Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Kitap ter stom.doc
Скачиваний:
29
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
3.55 Mб
Скачать

Petikleýjileri gatatmaklyk üçin ulanylýan fotopolimerzatorlar (gatadyjy çyralar) we olaryň ulanylyşy

Petikleýjileri ýörite gatatmaklyk üçin lampa-polomerzatorlar kärhanalar tarapyn­dan göýbe­ril­ýär­. Olar dürli bolup, şöhlesiniň, tolkunynyň uzynlygy 400-500 mkm-e deňdir. Şöhläni tutma­gyň do­wamlylygy lampanyň we petikleýjiniň görnüşine bagly. Kada boýunça ulanylýan petik­leý­jiniň ga­t­lagynyň 3 mm-den galyň bolmadyk ýagdaýyn­da 20-30 sekunduň dowamynda tutulan şöhlede ol gataýar.

Dişleriň täçlerini gaýtadan dikeltmegiň käbir aýratyn­lyklary şu aşakdaky­lardyr.

1. Gaýtadan dikeldiş işiniň hysyrdyly we köp wagty talap edýänligi üçin näsag sto­ma­tologik kürsüsinde arkan ýatan ýagdaýda bolmalydyr.

2. Stomatologik abzallarynda sülekeý, suwuklygyny sorujy guralyň bolmagy, howa bilen üfläp guradyjy sapançanyň hem-de ýagsyz işleýän diş gyryjy kompessorynyň bolmagy zerurdyr.

3. Lukman stomatologa goşmaça kömekçi şepagat uýasynyň bolmagy hem zerurdyr.

4. Diş gyryjy gurallary hereket edýän wagtlary suw-howa bilen täsir edip so­wadylyp, işleýän bolmalydyr.

5. Işlenilýän otagdaky howanyň temperaturasy mümkin boldugyça 21-24 C0 aralykda bol­ma­lydyr sebäbi daşky temperatura petikleýjiniň häsiýetlerine täsir edýär.

6. Taýýarlanylan kariýes köwegi wodorodyň perekisi, spirt, efir ýaly erginler bi­len ýuwulmaly däldir. Ol gowy arassalanan suw (distilirlenen) bilen ýuwulmalydyr.

7. Köwekler arassa howanyň (ýag saklamaýan) kömegi bilen guradylmalydyr.

6.6.3. Gaýtadan dikeldiji serişdeler bilen köwekleri doldurmaklygynyň tapgyrlary

Tapgyrlar üçe bölünýär:

I. Nasaglary taýýarlamak;

II. Dişleri taýýarlamak;

III. Petiklemek we gaýtadan dikeltmek.

I. Näsaglary taýýarlamak.

Bejeriş işine başlamazyndan öňürti näsagyň agyz boşlugynyň agzalarynyň ýag­daýlaryny öw­renmek gerekdir. Ýagny kariýes köwekleriň haýsy synplara degişliligini, olaryň ulylygy, çuň­lu­gy, petikleniljek köwegiň töweregindäki kentlewügiň ýagdaýlary, çişme-gyzarma, ýellen­meler bardygyny anyklamak, diş etiniň gipertrofik ösen ýerleri bolsa olary ýakyp ýa-da diatermiýa koagulýasiýa edip aýyr­­maklyk zerurdyr. Näsagda kentlewügiň çişmesi, ganamaklygy, diş çökündileri, daşlary bar bol­sa, onda ilki bilen çökündileri aýyrmaly, soňra näsaglara dişleri kadaly arassalamaklygy öwretmeli, diş etiniň çişmesiniň ganamagynyň garşysyna bejergileri geçirilmeli, ýogsam olar kadaly petik­lenme hadysasyna päsgel berýärler hem-de onuň hiline täsir edýärler. Eger-de dişýany dok­uma­larynyň ösen derejedäki (parodontitleriň I, II, III derejesi) çişmeleri bar bolsa, onda bejerginiň köp wagtlap geçirmeli bolýar we bejergiler doly geçirilip bolanyndan 2-3 hepde geçenden soň, dişleriň gaýtadan dikeldiş işini geçirmek bolýar.

II. Dişleri taýýarlamak.

Dişleri taýýarlamak birnäçe tapgyrdan we geçirilmeli çärelerden ybaratdyr;

1. Patologik üýtgän dokumalary aýyrmaklyk kariýes köweginiň synplaryna baglylykda köwek taýýarlanylýar. Esasanam üýtgän syrça, dentin dokumalaryny III, IV, V-ji synplarda westibulýar görünýän taraplarynda doly aýyrmak zerurdyr. Sebä­bi sähel­çe aýrylman galdyrylan dentin, syrça tegmiltleri köwekler petiklenenden soň, görünip durýär we dişiň täjiniň görküni bozýar we täzeden petiklemegi amala aşyrmaly bolýar;

2. Köwekleriň erňeklerini taýýarlamak. Kariýes köweklerini synplar boýunça (Blegiň hödür­lemesine laýyklykda) taýýarlanylandan soň, kompozit petikleýji goýuljak köwegiň daşky gyralaryny 450 ýapgyt edilip taýýarlanylmalydyr. Sebäbi kompozit petikleýjileriň daşky gatlaklary çeýneýji güjüne çydamsyz, olar tiz wagtdan sürtülýänligi we olaryň göwrümi kiçelip aşak düşýänligi şeýle hem petikleýjiniň syrça bilen galtaşýan serhediniň aýdyň görünmezligi üçindir. Köwegiň erňegi tekiz hem-de ýylmanak bolany üçin almaz daşlaryndan taýýarlanan gyryjylary ulanmalydyr.

3. Diş çökündilerinden arassalamak. Dişler ösüp çykandan soň onuň syrçasynyň daşy­ny sülekeýden emele gelýän ýukajyk organiki bardajyk (pellikula) örtýär. Gelejekde bolsa pelliku­lanyň üstünde dişiň ýumşak we gataňsy çökündileri emele gel­ýär. Bu çökündiler petikleýiş hadysasyna päsgel berip, olaryň durnuklylygyna täsirini ýe­tir­ýärler. Şulary aradan aýyrmaklyk üçin dişleri gaýtadan dikeltmezden öňürti, olar da­şyndaky çökündilerden doly arassalanmalydyrlar. Arassalamak işi ýöriteleşdirilen gu­ral­laryň we himiki serişdeleriň kömegi bilen geçirilýär.

4. Syrçanyň üstki gatlagyny gyrdamak we onuň prizmalarynyň ýüzüni açmak çäreleri haçanda kariýesden özge keselleriň zeperlenmelerinde edilýär we bu petikleýji serişdesiniň syrça ýelmeşmek derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilýär.

5. Dişleri suwkluklardan çäklendirmek we göwnejaý guratmaklyk. Bejeriljek diş sülekeý­den we agyz suwkluklaryndan çäklendirmeklik kaferdam ýa-da pagta letdejikleri arkaly edilýär. Bu­lardan başga-da kariýes köweginiň içini howa üfleýji sapançanyň kömegi bilen gownejaý gurat­mak ge­rekdir. Sebäbi çalarak çyglylygyň bar ýerinde petikleýji serişdäniň ýelmeşmek ukyby pese gaçýar.

6. Aralaýjy gatlaklary goýmak. Görkezmelere esaslanyp köwekleriň düýbüne aralaýjy ýa-da bejeriji düşekler goýulýar. Aralaýjy gatlaklar esasan Sink-fosfatly sementden has gowusy iýo­nomer sementinden goýulsa gownejaýdyr. Aralaýjy goýulyp, 5-10 minut geçenden soň, (gatanyn­dan) köwegiň dokumalaryny turşular bilen eretmek hadysasyny geçirmek maslahat berilýär.

7. Gaýtadan dikeldişiň düýbüni tutmak iýonomer sementlerinden ýa-da kompomer kompozitlerinden (Dyraсt) taýýarlanylsa netijeliligi ýokary bolýar. Düýbi tutulandan soň olaryň üstigerekli reňkdäki petikleýjiler bilen örtülýär.

8. Köwegiň syrça erginini turşular bilen eretmeklik çäresini geçirmek ýörite­leşdirilen ortofosfor turşulary bilen amala aşyrylýar. Ol turşulary petikleýji serişdeleriniň düzüminde ýa-da ýörite “Bondng” sistemasy hökmünde kärhanalar tarapyndan taýýar önüm hökmünde hem göýberilýär. Syrçanyň erňeklerini turşular bilen eretmek 20-40 sekundyň dowamynda geçirilýär. Ondan soňra ol turşulary aýyrmak üçin arassalanan suw bilen birnäçe gezek gaýtalap ýuwulýar. Syrçadan soňra, dentini turşular bilen eredip, ýüzleý ýerleşýan kollagenlerden belok birleşmelerinden arassalanmak amala aşyrylýar.

9. Praýmer bilen dentiniň ýüzüni örtmek haçanda çuň bolmadyk kariýes boşluk­larynda aralaýjy gatlaklaryň goýulmaýan wagtynda geçirilýär. Olaryň goýulan wagtynda-da dentiniň kä­bir ýerleriniň açyk galýan ýerlerini Praýmer gataýjysy bilen örtmeklik zerurdyr. Ol dentin turba­jyklarynyň gözlerini ygtybarly baglaýar hem-de dentin suwuklygynyň petikleýjä bolan täsirini ara­dan aýyrýar. Şeýlelikde petikleýjä aşakdan çyg barmaýar we petikleýji dokumalara mäkäm ýel­meşip, uzak wagtlap saklanýar.

10.Köwegiň düýbüni, diwarlaryny, erňeklerini ýelmeşdiriji (adgeziw) serişdesi bilen örtülýär. Onuň himiki we şöhle bilen gataýjy görnüşler bardyr. Olar petikleýji bilen dişiň gaty dokumalarynyň arasynda ýelmeşdiriji, baglanyşdyryjy serişde bolup hyzmat edýärler.

III Gaýtadan dikeltmek (petiklemeklik).

Gaýtadan dikeltmekde dişiň funksional, anatomik şekiline, estetik görküne düzediş beril­ýar. Dikeldiş çäresiniň tapgyrlary: iki dişiň arasynda aralaýjy plastmas bölejigin ýerleşdirmek; kompozit petikleýjisini köwege guýmak we ony şöhle bilen gatatmak, petik­leýji ýukajyk gatlak-gatlak görnüşde goýulyp köwek doldurylýar; dişiň täjine daşky sypaty be­r­mek; artykmaç petikleýjiniň aýrylyşy we onuň daşky ýüzüne timar bermek; petikleýjiniň ýüzüni ýylmamak; jemleýji şöhläni tutmak.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]