Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Kitap ter stom.doc
Скачиваний:
29
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
3.55 Mб
Скачать

7.5. Diş pulpasynyň çişmesiniň toparlara bölünişi.

Diş pulpasynyň çişmesiniň toparlara bolnüşi barada birnäçe ýyllaryň dowamynda düşünjeler öňe sürüldi. Sebäbi pulpitiň sebäplerine, kliniki alamatlaryna, patomorfologiki alamatlaryna we şuňa meňzeş ýagdaýlaryny göz öňünde tutmak bilen, toparlara bölünende bir pikiri öňe sürmek mümkin däl. Mysal üçin gandamar­laryň gyzarmasyny ýüze çykarmak, ýiti serozly pulpitde kynçylyk bolýanlygy bilen köp halatlarda ony aýratyn görnüşde toparlara goşmaýarlar. Ýa-da bolmasa, pulpit kesellerini umumy gan basyşlarynyň üýtgemegi, seýle-de gyssagly ýagdaýlarda, sowuk we gyzgynyň, hemra älemine çykylan ýagdaýlaryndaky täsirine üýtgetmegi ýüze çykaryp bolmaýar.

Dünýä stomatologiýasynda giňden ulanylýan dişiň pulpit keselleriniň toparlara bölünişini ulanylýany, klinikianatomiki ýagdaýlaryny göz öňünde tutulyp, E.M. Gofungiň (1927), E.E.Platonowiň (1968) we Bütin Dünýä saglygy saklaýşyň (1975) ýyllarda hödürlän toparlara bölnüşi baradaky pikirlerini beýän etmek ýer­likli diýip hasap edýäris. Umuman şeýleräk toparlara bölünýär.

I.Ýiti pulpit.

-ojaklaýyn

-bitewileýin

II.Üznüksiz pulpit

- fibroz

- ösýän (gipertrofiki)

- çüýrän(gangrinoz)

III.Üznüksiziň ýitileşen pulpiti

Şu toparlara bölünişiň her bir görnüşinde kliniki alamatlar esasynda anyklanyp, esasy üns arz-şikaýada we kliniki görünýän ýagdaýlary göz öňünda tutulan.

Moskwanyň Medisina Stomatologiýa Inistitutiniň hödürlän toparlara bölünişi kliniki we patomor­fologiki alamatlar göz öňünde tutylyp şu aşakdaky ýaly toparlara bölünişi hödürlenendir.

I.Ýiti pulpit.

-ojaklaýyn

-serozly

-iriňlän

-bitewileýin

-serozly

-iriňlän

II.Üznüksiz pulpit

- fibroz

- ösýän (gipertrofiki)

- çüýrän(gangrinoz)

III.Üznüksiziň ýitileşen pulpiti

Diş pulpasynyň bölekleýin aýrylan ýagdaýy

Diş pulpasynyň bitewleýin aýrylan ýagdaýy

7.6. Pulpidiň geçiş alamatlary we anyklanyşy.

7.6.1.Ýiti ojaklaýyn pulpit.

Ilkinji kliniki alamatlarda hiç hili sebäpsiz agşamlaryna peýda bolýan agyrylar, agyrynyň dowamlygy ilkinji 1-2 minutdan 10-15 minuda çenli, 1-2-nji günlerde, esasan hem agyry agşamaralar peýda bolýar. Agyrynyň häsiýetleri kesilýän, çümýän, ok geçýän ýaly bolýar. Agyrylar sowuga we gyzgyna güýçlenmek bilen näsag şol agyryly dişi gös-göni seljerip, tapawutlandyryp bilýär, emma gyjyndyrjyny aýrylandan soň hem şol agyryly dişde agyry dowam edýar.

Seredilende näsagyň ýüz kesbinde patologiki alamatlar ýok, görünýän ýüz keşbiň deriside we nemli bardasy adaty reňkde bolýar.

Sebitdäki limfa damarlary kadaly ýagdaýda, agzynyň açylyp ýapylyşy kadaly. Agyz boşlugynyň nemli bardasynyň renki hemme ýerde bir meňzeş üýtgemedik adaty ýagdaýda. Parodont adaty ýagdaýda.

Kesellän dişde kariýes köwegiň çuňlugy, şol çuňlaşan kariýes keseli ýalydyr. Ýöne kariýes köweginiň içinden ýumşan dentinleri aýrylanda, belli bir ýerlerde agyry barlygy we şol agyry dowamlylygy bilen tapawutlanýar, emma diş boşlugy bilen kariýes köwegiň arasy açylmadyk, dişiň üstüne guralyň kömegi bilen kakylyp görlende hiç-hili agyry bolmaýär.

Bu görnüşdäki pulpit keseliniň ýene bir aýratynlygy sowuga, gyzgyna we mehaniki gyjyndyrjylara agyry peýda bolup, ol güýçlenýär hem birnäçe minutlap dowam edýär. Elektrik togynyň güýjüne duýjylygy kariýes köweginiň içinde peselen, emma şol dişiň syrçasynyň sagdyn ýerlerinde kadaly ýagdaýlaryň görkezijilerine gabat gelýär.

Rentgen barlagda dişiň köküniň depejiginde patologiki üýtgeşmeler ýüze çykaryl­maýar, dişiň täç böleginde kariýes keseline meňzeş alamatlar ýüze çykaryp bolýar.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]