Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Kitap ter stom.doc
Скачиваний:
29
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
3.55 Mб
Скачать

7.6.4.Üznüksiz gipertrofiki pulpit.

Bu görnüşde pulpit keseli adaty ýagdaýlarda anyklamakda kynçylyklar ýüze çykmaýar. Sebäbi diş boşlugy açylyp, pulpa dokumanyň çişme zerarly granulasyaly dokuma kariýes köweginde peýda bolup, onuň göw­rüminiň ulalyp öz serhedinden ösüp çykyp kariýes köwegiň içini dolduryp durýar. Bu dokuma palyp diýip atlandyrlýär. Şeýle görnüşli pulpitde näsag esasan hem gaty görnuüşdäki iýmitler iýende açylan pulpa doku­ma degilmegi bilen agyry we gan akma ýüze çykýär. Tapawutlandyryp anyklamaly. Haçan-da kök akaba­nyň geçirjiligi kyn bolup, ýa-da endodontik gurallar bilen ters taraba deşip geçilmegi bilen deşik emele gelen ýagdaýlarda periodont dokumalar ösüp çykan ýagdaýlarda. Munuň üçin kök akaba endodontik gura­l­lardan (Millerin iňňesini) ýerleşdirip rentgen barlagyndan geçirip, şekiline seredilmek arkaly tapawutlan­dyryp bolýar(surat 7.9).

Seredilip görlende näsagyň ýüz keşbinde adaty ýagdaýda, deri we görünýän nemly bardada üýtgeşme ýok. Näsagyň agzynyň açylyp ýapylyşy kadaly. Agyz boşlugyna seredilende parodont we nemly bardada patologyky alamatlar ýüze çykmaýar. Kesellän dişde kariýes köwegi ýa-da başga sebäpler bilen diş pulpasy açy­­lan ýagdayda bolup, ösüp göwrümini ulaldyp öz serhedinden çykyp, kariýes köwegini dürli derejede doldu­ryp duran ýagdaýda bolýar. Dürtgüjiň kömegi bilen barlananda köwegiň içinden granula­syaly dokuma ösüp çykýär. Reňki gülgüne bolup, agyry we ganamak peýda bolýar. Rentgen barlagda bu görnüşli pulpitde hem adaty ýagdaýdaky ýaly periodont yşy kadaly bolýar, emma dişiň periodont doku­masynyň ösen ýagdaý­larynda periodont yşy giňelen alamatlaryny görmek bolýar. Dişiň üstüne gural bilen kakylyp görlende asuda ýagdaýda agyry ýok. Dişiň syrçasynyň sudury adaty ýagdaýdaky reňkde bolýar.

7.9. surat. Üznüksiz gipertrofiki pulpit keseliniň deňeşdrlip tapawutlandyrlyşy (1) deşlen ýagdaýdaky ösüp çykan granulasyaly dokuma (2) diş eti emzijegiň ösüp kariýes köwegini dolduryp duran surati, (3) iki görnüşem bir ýagdaýdaky şekili (4) Kuttleriň täzeden işlenen modifikasiýasy.

7.6.5. Üznüksiz çüýreme (gangrenoz) pulpit

Diş bu görnüşli pulpit keselinde pulpa boşlugy bilen kariýes köwegi açyk bolup, hiç-hili bejergi geçiril­medik ýagdaýda, ýa-da kariýes we onuň ötüşen görnüşi sebäpli petiklenen bolup bilýär. Elmydama bolma­sada kahalatlarda öz-özünden peýda bolýan agyry ýüze çykyp bilýär. Şeýle-de iýmit iýlende esasan hem gyzgyn aralaşmagy sebäpli agyry peýda bolup, soňra dowamly agyry güýçlenip bilýär.

Seredilip görlende beýleki görnüşdäki pulpitler ýaly patologiki alamatlar näsagyň ýüz kesbinde ýok. Agyz boşlugynda parodont we nemli bardada kadaly ýagdaýda. Dişiň syrçasynyň reňki adaty ýagdaýda. Dişe dürtgüç guralyň kömegi bilen kakylyp barlanylanda agyry ýok emma, çuňrak çüýrän dokumalardan ge­çip sagdyn dokuma dürtülende dişiň kök akabadaky janly pulpa degilmegi bilen agyry ýüze çykýar. Dişiň täç böleginiň pulpasynyň çüremegi bilen düzümi dargan dokumalar bolup, agyz bolşugynda ýakymsyz is bolýar. Elektrik tok güjine dişiň pulpasynyň ýagdaýny anyklamak (EOD) 40-60 we ondan hem ýokarak mkA bolup bilýär. Dişiň täç bölegindäki kariýes köwegi bolmak bilen ony petikleýji bilen doldurlan bolsa gyzgynlyk täsir edilende sodalyk bilen agyrýän agyry peýda bolýar. Dişiň üstüne guralyn kömegi bilen kakylyp görlende gowşajyk duýgynyň peýda bolmagy ähtimal. Rentgen şekilde köplenç periodont yşynyň az kem giňelen bolmagy ähtimal.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]