Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Kitap ter stom.doc
Скачиваний:
29
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
3.55 Mб
Скачать

7.6.6. Üznüksiz pulpidiň ýitileşmegi.

Üznüksiz pulpit keselleriň ýitileşmegi bilen, ýiti pulpitlerdäki ýaly güýçli agyry bolýär. Şeýle bolan­lygy sebäpli hökmany şekilde keseliň taryhyny öwrenmek wajyp bolup galýar. Adaty ýagdaýda güýçli agry bolmak bilen, soňra gaýtalamak ýagdaýy ýüze çykjak ýaly bolup, iýmit iýende, geplände näsagda täzeden agyry ýüze çykjak ýaly duýgylary başdan geçirýär. Üznüksiz pulpitleriň ýitileşen görnüşini diş boşlugy açyk bolsa kynçylyk bolmaýar, emme dişde kariýes köwegi petiklenen bolsa şonda çylşyrymly ýagdaýlar ýüze çykyp bilýär. Şeýle ýagdaýlarda dişe dürtgüjiň kömegi bilen gürtülip görlende, üstünden guralyň kömegi bilen kakylyp, sowugyň, gyzgynyň kömegi, elekrtik togynyň güýjüne dişin ýagdaýyny barlagdan geçirmek anyklamaga we takyk netijeleri almaga ýardam beryar. Üznüksiz pulpitleriň ýit­ile­şen görnüşi amaly stomatologiýada beýleki görnüşdäki pulpitlere garanyňda has köp düş gelýär.

7.7. Dişleriň pulpit keselleriniň bejerliş usullary

Dişiň pulpit keselleriniň bejerliş usullaryny toparlara bölnüşi

Bejerliş usullar

Dişiň pulpasynyň ýaşaýşa ukyplygyny ýokarlandyrmak

Biologiki usuly

Bölekleýin(wital

amputa syýasy)

Dişiň pulpasyny aýyrmak

(hirurgiki usul)

Wital Dewital

Bölekleýin Bitewligine

(amputasyýa ) (ekistropasyýa )

Kombinirlenen /mumyýalaşdyrmak\, kümüşlendirmek

7.7.1.Biologiki usul – Bu usul dişiň pulasynyň bitewiligine ýaşäýyşa ukyplygyny ýokarlandyrmak, ýiti bölekleýin pulpit we dişiň pulpasyny atdanlykda açylmagy sebäpli şu usuly ulanylýär.

Usulyň geçirlişi - Diş pulpasynyň ykbaly dişiň dargap weýran bolan dokumalaryny gyrmaga baglydyr. Dişiň köwegini ýuwulýär, iň gowşak suw erginlerinden bolan hlorgeksidin, däri-dermanlardan bolan nitro­furan hata­ryndan furasilin, furagin, furazolidon, lizosim we ş.m. Tersine spirt, efir, 3% wodorodyň perkisini ýaly er­gin­leri ýokardaky maksatlar bilen ulanmak bolmaýar. Dişiň gaty dokumasyny gyrylyp arassalananda i­lki bilen hökmany şekilda agyrsyzlandyrmaly/ ýerli, mandybulýar, mental, tuberal, infroorbital we ş.m görnüş­ler bilen. /yzigiderli dynç berip gyrýan dişimiz gyzmazlygyny üpjin etmek bilen ulanýan borlarmyz arassa bolmaly we näçe ýokary tizlikde bolsa 6000-10000 min/tiz., amalymyz aňsatlaşýar hem gaýry üzülmesiz berjaý bolýär. Diş boşlugyny gyrylanda hiç hili agram we sütem görmeli däl hem pulpa ordasy açylmaly dädir. Boşluk gaýta-gaýtadan ýuwlyp durmaly 0,9% natry hlirid ýa-da juda arassalanan suw bilen. Arassalanan dişiň köweginiň düýbini arassa pamyk bilen doly guratmaly we ýokarda bellenilen görnüşdäki dermanlardan garyp taýarlap düýbine düşemeli.

Biologiki usulyň düýp maksady diş pulpasyndaky gaýnaglama täsir edip, şonuň soňuna çykmak bilen anatom-fiziologiki ýagdaýlaryny dikeltmek.

Diş pulpasyna göni we göni däl usul bilen täsir edilýär. Göni usul diýip diş pulpasynyň belli bir ýerini açyp däri-derman bilen täsir edilmegi bolup, kariýes köwegini açylmagy ýada pulpanyň täc bölegini aýryp kök bölegine bejerji täsir ýetirmek. Göni däl usul diýip pulpa golaý dentin gatlagynyň üsti bilen täsir etmek. Diş pulpasynyň farmokoterapiýasyny birnäçe görnüşdäki däri-dermanlar bilen /antibiotikler, agyrsyzlandyrjylar,çişme hadysa garşy, allargenlere garşy, biostimulrleýji serişeler we ş.m./ geçirmek.

Häzirki zaman farmokologiýada gaýnaglama garşy serişeler toparny ulanmakdan ybarat. Olaryň düzü­mine alawlamany ýüze çykarýan mikroflora garşy antibiotikler, pulpa dokumasyndaky madda alşyk-çalşygy kadalaşdyrýan serişdelerden /ingibiter proteoliza/, esasy serişdelerden /glikozaminogli­kan­lar/, antyallergen­ler /durnuklylygy kadalaşdyrýän serişdeler/,immunologyky hadysany kadalaşdyryjy seriş­deler /nukleýinat natry/, uglewodbelok maddalardan /witaminler topary C,P we ş.m./ beloklar topary /mefenamin natri/.

Häzirki zamanda gidroksi kalsi serişdelerinden kalmisin (7.10. surat) sinkewginol hamyry, daňy hökmünde giňden ulanylýär. Bu görnüsdäki serişdeleri ulanylandan soňra näsagda agyr aýrylandan soň birnäçe günden daňynyň üstüni arassalap hemişelik petiklenýär.

7.10. surat. Diş pulpasynyň açylan ýagdaýlarynda Ca (OH) 2 ulanyşynyň görnüşi.

1-petik;2-Aralaýjy ;3-hamyr ;4- Ca (OH) 2.

Iki tapgyrda bejergiş usulyny geçirilende glýukokortiko-antybiotiklerden taýärlanan hamyry (I tapgyrda) wagtlaýyn daňynyň aşagynda goýup, 3-7 günden odontotrop täsirli gidroksikalsi ýa-da sinkewginol hamyryna (II tapgyrda ) çalyşmak maslahat berilýär. Bu usul bilen geçirilen bejerginiň täsiri bolmasa onda wital ekstropasyýa usuly geçirilýär.

Diş pulpasynyň ýaşaýşa ukyplylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilen bejerginiň täsirine, azyn­dan 2 ýyldan baha berilmegi maksada ylaýyk hasap etmek bolar, näsagyň ýaşyny, keseliň möhle­tini, infek­siýanyň aralaşan ýoluna, seredilip görlende alynan maglumatlaryň /rentgen, elektrometriýa, termo­metriýa we ş.m. barlaglaryň /netijesinde we esasan hem dogry geçirilen bejergä baglydyr. Goş­maça barlaglaryň neti­jesinde kynçylyk doretmän, pulpit keselini näçe ir ýüze çykarmakda kynçylyk döräp, keseli anyklamakda göýberilen ýalňyşlyk, bejeriş usulyny saýlap almakda päsgel döredýär.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]