Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Kitap ter stom.doc
Скачиваний:
29
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
3.55 Mб
Скачать

8.2. Periodontitiň sebapleri.

Periodontit keseli öz sebäplerine görä infeksion, şikeslenme we güýçli derman serişdeleriň täsiri ýet­megi arkaly döreýär. Bular üç topara bölünýär. Keseliň geçiş aýratynlygyny göz öňünde tutup bejergi geçirilse ýoka­ry netijeler berýär. Şonuň üçin keseliň sebäplerini topara bolüp onuň esasynda keseliň geçiş aýratyn­lykla­ryny göz öňünde tutmaly, mikroorganizimler bilen zeper­lenmek, periodont dokuma­synyň bozulmagy, iýmitlenmegiň bozulmagy, güýçli täsir edýän derman ergininiň zeperlenmegi.

Infeksion-mikroblaryň zäherleriniň täsir ýetmekliginde ‘ýokanyçperiodontit esasan hem kesel dörediji bakterýalaryň periodont dokuma aralaşmagyndan başlaýar. Esasan hem olardan strep­tokokklaryň gan soru­jylar däl toparyary-62%, ýaşyljalary -26% we gan sorujylaryň (gemolitiki)-12%. Mundan başgada mikroor­ga­nizimler duş gelýänligini. Petriniň gapjagazynda mikroor­ga­nizimler ekilende dürli görnüş­dä­ki­leriň duş gelýändigini ylymy edebiýat çeşmelerde belle­nilýär. Laktobakteriyalar, droj gornüşli kömele­jikler we ş.m.keseliň döremeginde ýardam berýär.

Kesel dörediji bakterýalaryň periodont dokumalara dürli ýollar arkaly aralaşýarlar.

Diş pulpasynyň çüýräp dargamagy bilen kök akabanyň içinden, parodont keselleriň gaýry üzül­megi we periodont dokumany gurşap duran dokumalarda gaýnaglama (infilamatiýa) (osteiomiýelit, eriostit, gaýmorit) bolan ýagdaýlarda gan limfa damarlarynyň üsti bilen aralaşýarlar.

Periodontit kesellerinde mikroorganizimleriň birnäçe görnüşleri bardygy labarator barlaglar geçirilende ýüze çykaryp bolýanlygyny aýry-aýry alymlar öz işlerinde belläp geçýärler.

I.N.Cuprunowanyň geçiren ylymy işlerinde belläp geçişine ünsüňi çekseň, onda onuň barlag geçiren 129 sany üznüksiz periodontit keselli dişlerinden, 186-sany görnüşli kesel dörediji mikroblaryň bardygyny ýüze çikaranlygyny belleýär. Esasan hem streptokokklaryň gan sorujy we gansorujylar däl toparlary hem stofilakokklar barlygyny anyklanylypdyr.Mundan başgada laktobakterýalar, droj görnüşli kömelejikleriň, wiruslar keseliň döremegine sebäp bolanlygyny belleýärler.

Şikeslenmesi-Dişiň periodont dokumasynyň şikeslenmesi iki görnüşli bolýär. Birinjisi ýiti, ikinjisi üznüksiz şikeslenmedir. Ýiti şikeslenme diýip esasan hem güýçli, gysga wagtda zarply güýçleriň täsirini dişiň periodont dokumasynda ýetirilen ziýanlara aýdylýar. Bu ýagdaý esasan hem çagalaryň, özleriniň oýunlar oýnanynda, sport bilen meşgullananda we uly adamlarda şykeslenmeler esasynda bolup bilýär.

Üznüksiz şikeslenme: Nädogry petiklenen dişler, nädogry ýasalan protezleriň klameralary, emeli demir we beýleki görnüşdäki koronkalar, ortodontik gurallary, (haçanda diş hatarlaryny dogurlamak üçin ulanylanda) äňleriň nädogry galtaşmasyna täsir edilýän ýagdaýlarda bolup biler.

Ýokarda agzalyp geçilen ýagdaýlar dişiň periodont dokumasyna zyýanly täsir ýetende gan öýmeklik, periodont dokumasynyň alawlamasyna getirýär .

Üznüksiz şikeslenme, artyk agramlyk bir dişiň üstüne uzak wagt düşende, agramlygy hemme dişleriň ustü­ne deň ýaýradyp bilmedik ýagdaýda ýüze çykýar. Şikeslenme esasy kesiji we gyýak dişlerde köp gabat gelýar.

Güýçli täsir edýän derman serişdeler bilen zeperlenmesi Dişiň periodont dokumasyna güýçli täsir edýän derman serişdeleriň täsirine ýüze çykaryp bilyär. Haýsy-da bir derman erginleri periodont dokumasyny gyjyndyran ýagdaýlarynda allergiki ýagdaýlar ýüze çykyp, perio­dont dokumada funksional üýtgeşmeleri bolup geçýär. Bu ýagdaý esasan dişiň pulpasynyň Çişmesinda myşýak hamyrlaryny goýlup bejerilende, ýagny möçberi köp, ýa-da uzak wagt goýulanda ýuze çykýar. Kök akabalaryny güýçli derman erginleri bilen arasalananda bolup biler. Köp halatlarda dişiň kök akabalaryny petiklenende (sementler, plastmaslar), petikleýji düzüminde tenol, formalin we ş.m. awuly jisimler saklaýan hamyrlar bilen kök akabalary doldurlanda döräp biler. Şuniň ýaly sebäplerini toparlara bölünende periodontit kesellerini bejermeklik usullaryny saýlap almak we gecirmek aňsat bolýär, hem-de gaýry üzülmeleriň öz wagtynda öňüni alyp boljaklygyna mümkinçiligi döreýär.

Käbir ýagdaýlarda diş ýany dokumalarynyň şikeslenmesinde, mikroorganizimleriň periodont dokuma­syna aralaşmagynda we derman erginleri bilen täsir edilende periodont dokumasynyň alawlamasyna alyp barýar. Şunyň ýaly ýagdaylarda ‘ýokanyçýada derman erginleri sebap bolýanlygyny saýgarmak aňsat bolmaýar. Şonuň üçin näsaglardan doly keseliň taryhyny öwrenmek wajyp bolýar .

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]