Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Kitap ter stom.doc
Скачиваний:
29
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
3.55 Mб
Скачать

Sterilizasiýa we dezinfeksiýa

1. Demirden ýasalan gurallar 60 min. dowamynda 160–180 oC gyzgynlykda, sterilizatorda aras­salan­ýarlar, egerde sterilizator bolmadyk ýagdaýlarda distillirlenen suwda gaýnatmaly we soňundan ýenede gaýtadan 30 min gaýnatmaly .

2. Daňy üçin serişdeleri we rezinden ellikleri gyzgyn bugyň kömegi we awtoklawdaky buguň basyşy bilen arassalanýar. Awtoklawyň birnäçe işleýiş düzgüni bar.

  1. 120 oC temperaturada, basyşy 1 atm .- 45 min. dowamynda;

  2. 132 oC temperaturada, basyş 2 atm.- 30 min. dowamynda;

Arassalanan gurallary we daňy üçin serişdeleri saklamak üçin, ýörite tegelek /biksler/ gaplar ulanylýar. Ol gaplarda gurallaryň arassalygyny 3 güne çenli saklamak bolýar, eger biksler açylsa onda bir güniň dowamynda saklamak bolýar we soňra gaýtadan sterilizasiýa geçirmek maslahat berilýär.

  1. Kesiji gurallar himiki usul (sowuk sterilizasiýa) bilen arassalanylýar, sebäbi ýokary tempratu­ra­da gurallaryň ýüzi zaýalanýar:

  • 3 sagadyň dowamynda 50 oC temperaturada bolan 6%-li hydrogeni peroxidiň ergininde saklamaly;

  • 6 sagadyň dowamynda 18 oC temperaturada bolan 3 %-li hloramin ergininde saklamaly;

- 180 min. 3 %-li perikis wodorod ergininde saklamaly;

  • 90 min. 4% üçem ergininde saklamaly;

Üçem ergininiň düzümi: 20 ml - formalin, 15 ml – natriniň gidrokarbonaty, 3 ml - suwuk, rassalanan fenol, 1000 ml arassalanan (distillirlenen) suw.

  1. El ýuwulýan çotgalar arassalamak üçin, ilki bilen 2-3 sagatlap 1%-li hloramin ergininde sak­lan­ýar, soňra 40 min. dowamynda gaýnadylýar.

Egerde gurallar ýokanç keselli näsag kabul edilende ulanylan bolsa, ýa-da iriňli ýaralarda ulanylan bolsa, onda hökmany suratda başga tertipde arassalanmaly:

1. Inçe keselli näsaglar kabul edilenden soň, ulanylan gurallary 240min. dowamynda 5% -hloramin ergininde ýa-da 180 min. dowamynda 3%-li gidrogeni peroxidiň ergi­nin­de saklamaly we arassa akar suwda ýuwup, guradyp sterilizasýa geçirmeli.

2. Iriňli ýaralarda ulanylan gurallary 30 min. 1%-li hloramin ergininde saklap, soňra bolsa sterliza­sýa geçirmeli.

3. Wirus we başga ýokanç keselli näsaglar kabul edilenden soň, ulanylan gurallary hökmany ýag­daýda 30 min. 1%-li hloramin ergininde ýa-da 80 min. 3%-li hydrogeni peroxidi ergininde sakla­maly we arassa akar suwda ýuwup guradyp sterilizasýa geçirmeli.

4. Ýokançly sary getirme keseli /Botkin keseli/ bilen kesellän näsaglar kabul edilenden soň, ulany­lan gurallary 60 min. 3%-li hloramin ergininde ýa-da 90 min. dowamynda 4%-li hydrogeni pero­xidi ergininde saklamaly we arassa akar suwda ýuwup guradyp soňra sterilizasýa geçirmeli.

Gurallaryň arassalygyny anyklamak üçin, ýörite barlag usullaryny geçirmek wajypdyr, sebäbi käbir halatlarda ganyň gurallarda gatap galmagy bilen olar, gurallardan doly aýyrylmaýar. Şeýle ýagdaýlarda gözegçilik etmek üçin şu aşakdaky usullar bilen barlag geçirilýär;

-Benzidiň barlag usuly;

-Amidoprin barlag usuly

-Fenolftalein barlag usuly;

Bu barlag üçin ýörite erginler ulanylýar we ol erginler gurallara damdyrylýar. Eger-de erginiň reňki üýtgese onda ol guralyň arassa däldigi barada subut edýär.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]