Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Kitap ter stom.doc
Скачиваний:
29
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
3.55 Mб
Скачать

8.4. Periodontit keselleriniň toparlara bölünişi.

Kliniki geçiş aýratynlygyna ünsüňi çekseň onda iki topara bölünyär, ýiti we üznüksiz periodontilere bö­lün­ýär. Ýiti periodontitler öz gezeginde periodont dokumada emele gelen suwuklygyna görä bu toparam ikä bolünýär, ýiti seroz we ýiti iriň suwuklygina. Munyň ýaly topara bolünişik diňe näsagyň arz-şika­ýat­laryna bagly däldir, serozli görnüş az wagtyň dowamynda iriňli görnüşe geçip bilýänligini ýatlamak wajip­dyr, sebäbi bu ýagdaý birnäçe zatlara baglydyr, esasan hem näsagyň umumy bedeniniň garşylytk güýjüne.

Üznüksiz periodontitler, periodont dokumanyň dargamagyna görä üç topara bolünýär.

-Üznüksiz fibroz (periodontitis chronica fibrosa)

-Üznüksiz granürleýji (periodontitis chronica granulans)

-Üznüksiz granulamatoz ýa-da granulýomaly (periodontitis chronica granulomatosa s.granuloma).

Üznüksiz periodontitlere zyýanly ýakymsyz täsirleriň täsir etmegi bilen (grip, üşidip- gizdirmagyň) keseliň ýitileşmegine ýardam berýär.

  • Üznüksiz periodontitleriň ýitileşmegi .

Näsaglary kabul edilen ýagdaýlarynda ýiti periodontileri üznüksiz periodontitleriň ýitileşmeginden tapa­wut­landyrmaly. Şonuň üçin kliniki barlaglar bilen çäklendirmeli däldir. Hokmany şekilda, labarator, rentgen we ş.m. barlaglar geçirmek wajypdyr. 8.8. surat.

8.8. surat. Periodontit kesellerini rentgen şekilda ayratynlygynyn gornüşi.

8.5. Periodontit keseliniň geçiş aýratynlygy.

8.5.1. Dişiň köküniň depejigindäki ýiti periodontit.

Bu görnüşde öz boluşly aýratynlykly bolmak bilen duýdansyz güýçli öz-özünden köpelýän bir ýagdaýdan başga ýagdaýa geçip gaýnaglama periodont dokumada bolup geçmegidir. Aýratynlygy esasan hem bir belli dişde we onuň töwereginde güýçli agyry bolmak bilen tutup öz-özünden köpelip elmydama güýçlenýän agy­ry bolýar. Agyry gyzarma, ýellenme, çişme hem ýygnanýan suwuklygyň derejesine bagly bolup durýar. Ýiti periodontit başda ýuwaşlyk bilen şol zaýalanan dişiň özi, soňra töwereginde, wagtyň geçmegi bilen agyry köpelip, güýç­lenýär, binjalyklyk köpelip, hat-da üç şahaly nerw damaryň ugry boýunça agyryny ýaýradýar. Bu bolsa eýýäm seroz suwuklygynyň iriňli suwuklygyna geçenligini aňladýar. Ýiti kök depejigindäki periodontit 2-3 günden 2 hepdä çenli döwam edýar. Şeýlelikde bu görnüşde öz boluşly bejergi geçirmeklik talap edýär.

Aýratyn alymlar kliniki aýratynlygyny we patologiki anatomiýasyny göz öňünde tutyp, bu görnüşi iki akymda geçýär diyip hasap edýärler. Ýagny bir ýagdaýdan başga bir ýagdaýa geçýänligini, bir görnüşden başga bir görnüşe geçýänligini göz önünde tutmalydyr.

Birinji geçiş görnüşi. Periodontiti keseliniň başlangyç ýagdaýynda zäherlenme (intoksikasýa) bolup geç­ýänligini bilmelidir, bu ýagdaý esasan hem dişiň pulpit keselini öz wagtynda bejerilmedik ýa-da nä­dog­ry b­eje­rilende bolýandyr. Aýratynlygy uzaga çekýän arakesmesiz güýçlenýän agyry, şol zäherlenen dişiň deňin­de bolýar. Soňra dişler galtaşanda agyry köpelip, güýçlenýär binjalyklyk başlaýar. Dişiň de­ňinde parodontda (desnada) hiç-hili çişmäniň alamatlary ýüze çykmaýar. Ýöne dişiň üstüne dik­li­gine kaky­lyp gör­len­de agyry peýda bolýar. Sebitdäki limfa damarlary palpasyýa edeniňde ulananlygyny we agyry mälim bolýar.

Patanatomiýasy. Dişiň periodont dokumasyna kesel dörediji mikroorganizimleriň, fiziki, himiki, me­ha­niki täsirleriň esasynda öýjükleriň metobolizimi bozulýar, şeýlelikde dokumada süýt turşulygy emele gelip, soň­ra açidoz ýüze çykýar. Bu bolsa dokumalaryň ýellenmegine, damarlaryň diwarynyň dykyz­ly­gy, maýşgak­lygy, syzyjylygy bozulyp, leýkositler çykyp başlaýar. Mikroskop (ulaldyjy) bilen seredilen­de gan damarla­r­da gyzarma emele gelenligini ýüze çykarylýar. Daş töweregindäki damarlar seroz su­wuk­lyga aralaşyp, ýel­len­me emele gelip, çişmäniň alamatlary gurşap alýar. Şu akymda limfa we gistio­sitar suwuklygy ýygnanýar.

8.8., 8.9. surat.

8.9. surat. Dişiň köküniň depejigindäki ýiti periodontitde suwuklygyň (infiltratin) ýaýramagy, zäher­len­mäniň (intoksikasiýa) geçýän döwürde

Ikinji geçişi görnüşi: Bu ýagdaýda suwuklygyň ýaýramagy bilen üznüksiz, dowamly agyrynyň köpe­l­ýänligi bellidir. Şol ýagdaýda durup, ka halatlarda güýçlenýänligi bilen bellidir. Şonuň üçin dişe deglen halatynda ýa-da iýmit çeýnelende agram düşmegi bilen şol dişde binjalyk köpelip, agyry artýar. Dişe kakylyp görlende ilki dikligine, soňra bir az wagtyň geçmegi bilen hemme taraplayn kakylanda güýçli agy­ry bolýär. Dişiň köküniň depejigine suwuklyk bilen dişiň agramlyk ýaýradyjy işjeňligi bozulýar, şeýlelikde näsag şol agyryly dişi ösen ýaly duýar hem dişde gymyldynyň derejesi artýar. Bu ýagdaýlar süýmleriň dargamagyna getirip, fibroz (kollogen) süýmler söklenip bölekleýin dargaýan wagty bolyp bilýär. Kesel bolan dişiň deňinde dişýany dokumanyň (desnanin) we onuň aşagyndaky nemly bardanyň gyzarmagy, ýellenmegi hem çişmegi peýda bolýär, şol ýerleri basylyp barlananda (palpasiýada) dişiň köküniň depejiginiň deňinde agyry ýüze çykýar. Şeýleleikde dişiň pulpasy sowuga we gyzgynlyga duýujylygy ýitýär.

Dişiň we äň süňküniň töweregindäki ýumşak dokumalarda ýellenme peýda bolýar, nemli barda-da dişiň deňinde gyzarmagy, ýellenmegi hem gasynly geçýän gatlaklary gabaryp, ýylmanýar we pokgerýär. Sebäbi suwuklygyň derejesi ýokarlanýar we jemlenip iriňli ojaklar emele gelýär. Dişiň daş töweregini iriňli suwuk­lygy gurşap alýanlygy sebäpli, kä halatlarda diş kakylyp (perkusiya) görlende agyry ýitýär, sebäbi dişi gurşap saklaýan süýmer we birleşdirji dokumalar gaýnaglama sebäpli gowşaýar, ýöne basylyp (palpasiýa) barlagyny geçirilende güýçli agyry peýda bolýar. 8.10. surat.

8.10. surat. Iriň suwuklygy periodont yşynyndan daş töweregine ýaýraýşy.

Ka halatlarda absces döremegi bilen parodontyň (desna) nemli bardasynyň astynda suwuklyk köp möçberde ýygnanmagy bilen agyry syňňynlyk bilen köpelýär. Iriňli suwuklygy ýygnanyp dişiň köküniň deňinde nemli bardany ýa-da deriden ýarylyp iriň külteýän ýoda (swiş) emele gelmegi bilen agyry azalyp näsaga rahatlyk aralaşýar.

Ýokarky äňde kiçi we uly azy dişlerde periodontit keseli bolan ýagdaýda iriň ýodasy (swiş) ýokarky äň boşlugyna (gaýmorowam pazuha) açylýan halatlar hem bolup bilýär, şonda äň (gaýmorowa) boşlu­gynda gaýnaglama inflimatiýa başlap biler. Şonda umumy bedeniň gowşamagy bilen umumy beden gyz­gyny (tempiratura) ýokarlanyp, ýürek bulanma, gaýtarmak, uki bozulmak ýaly ýagdaýlar ýüze çyk­ýar. Munuň ýaly ýagdaýlarda awuly iýmitler sebitdäki limfa damarlaryna ornaşyp başlaýar, şonuň üçin limfa damarlary ulanyp agyry peýda bolýar. Ganyň düzüminde leýkosit,15-25*10/9/ lit, ECD ýokar­lanýar.

Patologiki anatomiýasy: Ýiti periodonditiň şu görnüşinde leýkositar suwuklygy (infiltrat) ýokarlan­ýar, ulaldyjy (mikroskop) bilen seredilende adaty ýagdaýdakydan ýiti çişmäniň bolmagy bilen suwukly­gyň (in­filtrat) düzüminde ileýkositleriň mukdary köpelmek bilen leýkositleriň dargamagy (migrasiyasy) baş­laýar, dokumalarda iriňli ojaklar döreýär. 8.11.surat. Periodont dokumany gurşap duran äň sünkün­de we başga ýumşak dokumalarda gyzarma, ýellenme peýda bolup başlaýar. Süňküň gaty gatlagynyň gal­ňamagy başlap we iriň aralaşmagy bilen süňk ýüliginde gan öýmegi we irinli suwuklygynyň jemlenmegi başlaýar.

8.11. surat. Dişiň köküniň depejigdäki ýiti periodontitde leýkositar suwuklygynyň görnüşi.

Şol wagtyň özünde süňk dokumanyň eremegy we das-töwereginde öýjüklerde, süýmlerde, dokumalar ga­p­dala ýykylmagy bolup geçýar. Onuň daş-toweregindäki birleşdirji dokumalarda ziýan yetmedik do­ku­ma­laryň hasbyna öýjükleriň köpelmegi bolup geçýär. Dişiň köküniň depeiginde periodont doku­mada mukopo­lisaharidler ýokarlanýar, ýöne adaty mukopolisaharidiň derejesi üýtgemeýär. Periodontiň depe­ji­gindäki öý­jük­lerde ribonukleýinleriň mukdary köpelmegi bilen alawlamanyň suwuklygynyň derejesi pe­selýär. Ýokar­da agzalyp geçilen ýagdaýlary periostit we osteomielit kesellerinede meňzeş bolup bilýär.

Anyklamasy. Ýiti periodontit keselini anyklamak uly bir kynçylyk döretmeýär. Dişiň köküniň towere­gin­däki süňküň düzüminiň üýtgemeginiň derejesi we ýaýraýşy iki zada bagly bolup durýar.

Birinji alawlamanyň dowamlygyna. Ikinji (periodont dokumanyň düzüminiň üýtgemegine baglydyr. Dü­zü­mi­niň üýtgemegi ýiti periodontitde näsaglaryň äň süňkünde birnäçe gün geçenden soň rentgen şekilda ýüze çikaryp bolýar. Dogry hem doly keseliň taryhyny öwrenmek keseli anyklamaga uly ýardam berýär.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]