Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Kitap ter stom.doc
Скачиваний:
29
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
3.55 Mб
Скачать

8.6. Surat. Periodontdaky epitelial galyndylary.

8.7. surat Nerw gan damarlaryň desseleri we aşaky alweolýar gaty gatlagyň diwary.

1. nerw - damar dessesi.

2. aşaky alweolýar gaty gatlagyň diwary.

Periodont dokumasy gan, limfa we nerw damarlardan torajagazlara baýdyr. Periodont jaýry­gynyň depe­jigini 7-8 sany sahajyklar dişe golaý ugurdaş ýerleşýän torjagazlaryň esasy arter­ýalardan gaýdýar (a.alveo­l­ýaris superior, posterior, anterior) ýokarky äňden., a.alweolarys inferýor bolsa aşaky äň-de. Şu sahalar bölnüp arabaglaşyk (anastomoz) emele gelip torjagazlar dişiň köküniň daş töweregini gurşap alýar. Dişiň köküniň orta bili we boýunjyk bölegine golaý ýerlerini alweolýar aralykdaky arteriýanyň sahajyklary (rami interalveolýares), ýagny alweolýar boşlugynyň içine wena gan damarlary bilen diwar­dan ýaýraýarlar. Periodont yşynynda limfa damarlar gan damarlar bilen birlikde gaýtalanýar.

Periodontiň nerw damarlar gan damarlary ýaly gaýtalanyar. Miýalin newr damarlar dişiň kökü­niň üçden bir boleginiň depejik böleginde periodont yşynda fibroz dessejigine we ýönekeý rihli birleşdirji dokumanyň görnüşine geçip gidýär. Belli bölekleri periodont yşynyň ugry boýunça kese ýatýarlar. Periodontiň orta bili we boýunjyk bölegide äň süňküniň alweolýar boşlugynyň diwaryndan nerw damarlara aralaşýar. Dişiň periodont jaýrygynda diş köküň depejiginden başlap boýunjyk bölegine çenli duýujy nerw damarlaryň şahajygy dürli görnüşdäki düzümi bilen aralaşýar. Ýöne nerw damarjiklaryň dessejiklerini köküň depejik böleginde has köp ýerleşýär we boýunjyk böleginde az ýerleşýärler.

Periodont dokumanyň düzümi bir durkyny saklamaýar hem öziniň ýaşyna görä üýtgäp durýar. Şu üýtgemek diňe süýmleriň düzümi dal öýjügiň hem düzümi üýtgeýänligini aýratyn alymlar belleýärler.

Döwürleri üçe bölünyp, olaryň birinjisi 20-24 ýaşa çenli bolup, periodont yşynyň ösüp kemala gelip kollogen süýmleriň düzüminiň kadalaşyp öz orunlarynda ýerleşýän döwrüdir.

Ikinji döwür (25-40 ýaşda) periodont dokumanyň doly ösüp ýetişýän we öz düzümini kän bir üýtgetmeýär.

Üçinji döwür (40 ýaşdan ýokary) Periodont dokumanyň düzüminiň üýtgemegi kollogen süýmleriniň dessejikleriniň bölünmegi bilen diwaryň üýtgemegi bolup geçýär. Kollogen süým­lerine kümüşlendirme usulynyň täsirine görä gara renke geçmegi, aragofil süýümini hem şonuň ýaly üýtgedýär. Esasan hem dişiň köküniň boýunjyk böleginiň periodont jaýryjaklarynda düzü­miniň üýtgeýänligi bellemek bolar. Emma äň süňküniň alweolýar we sementiniň süýmleriniň düzümi kän bir üýtgemeýär. Periodont dokumanyň öýjükleri ýaşa görä üýtgeýär. Az tapawut­landyrylýan fibroblast özini iň köp ýaýraýan döwri 20 ýaşa çenlidir. Süýmleriň guruplanmagy bilen fibroblastlar öz möçberini azaldýar.

Periodontyn işjeňligi.

- Dişi berk saklaýjy

- Dişiň üstüne düşýän agramlygy ýaýradyjy

- Gurluşyk

- Iýmitlendiriş

- Goraýyş

- Duýujylyk (Sensor)

Esasy funksiýasy - Dişi berk saklaýji. Dişiň äň süňküniň alweolýar oýtumynda süýmleriň kömegi bilen alweolýar boşlugynda berk saklaýar. Periodont yşynynda dürli görnüşdäki süýmler ýerleşmek bilen dişleri äň süňküniň alweol boşlugynda berk saklaýar, ýa-da alweolýar oýtumynyň (lunkanyn ) içinde sallanyp durar ýaly saklaýar.

Periodontiň ýene bir esasy funksiýalarynyň biri dişiň üstüne düşýän agramlygy ýaýra­dyjy­dyr. Ýagny iýmit iýlende, çeýnelende üstüne düşýän agramlygy deň paýlaýjy ayratynlygy bardyr. Bu borjy fibroz süýmleriň köplügi hem dikiz ýerleşmegi bilen gapdaldan goşmaça süýmleriň goşulyşmagy (anesta­moz) we az möçberde birleşdirji dokumanyň dişiň köküniň depejiginde ýerleşmegi bilen baglydyr.

Gurluşik (plasticeskiy) funksiýasy periodont dokumadaky öýjükleriň hasabyna geçirilýar. Semen­tositler sement gatlagyny ikilenji gezek döredýär, odontoblastlar bolsa süňk dokuma ýardam berýär.

Periodontda Gan we nerw damarlaryň ýardam bermegi bilen iýmitlendiriş funksiýany ýerine ýetirýar. Dişiň köküniň sementi we alweolýar oýtumynyň daşky gaty gatlagy iýmitlenýärler.

Dişiň periodont dokumasy ýokarda bellenilende başgad-a dişleriň ösmegine, çykmagynda we çalyşýan döwürlerinde işjeňlige gatnaşýar, hem-de duýujylyk we goraýyş işlerini ýerine ýetir­ýar. Şunluk bilen periodont dokumasy umumy bedeni dürli kesel dörediji bakterýalardan we olaryň zäherlerinden hem-de däri-dermanlardan goraýan beden diýip hasap etmek bolar.

Şeýlelikde dişiň periodont dokumasy dürli gornüşdäki çäklendirlen işleri ýerine ýetirýär. Periodontiň ýerine ýetirýän işlerini kadaly saklamak diňe bir ony gurşap duran dokumalary goramak däl, bitewi umumy bedeni goraýanlygyny bilmelidiris, sebäbi diş köküniň ujundaki emele gelýän ojakly alawla­manyň (infilamatiýa) bolmagy umumy bedeni zäherlemeginden çäklendiriär.

Aýratynlykda periodontiň embriogenezini, anatomiki gurluşyny we ýerine ýirýän işlerini giňişleýin beýan etmek mümkin däldyr. Sebäbi periodont dokumasyny gurşap duran beýleki dokumalar (alweolýar oýtumy, parodont we ş.m.) bilen berk bagly bolup durýar. Muniň şeýledigini patologiki hadysalary ýüze çykan­da mälim bolýar, hökmöny şekilda azda-kände öz täsirini ýetirýänligini ýüze çykarmak kyn bolma­ýar. Bula­ryn hemmesi periodontiň öz daşyny gurşap duran dokumalar bilen berk baglydygyny we şol doku­malaryň bir bölegi diýsek hakykadan daş düşülmez. Periodontiň alawlamasyna (infilamatiýasy)- periodontit diýilýär.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]