- •Institutynyň talyplary üçin
- •Terapewtik stomatologiýanyň ösüşi we onuň öňünde durýan meseleler
- •Stomatologiýa gullugyny guramak
- •Häzirki zaman stomatologiýa gullugy şu aşakdaky görnüşlerden ybarat:
- •2.1. Stomatologyň otagynyň guralyşyna talaplar we kadalar.
- •Stomatolog lukmanyň otagynda şu aşakdaky enjamlar bolmaly:
- •Terapewtik stomatologiýada aseptika we antiseptika
- •Sterilizasiýa we dezinfeksiýa
- •Amidopirin synagynda Ulanylýan erginiň düzümi şu aşakdakylardan ybarat:
- •Agyz boşlugyndaky synalaryň we dokumalaryň gurluşy we ýerine ýetirýän işleri
- •3.1. Agzyň nemli bardasy
- •3.1.1. Agzyň dürli bölümlerindäki nemli bardanyň gurluşy
- •3.1.2. Agzyň nemli bardasynyň ýerine ýetirýän işleri
- •3.2. Sülekeý mäzleri, sülekeý we agyz boşlugynyň suwuklygy
- •3.2.1. Sülekeý mäzleri
- •3.2.2. Sülekeý we agyz boşlugynyň suwuklygy
- •3.2.3. Sülekeýiň ýerine ýetirýän funksiýalary
- •We ösüp çykyş möhletleri
- •3.3.1. Dişleriň anatomik gurluşy
- •3.3.1.2. Hemişelik dişler
- •3.3.2. Dişiň gaty dokumalarynyň gistologik gurluşy, himiki düzümi we ýerine ýetirýän işleri
- •3.4. Agyz boşlugynyñ mikroflorasy
- •3.5. Agyz boşlugynyñ goraýjy mehanizmleri
- •3.5.1. Mahsus däl goraýyş faktorlar
- •3.5.2. Mahsus goraýyş faktorlar
- •Mahsus goraýyş faktorlar
- •Agyz agzalarynyň ýagdaýlaryny anyklamagyň usullary
- •4.1. Näsagdan sorag-ideg edilişi (subýektiw barlaglar)
- •4.2. Obýektiw barlag usullary
- •4.2.1. Seretmeklik
- •4.2.1.1 Daşky serediliş
- •4.2.1.2. Agyz boşlugyna seretmek.
- •Dişleriň etlerine seretmek
- •Cpitn indeksiniň kesgitlenişi
- •Agyz boşlugynyň gigiýeniki ýagdaýlarynyň kesgitlenişi
- •4.2.1.3. Agyz boşlugynyň içki bölegine seretmek
- •Agzyň nemli bardasynda bolup geçýän patologik hadysalar
- •4.2.1.4. Dişlere seretmeklik
- •4.2.2. Dişleriň perkussiýasy
- •4.2.3. Palpasiýa barlagy
- •4.2.4. Temperatura duýujylygyny anyklamak.
- •4.2.5. Diş dokumalarynyň ýagdaýlarynyň elektrik togunyň kömegi bilen anyklanylyşy
- •4.2.6. Rentgen anyklaýyş usullary
- •Rentgen barlaglaryň usullary:
- •4.2.7. Transillýuminasiýa anyklaýyş usuly
- •4.2.8. Lýuminesent barlag usuly
- •4.2.9. Funksional takyklamalar
- •4.2.10. Funksional barlaglary
- •4.2.11. Laboratoriýa barlag usullary
- •4.3 Stomatologik näsaglarynyň hasaba alnyş kartasy
- •Kariýesden özge zeperlenmeler
- •Kariýesden özge zeperlenmeler.
- •Syrçanyň kemterliligi (gipoplaziýasy)
- •Dişleriň menekliligi (flýuorozy).
- •Syrçanyň artykmaçlygy (giperplaziýasy)
- •Dişler ösüp çykanyndan soňraky döwürlerde ýüze çykýan kariýesden özge zeperlenmeler
- •Pahna şekilli kemtik.
- •Dişleriň gaty dokumalarynyň patologik sürtülmesi
- •Dişleriň eroziýasy
- •Dişleriň gaty dokumalarynyň nekrozy
- •Dişleriň himiki (turşulardan) nekrozy
- •Dişleriň ýiti şikeslenmesi
- •Dişleriň kariýesi
- •6.2. Dişleriň kariýesiniň toparlara bölünişi
- •6.3. Kariýesiň klinikasy
- •6.4. Dişleriň kariýesiniň patologik anatomiýasy
- •6.5. Diş kariýesiniň döreýişiniň nazary ýollary (takyklamalary)
- •Şats we Martiniň helasiýa teoriýasy
- •Kariýesiň döremeginiň häzirki zaman düşündirilişi
- •Surat № 6.6. Kariýesiň döreýşiniň taslamasy.
- •6.6. Diş kariýesiniň bejerlişi
- •Blek boýunça kariýes köwekleriniň klaslara bölünişi
- •I klas kariýes ojaklarynyň şekil aýratynlyklary.
- •III klas kariýes köwekleriniň şekilleri.
- •IV klas kariýes köwekleriniň görnüşleri.
- •V klas kariýes köweginiň taýýarlanyşy.
- •6.6.2. Petikleýji serişdeler
- •6.6.2.1. Wagtlaýyn ulanylýan petikleýjiler.
- •6.6.2.2. Aralaýjylar.
- •6.6.2.3. Hemişelik petikleýjiler
- •Sementleriň oňaýly taraplary:
- •Sementleriň oňaýsyz taraplary:
- •Petikleýjileri gatatmaklyk üçin ulanylýan fotopolimerzatorlar (gatadyjy çyralar) we olaryň ulanylyşy
- •6.6.3. Gaýtadan dikeldiji serişdeler bilen köwekleri doldurmaklygynyň tapgyrlary
- •6.7. Kariýesiň bejergisinde goýberilýän säwlikler we gaýra üzülmeler
- •Dişleriň pulpasy
- •7.1.1. Dişiň pulpasynyň anatomiki, gistologiki gurlyşy we fiziologiki aýratynlygy
- •7.1.2. Diş pulpasynyň gistologiki gurluşy
- •Diş pulpasynyň gistohimiýasy
- •7.1.3. Diş pulpasynyň gan üpjinçiligi.
- •7.1.4. Diş pulpasynyň nerw üpjinçiligi
- •7.1.5.Diş pulpasynyň ýerine ýetirýän işleri.
- •Iýmitlendiriş
- •Iýmitlendiriş işjeňligi
- •7.3. Dişiň pulpit keselleriniň sebäpleri.
- •7.3.1. Döreýiş sebäpleri.
- •7.4. Diş pulpasynyň çişmesiniň geçiş aýratynlygy, morfogenezi, mikrosirkulýator üýtgeşmesi.
- •7.3. Surat. Diş kök akabasynyň esasy arteriolynyň diwarynyň ultrodüzmi.
- •7.5. Diş pulpasynyň çişmesiniň toparlara bölünişi.
- •7.6. Pulpidiň geçiş alamatlary we anyklanyşy.
- •7.6.1.Ýiti ojaklaýyn pulpit.
- •7.6.2.Ýiti ýaýraň pulpit.
- •7.6.3. Üznüksiz fibroz pulpit.
- •7.6.4.Üznüksiz gipertrofiki pulpit.
- •7.6.5. Üznüksiz çüýreme (gangrenoz) pulpit
- •7.6.6. Üznüksiz pulpidiň ýitileşmegi.
- •7.7. Dişleriň pulpit keselleriniň bejerliş usullary
- •Bejerliş usullar
- •7.7.2. Pulpit keselini wital amputasyýa geçiriliş aýratynlygy.
- •7.13. Surat. Wital ekistropasiýa amputasion usuly
- •7.7.3. Hirurgiki usuly.
- •7.7.3.1. Pulpany wital ekstirpasyýa geçirilişi.
- •Pulpit bejerlende wital ekistropasyýa usulynyň geçiriliş tapgyry
- •7.7.3.2. Pulpanyň dewital ekistropasyýa geçirilişi
- •7.7.3.3. Pulpanyň dewital amputasyýa geçirilişi
- •Pulpit kesellerini bejerlende göýberilýän säwlikler we gaýry üzülmeler
- •VIII Bap Periodont dokumanyň çişmesi (infilomkatiýasy)
- •8.1. Periodont dokumanyň anatomiki -fiziologiki aýratynlygy.
- •8.3. Surat. Periodont süýmleriniň keseligine ýerleşişi, diş keseligine keseilende.
- •8.6. Surat. Periodontdaky epitelial galyndylary.
- •Periodontyn işjeňligi.
- •8.2. Periodontitiň sebapleri.
- •8.3. Periodontitiň (döreýşi geip çykyşy, geçiş aýratynlygy) patogenezi
- •8.4. Periodontit keselleriniň toparlara bölünişi.
- •8.5. Periodontit keseliniň geçiş aýratynlygy.
- •8.5.1. Dişiň köküniň depejigindäki ýiti periodontit.
- •8.5.2.Üznüksiz periodontitler
- •8.5.2.1.Üznüksiz fibroz periodontit.
- •8.5.2.2. Üznüksiz granurleýji periodontit
- •8.5.2.3. Üznüksiz granulamatoz periodontit
- •8.18. Surat. Üznüksiz gramulýomtoz periodontit.
- •8.5.2.4. Üznüksiz periodontitiň ýitileşmesi
- •Patomorfologiki üýtgeşmeler.
- •Periodontit kesellerini bejerliş usullary
- •8.6. Periodontitleriň bejerlişi.
- •Dişiň periodontit keselini bejermekligi şu aşakdaky tertiplerde amala aşyrmak ýerlikli hasap edilýär:
- •Ýiti periodontit keselini bejermekligiň aýratynlygy
- •Bir kökli dişiň bejerilişi
- •Köp kökli dişiň ýiti periodontit keselini bejerlişi Näsag ilkinji gezek ýüz tutanda
- •Üznüksiz periodontidiň bejerlişi
- •Bir kökli dişleriň bejerliş aýratynlygy
- •Köp kökli dişleriň bejerliş aýratynlygy
- •Üznüksiz periodontidiň ýitileşmesiniň bejeriliş aýratynlygy.
- •Periodontit keselini bejerlýärkä we bejergiden soňki göýberilýän säwlikler we gaýry üzülmeler.
- •Parodontyň keselleri
- •9.1. Umumy maglumatlar.
- •9.2. Parodont keselleriniň toparlara bölünişi.
- •9.3. Parodontyň gurluşy.
- •9.4. Parodontyň funksiýalary.
- •9.5. Parodont keselleriniň sebäpleri.
- •9.6. Parodont kesellerinde patologoanatomik alamatlar.
- •9.7. Parodont keselleriniň anyklanyş - barlag usullary.
- •9.1. Görkeziji. Parodont keselleriniň dürli görnüşlerinde
- •9.8. Parodont keselleriň geçiş alamatlary
- •9.8.1. Gingiwit
- •9.8.2. Parodont kesellerinde dişetiniň melanoz tegmildi.
- •9.19. Surat Dişetindäki melanoz tegmildiň goýylyk
- •9.8.3. Parodontit.
- •9.8.4. Parodontoz.
- •9.8.5. Parodontoliz (parodontyň beterleşip ereýän idiopatik keselleri).
- •9.8.6. Parodontomalar.
- •9.9. Parodont keselleriniň bejerlişi.
- •9.9.1. Ýerli bejergi.
- •9.9.2. Umumy bejerlişi.
- •9.9.3. Hirurgik bejerliş usuly.
- •9.9.4. Fiziki bejerji usuly.
- •9.9.5. Ortopedik bejerliş usuly.
- •9.10. Parodont keselli näsaglara bejeriş – keseliň öňüni alyş kömeginiň guralşy.
- •Stomatogen ýokanç ojaklary we ojakly – şertlendirlen keseller.
- •Bejerliş aýratynlygy
- •Agyz boşlugynyň nemli bardasynyň keselleri
- •11.1. Agzyň nemli bardasynda keselleriniň görnüşlere bölnüşi
- •Ýokanç keseller:
- •III. Allergiki we zäherli-allergiki keseller:
- •IX. Rakoňýany keseller, howypsyz we howyply çişler:
- •II. Ýokanç keseller:
- •IV. Ekzogen zäherlenmelerde, agzyň nemli bardasynyň üýtgeşmeleri.
- •11.2. Şikesli zeperlenmeler
- •11.2.1. Mehaniki şikeslenme
- •11.2.1.1. Ýiti mehaniki zeperlenme
- •11.2.1.2. Üznüksiz mehaniki zeperlenme
- •11.2.2. Himiki zeperlenme.
- •11.2.3. Fiziki zeperlenilme.
- •11.2.3.1. Galwanizm.
- •11.2.3.2. Şöhle keseli
- •11.2.3.3. Äň-ýüz sebtindäki täze dömmeleriň şöhle bejergisinde agzyň nemli bardasynyň üýtgemeleri.
- •11.2.4. Leýkoplakiýalar
- •Owunjak düwünçejikleri bolan gaty we ýumşak gaňşyrawgyň nemli bardasynyň gipertozy çykaryjy akabanyň giňeldilen nokatly bolan giperplazirlenen sülekeý mäzleri.
- •11.2.5. Paşkowyň ýumşak leýkoplakiýasy
- •11.2.6. Kennonyň ak ýumşak haly
- •11.3. Ýokanç keseller
- •11.3.1. Wirus keseller
- •11.3.1.1. Ýönekeý (adaty) gerpes
- •11.3.1.2. Gurşaýjy gerpes.
- •11.3.1.3. Gerpetiki angina
- •11.3.1.4. Ýiti respirator wirus ýokanç keselleri.
- •11.3.1.5. Agsal keseli
- •11.3.1.6. Agyz boşlugyndaky aids ýokanç keseli.
- •11.3.2. Wensanyň ýaraly – çüýreme stomatiti
- •11.3.3. Mereziýel keseli
- •11.3.4. Inçekesel.
- •11.3.5. Kandidoz (Agyz boşlugyň nemli bardasynyň köpüklemesi)
- •Agyz burçynyň jaýrykly mikotik (hamyrmaýaly) çişmesi.
- •11.4. Allergiýa keselleri.
- •11.4.1. Käbir allergiki keselleriň kliniki alamatlary
- •11.4.1.1. Anafilaktiki şok.
- •11.4.1.2. Kwinkäniň angionewrotik çişgini
- •11.4.1.3. Derman allergiýasy.
- •Kataral we kataral-gemorragik stomatit (heýlit, glossit).
- •11.4.2. Köp görnüşli şypyljaýan eritema
- •11.4.3. Üznüksiz gaýtalanýan aftoz stomatit.
- •11.4.4. Behçetiň (sindromy) alamatlar toplumy.
- •11.4.5. Şegreniň (sindromy) alamatlar toplumy
- •11.6. Gipowitaminozlarda agzyň nemli bardasynyň ütgemeleri.
- •11.7. Käbir ulgamlaýyn kesellerde agzyň nemli bardasynyň ütgeýşi
- •11.7.1. Aşgazan-içege ýollarynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemeleri
- •Agzyň nemli bardasynyň bozulmagy
- •11.7.2. Ýürek-damar kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.3. Içki mäz (endokrin) kesellerde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.5. Gan emele getiriş ulgamynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •Agzyň nemli bardasynyň eroziw – ýaraly zeperlenmegi.
- •11.7.6. Nerw ulgamynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.6.1. Stomalgiýa (glossalgiýa).
- •11.7.6.2. Tagam alyşyň bozulmagy
- •11.7.6.3. Sülekeý çykmagyň bozulmagy
- •11.8. Deri kesellerinde agzyň nemli bardasynyň üýtgeşmeleri
- •11.8.1. Gyzyl ýasy demrew
- •11.8.2. Pakgarçak keseli
- •11.8.3. Pemfigoid
- •11.8.4. Gyzyl gurt keseli
- •11.8.5. Dýuringiň dermatiti
- •11.9. Diliň anomaliýasy we aýratyn keselleri
- •11.9.1. Gasynly dil
- •11.9.2. Gara (saçly) dil
- •11.9.3. Deskwamatiw glossit
- •11.9.4. Rombgörnüşli glossit
- •11.10. Heýlitler
- •11.10.1. Eksfoliýatiw heýlit (tozgalaýan)
- •11.10.2. Glandulýar heýlit
- •11.10.3. Aktiniki we meteorologik heýlitler
- •11.10.4. Allergik gatnaşyk heýlit
- •11.10.5. Atopiki heýlit (adaty däl heýliti)
- •11.10.6. Ekzematoz heýliti
- •11.10.7. Makroheýlit (Melkerson – Rozentalyň alamaty)
- •11.11. Agzyň nemli bardasynyň we dodagyň gyzyl gaýmasynyň howply dömmä getiriji keselleri
- •11.11.1. Howply dömmä getiriji hadysalarynyň toparlara bölünşi
- •11.11.2. Boueniň keseli
- •11.11.3. Rak öň ýany siňňiller
- •11.11.4. Dodagyň gyzyl gaýmasynyň rak öň ýany çäkli giperkeratozy
- •11.11.5. Manganoftiniň rak öň ýany abraziw heýliti
- •11.11.6. Deri siňňili
- •11.11.7. Keratoakantoma.
- •11.11.8. Rak öň ýany keselleriň öňüni alyş çäreleri
- •11.1. Diş ýokundylary
- •Diş daşlaryny aýyrmak
- •Edebiýat sanawy
Ýiti periodontit keselini bejermekligiň aýratynlygy
Yiti periodontit keselli näsaglaryň ýagdaýy stomatologiýanyň gaýragoýulmasyz lukmançylyk amallaryny talap edýär. Häzirki zaman stomatologiýa amalynda,ýiti periodontit keselini bejerlende ilki bilen agyrsyzlandyrmak soňra dişiň kök akabasyny doly arassalap, kök depejigini açyp, periodont dokuma ýygnanan suwuklygy çykarmakdan ybarat. Dişiň periodont dokumasyny iki ýol bilen açylýar. Ilkinjisi dişiň kök akabasynyň içi bilen geçmek, ikilenjisi goşmaça agyrly dişiň deňinden ýerli agyrsyzlandyrmak arkaly köküň depejiginiň deňinden nemli bardany we nemli bardanyň astyndaky gatlaklary kesip goşmaça ýol açmak iriň suwuklygynyň çykmagyna mümkinçilik döretmeli. Dişiň kök akabasyny açylanda bejergi geçirilýän dişi çep eliň 1-2 barmaklary bilen saklap amal berjaý etmeli.
Bir kökli dişiň bejerilişi
Näsag ilkinji gezek ýüz tutanda, agyrly dişi agyrsyzlandyryp, dişiň täç bölegini /kariýes köwegi/ gyryp, pulpa boşlugyny açmaly çüýräp dargan dokumalardan arassalamaly, kök akabany endodontik gurallaryň kömegi bilen mehaniki usul bilen doly derejede arassalap geçmeli, dişiň köküniň depejigini giňeltmeli we açyp ýygnanan suwuklygyň çykmagyna ýol açmaly. Kök akabanyň içini antyseptiki erginler bilen ýuwmaly, bu amallary kök iňňesi, direlbor gurallaryň kömegi bilen amala aşyrylýar. Endodontik gurallar bilen işlenende guraly kök akabanyň içine doly geçip bolýan ýerine çenli girip soňra garşylyk güýji duýýançaň towlamaly we arassalamaly, emma garşylyk güýç duýanyňda herekedi togtatmaly endodontik guralyň dowülip galmaz ýaly. Hemme ýerine ýetirilýän hereketleri seresaplyk bilen geçirmeli, sebäbi agyry güýçlenmegi we guralyň dowülmegi ähtimal. Haçanda kök akaba we depejigini giňeldilende hem açylanda irin suwuklygy bilen gan damjasy peýda bolýar. Bu ýagdaýda kök akabany arassalamaly, arassa pamygy kök iňňesiniň daşyna örtip, tä arassalanýança birnäçe gezek gaýtalamaly. Emma käbir ýagdaýda doly arassalap bolmaýan ýagdaýlarda, näsagy öýüne göýberilýär. Kök akabany açyp arassalap, maslahat bermeli. Her ýarym sagatda antyseptiki erginler bilen çaýkamaly we iýmit iýende dişini ýapmaly hem soňundan agzyny çaýkap dişiň kök akabasyny açyp gaýtadan antyseptiki erginler bilen çaýkamagy ündelýär. Emma kök akabany doly arassalananlygyny duýsaň onda kök akabada derman serişdelerini siňdirip /antybiotik, agyrsyzlandyrjy, ferment we ş.m./ letdejigi kök iňňesiniň kömegi bilen kök akabanyň içinde goýulýar we üstünden dentin hamyry bilen ýapyp 2-3 günden gaýtadan ýüz tutmagy maslahat berilýär. Lukman näsaga ýatlatmaly. Egerde agyry we çiş köpelse, dişiň köwegini we kök akabasyny wagtlaýyn daňyny aýyryp, açmaly we haýal etmän lukmana ýüz tutmalydygyny.
Näsag ikilenç ýüz tutanda: Näsagda arz-şykaýat bolmasa, dişiň üstüne agramlyk düşende çeýneýji işlerini ýerine ýetirilende agyry ýok bolsa, dişiň üstüne gural bilen kakylyp görlende binjalyk ýok bolan ýagdaýda, dişiň kariýes köwegini doly arassalap, soňra kök akabadaky dermanly letdejigi çykaryp, kök akabany täzeden antyseptik erginleri bilen ýuwup,arassalap, guradyp häzirki zaman petikleýji serişdeleri bilen köküň depejigine çenli doldurmaly we gaýtadan rentgen barlagy geçirip gerekli bolsa, onda goşmaça täzeden petikleýjiden doldurmaly. Dişiň kök akabasyny doldurmak üçin kök dolduryjy gural we dykyzlandyrmak üçin kök dykyzlandyryjy gurallar ulanylýar. Haçan-da kök akaba doly doldurlandan soňra, dişiň täç bölegini dikeltmek galýar. Dişiň täç bölegini dikeltmek üçin ilki bilen aralaýji gatlak sementler toparyndan goýlyp üstünden häzirki zaman kömpozit petikleýjiler goýulýar we dişiň anatomiki gurluşyny dikeltmeli.
Emma dişde agyry binjalyk bolup, dişiň kök akabasynda suwuklyk çykmagy dowam etmegi we dişi gurşap duran dokumalarda ýellenme, gyzarma bolsa, onda ol dişiň kök akabasyny täzeden antyseptik we antybiotikler bilen arassalap, ýuwup guradyp akabada /ferment, antybiotikler, agyrsyzlandyrjy garylyp taýarlanan /dermanlar siňdirilen letdejigi goýmaly, dişiň köwegini dentin hamyry bilen wagtlaýyn ýapmaly. Binjalyklar dowam etse, onda dişi derman erginleri bilen galwanyzaçii, elekrtoforez /10% iýod, fermentler we ş.m. derman erginleri ulanmak maslahat berilýär/ usullary bilen bejergi geçirmek maksada laýyk hasap edilýär. Şeýlelikde bejergi geçirilýän dişde binjalyk bolmasa, onda şol dişi petiklemek we anatomiki gurluşyny dikeltmek maslahat berilýär.
