Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Kitap ter stom.doc
Скачиваний:
29
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
3.55 Mб
Скачать

7.7.3.2. Pulpanyň dewital ekistropasyýa geçirilişi

Bu usuly biziň döwletimizde giňden ulanylýar. Muniň üçin Myşýak turşysyny, agyrsyzlandyryjy, antisep­tikler, çişme hadysa garşy serişdeler we şeýle-de glýuko­kortikoidler saklaýan hamyrlar ulanylýär. Myşýak ha­myryny dargan dentinlerden arassalap, diş pulpasynyň üstüni şar şekilli borlaryň ýa-da dürtgüjiň kömegi bilen açylandan soň pulpanyň açyk ýerine goýulýär, onuň üstünden agyrsyzlandyrjy siňdirilen ýagly ak pa­my­gy goýulyp, onuň üstüni dentin hamyry bilen agram düşürmän doly ýapmaly. Bir kökli dişlerde 24 sagat, köp kökli dişlerde 48 sagada çenli goýulýär. Myşýak hamyry agyz boşlugyna düşmezligini gazanmaly.

Ikinji gezek näsag ýüz tutanda wagtlaýyn daňyny aýyryp dişiň täc bölegini açyp pulpa dokumany aýryp, kök akabany arassalamak we derman serişdeleri bilen ýuwup, arassalap, periodontit keseliniň ýüze çykma­gynyň öňüni almak maksat bilen ýod ergini bilen kök akabanyň içini ýüwmak ýerlikli bolar, guradylyp kök akabanyň içini petikläp soňra dişiň anatomiki gurluşyny dikeltmek bilen amal berjaý bolýär.

7.7.3.3. Pulpanyň dewital amputasyýa geçirilişi

Amaly stomatologiýada bu usuly seýrek ulanylýär, esasan hem umumy keseli bolan /ýürek gandamar keselleri, infark miokarda, insult we agyr operasiýa geçiren/ näsaglarda. Şeýle-de bu usuly köp kökli diş­lerde ulanylyp akabanyň geçmesi kyn akabalarda maksada ylaýyk. Myşýak hamyry goýlup, pulpa jansyz­landyrlandan soň, täç pulpa aýyrlmagy bilen kök akabadaky jansyz pulpany mumýalaşdyrylýär, ýagny impirgnasyon usuly ulanylýär.Ýörite taýýarlanan hamyrlar ulanylyp dişleriň kök akabasynda goýulýär.

Derman serişdeleri bilen ýüwlyp arassalamak işini pulpany aýrylmagy bilen gan saklamak maksady bilen antiseptik erginleriň gowşak aşgar toparyndan bolan serişdeleri ulanmaly, periodont dokumany gyjyndyr­maz ýaly. Bu görnüşdäki usul ýalňyşlyk bilen pulpanyň üsti açylmagy, bölekleýin seroz –iriňli, fibroz, gypertrofiki pulpit kesellerinde antyseptik erginini ulanylmaly periodont dokumada üýtgeşme bolmaz ýaly. Kök akabany ýuwmak üçin 1% hloramin, 2-3% gipohlorit natry, 0,1 % dekamin, furazolidon, furasillin, hlorgeksidin, protelitiki fermentlerden erginleri maslahat berilýär.

Kök akabany doldurmak üçin periodont dokumany gyjyndyrmaýan hamyrlary ulanmak ýerlikli hasaplanylýär.

Häzirki wagtda giňden ulanylýan hamyrlardan

-Gidroksit kalsi esasynda taýarlanan hamyrlardan Biokaleks (Fransiýa),Tempkanal –Ca (ABŞ).

-Diaket (Germaniýa)

-Krezopasta (Fransiýa)

-Hamyrlar ewginol we okisid sinka esasynda taýarlanan Germetik (GFR),Grossmana (ABŞ), Ewgodent (RF).

-Epoksit smol esasyndan AN-26,AN-PLUS (Angliýa )Endodont,Introdont (RF).

-Rezorsin –formalyn esasyndan .rezorsin-formalyn hamyry, Forident, (Çehiýa), Biopast, Forfenan (Fransiýa).

-Gataýan petikleýji serişdeler.

Pulpit kesellerini bejerlende göýberilýän säwlikler we gaýry üzülmeler

Dişiň pulpasynyň ýaşaýşa ukyplylygyny ýokarlandyrylýan usul bilen bejerilende gaýry üzülmesi pulpanyň çüýremegi ýüze çykarylyp, wagtynda öňüni alynmasa periodont dokumada gaýnagla­ma­nyň ýüze çykma­gy­na alyp barýar. Bu ýagdaýlar esasan hem däri-derman nädogry saýlap alynmak, seroz ýagdaýdan geçip iriňli pulpit keselini bejerilmek maksady bilen biologiki usulyny saýlanyp alynmagy we bu usuly nädogry geçirilmegi.

-Keseli nädogry anyklanylmagy.

-Diş boşlugyny deşilmegi .

-Endodontik gurallaryň döwülmegi.

-Petikleýji serişdeleri nädogry saýlap alynmagy.

-Kök akabany doly doldurylmadyk ýagdaýda .

-Köküň depejigine petikleýji çykarylmagy.

-Agyrsyzlandyrmagy nädogry geirilmegi .

-Uzak wagt myşýak hamyryny goýulmagy.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]