Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Kitap ter stom.doc
Скачиваний:
29
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
3.55 Mб
Скачать

Iýmitlendiriş

Emele getiriş işçeňlikleri bar

Goraýyş işjeňligi

Umumy beden dokumalarynyň goraýyş güýçleri Retikulýar-endotelýal ulgamynyň fago­sytar müm­­­kin­­çiligine baglydyr. Bu babatda I.I.Meçnikowiň aýdan pikirne ünsüňizi çeksek, umumy beden­dä­ki ýokanyç ojaklaryna garşy fagositleriň orny ulydyr. Retikulýar-endotelýar ulgamynyň diňe bir goraýyş güýçleri bol­man onuň garşylyk güýçlerini toplama gioluronidaza we ş.m. bular öýjükdäki membrananyň geçirijiligini ýokarlandyrýar, şeýle-de öýjüklerde madda alyş-çalşygynda protoplazma güýjüni ýokar­lanmagynyň fizikolloýyd üýtgemegine alyp baryar.

Ilkinji bolup E.M.Gofung (1928) diş pulpasynyň öýjüklerinde retikulýar-endotelýal ulgamyn­dan­lygyny belleýär. Soňra köp alymlar bu maglumaty tassykladylar, ýöne odontoblastlar mezan­hymanyň aktiw öýjüklerinden däldigini başga bir topar alymlar belleýärler.

Retikulýar-endotelýal ulgamyndaky öýjükleriň özine sorup almak ukybynyň üsti bilen kadaly we pato­logiki ýagdaýlarda üýtgeýänligi barada N.A.Muhyn tarapyndan bellenildi. Ol öz bar­lagyna itleriň dişiňiň pulpasynyň özüne sorup almak ukybynyň ýokarylygyny belledi. Iň bir işjeň öýjüklerden gistiositleri endo­telýal topardaky öýjüklerdenlini bellemek bolýar. Gaýnag­lama bolan ýagdaýlarynda bejergi geçirlende diş pulpasynyň garşylyk güýjüniň ýokarylygyny özüne sorup almak ukybynyň uludygyny, ýerine ýetirýän işleriniň doly dikeldip boljagyny alymlar öz işlerinde belleýärler.

Diş pulpasy kadaly ýagdaýda işlerini ýerine ýetirende dişiň dokumalary doly iýmitlenýär we gaýnaglama­nyň periodont dokumalara aralaşmagynyň öňüni alýar.

Iýmitlendiriş işjeňligi

Dişiň gaty dokumasy bitewligine mada alyş-çalşygyna gatnaşýar. Bu madda alyş çalyşyga diş pulpa­synyň ähmiýeti ulydyr, esasan hem dentyny, syrçanyň içki gatlaklaryny we sement gatlaklary iýmit­len­dirmekde orny ulydyr. Dişiň köküniň sementi we dentin gatlaklary periodont dokumasynyň üsty bile­nem iýmitlenýär. Dişiň syrçasynyň daşky gatlagy sülekeýiň düzümi bilen iýmitlenýär. Şeýlelikde dişiň iýmitlenmegi perio­dont dokumasynyň, sülekeýiň we diş pulpasynyň ýardam bermegi bilen iýmitlenýär.

Emele getiriş işjeňligi

Diş pulpasynyň dentin gatlagynyň emele gelmegynde esasan hem dişleriň ösýän döwrlerinde ähmiýeti ulydyr. Diş ösüp çykandan soňrada dowam edýär. Ýöne bu işler ýuwaşlyk bilen uzak wagtlap dowam edýär we gurluşyk işlerine berk gatnaşyp öz täsirini ýetirýär. Şondan soňki döreýän dentine ikilenji dentin diýilip atlan­dyrylýar. Ikilenji dentin döremegi wagtyň geçmegi sebäpli uzak wagtdan diş boşlugyny kiçeldýär. Mu­nyň döremeginiň depgini näçe derejede odontoblast öýjükleri gyjyndyrlanda, ýerine ýetirýän işlerine, göte­r­ýän agramlygyna, diş pulpasynyň we umumy bedende bolup geçýän ýagdaýlara berk bagly bolup bilýär.

Terapewtik stomatologlaryň ünsüni çekýän zatlary, diş pulpasy gurluşyk işlerini ýerine ýetirende onuň üpjinçiligi we garşylyk güýçleriniň ýagdaýy durnukly bolmagy şykeslenmede hem gaýnaglama baglydyr. Haçanda diş pulpasy şikeslenme, alanda üsti açylanda ýa-da gaýnaglama hadysalary bolanda gurlyşyk işlerini ýerine ýetirip bilmese, onda biologiki usul bilen bejergi geçirmegek zerur bolmaýar, ýagny diş pulpasyny başga usullar bilen bejermegi geçirmek wajip bolup galýar.

Diş pulpasy şikeslenme ýa-da gaýnaglama hadysasynda doly derejede çüýräp dargaýanlygy barada düşin­jeler bolmagy diş pulpany doly derejede aýyrmak wajyp, diýip hasap edilen bolsa soňky ýyllaryň ylmy çeşmele­ri­niň maglumatlaryna ünsiňi çekseň dişiň kök akabasynyň pulpasyny we täç bölegi doly derejede dikeldip bolýan­lygyny mälim edildi. Keseli öz wagtynda dogry anyklanmak we bejergini saýlap, tapawut­lan­dyryp, geçirmek diş pulpasyny doly derejede gurplandyryp, daýandyryp bolýar. Bu barada aýratyn alymlar, şeýle belleýärler haçanda diş pulpasy gaýnaglama hadysasy bolanda pulpa doly çüýremeýänligini we agyrama­ýanlygy aýan edildi. Hatda täç böleginiň pulpasy çüýräp dargamagynda kök böleginiň pulpa­syny saklap alyp galmak barada, öz wagtynda pikir edilse ýokary netijeler ýetip boljagyny belleýärler. Dişiň täç pulpasynyň zeperlemesinde, dişiň dentin gatlagyna kalçin-kalymsyny ýapmak bilen pulpadaky zyýanly maddalary özüne sorup alýanlygyny we ikilenji dentin gatlagyny emele gelmegine ýardam berýänligini bellenilýär. Şeýlelikde diş pulpasynyň diňe täç bölegine däl eýsem kök bölegini hem dikeldip boljagyny aýtmak bolar.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]