Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Kitap ter stom.doc
Скачиваний:
29
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
3.55 Mб
Скачать

Dişiň periodontit keselini bejermekligi şu aşakdaky tertiplerde amala aşyrmak ýerlikli hasap edilýär:

Dişiň haýsy köküň depejiginde gaýnaglama barlygyny dogry anyklamak rentgen barlagyny geçirmek. Dişiň kök akabasyndaky dargan pulpa dokumalary arassalamak, mehaniki arassalamak we giňeltmek, derman erginleri bilen ýuwup arassalamak we iriňli ojaga täsir etmek, kök akabanyň içini häzirki zaman petikleýjiler bilen doly petiklemek. Gaýtadan rentgen barlagyny geçirmek .

Dişiň periodontit keselini bejeriliş tertibi we izigiderligi:

1.Periodontitiň görnüşine görä we dişiň täç böleginiň we köküniň ýagdaýyny öwrenip, (täç bölegi sag­dyn, kök akaba petiklenen, kariýes köwegi) anyklamak arkaly ilkinji berjaý etjek işleriňi seljerip saý­lamak. Ýiti we üznüksiz periodontit keseliniň ýitileşen görnüşinde hökmany şekilda agyrsyzlandyrmak (ýerli ýada geçrji görnüşdäki), emma üznüksiz periodontit keselinde hökman däl. Dişiň täç bölegi sagdyn bolan ýag­daýlarda dişiň üstünden deşip açmak wajyp. Emma kök akaba petikleýjide doldurlan ýagdaýlarda-da kök akabany doly açyp arassalamak we köküň depejigine çykyp şol ýerdäki suwklygy çykarmaly. Emma dişde kariýes köwegi bolan ýagdaýlarda ilki bilen kariýes köwegi doly derejede arassalamak wajyp.

2.Dişiň pulpa boşlugyny açmak edil pulpit keselini bejerlendäki tertip düzgüni berjaý etmeli käbir ýag­daýlarda köp kökli dişleri bejerilende janly pulpa bolmagy mümkin, keseli doly anyklamak, soňra agyr­syzlandyryp doly derejede açmak hökman.

3.Dşiň täç böleginiň pulpasyny we dargan hem weýran bolan dokumalary ekiskowatoryň kömegi ýada şar şekilli boruň kömegi bilen aýyrylýar.

4.Dişiň kök akabasynyň başlaýan ýerini doly anyklamaly Milleriň iňňesi ýada çuňlugy ölçenýän guralyň kömegi bilen.

5.Dişiň kök akabasyny mehaniki (gurallaryň kömegi bilen) we himiki (derman serişdeleriň kömegi) usul bilen arassalamak. Kök akabanyň inçe ýerini şar şekilli bor bilen giňeldilýär, soňra kök pulpasyny pulpa ýo­lujy bilen ýada kök akabanyň içindäki dargan dokumalary kök burawyň kömegi bilen arassalamak, diwarlary ýilmamak raşpil guraly bilen arassalamaly. Emma kök akabanyň geçrjiligi pes bolan ýagdaýlarda kök direlbor bilen giňeltmek swajypdyr. Dişiň köküniň ujuni giňeltmek we açmak kök direl­bori bilen geçirilýär. Soňra antyseptiki erginleriň kömegi bilen kök akabany arassalanýar. Giňden ulany­l­ýan antyseptiki erginlerden fura­sillin, 3% perkisiň wodorody, hlorgeksidin biglýukanat, gowşajyk ergini permanganat kali we ş.m. Mundan başga-da 1% hloramin, himotripsin, himopsin, pepsin we ş.m. anty­bio­tikler bilen kök akabada goýulýar ýetip bolmaýan ýokarky gatlaklarda galan weýran bolan pulpa doku­ma­lary dargatmak üçin 1-3 min goýulýar. Şeýle edilmegi kök akabadaky çürän pulpa dokumanyň doly dere­jede arassalamaga ýardam berýär. Kök aka­banyň içini arassalananda endodontit gurallary erkinlik bilen kök akabanyň içine çümdürmeli ýada ornaşdyr­maly we öz okunyň daşynda 1-2 gezek sagadyň ugry bo­ýun­ça towlamaly, guraly towlananda hiç hili garşylyk güç görmeli däl şeýlelikde kök akabadaky weýran bolan dokumalary arassalamaly, emma endodontik gural garşylyk güýç görse döwlüp içinde galmagyna mümkin. Kök akabanyň kyn geçilýän ýerlerini kök direlbor bilen seresaplyk bilen geçmeli. Esasan hem el bilen işlenilýän direlborda işlemeli. Elmydama her bir edýän hereketleriňi seresaplyk bilen ýerine ýetrmeli, endodontik guralyň dowlüp galmazlygynyň öňüni almak maksat bilen. Bormaşynyň kömegi bilen direlbor ulanylanda kök akabanyň içiniň geçirijiligi kanagatly bolanda gapma garşylyk bolmadyk ýagdaýda köküň depejigini giňeltmek maksady bilen ulanylýar. Kök akabanyň içini mehaniki arassalanmazdan öň we soňundan antyseptiki erginler bilen ýuwup arassalamak wajyp. Direlbor bilen işlenende kök akabanyň içinde 5-6 gezek towlamak bilen içindäki dargan pulpa we dentin dokumalary arassalap bolýar. Şeýdip bir­näçe gezek gaýtalamak bilen kök akabanyň içiniň doly derejede arassalamaly hem giňeltmeli. Gerekli bo­lan ýagdaýlarda kök akabada endonontik guraly goýup rentgen barlag geçirmek ýerlikli hasap edilýär. Şeý­le-de islege görä direlboryň ýogunyny kök akabany giňeltmek maksat bilen çalyşmak masalahat berilýär. Soňra kök akabanyň diwarlaryny ýylmamak maksat bilen endodontik guraly bolan raşpil bilen geçilýär.

Dişiň kök akabasyny mehaniki geçip bolmadyk ýagdaýlarda, himiki usul bilen geçilýär. Ýörite de­rman serişdelerini ulanmak bilen geçirilýär. Kök akabanyň içini doly derejede arassalanyp, soňra antyseptiki erginler bilen arassalanyp, içini guradylyp petiklemek maslahat berilýär.

6.Dişiň kök akabasyny doldurmak, haçanda içini doly derejede mehaniki we derman serişdeleri bilen aras­salanandan soňra başlanýär. Häzirki zaman kök akaba üçin hamyrlar bilen doldurylýär. Endodon­tik gurallardan kök akabany dolduryjy /kanalonapolnitel/ we kök ştoferi arkaly amala aşyrylýar.

Hökmany şekilda dişiň kök akabasyny hamyr dolduryjylar /petikleýjiler/bilen doldurylyp bolnandan soňra rentgen barlagyny geçirmek wajypdyr. Sebäbi kök akaba doly dolman, ters taraplara geçilip artykmaç hamyr petikleýji goýulmagy mümkin.

Dişiň kök akabalary doly derejede doldurylmasa, periodontit keseli bejerildi diýip hasap etmek bolmaýär.

7.Dişleriň kök akablarynyň geçrjiligi pes ýa-da geçip bolmaýan ýagdaýlarda ,impregnasion usuly we derman serişdelerini elektroforez usulyny geçirmek maksada laýyk hasab edilýär.

Impergnasion usulyna birnäçe görnüşde hödürlenen usullar bar. Olardan giňden ulanylýany Ýa.S.Pekker we E.E.Platonowyň hödürlän usuly.

Ýa.S.Pekker tarapyndan hödürlenen kümüşlendirmek usuly.

Ingidrent 30%-suw ergini bolan nitrat kümüşi ,

Reduktor 4%-suw ergini gidrohinina

Bejergi geçirilýän dişiň köküne 2-3 damja 30%-suw ergini bolan nitrat kümüşi 2-3 min dowamynda mümkin bolan ýerlerine kök iňňesi bilen dikmagy birnäçe gezek gaýtalap, soňra 2-3 min dowamynda 4%-suw ergini gidrohininiň 3-4 danjasyny damdyrmaly. Şeýlelikde kök akabanyň mümkin bolan ýerle­rini dolduryp ustini pamyga 4%-suw ergini gidrohininiň siňdirip goýmaly we 3-4 güniň dowamynda wagtlaýyn dentyn külkesi bilen ýapmak maslahat berilýär.

E.E.Platonowyň hödürlän kümüşlendirme usuly .

Ingidrent 30%-suw ergini bolan nitrat kümüşi,

25-30% naşatyr spirti :

Reduktor 10% formalin:

Taýarlanan dişe stomatologiki zübtegiň kömegi bilen 2-3 damja 30%-suw ergini bolan nitrat kümüşi 3 min dowamynda siňdirip iňňe bilen dikyzlandyrmaly, soňra akabanyň içini pamyk bilen guradyp täzeden arassa kümiş erginini iňňäniň kömegi bilen dolduryp, üstünden 25-30% naşatyr spirtini kök iňňesi bilen kök akabanyň içine itelemeli we yzy bilen 10% formalin erginini kök akabanyň içine näçe dykyp iteläp doldurmak maksada laýyk hereket hasap edilýär. Soňra pamygy siňdirilen 30%-suw ergini bolan nitrat kümüşi goýup üstiünden wagtlaýyn dentin külkesi bilen ýapylýar.

Ýa.S.Pekker we E.E.Platonowyň hödürlän usullaryny esasy üznüksiz fibroz periodontit keselinde gowy netije berýär.Emma üznüksiz granürleýji we granulamatoz periodontit kesellerinde derman erginleri bilen elektroforez usuly bejerginiň netijesini ýokarlandyrýar.

Elektroforez usuly.

Dişiň kök akabasynyň geçip bolýan ýerlerini mehaniki we derman serişdeleri bilen doly arassalap, soňra şol bejergi geçirilýän dişiň kök akabasyna aktyw elektrodyň ujini açyp daşyna ak pamyk ýuwkajyk orap derman syňdyrlyp içine dykmaly we ustyny mumiýa bilen doly ýapmaly .Derman serişdesi hökmünde 10% iýod kali we ş.m. düzminde polažytel we otersatel zarýat saklaýan erini ulanmak maslahat berilýär.Passyw elektrodi eliniň iç tarabyna çyglanan mata bilen berkidilýär.Elektrodi galwanyzasyýa geçirilýän abzala birleşdirilýär.Togyň güjini ýuwaşlyk bilen ýokarlandyryp şol dişde binjaly pessejik agyr peýda bolýança ýokrlandyrmaly.Tok güji 3 mA çenli. Bejerginiň dowamlygy 20 min çenli. Amal berjaý edilenden soň diş boşlugyny arassaja pamyk soňundan denty hamyry bilen ýapylýär.Bejergi 4-6 gezege çenly gaýtalap biliner.

Dişiň köküniň depejigindäki dokumalara täsir ederýaly fermentler toparyndan tripsin, himotripsi ulan­magy maslahat berilýär. Fermentlere ulanmak bilen elektroforez usulyny geçrlende bejerginiň dowam­lygy köp kökli dişlerde 15 min. Bir kökli dişlerde 5 min. Tok güji 1,5-2 mA çenli, bejergi 2-3 gezek gaýtalanýar. Her gezek amal tamamlanandan soňra fermentlerden kök akabany doldurmaly we dentyn ha­myr bilen ýapmaly. Ahyrky bejergiden soň hemişelik petikläp dişiň anatomiki gurluşyny dikeltmek maslahat berilýär.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]