Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Kitap ter stom.doc
Скачиваний:
29
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
3.55 Mб
Скачать

6.7. Kariýesiň bejergisinde goýberilýän säwlikler we gaýra üzülmeler

Dişleriň kariýesiniň esasy bejergisi bolan köwekleri gyrdap arassalamak we petikle­mek­de lukmanlar tarapyndan köp säwlikler we ýalňyşlyklar goýberilýär. Olaryň käbiri bejerilýän döwri, a käbirleri bolsa bejergi geçirilenden soň birnäçe wagtdan ýüze çykýar. Gaýra­ üzülmeleriň hemmesini aýdyp geçmek mümkin däl, şonuň üçin olaryň iň esasylarynyň üstünde durup geçýäris.

▲ Kariýes köwegini gurallaryň kömegi bilen gyrdap arassalanýan wagty tötän­leýin diş boş­lu­gynyň açylmagy we dişiň pulpasyna zeper ýetmegi. Bu ýagdaýlarda şikeslenen pul­panyň biologik bejergisini geçirmeli.

▲ Ikilenji ýa-da residiw kariýes–ilkinji kariýes boşlugyny petiklenip, bejerile­nden birnäçe wagtdan soň petik bilen syrçanyň serhedinde täzeden kariýes ojagynyň döremegidir. Ol kariýes boşlugynyň nädogry, doly arassalanmadyk ýag­da­ýyn­da, ýum­şak, zeperlenen syrçanyň, dentin gatlagynyň galmaklygynda, petikleýji seriş­desiniň hili­niň pes bolmagy, onuň kariýesi garşy täsiriniň ýok bolmagynda hem-de beýle­ki birnäçe luk­manlar tarapyndan goýberilýän ýalňyşlyklar sebapli döreýär. Bejerilişi-köne petikleýji se­riş­desini aýryp kariýes köwegini talaba laýyk edilip, arassa­lan­maly hem-de petiklenmelidir.

▲ Kariýes köwekleri petiklenenden soň dişiň pulpasynyň nekrozlaşmasy (ölmek­ligi) we onuň çişme kesellere getirýär. Bu hadysalar haçanda kariýes boşlugyny doldur­mak üçin ýaramaz-awuly petikleýjiler ulanylan wagty ýa-da köwegiň dübüne aralaýjy gatlaklaryň talaba laýyk goýulmadyk ýagdaýynda bolup biler. Mysal üçin, amalgamalar, gaýtadan di­kel­diji (kompozit) petikleý­jiler özleriniň düzüminde (simap, ortofosfor turşysy) awuly ji­sim­leri saklaýar­lar. Eger-de diş pulpasynyň üstündäki dentin turbajyklarynyň ýollaryny bagla­ma­saň ol awuly jisimler pulpa baryp ony zäherleýärler hem-de onuň nekroz­laşma­gy­na, çişmä sezewar bolmagyna eltýär. Bejerilişi pulpit, periodontit çişmeleriniňki ýalydyr.

▲ Diş aralyk etiniň we süňküniň zeperlenmesi (gingiwit, parodontit) II – III synp boýunça boşluklaryň nädogry petiklenen ýagdaýynda, diş aralyk etiniň üstüne artykmaç petikle­ýji­niň düşmegi, dişleriň galtaşýan taraplaryny nädogry amal etmekde gabat gelýär. Bu ýagdaýlar bolmaz ýaly dişleriň galtaşýan taraplarynyň talabalaýyk, dişetine zeper ýetmez ýaly edilip berjaý edilmelidir.

▲ Petikleýjiniň kariýes köweginden tiz we az wagtdan soň gaçmagy diňe luk­manyň günäsi boýunça bolup bilýär. Kariýes köwegini nädogry taýýarlamak, petikleý­ji­niň taýýarla­nyşy­nyň düzgü­niniň bozulmaklygy ýa-da boşluk petikleýji bilen doldurylýan wagty oňa çygylylygyň düşmekligi bilen düşündirilýär.

▲ Petiklenenden soň dişiň reňkiniň üýtgemegi kariýes boşlugynyň çüý­rünt­gilerden doly aras­sa­­lanylmandygyndan, petikleýji serişdesiniň reňkiniň dişiň syrçasynyň reň­kine gabat gelmeýanliginden ýa-da onuň wagtyň geçmekligi bilen öz reňkini üýtgedýan­ligi sebäpli bolýar. Bu ýag­daýlarda kariýes boşlugy täzeden talabalaýyk edilip taýýarlanylmaly hem-de täze petikleýji serişdesi goýulmalydyr.

VII Bap

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]