- •Institutynyň talyplary üçin
- •Terapewtik stomatologiýanyň ösüşi we onuň öňünde durýan meseleler
- •Stomatologiýa gullugyny guramak
- •Häzirki zaman stomatologiýa gullugy şu aşakdaky görnüşlerden ybarat:
- •2.1. Stomatologyň otagynyň guralyşyna talaplar we kadalar.
- •Stomatolog lukmanyň otagynda şu aşakdaky enjamlar bolmaly:
- •Terapewtik stomatologiýada aseptika we antiseptika
- •Sterilizasiýa we dezinfeksiýa
- •Amidopirin synagynda Ulanylýan erginiň düzümi şu aşakdakylardan ybarat:
- •Agyz boşlugyndaky synalaryň we dokumalaryň gurluşy we ýerine ýetirýän işleri
- •3.1. Agzyň nemli bardasy
- •3.1.1. Agzyň dürli bölümlerindäki nemli bardanyň gurluşy
- •3.1.2. Agzyň nemli bardasynyň ýerine ýetirýän işleri
- •3.2. Sülekeý mäzleri, sülekeý we agyz boşlugynyň suwuklygy
- •3.2.1. Sülekeý mäzleri
- •3.2.2. Sülekeý we agyz boşlugynyň suwuklygy
- •3.2.3. Sülekeýiň ýerine ýetirýän funksiýalary
- •We ösüp çykyş möhletleri
- •3.3.1. Dişleriň anatomik gurluşy
- •3.3.1.2. Hemişelik dişler
- •3.3.2. Dişiň gaty dokumalarynyň gistologik gurluşy, himiki düzümi we ýerine ýetirýän işleri
- •3.4. Agyz boşlugynyñ mikroflorasy
- •3.5. Agyz boşlugynyñ goraýjy mehanizmleri
- •3.5.1. Mahsus däl goraýyş faktorlar
- •3.5.2. Mahsus goraýyş faktorlar
- •Mahsus goraýyş faktorlar
- •Agyz agzalarynyň ýagdaýlaryny anyklamagyň usullary
- •4.1. Näsagdan sorag-ideg edilişi (subýektiw barlaglar)
- •4.2. Obýektiw barlag usullary
- •4.2.1. Seretmeklik
- •4.2.1.1 Daşky serediliş
- •4.2.1.2. Agyz boşlugyna seretmek.
- •Dişleriň etlerine seretmek
- •Cpitn indeksiniň kesgitlenişi
- •Agyz boşlugynyň gigiýeniki ýagdaýlarynyň kesgitlenişi
- •4.2.1.3. Agyz boşlugynyň içki bölegine seretmek
- •Agzyň nemli bardasynda bolup geçýän patologik hadysalar
- •4.2.1.4. Dişlere seretmeklik
- •4.2.2. Dişleriň perkussiýasy
- •4.2.3. Palpasiýa barlagy
- •4.2.4. Temperatura duýujylygyny anyklamak.
- •4.2.5. Diş dokumalarynyň ýagdaýlarynyň elektrik togunyň kömegi bilen anyklanylyşy
- •4.2.6. Rentgen anyklaýyş usullary
- •Rentgen barlaglaryň usullary:
- •4.2.7. Transillýuminasiýa anyklaýyş usuly
- •4.2.8. Lýuminesent barlag usuly
- •4.2.9. Funksional takyklamalar
- •4.2.10. Funksional barlaglary
- •4.2.11. Laboratoriýa barlag usullary
- •4.3 Stomatologik näsaglarynyň hasaba alnyş kartasy
- •Kariýesden özge zeperlenmeler
- •Kariýesden özge zeperlenmeler.
- •Syrçanyň kemterliligi (gipoplaziýasy)
- •Dişleriň menekliligi (flýuorozy).
- •Syrçanyň artykmaçlygy (giperplaziýasy)
- •Dişler ösüp çykanyndan soňraky döwürlerde ýüze çykýan kariýesden özge zeperlenmeler
- •Pahna şekilli kemtik.
- •Dişleriň gaty dokumalarynyň patologik sürtülmesi
- •Dişleriň eroziýasy
- •Dişleriň gaty dokumalarynyň nekrozy
- •Dişleriň himiki (turşulardan) nekrozy
- •Dişleriň ýiti şikeslenmesi
- •Dişleriň kariýesi
- •6.2. Dişleriň kariýesiniň toparlara bölünişi
- •6.3. Kariýesiň klinikasy
- •6.4. Dişleriň kariýesiniň patologik anatomiýasy
- •6.5. Diş kariýesiniň döreýişiniň nazary ýollary (takyklamalary)
- •Şats we Martiniň helasiýa teoriýasy
- •Kariýesiň döremeginiň häzirki zaman düşündirilişi
- •Surat № 6.6. Kariýesiň döreýşiniň taslamasy.
- •6.6. Diş kariýesiniň bejerlişi
- •Blek boýunça kariýes köwekleriniň klaslara bölünişi
- •I klas kariýes ojaklarynyň şekil aýratynlyklary.
- •III klas kariýes köwekleriniň şekilleri.
- •IV klas kariýes köwekleriniň görnüşleri.
- •V klas kariýes köweginiň taýýarlanyşy.
- •6.6.2. Petikleýji serişdeler
- •6.6.2.1. Wagtlaýyn ulanylýan petikleýjiler.
- •6.6.2.2. Aralaýjylar.
- •6.6.2.3. Hemişelik petikleýjiler
- •Sementleriň oňaýly taraplary:
- •Sementleriň oňaýsyz taraplary:
- •Petikleýjileri gatatmaklyk üçin ulanylýan fotopolimerzatorlar (gatadyjy çyralar) we olaryň ulanylyşy
- •6.6.3. Gaýtadan dikeldiji serişdeler bilen köwekleri doldurmaklygynyň tapgyrlary
- •6.7. Kariýesiň bejergisinde goýberilýän säwlikler we gaýra üzülmeler
- •Dişleriň pulpasy
- •7.1.1. Dişiň pulpasynyň anatomiki, gistologiki gurlyşy we fiziologiki aýratynlygy
- •7.1.2. Diş pulpasynyň gistologiki gurluşy
- •Diş pulpasynyň gistohimiýasy
- •7.1.3. Diş pulpasynyň gan üpjinçiligi.
- •7.1.4. Diş pulpasynyň nerw üpjinçiligi
- •7.1.5.Diş pulpasynyň ýerine ýetirýän işleri.
- •Iýmitlendiriş
- •Iýmitlendiriş işjeňligi
- •7.3. Dişiň pulpit keselleriniň sebäpleri.
- •7.3.1. Döreýiş sebäpleri.
- •7.4. Diş pulpasynyň çişmesiniň geçiş aýratynlygy, morfogenezi, mikrosirkulýator üýtgeşmesi.
- •7.3. Surat. Diş kök akabasynyň esasy arteriolynyň diwarynyň ultrodüzmi.
- •7.5. Diş pulpasynyň çişmesiniň toparlara bölünişi.
- •7.6. Pulpidiň geçiş alamatlary we anyklanyşy.
- •7.6.1.Ýiti ojaklaýyn pulpit.
- •7.6.2.Ýiti ýaýraň pulpit.
- •7.6.3. Üznüksiz fibroz pulpit.
- •7.6.4.Üznüksiz gipertrofiki pulpit.
- •7.6.5. Üznüksiz çüýreme (gangrenoz) pulpit
- •7.6.6. Üznüksiz pulpidiň ýitileşmegi.
- •7.7. Dişleriň pulpit keselleriniň bejerliş usullary
- •Bejerliş usullar
- •7.7.2. Pulpit keselini wital amputasyýa geçiriliş aýratynlygy.
- •7.13. Surat. Wital ekistropasiýa amputasion usuly
- •7.7.3. Hirurgiki usuly.
- •7.7.3.1. Pulpany wital ekstirpasyýa geçirilişi.
- •Pulpit bejerlende wital ekistropasyýa usulynyň geçiriliş tapgyry
- •7.7.3.2. Pulpanyň dewital ekistropasyýa geçirilişi
- •7.7.3.3. Pulpanyň dewital amputasyýa geçirilişi
- •Pulpit kesellerini bejerlende göýberilýän säwlikler we gaýry üzülmeler
- •VIII Bap Periodont dokumanyň çişmesi (infilomkatiýasy)
- •8.1. Periodont dokumanyň anatomiki -fiziologiki aýratynlygy.
- •8.3. Surat. Periodont süýmleriniň keseligine ýerleşişi, diş keseligine keseilende.
- •8.6. Surat. Periodontdaky epitelial galyndylary.
- •Periodontyn işjeňligi.
- •8.2. Periodontitiň sebapleri.
- •8.3. Periodontitiň (döreýşi geip çykyşy, geçiş aýratynlygy) patogenezi
- •8.4. Periodontit keselleriniň toparlara bölünişi.
- •8.5. Periodontit keseliniň geçiş aýratynlygy.
- •8.5.1. Dişiň köküniň depejigindäki ýiti periodontit.
- •8.5.2.Üznüksiz periodontitler
- •8.5.2.1.Üznüksiz fibroz periodontit.
- •8.5.2.2. Üznüksiz granurleýji periodontit
- •8.5.2.3. Üznüksiz granulamatoz periodontit
- •8.18. Surat. Üznüksiz gramulýomtoz periodontit.
- •8.5.2.4. Üznüksiz periodontitiň ýitileşmesi
- •Patomorfologiki üýtgeşmeler.
- •Periodontit kesellerini bejerliş usullary
- •8.6. Periodontitleriň bejerlişi.
- •Dişiň periodontit keselini bejermekligi şu aşakdaky tertiplerde amala aşyrmak ýerlikli hasap edilýär:
- •Ýiti periodontit keselini bejermekligiň aýratynlygy
- •Bir kökli dişiň bejerilişi
- •Köp kökli dişiň ýiti periodontit keselini bejerlişi Näsag ilkinji gezek ýüz tutanda
- •Üznüksiz periodontidiň bejerlişi
- •Bir kökli dişleriň bejerliş aýratynlygy
- •Köp kökli dişleriň bejerliş aýratynlygy
- •Üznüksiz periodontidiň ýitileşmesiniň bejeriliş aýratynlygy.
- •Periodontit keselini bejerlýärkä we bejergiden soňki göýberilýän säwlikler we gaýry üzülmeler.
- •Parodontyň keselleri
- •9.1. Umumy maglumatlar.
- •9.2. Parodont keselleriniň toparlara bölünişi.
- •9.3. Parodontyň gurluşy.
- •9.4. Parodontyň funksiýalary.
- •9.5. Parodont keselleriniň sebäpleri.
- •9.6. Parodont kesellerinde patologoanatomik alamatlar.
- •9.7. Parodont keselleriniň anyklanyş - barlag usullary.
- •9.1. Görkeziji. Parodont keselleriniň dürli görnüşlerinde
- •9.8. Parodont keselleriň geçiş alamatlary
- •9.8.1. Gingiwit
- •9.8.2. Parodont kesellerinde dişetiniň melanoz tegmildi.
- •9.19. Surat Dişetindäki melanoz tegmildiň goýylyk
- •9.8.3. Parodontit.
- •9.8.4. Parodontoz.
- •9.8.5. Parodontoliz (parodontyň beterleşip ereýän idiopatik keselleri).
- •9.8.6. Parodontomalar.
- •9.9. Parodont keselleriniň bejerlişi.
- •9.9.1. Ýerli bejergi.
- •9.9.2. Umumy bejerlişi.
- •9.9.3. Hirurgik bejerliş usuly.
- •9.9.4. Fiziki bejerji usuly.
- •9.9.5. Ortopedik bejerliş usuly.
- •9.10. Parodont keselli näsaglara bejeriş – keseliň öňüni alyş kömeginiň guralşy.
- •Stomatogen ýokanç ojaklary we ojakly – şertlendirlen keseller.
- •Bejerliş aýratynlygy
- •Agyz boşlugynyň nemli bardasynyň keselleri
- •11.1. Agzyň nemli bardasynda keselleriniň görnüşlere bölnüşi
- •Ýokanç keseller:
- •III. Allergiki we zäherli-allergiki keseller:
- •IX. Rakoňýany keseller, howypsyz we howyply çişler:
- •II. Ýokanç keseller:
- •IV. Ekzogen zäherlenmelerde, agzyň nemli bardasynyň üýtgeşmeleri.
- •11.2. Şikesli zeperlenmeler
- •11.2.1. Mehaniki şikeslenme
- •11.2.1.1. Ýiti mehaniki zeperlenme
- •11.2.1.2. Üznüksiz mehaniki zeperlenme
- •11.2.2. Himiki zeperlenme.
- •11.2.3. Fiziki zeperlenilme.
- •11.2.3.1. Galwanizm.
- •11.2.3.2. Şöhle keseli
- •11.2.3.3. Äň-ýüz sebtindäki täze dömmeleriň şöhle bejergisinde agzyň nemli bardasynyň üýtgemeleri.
- •11.2.4. Leýkoplakiýalar
- •Owunjak düwünçejikleri bolan gaty we ýumşak gaňşyrawgyň nemli bardasynyň gipertozy çykaryjy akabanyň giňeldilen nokatly bolan giperplazirlenen sülekeý mäzleri.
- •11.2.5. Paşkowyň ýumşak leýkoplakiýasy
- •11.2.6. Kennonyň ak ýumşak haly
- •11.3. Ýokanç keseller
- •11.3.1. Wirus keseller
- •11.3.1.1. Ýönekeý (adaty) gerpes
- •11.3.1.2. Gurşaýjy gerpes.
- •11.3.1.3. Gerpetiki angina
- •11.3.1.4. Ýiti respirator wirus ýokanç keselleri.
- •11.3.1.5. Agsal keseli
- •11.3.1.6. Agyz boşlugyndaky aids ýokanç keseli.
- •11.3.2. Wensanyň ýaraly – çüýreme stomatiti
- •11.3.3. Mereziýel keseli
- •11.3.4. Inçekesel.
- •11.3.5. Kandidoz (Agyz boşlugyň nemli bardasynyň köpüklemesi)
- •Agyz burçynyň jaýrykly mikotik (hamyrmaýaly) çişmesi.
- •11.4. Allergiýa keselleri.
- •11.4.1. Käbir allergiki keselleriň kliniki alamatlary
- •11.4.1.1. Anafilaktiki şok.
- •11.4.1.2. Kwinkäniň angionewrotik çişgini
- •11.4.1.3. Derman allergiýasy.
- •Kataral we kataral-gemorragik stomatit (heýlit, glossit).
- •11.4.2. Köp görnüşli şypyljaýan eritema
- •11.4.3. Üznüksiz gaýtalanýan aftoz stomatit.
- •11.4.4. Behçetiň (sindromy) alamatlar toplumy.
- •11.4.5. Şegreniň (sindromy) alamatlar toplumy
- •11.6. Gipowitaminozlarda agzyň nemli bardasynyň ütgemeleri.
- •11.7. Käbir ulgamlaýyn kesellerde agzyň nemli bardasynyň ütgeýşi
- •11.7.1. Aşgazan-içege ýollarynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemeleri
- •Agzyň nemli bardasynyň bozulmagy
- •11.7.2. Ýürek-damar kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.3. Içki mäz (endokrin) kesellerde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.5. Gan emele getiriş ulgamynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •Agzyň nemli bardasynyň eroziw – ýaraly zeperlenmegi.
- •11.7.6. Nerw ulgamynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.6.1. Stomalgiýa (glossalgiýa).
- •11.7.6.2. Tagam alyşyň bozulmagy
- •11.7.6.3. Sülekeý çykmagyň bozulmagy
- •11.8. Deri kesellerinde agzyň nemli bardasynyň üýtgeşmeleri
- •11.8.1. Gyzyl ýasy demrew
- •11.8.2. Pakgarçak keseli
- •11.8.3. Pemfigoid
- •11.8.4. Gyzyl gurt keseli
- •11.8.5. Dýuringiň dermatiti
- •11.9. Diliň anomaliýasy we aýratyn keselleri
- •11.9.1. Gasynly dil
- •11.9.2. Gara (saçly) dil
- •11.9.3. Deskwamatiw glossit
- •11.9.4. Rombgörnüşli glossit
- •11.10. Heýlitler
- •11.10.1. Eksfoliýatiw heýlit (tozgalaýan)
- •11.10.2. Glandulýar heýlit
- •11.10.3. Aktiniki we meteorologik heýlitler
- •11.10.4. Allergik gatnaşyk heýlit
- •11.10.5. Atopiki heýlit (adaty däl heýliti)
- •11.10.6. Ekzematoz heýliti
- •11.10.7. Makroheýlit (Melkerson – Rozentalyň alamaty)
- •11.11. Agzyň nemli bardasynyň we dodagyň gyzyl gaýmasynyň howply dömmä getiriji keselleri
- •11.11.1. Howply dömmä getiriji hadysalarynyň toparlara bölünşi
- •11.11.2. Boueniň keseli
- •11.11.3. Rak öň ýany siňňiller
- •11.11.4. Dodagyň gyzyl gaýmasynyň rak öň ýany çäkli giperkeratozy
- •11.11.5. Manganoftiniň rak öň ýany abraziw heýliti
- •11.11.6. Deri siňňili
- •11.11.7. Keratoakantoma.
- •11.11.8. Rak öň ýany keselleriň öňüni alyş çäreleri
- •11.1. Diş ýokundylary
- •Diş daşlaryny aýyrmak
- •Edebiýat sanawy
7.7.2. Pulpit keselini wital amputasyýa geçiriliş aýratynlygy.
Pulpany wital amputasyýa usuly geçirmek biologiki usulyna degişli bolup, dişiň kök akabasyndaky pulpanyň ýaşaýşa ukyplylygyny ýokarlandyrmaga mümkynçylyk berýär.
Wital amputasyýa usuly bilen ýiti ojakly seroz we iriňli pulpitler, atdanlykda pulpanyň üsti açylmagy, biologiki usul bilen geçirilen bejerginiň netijesi bolmasa we üznüksiz fibroz pulpit kesellerini bejerilýär. Şeýle-de çagalarda dişiň kökleriniň doly ösüp ýetişmedik pulpany bölekleýin aýrmak maslahat berilýär.
Bu usul bilen esasan hem kiçi we uly azy çeýneýji dişleri bejerilýär. Näsagyň bejergi geçirilýän dişini agyrsyzlandyryp, kariýes köwegiň içini antyseptik erginler bilen ýuwlandan soň,kariýesden çüýräp ýumşan dentinleri arassa ekiskowatorlaryň we borlaryň kömegy bilen arassalamaly hem köwege şekil berilýär. Soňra adaty bormaşynyň kömegi bilen /6000-10 000 min. Tizlikdäki /täç böleginiň pulpasyny aýyrylýär we kök akabanyň başlaýan ýerlerini giňeldilýär. Şeýle-de ters konus şekilli bor bilen kök akabany gýňeldip bölekleýin akabadaky pulpany aýyrlýär. Doly derejede gany saklap arassalanan pulpanyň üstüne dentin külkesinden kalmisin, sinkewginol hamyryny düşäp , dentin hamyry bilen ýapmaly. Näsagda agyry binjalyk bolmasa, 3-4 hepdeden soňra gyssagly hemişelik dikeldiji serişdeleri bilen dişiň anatomiki gurluşyny dikeltmeli.(7.11.-7.13. surat)
7.11. surat.Wital amputasiyadan soňura 7.12. surat. Pulpany bölekleýin aýyrlanda
Ca (OH) 2 ulanylşy . Ca(OH) 2 täsiri ZM-metaplazii
zolagy., ZÇ-çürän zolak., ZDH-
zolak hadysa bolan dokumalar
7.13. Surat. Wital ekistropasiýa amputasion usuly
1-ZnOE-hamyry;2- Ca (OH) 2 -hamyry .
7.7.3. Hirurgiki usuly.
7.7.3.1. Pulpany wital ekstirpasyýa geçirilişi.
Dişiň pulpit keselini bejerilende wital ekistropasyýa usuly, bütin dünýäde amaly stomatologiýada iň bir giňden ulanylýar usulyň biridir.
- Bu usul bilen pulpit keselleriniň hemme görnüşini bejermek maslahat berilýär.
-Ortopediki bejergiler geçirilende pulpa aýrlmaly bolsa .
-Parodontologiki näsaglary hirurgiki usuly bilen bejergi geçirilmek maksat edilende pulpa aýyrlmaly bolsa.
-Wital we dewital amputasyýa usuly geçirilenden soň maksada laýyk
bolmasa, kök akabadaky pulpany doly aýyrmak ýerlikli.
Pulpit bejerlende wital ekistropasyýa usulynyň geçiriliş tapgyry
1.Agyrsyzlandyrmak.
2.Kök akabany arassalamak maksady bilen, dişiň kariýes köweginiň icini gyryp arassalamak.
3.Dişiň täç pulpany açmak we arassalamak .
4.Täç pulpany aýyrmak.
5.Kök akabanyň inçe ýerini arassalap giňeltmek.
6.Kök akabanyň geçirijiligini we uzunlygyny anyklamak.
7.Kök akabadaky pulpany aýyrmak.
8.Kök akabanyň içini endodontik gurallaryň kömegi bilen arassalamak we giňeltmek.
9.Kök akabanyň içini derman däriler bilen ýuwmak, arassalamak.
10.Kök akabanyň içini guratmak.
11.Kök akabanyň içini häzirki zaman petikleýji serişdeler bilen doldurmak.
12.Dişiň täç böleginiň anatomiki gurluşyny häzirki zaman petikleýjiler bilen dikeltmek.
13.Petikleýjini tekizläp, ýylmamak.
Diş pulpasyny infiltrasion, geçiriji duýujlygy çäklendirýän we ş.m. agyrsyzlanyrmak ýeterlik derejede amallary berjaý etmäge mümkinçilik berýär. Emma gerekli bolan ýagdaýlarda umumy agyrsyzlandyrmak maslahat berilýär. Şeýle-de pulpany aýyrmak üçin gös-göni üsti açylan pulpanyň içine agyrsyzlandyrjy serişdeleri göýbermek ýeterlik bolýär. Agyrsyzlandyrjy serişde hökmünde 2% lidikain, ultrokain, artykain, persokain we ş.m. ulanmak maslahat berilýär. Şeýle hem bir gezek ulanylýan şprisleri ulanmak ýerlikli hasap edilýär. Geçiriji agyrysyzlandyrmalardan ýokarky äň dişleri üçin infroorbital, ressowy, tubiral, maňlaýdaky uly geçelgeden çykýän üç şahaly nerwiň ikinji şahasyny agyrsyzlandyrmak maslahat berilýär. Aşaky äňdäki dişleri agyrsyzlandyrmak üçin mental, mandybulýär, torusal görnüşli üç şahaly nerw damarynyň üçinji şahasyny agyrysyzlandyrmak maslahat berilýär.
- Dişiň kariýes köwegini gyryp arassalamagyň /weýran bolup dargan dentin dokumalary /maksady kök akabanyň içini arassalananda endodontik gurallara päsgel bolmaz ýaly şert döretmeli. Kariýes köweginiň ýerleşişine görä kök akabanyň içine geçer ýaly gyryp, arassalap bolmaýär. Şeýle ýägdaýlarda mysal üçin II,III,V topardäki kariýes köwegini arassalananda dişiň kesiji we çeýneýji üstünden açyp arassalanýär. Amaly turbiniý we ýokary tizlikli bormaşyn bilen işlemek maksada laýyk hasap edilýär.
Dişiň täç pulpany açmak we arassalamak amalyny arassalanan /sterilny/ şar we fissur şekilli borlar bilen geçirilýär. Ilki başda üstüni açmaly we erňeklerini gyňeltmek işini geçrilýär. Kariýes köweginiň diwary erkinlik bilen dişiň pulpa boşlugynyň diwaryna geçmeli.
Dişiň täç pulpasyny aýyrmak ýiti ekskowator ýa-da şar şekilli borlaryň kömegi bilen amal edilýär.
Kök akabanyň başlanýan inçe ýerini arassalap, giňeltmek amalyny kiçiräk ölçegdäki şar sekilli borlaryň kömegi bilen geçrilýär. Pessejik tizlikde 800-1000 min.tiz. Ýokary tyzlikde dywary deşip geçmegiň ähtimal.
Kök akabanyň geçirijiligini we uzynlygyny anyklamak üçin çuňlugy ölçenýän /Milliriň iňňesi/ ýa-da kök iňňesi bolan endodontik gural bilen kök akabanyň içine girip näce derejede geçirijiligini anyklamak soňraky berjaý ediljek amallar üçin wajypdyr.
Kök akabadaky pulpany aýyrmak amalyny pulpa ýolujy endodontik guralyň kömegi bilen berjaý edilýär. Guraly kök akabanyň içine geçip bolýän ýerine çenli çümdürip 2-3 gezek towlap kök akabadan çykarylýär. Akabanyň içi giň bolan ýägdaýlarynda iki sany pulpa ýolujy birden işlemek maslahat berilýär. Köplenç bölekleýin ýolup aýyrylýär. Muniň ýaly ýagdaýlarda gaýtalamak maksada okgunly hasap edilýär. Periodont dokumany şikeslendirmekden goranmak üçin seresap bolmak maslahat berilýär.
Kök akabanyň içini endodontik gurallaryň kömegi bilen arassalamak we giňeldip, petiklemegä taýarlamak amalyny kök burawy, direlbor we raşpil gurallaryň kömegi bilen geçirilýär.
Kök akabadaky dargan pulpa dokumany aýyrmak bilen çäklenmän dentin dokumany aýrylýar. Kök akabada bu gurallar bilen işlenende gan görünmegi we akmagy nädogry edilen hereketiň alamaty bolup, periodont dokumany şikeslendirileni baradaky habardyr. Ýokarda bellenen endodontik gurallar erkinlik bilen işlenilmelidir, soňraky berjaý ediljek amallarda päsgelçilik bolmaly däldir.
Kök akabanyň içini derman däriler bilen ýuwmak, arassalamak esasy amallaryň biri bolup, gan togtatmak maksady bilen 3%perkisiň wodorody, kaprofen, aminokapiron we erginleri kök iňňesiniň daşyna oralan pamyga dermanlary siňdirlip birnäçe min. Kök akabada goýulmaly. Antyseptik serişdelerden 2% gipohlorit natry, 0,3% hlorgeksidin, 96 % spirt efir we ş.m. erginleri ulanmak maslahat berilýär. Derman serişdeleri kök akabanyň içine ýörite taýarlanan lettejikler we kagyzdan taýarlanan gazyklar /ştiftler/ awtoklawada arassalap, Petriň gutyjygynda saklap ulanmak ýerlikli hasaplanýar. Akabanyň içini arasslamak birnäçe gezek gaýtalap tä arassalanýança dowam etmeli.
Kök akabanyň içini guratmak kök akabanyň içini petiklemäge taýarlamagyň esasy tapgyry hasap edilip akabanyň içini doly derejede guratmaly kök iňňesine oralan ak pamyga spirt, efir erginler bilen berjaý edilýär. Arassalanandygyny bilmek üçin ak pamygy arassa çykmagy maglumat bolup biler.
Kök akabanyň içini häzirki zaman petikleýji serişdeler bilen doldurmak pulpit kesellerini bejermegiň esasy tapgyry bolup, ýokary derejedäki amaly talap edýär. Amaly berjaý etmekde endodontiýanyň hemme tapgyrlaryny dogry berjaý edilmegi öňüňde goýulan meseläni çözülmegine uly ýardam berýär. Kök akabalary doldurmak üçin hamyrlar, sementler, stiftler ulanylýär.
Kök dolduryjy guralyň kömegi bilen akabanyň içini häzirki zaman petikleýji serişdeler bilen doldurmak üçin ýörite hamyrlar taýärlap, inçe kök dolduryjy bilen akabanyň içine girip, gural dykylyp durýänça ornaşdyrylýar we azajyk yzyna çekip bormaşyny işledilýär 800-1000 tizlikde min. we akabanyň diwaryna ýaýradylýar we bormaşyn işläp durka ýuwaşlyk bilen yzyna çykarylýär. Şeýlelik-de birnäçe gezek gaýtalap akabany doldurylýär. Kök dolduryjy gural akabanyň içinde erkinlikde hereket etmeli.
Dişiň kök akabasyny içini hamyrlar bilen doldurylyşynyň derejesini we hilini öwrenmek üçin rentgen barlagy ulanmak maksada laýyk hasap edilýär. Çünki kök akabanyň ujuna 0,5-0,6 mm çenli ýer goýlup üstüni doldurylmak maksada ylaýyk hasap edilýär. Sebäbi şeýle derejede doldurylmagy periodontit keselleiň döremeginiň öňüni almakda uly mümkiçilik döredýär. Emma dişiň kök akabasyndan hamyry köküň ujuna 1,5 mm cykylmagy nädogry hasap edilýär. Şonuň üçin dişiň köküniň akabasynyň fiziologiki girelgesine çenli doldurylmak keseliň gaýry üzülmeginiň öňüni almaga ýardam berýär.
Dişiň täç böleginiň anatomiki gurluşyny häzirki zaman petikleýjiler bilen dikeltmek. Dişiň täç böleginiň anatomiki gurluşyny dikeltmek üçin hemişelik petikleýji serişdelerden alyn dişlerde kompositleri, plastmaslary we ionomer sementleri, emma çeýneýji dişlerde hemişelik petikleýji serişdeleriň hemme görnüşini ulanmak masalhat berilýär. Dişiň kök akabasyny doldurylyp bolnandan soň kariýes köwegiň düýbüne aralaýjy gatlak hökmünde ionomer sementlerden düşelip soňundan hemişelik petikleýjiler bilen dişiň anatomiki gurluşyny dikeltmek galýär.
Dişiň täc böleginiň anatomiki gurluşyny dikeldilenden soň petikleýjiniň üstüni ýylmamak maksada ylaýyk hasaplanylýär.
Dişiň üstüne gara ýokýan kagyzy goýup näsaga dişlerini
Galtaşdymagy maslahat berilip soňundan dişiň üstünde galan yzy ýylmamak işlerini berjaý edilýär. Munyň üçin göwher daşlary ulanylýär, bormaşyny pessejyk tizlikde hereket etmegi bilen gerekli ýerleriniň ýüzüni ýylmamaly. Näsagyň bejerilen dişi beýleki dişlerden hiç hili tapawudy bolmaly däl.
