli. Häzirki zamanda dişiň köküniň depejigindäki gra­nulasyon ojagyna täsir eder ýaly dürli görnüşdäki derman we petikleýji seriş­deler hödür­lendi. Ilkinjiler hatarynda M.I.Groşikow tarapyndan fosfat-sementleri dişiň kök akabasyny dolduryp köküň depejigine çykarmagy maslahat bereýär. Şeýle edilmegiň esasy manysy şol petikleýji serişdesi granulasyýon dokumany gjyndyryp, dargadyp, ýerine süňk dokumanyň emele gelmegine ýar­dam berilýär. Alymlar topary petikleýji serişdänyň düzümine antybiotikiler, sulfanylamidler, agyr­syz­landyrjy, fermentler we ş.m. ulany­landa üznüksiz periodontit keseliniň yitileşmeginiň azalýanlygyny beýan etdiler. Şunki günde amaly stomatolgiyada antybiotikleri ulanylanda duýu­jylygyny anyklanyp ulanmak maksada laýyk hasap edilýär. 8.22. surat. TDLI-nyň terapewtik stomatologiýa kafedrasynda.

Kafedrada geçirilen ylmy barlag işleriň esasynda üznüksiz periodontit keselini bejerilende kök akabany doldurmak üçin petikleýji serişde hödürlenildi.

Petikleýji serişdäniň düzümi;

Bentonit külkesi 3.0

Ostiohinin külkesi 0.5

Gleserin ýagy 0.2

Lidokain ergini 2%erg. 0.5

Iýodaforum külkesi 0.2

Duýujylygyna görä Antybiotik saýlap almak. 1.0

/Hlorgeksidin biglkanat,Tetrosiklin ,Eritromisin,/

Arassalanan suw /diselirlenen / çyglyk berilýär hamyr gönüse çenli.

Taýýarlanşy gerekli bolan serişdeleri saýlap alnandan soň garyp hamyr taýarlanylýär. Bejergi geçirilýän dişi mehaniki we derman serişdeleri bilen doly arassalanýär hem guradylýär. Dişiň kök akabasynyň ujuny /depejigini/ giňeltmeli. Doly arassalanyp açylandan soňra, dülekeýden çäk­lendirmeli we endodontik gural­lardan kök doldurjynyň kömegi bilen izigiderli kök akabany doldurmaly. Gözegçilik rentgen şekilyna düşü­rip seretmeli. Doly derejede dolan bolsa, onda dişiň täç böleginiň anatomiki gurluşyny dikeltmek maslahat berilýär. Üznüksiz periodontit keselinde hök­many şekilda bejergi geçirilýän dişiň kök akabasyny fibroz gör­nüşde köküň depejigine çenli, emma granulamatoz we granürleýji görnüşlerde petikleýji hamyry köküň depejiginden çykarmaly. Müm­kin bolsa 3-6 aýlardan gaýtadan rentgen şekila düşürmek maslahat berilýär. Gerekli bolan ýag­daýlarda dişi saklap, alyp galmak maksady bilen hirurgiki usuly peýdalanmak ýerlikli hasap edilýär.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]