Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Kitap ter stom.doc
Скачиваний:
29
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
3.55 Mб
Скачать

7.6.2.Ýiti ýaýraň pulpit.

Bu görnüşde kliniki alamatlary näsagda güýçli derejede geçip uzak wagt dowam edýär. Kesellän dişde öz-özünden hiç-hili sebäpsiz agşamlaryna peýda bolýan agyry ýüze çykýär. Agyry arasynda aýrylyp asudalyk ar­a­laşýär we soňra täzeden ýene güýçli agyry peýda bolýar we ol agyry gaýtalap duran dowamly agyra öwrülýär.

Ol agyrylar ilkinji 2 günlerde agşamlaryna güýçlenýän agyry peýda bolýar. Agyrynyň häsiýeti (kesilýän, dogralýan we ok geçen ýaly) bolýar. Agyry esasan hem üç şahaly nerw damaryň ugry boýunça ýaýraýar. Näsag gös-göni haýsy dişiniň agrýanlygyny tapawutlandyryp bilmeýär. Ýene bir alamaty gyzgyna agyry güýçlenýän bolsa, sowuga agyry gowşaýar we peselýär.

Seredilende näsagyň ýüz kesbinde patologiki alamatlar ýok, görünýän deride we nemli barda adaty ýagdaýda we reňikde bolýar. Sebitdäki limfa damarlary kadaly ýagdaýda, agzynyň açylyp ýaplyşy kadaly. Agyz boşlugynyň nemli bardasynyň reňki kadaly üýtgemedik adaty ýagdaýda, parodont adaty ýagdaýda. Dişiň sudury bözulmadyk, syrçanyň reňki kariýes köweginden özge ýerleri adaty ýagdaýda. Dişde yrgyldy ýok. Kesellän dişde kariýes köwegi bolup, ol köwek ir wagt petiklenen bolmagy ähtimal we öň hiç hili bejergi işlerini geçrilmedik bolup, kariýes köweginiň içi iýmit galyndy we ş.m. doly bolmagy ähtimal. Syrçanyň galan ýeri üýtgemedik. Dürtgüjiň kömegi bilen barlag edilende kariýes köweginiň içindäki iýmit galyndy erkinlik bilen aýrylýar, dürtülip görlende hemme ýerinde agyry peýda bolup, uzak wagtlap dowam edýär. Sowga we gyzgynlyga duýjylygy ýokarlanyp, dowamatly agyry bolýar.Diş pulpasynyň täç we kök böleginiň ikisi hem gaýnaglamahadysasy geçýänligi sebäpli dişiň üstündeni guralyň kömegi bilen kakylyp görlende azowlak agyry bolmagy ähtimal. Elektrik tok güýjüne duýjylygy peselip 15-20 mkA çenli ýetýär. Rentgen barlagy geçirilende dişiň köküniň töwereginde patologiki alamatlar ýüze çykarylmaýär. Ka halatlarda şol dişiň töweregini gurşap alýan süňk dokumanyň dasky gaty gatlagyň galňamagy bilen periodont yşynyň daralmagy ýüze çykmagy ähtimal. Ýiti bitewi pulpit keselini üç sahaly nerw damarynyň newralgyyasyndan tapawut­landyrmakda kynçylyk ýüze çykýär. Şonuň üçinem dişiň syrçasyna we içki gatlaklarynyň gurlyşyna berk üni­süňi çekmeli. Newrolgiýa keselinde dişiň anatomiki gurluşy bozulmadyk bolýar, emma pulpit keselinde hökmany şekilda kariýes we şoňa meňzeş patologiki bozulmalar ýüze çykarylýär.

7.6.3. Üznüksiz fibroz pulpit.

Näsaglarda aýratyn binjalyklar ýüze çykyp duranok, emma kä halatlarda ýumşaklyk bilen ýuwaşjadan agyry peýda bolup, izigiderli gaýtalap duran binjalyk we bimazalyk peýda bolýar. Şeýle-de gyzgyn, sowuk we gataňsy iýmitler iýlende dişde asudalyk bilen aralaşýan agyry bolýar. Näsaglar sowuk ýerden gyzgyn ýere geçmegi ýa-da girmegi netijesinde dişde agyry ýüze çykyp bilýär.

Esasan hem bu alamatlar üznüksiz fibroz we çüýrän (gangrena) görnüşli pulpitlerde bolup bilýär .

Seredilende näsagyň ýüz kesbinde patologiki alamatlar diş keseli bilen baglanşykly ýagdaýlar ýok, görünýän deride we nemli barda adaty reňikde. Ýüz äň sebitdäki limfa damarlary kadaly ýagdaýda agzy­nyň açylyp ýapylyşy kadaly. Agyz boşlugynyň nemli bardasynyň renki üýtgemedik adaty ýagdaýda, parodont kadaly ýagdaýda.

Dişde çuň kariýes köwegi bolup, köp halatlarda köwegin içi ýapyk bolýar we şeýle-de berkligi hem berdaşlygy bozulan. Üznüksiz fibroz pulpitler köplenç ötüşmedik görnüşdäki kariýes keselini bejeri­len­de aralaýjy gatlaklary goýulman dişiň anatomiki gurluşyny dikeldilenden soňam ýüze çykyp bilýär. Haçanda kariýes köwegini petikleýjini doldurylanda, käbir petikleýjileriň toksiki we zyýanly täsirleri diş pulpasyna ýetirmek bilen hem doly ýelmeşmedik petikleýjileriň arasyndan yş galmak arkaly ýüze çykyp bilýär. Dürt­güjiň kömegi bilen barlananda köwek doly ýapylan bolsa onda agyry bolmazlygy hem ähtimal emma dişdäki köwek açyk bolsa onda hökmany şekilda agyry peýda bolýar. Sowuga we gyzgynlyga esasan hem gyzgynlyk täsir edilende ýuwaşlyk bilen peýda bolýan soňra güýçlenýän agyry ýüze çykýär. Elektrik togyň güýjine kän bir üýtgeşme ýüze çykmaýar.

Rentgen barlagynda adaty kadaly ýagdaýlara golay alamatlar bolup bilýär, ýöne käbir ýagdaýlarda periodont yşynda üýtgeşme peýda bolup bilýär .

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]