- •Institutynyň talyplary üçin
- •Terapewtik stomatologiýanyň ösüşi we onuň öňünde durýan meseleler
- •Stomatologiýa gullugyny guramak
- •Häzirki zaman stomatologiýa gullugy şu aşakdaky görnüşlerden ybarat:
- •2.1. Stomatologyň otagynyň guralyşyna talaplar we kadalar.
- •Stomatolog lukmanyň otagynda şu aşakdaky enjamlar bolmaly:
- •Terapewtik stomatologiýada aseptika we antiseptika
- •Sterilizasiýa we dezinfeksiýa
- •Amidopirin synagynda Ulanylýan erginiň düzümi şu aşakdakylardan ybarat:
- •Agyz boşlugyndaky synalaryň we dokumalaryň gurluşy we ýerine ýetirýän işleri
- •3.1. Agzyň nemli bardasy
- •3.1.1. Agzyň dürli bölümlerindäki nemli bardanyň gurluşy
- •3.1.2. Agzyň nemli bardasynyň ýerine ýetirýän işleri
- •3.2. Sülekeý mäzleri, sülekeý we agyz boşlugynyň suwuklygy
- •3.2.1. Sülekeý mäzleri
- •3.2.2. Sülekeý we agyz boşlugynyň suwuklygy
- •3.2.3. Sülekeýiň ýerine ýetirýän funksiýalary
- •We ösüp çykyş möhletleri
- •3.3.1. Dişleriň anatomik gurluşy
- •3.3.1.2. Hemişelik dişler
- •3.3.2. Dişiň gaty dokumalarynyň gistologik gurluşy, himiki düzümi we ýerine ýetirýän işleri
- •3.4. Agyz boşlugynyñ mikroflorasy
- •3.5. Agyz boşlugynyñ goraýjy mehanizmleri
- •3.5.1. Mahsus däl goraýyş faktorlar
- •3.5.2. Mahsus goraýyş faktorlar
- •Mahsus goraýyş faktorlar
- •Agyz agzalarynyň ýagdaýlaryny anyklamagyň usullary
- •4.1. Näsagdan sorag-ideg edilişi (subýektiw barlaglar)
- •4.2. Obýektiw barlag usullary
- •4.2.1. Seretmeklik
- •4.2.1.1 Daşky serediliş
- •4.2.1.2. Agyz boşlugyna seretmek.
- •Dişleriň etlerine seretmek
- •Cpitn indeksiniň kesgitlenişi
- •Agyz boşlugynyň gigiýeniki ýagdaýlarynyň kesgitlenişi
- •4.2.1.3. Agyz boşlugynyň içki bölegine seretmek
- •Agzyň nemli bardasynda bolup geçýän patologik hadysalar
- •4.2.1.4. Dişlere seretmeklik
- •4.2.2. Dişleriň perkussiýasy
- •4.2.3. Palpasiýa barlagy
- •4.2.4. Temperatura duýujylygyny anyklamak.
- •4.2.5. Diş dokumalarynyň ýagdaýlarynyň elektrik togunyň kömegi bilen anyklanylyşy
- •4.2.6. Rentgen anyklaýyş usullary
- •Rentgen barlaglaryň usullary:
- •4.2.7. Transillýuminasiýa anyklaýyş usuly
- •4.2.8. Lýuminesent barlag usuly
- •4.2.9. Funksional takyklamalar
- •4.2.10. Funksional barlaglary
- •4.2.11. Laboratoriýa barlag usullary
- •4.3 Stomatologik näsaglarynyň hasaba alnyş kartasy
- •Kariýesden özge zeperlenmeler
- •Kariýesden özge zeperlenmeler.
- •Syrçanyň kemterliligi (gipoplaziýasy)
- •Dişleriň menekliligi (flýuorozy).
- •Syrçanyň artykmaçlygy (giperplaziýasy)
- •Dişler ösüp çykanyndan soňraky döwürlerde ýüze çykýan kariýesden özge zeperlenmeler
- •Pahna şekilli kemtik.
- •Dişleriň gaty dokumalarynyň patologik sürtülmesi
- •Dişleriň eroziýasy
- •Dişleriň gaty dokumalarynyň nekrozy
- •Dişleriň himiki (turşulardan) nekrozy
- •Dişleriň ýiti şikeslenmesi
- •Dişleriň kariýesi
- •6.2. Dişleriň kariýesiniň toparlara bölünişi
- •6.3. Kariýesiň klinikasy
- •6.4. Dişleriň kariýesiniň patologik anatomiýasy
- •6.5. Diş kariýesiniň döreýişiniň nazary ýollary (takyklamalary)
- •Şats we Martiniň helasiýa teoriýasy
- •Kariýesiň döremeginiň häzirki zaman düşündirilişi
- •Surat № 6.6. Kariýesiň döreýşiniň taslamasy.
- •6.6. Diş kariýesiniň bejerlişi
- •Blek boýunça kariýes köwekleriniň klaslara bölünişi
- •I klas kariýes ojaklarynyň şekil aýratynlyklary.
- •III klas kariýes köwekleriniň şekilleri.
- •IV klas kariýes köwekleriniň görnüşleri.
- •V klas kariýes köweginiň taýýarlanyşy.
- •6.6.2. Petikleýji serişdeler
- •6.6.2.1. Wagtlaýyn ulanylýan petikleýjiler.
- •6.6.2.2. Aralaýjylar.
- •6.6.2.3. Hemişelik petikleýjiler
- •Sementleriň oňaýly taraplary:
- •Sementleriň oňaýsyz taraplary:
- •Petikleýjileri gatatmaklyk üçin ulanylýan fotopolimerzatorlar (gatadyjy çyralar) we olaryň ulanylyşy
- •6.6.3. Gaýtadan dikeldiji serişdeler bilen köwekleri doldurmaklygynyň tapgyrlary
- •6.7. Kariýesiň bejergisinde goýberilýän säwlikler we gaýra üzülmeler
- •Dişleriň pulpasy
- •7.1.1. Dişiň pulpasynyň anatomiki, gistologiki gurlyşy we fiziologiki aýratynlygy
- •7.1.2. Diş pulpasynyň gistologiki gurluşy
- •Diş pulpasynyň gistohimiýasy
- •7.1.3. Diş pulpasynyň gan üpjinçiligi.
- •7.1.4. Diş pulpasynyň nerw üpjinçiligi
- •7.1.5.Diş pulpasynyň ýerine ýetirýän işleri.
- •Iýmitlendiriş
- •Iýmitlendiriş işjeňligi
- •7.3. Dişiň pulpit keselleriniň sebäpleri.
- •7.3.1. Döreýiş sebäpleri.
- •7.4. Diş pulpasynyň çişmesiniň geçiş aýratynlygy, morfogenezi, mikrosirkulýator üýtgeşmesi.
- •7.3. Surat. Diş kök akabasynyň esasy arteriolynyň diwarynyň ultrodüzmi.
- •7.5. Diş pulpasynyň çişmesiniň toparlara bölünişi.
- •7.6. Pulpidiň geçiş alamatlary we anyklanyşy.
- •7.6.1.Ýiti ojaklaýyn pulpit.
- •7.6.2.Ýiti ýaýraň pulpit.
- •7.6.3. Üznüksiz fibroz pulpit.
- •7.6.4.Üznüksiz gipertrofiki pulpit.
- •7.6.5. Üznüksiz çüýreme (gangrenoz) pulpit
- •7.6.6. Üznüksiz pulpidiň ýitileşmegi.
- •7.7. Dişleriň pulpit keselleriniň bejerliş usullary
- •Bejerliş usullar
- •7.7.2. Pulpit keselini wital amputasyýa geçiriliş aýratynlygy.
- •7.13. Surat. Wital ekistropasiýa amputasion usuly
- •7.7.3. Hirurgiki usuly.
- •7.7.3.1. Pulpany wital ekstirpasyýa geçirilişi.
- •Pulpit bejerlende wital ekistropasyýa usulynyň geçiriliş tapgyry
- •7.7.3.2. Pulpanyň dewital ekistropasyýa geçirilişi
- •7.7.3.3. Pulpanyň dewital amputasyýa geçirilişi
- •Pulpit kesellerini bejerlende göýberilýän säwlikler we gaýry üzülmeler
- •VIII Bap Periodont dokumanyň çişmesi (infilomkatiýasy)
- •8.1. Periodont dokumanyň anatomiki -fiziologiki aýratynlygy.
- •8.3. Surat. Periodont süýmleriniň keseligine ýerleşişi, diş keseligine keseilende.
- •8.6. Surat. Periodontdaky epitelial galyndylary.
- •Periodontyn işjeňligi.
- •8.2. Periodontitiň sebapleri.
- •8.3. Periodontitiň (döreýşi geip çykyşy, geçiş aýratynlygy) patogenezi
- •8.4. Periodontit keselleriniň toparlara bölünişi.
- •8.5. Periodontit keseliniň geçiş aýratynlygy.
- •8.5.1. Dişiň köküniň depejigindäki ýiti periodontit.
- •8.5.2.Üznüksiz periodontitler
- •8.5.2.1.Üznüksiz fibroz periodontit.
- •8.5.2.2. Üznüksiz granurleýji periodontit
- •8.5.2.3. Üznüksiz granulamatoz periodontit
- •8.18. Surat. Üznüksiz gramulýomtoz periodontit.
- •8.5.2.4. Üznüksiz periodontitiň ýitileşmesi
- •Patomorfologiki üýtgeşmeler.
- •Periodontit kesellerini bejerliş usullary
- •8.6. Periodontitleriň bejerlişi.
- •Dişiň periodontit keselini bejermekligi şu aşakdaky tertiplerde amala aşyrmak ýerlikli hasap edilýär:
- •Ýiti periodontit keselini bejermekligiň aýratynlygy
- •Bir kökli dişiň bejerilişi
- •Köp kökli dişiň ýiti periodontit keselini bejerlişi Näsag ilkinji gezek ýüz tutanda
- •Üznüksiz periodontidiň bejerlişi
- •Bir kökli dişleriň bejerliş aýratynlygy
- •Köp kökli dişleriň bejerliş aýratynlygy
- •Üznüksiz periodontidiň ýitileşmesiniň bejeriliş aýratynlygy.
- •Periodontit keselini bejerlýärkä we bejergiden soňki göýberilýän säwlikler we gaýry üzülmeler.
- •Parodontyň keselleri
- •9.1. Umumy maglumatlar.
- •9.2. Parodont keselleriniň toparlara bölünişi.
- •9.3. Parodontyň gurluşy.
- •9.4. Parodontyň funksiýalary.
- •9.5. Parodont keselleriniň sebäpleri.
- •9.6. Parodont kesellerinde patologoanatomik alamatlar.
- •9.7. Parodont keselleriniň anyklanyş - barlag usullary.
- •9.1. Görkeziji. Parodont keselleriniň dürli görnüşlerinde
- •9.8. Parodont keselleriň geçiş alamatlary
- •9.8.1. Gingiwit
- •9.8.2. Parodont kesellerinde dişetiniň melanoz tegmildi.
- •9.19. Surat Dişetindäki melanoz tegmildiň goýylyk
- •9.8.3. Parodontit.
- •9.8.4. Parodontoz.
- •9.8.5. Parodontoliz (parodontyň beterleşip ereýän idiopatik keselleri).
- •9.8.6. Parodontomalar.
- •9.9. Parodont keselleriniň bejerlişi.
- •9.9.1. Ýerli bejergi.
- •9.9.2. Umumy bejerlişi.
- •9.9.3. Hirurgik bejerliş usuly.
- •9.9.4. Fiziki bejerji usuly.
- •9.9.5. Ortopedik bejerliş usuly.
- •9.10. Parodont keselli näsaglara bejeriş – keseliň öňüni alyş kömeginiň guralşy.
- •Stomatogen ýokanç ojaklary we ojakly – şertlendirlen keseller.
- •Bejerliş aýratynlygy
- •Agyz boşlugynyň nemli bardasynyň keselleri
- •11.1. Agzyň nemli bardasynda keselleriniň görnüşlere bölnüşi
- •Ýokanç keseller:
- •III. Allergiki we zäherli-allergiki keseller:
- •IX. Rakoňýany keseller, howypsyz we howyply çişler:
- •II. Ýokanç keseller:
- •IV. Ekzogen zäherlenmelerde, agzyň nemli bardasynyň üýtgeşmeleri.
- •11.2. Şikesli zeperlenmeler
- •11.2.1. Mehaniki şikeslenme
- •11.2.1.1. Ýiti mehaniki zeperlenme
- •11.2.1.2. Üznüksiz mehaniki zeperlenme
- •11.2.2. Himiki zeperlenme.
- •11.2.3. Fiziki zeperlenilme.
- •11.2.3.1. Galwanizm.
- •11.2.3.2. Şöhle keseli
- •11.2.3.3. Äň-ýüz sebtindäki täze dömmeleriň şöhle bejergisinde agzyň nemli bardasynyň üýtgemeleri.
- •11.2.4. Leýkoplakiýalar
- •Owunjak düwünçejikleri bolan gaty we ýumşak gaňşyrawgyň nemli bardasynyň gipertozy çykaryjy akabanyň giňeldilen nokatly bolan giperplazirlenen sülekeý mäzleri.
- •11.2.5. Paşkowyň ýumşak leýkoplakiýasy
- •11.2.6. Kennonyň ak ýumşak haly
- •11.3. Ýokanç keseller
- •11.3.1. Wirus keseller
- •11.3.1.1. Ýönekeý (adaty) gerpes
- •11.3.1.2. Gurşaýjy gerpes.
- •11.3.1.3. Gerpetiki angina
- •11.3.1.4. Ýiti respirator wirus ýokanç keselleri.
- •11.3.1.5. Agsal keseli
- •11.3.1.6. Agyz boşlugyndaky aids ýokanç keseli.
- •11.3.2. Wensanyň ýaraly – çüýreme stomatiti
- •11.3.3. Mereziýel keseli
- •11.3.4. Inçekesel.
- •11.3.5. Kandidoz (Agyz boşlugyň nemli bardasynyň köpüklemesi)
- •Agyz burçynyň jaýrykly mikotik (hamyrmaýaly) çişmesi.
- •11.4. Allergiýa keselleri.
- •11.4.1. Käbir allergiki keselleriň kliniki alamatlary
- •11.4.1.1. Anafilaktiki şok.
- •11.4.1.2. Kwinkäniň angionewrotik çişgini
- •11.4.1.3. Derman allergiýasy.
- •Kataral we kataral-gemorragik stomatit (heýlit, glossit).
- •11.4.2. Köp görnüşli şypyljaýan eritema
- •11.4.3. Üznüksiz gaýtalanýan aftoz stomatit.
- •11.4.4. Behçetiň (sindromy) alamatlar toplumy.
- •11.4.5. Şegreniň (sindromy) alamatlar toplumy
- •11.6. Gipowitaminozlarda agzyň nemli bardasynyň ütgemeleri.
- •11.7. Käbir ulgamlaýyn kesellerde agzyň nemli bardasynyň ütgeýşi
- •11.7.1. Aşgazan-içege ýollarynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemeleri
- •Agzyň nemli bardasynyň bozulmagy
- •11.7.2. Ýürek-damar kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.3. Içki mäz (endokrin) kesellerde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.5. Gan emele getiriş ulgamynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •Agzyň nemli bardasynyň eroziw – ýaraly zeperlenmegi.
- •11.7.6. Nerw ulgamynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.6.1. Stomalgiýa (glossalgiýa).
- •11.7.6.2. Tagam alyşyň bozulmagy
- •11.7.6.3. Sülekeý çykmagyň bozulmagy
- •11.8. Deri kesellerinde agzyň nemli bardasynyň üýtgeşmeleri
- •11.8.1. Gyzyl ýasy demrew
- •11.8.2. Pakgarçak keseli
- •11.8.3. Pemfigoid
- •11.8.4. Gyzyl gurt keseli
- •11.8.5. Dýuringiň dermatiti
- •11.9. Diliň anomaliýasy we aýratyn keselleri
- •11.9.1. Gasynly dil
- •11.9.2. Gara (saçly) dil
- •11.9.3. Deskwamatiw glossit
- •11.9.4. Rombgörnüşli glossit
- •11.10. Heýlitler
- •11.10.1. Eksfoliýatiw heýlit (tozgalaýan)
- •11.10.2. Glandulýar heýlit
- •11.10.3. Aktiniki we meteorologik heýlitler
- •11.10.4. Allergik gatnaşyk heýlit
- •11.10.5. Atopiki heýlit (adaty däl heýliti)
- •11.10.6. Ekzematoz heýliti
- •11.10.7. Makroheýlit (Melkerson – Rozentalyň alamaty)
- •11.11. Agzyň nemli bardasynyň we dodagyň gyzyl gaýmasynyň howply dömmä getiriji keselleri
- •11.11.1. Howply dömmä getiriji hadysalarynyň toparlara bölünşi
- •11.11.2. Boueniň keseli
- •11.11.3. Rak öň ýany siňňiller
- •11.11.4. Dodagyň gyzyl gaýmasynyň rak öň ýany çäkli giperkeratozy
- •11.11.5. Manganoftiniň rak öň ýany abraziw heýliti
- •11.11.6. Deri siňňili
- •11.11.7. Keratoakantoma.
- •11.11.8. Rak öň ýany keselleriň öňüni alyş çäreleri
- •11.1. Diş ýokundylary
- •Diş daşlaryny aýyrmak
- •Edebiýat sanawy
Dişleriň pulpasy
7.1.1. Dişiň pulpasynyň anatomiki, gistologiki gurlyşy we fiziologiki aýratynlygy
Diş pulpasy birleşdirji dokuma bolup, dişiň boşlugyny dolduryp duran ýumşak birleşdirji süýmlerden we öýjüklerden jemlenen dokumadyr. Dişiň täç böleginiň boşlugyny dolduryp duran täç we kök akabany dolduryp duranyna kök pulpasy diýilýär. Diş pulpasy dişiň anatomiki gurluşyny gaytalap duranlygyny dişi keseligine kesilende görmek bolýär. Ýagny kiçi ýa-da uly azy dişleriň täjiniň daşky sypatynyň anatomyky gurluşy ny gaýtalaýar.
Dişiň kök pulpasy dişde näçe kök bolsa şonuň içini dolduryp kökiň anatomiki gurluşyny gaýtalaýär. Ýöne köpülenç diňe bir kök akabanyň içini gaýtalaman, goşmaça akaba köküň umumy akabasyna goşulýar, birek-biregi bilen birleşýär we köküň depejiginden birlikde çykýar. Mundan başgada kök ujy periodont dokumadan aralaşýar. Bu ýagdaýlara patologyky alamatlardiýip hasap etmeli däl ýöne bejergi geçirlende göz öňünde tutulmaklyk wajyp.
7.1.2. Diş pulpasynyň gistologiki gurluşy
Dişiň pulpasy adaty ýagdaýda dört gatlakdan ybarat .
1.Çetki gatlak
2.Öýjükleriň mukdary az gatlak
3.Öýjükleriň mukdary köp gatlak
4.Merkezi gatlaklara bölünýär.
Alymlar G.W.Ýaswoiň we I.G.Lukomiskiniň geçiren gistologiki barlaglarynyň netijesine ünsüňi çekseň onda üç gatlaga bölünýär .
Çetki gatlak, öýjüklere baý gatlak we öýjükleriň mukdarynyň az gatlaklaryny birleşdirip aralyk gatlak we merkezi gatlaklara bolünýärler.
Çetki gatlak diýip dişiň dentin gatlagyna golaý ýerleşen pulpasyna aýdylyp, olar 2-3 hatara düzülen odonoblast öýjüklerden emele gelen gatlaga aýdylyp, dişiň kök akabasynda öýjükleriň mukdary azalyp, süýmleriň mukdary köpelýär. Bu gatlakda öýjükler silinder şekilli bolup, olaryň ölçegi 30x6 mk-deň bolup, birek-biregi bilen berk birleşip, keseligine ýerleşýärler. Bu öýjükleriň daşky gatlagynda ösüntgileri uzyn bolup, dentin ýodajygyna aralaşýarlar. Tomosyň süýmleri ýaly dentin syrça gatlagyna çenly birleşýärler we onuň düzümine ornaşýarlar. Odontoblast öýjükleri içki gatlagynda ösüntgileri gisga bolup, olar biri-biri bilen birleşip daş töweregindäki öýjükler bilen berk baglaşýarlar.
Diş pulpasynyň gistohimiýasy
Diş pulpasynyň düzüminde äşgär fasfatazanyň orny uludyr. Bu fermentiň bolmagy fosfor tursysy bilen berk baglydyr, olaryň dişiň kökleriniň emele gelmeginde we ösýän döwründe ähmiýeti uludýr.
Dişleriň emele gelýän we ösýän döwürlerinde aşgar fosfatazasynyň dentin gatlagynyň emele gelmeginde hem odontoblast öýjükleriň köpelmegine ýardam berýär. Dişler ösüp çykandan soňra aşgar fofatazasy odontoblast öýjükleriň sitoplazmasynda hem Tomosyň süýmlerde duş gelýär. Bu maglumatlar öýjükleriň, süýmleriň we dentin gatlaklarynyň ösmeginde, ulalmagynda, berdaşlanmagynda uly ähmiýete eýedigini beýan edilen. Odontoblast öýjükleri öz göz başyny diş pulpasynyň juda owunjak tapawutlandyrmasy kyn bolan öýjüklerden alyp gaýdýar. Odontoblast öýjükleri diş pulpasyny agyr şikeslenme alan ýagdaýlarda ýüze çykýan gaýraüzülmelerden goraýar we gaýtadan dikelmäge ukyplylygy ýokarydyr. Gaýnaglamadan soňra odontoblast öýjüklerinden diş pulpasynyň süýmleri emele gelip bilýär.
Diş pulpasynyň aralyk gatlagynyň öýjükleri owunjak bolmak bilen, seljermesi kyn ýagdaýda ýerleşendir. Bu öýjüklerden wagtyň gelmegi bilen odontoblast emele gelýär. Şonuň üçinem bu gatlaga aralaýjy ýa-da tapawutladyrjy gatlak diýilýändir.
Şeýle-de bu gatlagyň merkeze golaýynda öýjükleriň mukdary köp bolsa-da çetki gatlaga golaý ýerinde mukdary azalýar, bu ýagdaýlar daş töweregindäki gatlaklaryň ýagdaýna görä köpelip we azalyp bilýär. Şeýle ýagdaýlar daş töweregindäki dokumalaryň kadaly ýagdaýda galmagyna ýardam berýär.
Öýjükleriň mukdarynyň köpelmeginde ýa-da azalmagynda odontoblastlaryň ösüntgisiniň dişlere berk ýapyşyp dartgynly ýagdaýda mürşdirip merkezi gatlaga tarap çekip saklaýanlygy bilen baglydyr. Şonuň üçin merkeze golaýda öýjükleriň mukdary köp bolup, çetki gatlaga golaýda öýjükleriň mukdary azdyr.
Diş pulpasynyň merkezi gatlagy embrional görnüşli birleşdirji dokumalardan we ýaşajyk ösüp barýan fibroblast, gistiosit öýjüklerden ybaratdyr. Bulardan başgada (ADWENTAL) öýjükleri duşýar, olar diş pulpasynda birnäçe wajyp işleri ýerine ýetrýärler. Şeýle-de kollogen we aragofyl süýmler merkezi gatlakda duş gelýän bolsa, çetki gatlaga golaýda diňe kollogen süýmler duşýär. Diş pulpasynyň adaty birleşdirji dokumalardan tapawudy maýşgak süýmleriň ýoklugydyr.
