Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Kitap ter stom.doc
Скачиваний:
23
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
3.55 Mб
Скачать

Sementleriň oňaýly taraplary:

1. Külkesiniň düzüminde birnäçe mineral (Ca, F, P, Mg, Zn, Kr) hem-de ftoruň birnäçe bir­leşmelerini saklaýanlygy üçin ikilenji kariýesiň garşysyna, syrçanyň durnuklylygyny artdyr­makda täsir ýokarydyr.

2. Sement petikleýjileriniň özünden gyzgyn-sowuk gyjyndyrjylary geçirjiligi pesdir, şonuň üçin hem olary aralaýjy gatlak ýa-da emeli täçleri berkitmeklik üçin köp ulanylýar.

3. Taýýarlanylyşy aňsat hem-de plastik ýumşak bolany üçin islän şekiliňi bermek bolýar.

4. Umumy bedene, dişiň gaty dokumalaryna, pulpasyna ýaramaz, awuly täsirini pes derejede.

5. Az-kem tapawut etse-de dişiň syrçasynyň reňkine gabat gelmegi (iýonomer aýnaly sementler).

6. Döwlet tarapyndan onuň çigmalynyň we taýýarlanyşynyň aňsatlygy we bahasynyň elýeterli bolmagydyr.

Sementleriň oňaýsyz taraplary:

1. Sement petikleýjileriň mehaniki çeýneýiş güjüne durnuksyzlygy;

2. Agyz suwklygynda, sülekeýde ereýjiliginiň ýokarylygy;

3. Dişiň gaty dokumalaryna ýelmeşmek (adgeziýa) ukybynyň pesligi (iýonomer semen­t­den başgasy);

4. Petikleýji goýulandan birnäçe wagtdan göwrüminiň kiçelýänligi, durkunsyzlygy;

5. Silikat we silidont sementlermiň erginleriniň düzüminde ortofosfor turşusynyň köp bolanlygy sebäpli dişiň pulpasyna awuly täsiri bardyr. Şonuň üçin petikleýjileriň aşagyna aralaýjy gatlak goýmaklyk hokmanydyr.

Amalgamalar: kariýes köwekleriniň I we II synp boşluklaryny doldurmak üçin esasy petikleýji serişdesi hökmünde ulanýarlar. Bu serişdeleriň esasy özeni bolup metallik külkeler hyzmat edýanligi üçin kä halatlarda olara metallik petikleýjiler hem diýilýär.

Häzirki wagtda amalgamalaryň üç görnüşi bellidir. 1) kümüş amalgamasy; 2) mis amalga­masy; 3) galiý amalgamasy. Amalgamalar külkeden we erginden ybaratdyr. Kümüş amalga­masy­nyň külkesiniň 66%-i kümüşden; 32%-i galaýydan we 2%-i misden durýar. Ergini – arassa simapdandyr. Simap ergininiň awuly, bedene howply täsiri bolanlygy üçin (gandaky eritrosit­leriň gemolizine getirýar) işlenende käbir talaplary ýerine ýetirmelidirler.

Mis amalgamalary hem kümüş amalgamasyna meňzeşräk bolup diňe düzüminde köp dere­je­de mis saklanylýandygy (kümüşiň ýerine) üçin oňa mis amalgamasy diýilýär. Häzirki wagtda terapewtik stomatologiýasynda köp ulanylýany mis amalgamasy bolup, onuň onlarça we ondan-da köp gör­nüşleri amaly önümçilige hödürlenendir. Mis amalgama­lary esasy üç görnüşde bolup, olar a, β, ﻵ fazada taýýarlanylýanlardyr. Amal­gamanyň taýýarlanyş fazasynyň derejesi näçe çylşyrymlaşsa şon­ça-da onuň hili gowy hasap edilýar. Amalgamalaryň taýýarlanyşy barada aýdylanda olary ýöriteleşdirilen amalgama garyjylaryň kömegi bilen amala aşyrylýar. Bu abzallaryň işleýiş tertibi olar herekete getirlende olarda aýlaw, öňe-yza ýaly hereketler döräp, gural aýlanýar. Şol ýerde-de kül­ke bilen ergin garşyp ikisiniň arasynda himiki hadysa esasynda taýýar petikleýji hamyry emele gelýär. Garmaklygyň dowamlylygy 20-30 sekunt, külke we erginiň gatnaşygy: 4 gram külkä + 1,0 ml ergin goşulýar.

Galiý amalgamasy häzirki wagtda önümçiligi bolmanlygy üçin ýatyryldy we amalyýetde ulanylmaýar.

Amalgamalar bilen kariýes köwekleriniň doldurylyşynyň tertipleri. Amalgamalar bilen dol­duryljak boşluklar gönüden-göni Blek boýunça tertipde synplar emele getiril­melidir. Kariýes kö­we­gi­niň erňekleri 45­0 ýapgyt edilip taýýarlanylmalydyr. Köwekleriň düýbi, diwarlary, ýagny dentin doku­malarynyň ýüzi aralaýjy gatlaklar (fosfat sement) bilen örtülmelidir, sebäbi amalgamalaryň düzü­minde simap bolanlygy üçin onuň dişiň pulpasyna ýaramaz-awyly tasiri bardyr. Kariýes köwek­leri (I, II, V) doldurlanda amal­gamalar kiçijik bölek-bölek edilip, gatlak-gatlak görnüşinde petiklenil­meli­dir hem-de petikleýjiniň üstünden mäkäm basmak, basyş güýjüni ulanmak zerurdyr, ýagny petikleýjini dykyzlandyrmaklyk gerekdir. Petikleýjini kariýes köweginiň daşyna az-owlak artykmaç çykyp duran görnüşde edip goýmaly, sebäbi gelejekde amalgamalar özüniň göwrümini kiçeldýärler. Goýulan petikleýjiniň daşky ýüzüni tekizlemek, ýulmemeklik işleri 24 sagatdan soň amala aşyrylmalydyr, sebäbi amalgamalar haýal gataýarlar (6, 12, 24 sagadyň dowamynda).

Amalgamalaryň oňaýly taraplary:

1. Mehaniki çeýneýiş güjüne çydamlylygy;

2. Agyz suwuklygynda, sülekeýde ereýjiliginiň pes bolmagy;

3. Düzüminde kümüş, mis, golaýy ýaly himiki birleşmeleri saklaýanlygy üçin iki­len­ji kari­ýese bolan garşylygynyň ýokarylygy;

4. Köp wagtlap özüniň durkuny saklap bilýänligi we başg.

Amalgamalaryň oňaýsyz taraplary:

1. Düzüminde simap saklaýanlygy üçin umumy bedene, dişiň pulpasyna ýaramaz-awuly täsiri bardyr.

2. Petikleýji metalliklere degişli bolanlygy üçin gyzgyn – sowuk gyjyndyrjylary geçirjiligi ýokary. Şonuň üçin onuň aşagyna aralaýjy düşekleri goýmak zerurdyr.

3. Metallik reňkiň dişiň täjiniň reňkine gabat gelmeýanligi üçin olary diňe çeýneýiş diş­ler­de goýmak mümkinçiliginiň bardygy.

4. Dişiň gaty dokumalaryna (syrça) ýelmeşmek ukybynyň pesligi.

5. Ykdysady taýdan gymmatlygy we olary taýýarlamak üçin goşmaça abzallaryň we garylyş otaglaryň gerekligi, birnäçe çykdajylary talap edýär.

Gaýtadan dikeldijiler (kompozitler).

Kompozit diýilmegi akril we epoksid şepbikleriniň bile gatnaşmaklygynda taýýarlanan petikleýjilere aýdylýar. Esasy şepbigiň özeni – akril, epoksid birleşmeleri, katalizatory – gidro­hinon, hamyryň dykyzlandyryjysy-eredilen kwars aýnasy, kwars aýnasynyň külkesi, litiý elementi, alýumin silikat we borsilikat aýnalary, ftoruň birleşmesi we başgalar hyzmat edýar.

Gaýtadan dikeldijiler özleriniň himiki düzümi we gataýjylygy boýunça 5 topara bölün­ýärler.

Toparlara bölünmek kompozitleriň hamyrynyň dykyzlandyryjysynyň bölek­leriniň göw­rü­miniň ulylygyna-kiçiligine baglydyr. Olara: 1) ýönekeýje kompo­zit­ler (makrob­ö­lekli); 2) has dykyzlandyrylan kompozitler (mikrobölekli); 3) ortarak dykyzlandyrylan (minibölekli) kompozitler; 4) gibrid­leşdi­ri­len kompozitler; 5) kompomerler – gibridleşdirilen kompozitleriň iýo­nomer sementler bilen bilelikdäki garyşdyrylyp taýýarlanylany degişlidir.

Ýonekeý kompozitleriň (makro bölekli) dykyzlandyryjysynyň bölekleriniň göwrü­miniň ululygy 10-45 mkm ölçegine deňdir. Bu topardaky petikleýjilere ewikrol, norak­ril we başga-da birnäçesi degişli bolup, olar himiki hadysa esasda gataýarlar. Olaryň mehaniki çeýneýji güýje garşy durnuklylygy ýokarydyr, ýöne reňkleriniň gabat gelşi we onuň üýtgemän sak­la­nyşy pesdir. Tekizlenmeklik, ýylmanmak häsiýeti hem pesdir. Dişiň pulpasyna ýaramaz-awuly täsiri ýokarydyr.

Has ownuk dykyzlandyrylan kompozitleriň bölekleriniň ululygy 0,4-0,8 mkm-e deňdir. Bular diňe şöhläniň täsiri netijesinde gataýarlar. Bu topara “geliýop­rogress”, “geliýomolýar” we başg. degişlidir. Bularyň oňaýsyz taraplary çeýneýji guýje durnuksyzlygy, wagtyň geçmegi bilen özleriniň göw­rümini kiçeldýänligidir. Oňaýly taraplary reňkleri durnukly we gowy ýylmanýär we awuly täsiri pesdir.

Ortaça dykyzlandyrylan kompozitlerde hamyrdaky bölejikleriň göwrümi 1-10 mkm-e deňdir. Olar şöhle bilen gataýarlar. Bu topara “Wizifil”, “Prizmafil” we başgalar degişlidir. Petikleýjiler çeýneýji güýjüň garşysyna durnukly hem-de gowy ýylmanýärlar.

Gibridleşdirilenler. Hamyrdaky dykyzlandyryjy bölekleriň göwrümi 0,05-50 mkm çenlidir. Şöhle bilen gataýarlar. Ýewropa ýurtlarynda giňden ýaýrandyrlar. Bulara örän köp petik­leýjiler degişlidir. Olardan “Pertak”, “tetrik” we başg. örän ýokarydyr we oňaýsyz taraplary azdyr.

Kompomerler – gibridleşdirilen kompozitleriň iýonomer aýnaly sementler bilen garyşd­yry­lyp taýýarlanan petikleýjilerdir. Şöhle bilen gataýarlar. Oňaýly taraplary-dişiň syrçasyna ýoka­ry ýel­meş­mek ukyby, mehaniki, himiki taýdan durnuklylygy, reňkiniň üýtgemezligi, düzü­minde ftor sakla­ýanlygy üçin kariýese garşyçylygynyň bolmagy olaryň giňden ulan­mak­ly­gyna ýol açýar. Bu topara “Daýrekt” we başgalar degişlidir.

Her petikleýjiniň gapdalynda dişiň gaty dokumalaryny erediji hem-de olara petik­leýjileri ýelmeşdiriji serişdeler hem bardyr. Petikleýji serişdesi dişiň syrçasyna gowy ýelmeşer ýaly ol ilki bilen eredilýär. Erediji serişde hökmünde 30-40% derejesindäki ortofosfor turşusy ulanylýar. Onuň täsiriniň dowamlylygy 15-20 sekuntdyr. Turşunyň täsiri esasyda syrçanyň daşky gatlagynyň 10 mkm çuňlukdaky mineral duzlary ereýär we syrçada uşajyk boşluklar emele getirýär. Syrça çalnan turşuny 30 minudyň dowamynda suw bilen ýuwmak arkaly aýyrmak amala aşyrylýar.

Syrça eredilenden soň, oňa ýelmeşdiriji (adgeziw) serişdeleri çalmalydyr. Bulara “ProBond”, “Prim-Bond”, “All-Bond”, “Oti-Bond”, “Syntak”, “Sçothe Bond Plus” we başg. degişlidir.

Bu adgeziw serişdeleriniň esasy maksady dişiň syrçasyny, dentinini petikleýji serişdesi bilen himiki birleşdiriji ergin höküminde hyzmat etmesidir. Bulardan başga-da häzirki wagtda ýörite­leş­dirilen “Praýmer” serişdeleri hem ulanylýar. Olar dentiniň ýüzüni örtmek we dentin turbajyklarynyň gözlerini baglamak, ýagny dentin suwklygynyň akyp çykmagyna ýol bermezlik üçin niýet­lenendir. Käbir halatlarda bolsa olary aralaýjy düşek hökmünde hem ulanmak maslahat beril­ýär. Ondan başga-da adgeziw-Bondlaryň ýörite syrça, dentine we petikleýjiler üçin niýetlenen görnüşleri hem bardyr.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]