- •Institutynyň talyplary üçin
- •Terapewtik stomatologiýanyň ösüşi we onuň öňünde durýan meseleler
- •Stomatologiýa gullugyny guramak
- •Häzirki zaman stomatologiýa gullugy şu aşakdaky görnüşlerden ybarat:
- •2.1. Stomatologyň otagynyň guralyşyna talaplar we kadalar.
- •Stomatolog lukmanyň otagynda şu aşakdaky enjamlar bolmaly:
- •Terapewtik stomatologiýada aseptika we antiseptika
- •Sterilizasiýa we dezinfeksiýa
- •Amidopirin synagynda Ulanylýan erginiň düzümi şu aşakdakylardan ybarat:
- •Agyz boşlugyndaky synalaryň we dokumalaryň gurluşy we ýerine ýetirýän işleri
- •3.1. Agzyň nemli bardasy
- •3.1.1. Agzyň dürli bölümlerindäki nemli bardanyň gurluşy
- •3.1.2. Agzyň nemli bardasynyň ýerine ýetirýän işleri
- •3.2. Sülekeý mäzleri, sülekeý we agyz boşlugynyň suwuklygy
- •3.2.1. Sülekeý mäzleri
- •3.2.2. Sülekeý we agyz boşlugynyň suwuklygy
- •3.2.3. Sülekeýiň ýerine ýetirýän funksiýalary
- •We ösüp çykyş möhletleri
- •3.3.1. Dişleriň anatomik gurluşy
- •3.3.1.2. Hemişelik dişler
- •3.3.2. Dişiň gaty dokumalarynyň gistologik gurluşy, himiki düzümi we ýerine ýetirýän işleri
- •3.4. Agyz boşlugynyñ mikroflorasy
- •3.5. Agyz boşlugynyñ goraýjy mehanizmleri
- •3.5.1. Mahsus däl goraýyş faktorlar
- •3.5.2. Mahsus goraýyş faktorlar
- •Mahsus goraýyş faktorlar
- •Agyz agzalarynyň ýagdaýlaryny anyklamagyň usullary
- •4.1. Näsagdan sorag-ideg edilişi (subýektiw barlaglar)
- •4.2. Obýektiw barlag usullary
- •4.2.1. Seretmeklik
- •4.2.1.1 Daşky serediliş
- •4.2.1.2. Agyz boşlugyna seretmek.
- •Dişleriň etlerine seretmek
- •Cpitn indeksiniň kesgitlenişi
- •Agyz boşlugynyň gigiýeniki ýagdaýlarynyň kesgitlenişi
- •4.2.1.3. Agyz boşlugynyň içki bölegine seretmek
- •Agzyň nemli bardasynda bolup geçýän patologik hadysalar
- •4.2.1.4. Dişlere seretmeklik
- •4.2.2. Dişleriň perkussiýasy
- •4.2.3. Palpasiýa barlagy
- •4.2.4. Temperatura duýujylygyny anyklamak.
- •4.2.5. Diş dokumalarynyň ýagdaýlarynyň elektrik togunyň kömegi bilen anyklanylyşy
- •4.2.6. Rentgen anyklaýyş usullary
- •Rentgen barlaglaryň usullary:
- •4.2.7. Transillýuminasiýa anyklaýyş usuly
- •4.2.8. Lýuminesent barlag usuly
- •4.2.9. Funksional takyklamalar
- •4.2.10. Funksional barlaglary
- •4.2.11. Laboratoriýa barlag usullary
- •4.3 Stomatologik näsaglarynyň hasaba alnyş kartasy
- •Kariýesden özge zeperlenmeler
- •Kariýesden özge zeperlenmeler.
- •Syrçanyň kemterliligi (gipoplaziýasy)
- •Dişleriň menekliligi (flýuorozy).
- •Syrçanyň artykmaçlygy (giperplaziýasy)
- •Dişler ösüp çykanyndan soňraky döwürlerde ýüze çykýan kariýesden özge zeperlenmeler
- •Pahna şekilli kemtik.
- •Dişleriň gaty dokumalarynyň patologik sürtülmesi
- •Dişleriň eroziýasy
- •Dişleriň gaty dokumalarynyň nekrozy
- •Dişleriň himiki (turşulardan) nekrozy
- •Dişleriň ýiti şikeslenmesi
- •Dişleriň kariýesi
- •6.2. Dişleriň kariýesiniň toparlara bölünişi
- •6.3. Kariýesiň klinikasy
- •6.4. Dişleriň kariýesiniň patologik anatomiýasy
- •6.5. Diş kariýesiniň döreýişiniň nazary ýollary (takyklamalary)
- •Şats we Martiniň helasiýa teoriýasy
- •Kariýesiň döremeginiň häzirki zaman düşündirilişi
- •Surat № 6.6. Kariýesiň döreýşiniň taslamasy.
- •6.6. Diş kariýesiniň bejerlişi
- •Blek boýunça kariýes köwekleriniň klaslara bölünişi
- •I klas kariýes ojaklarynyň şekil aýratynlyklary.
- •III klas kariýes köwekleriniň şekilleri.
- •IV klas kariýes köwekleriniň görnüşleri.
- •V klas kariýes köweginiň taýýarlanyşy.
- •6.6.2. Petikleýji serişdeler
- •6.6.2.1. Wagtlaýyn ulanylýan petikleýjiler.
- •6.6.2.2. Aralaýjylar.
- •6.6.2.3. Hemişelik petikleýjiler
- •Sementleriň oňaýly taraplary:
- •Sementleriň oňaýsyz taraplary:
- •Petikleýjileri gatatmaklyk üçin ulanylýan fotopolimerzatorlar (gatadyjy çyralar) we olaryň ulanylyşy
- •6.6.3. Gaýtadan dikeldiji serişdeler bilen köwekleri doldurmaklygynyň tapgyrlary
- •6.7. Kariýesiň bejergisinde goýberilýän säwlikler we gaýra üzülmeler
- •Dişleriň pulpasy
- •7.1.1. Dişiň pulpasynyň anatomiki, gistologiki gurlyşy we fiziologiki aýratynlygy
- •7.1.2. Diş pulpasynyň gistologiki gurluşy
- •Diş pulpasynyň gistohimiýasy
- •7.1.3. Diş pulpasynyň gan üpjinçiligi.
- •7.1.4. Diş pulpasynyň nerw üpjinçiligi
- •7.1.5.Diş pulpasynyň ýerine ýetirýän işleri.
- •Iýmitlendiriş
- •Iýmitlendiriş işjeňligi
- •7.3. Dişiň pulpit keselleriniň sebäpleri.
- •7.3.1. Döreýiş sebäpleri.
- •7.4. Diş pulpasynyň çişmesiniň geçiş aýratynlygy, morfogenezi, mikrosirkulýator üýtgeşmesi.
- •7.3. Surat. Diş kök akabasynyň esasy arteriolynyň diwarynyň ultrodüzmi.
- •7.5. Diş pulpasynyň çişmesiniň toparlara bölünişi.
- •7.6. Pulpidiň geçiş alamatlary we anyklanyşy.
- •7.6.1.Ýiti ojaklaýyn pulpit.
- •7.6.2.Ýiti ýaýraň pulpit.
- •7.6.3. Üznüksiz fibroz pulpit.
- •7.6.4.Üznüksiz gipertrofiki pulpit.
- •7.6.5. Üznüksiz çüýreme (gangrenoz) pulpit
- •7.6.6. Üznüksiz pulpidiň ýitileşmegi.
- •7.7. Dişleriň pulpit keselleriniň bejerliş usullary
- •Bejerliş usullar
- •7.7.2. Pulpit keselini wital amputasyýa geçiriliş aýratynlygy.
- •7.13. Surat. Wital ekistropasiýa amputasion usuly
- •7.7.3. Hirurgiki usuly.
- •7.7.3.1. Pulpany wital ekstirpasyýa geçirilişi.
- •Pulpit bejerlende wital ekistropasyýa usulynyň geçiriliş tapgyry
- •7.7.3.2. Pulpanyň dewital ekistropasyýa geçirilişi
- •7.7.3.3. Pulpanyň dewital amputasyýa geçirilişi
- •Pulpit kesellerini bejerlende göýberilýän säwlikler we gaýry üzülmeler
- •VIII Bap Periodont dokumanyň çişmesi (infilomkatiýasy)
- •8.1. Periodont dokumanyň anatomiki -fiziologiki aýratynlygy.
- •8.3. Surat. Periodont süýmleriniň keseligine ýerleşişi, diş keseligine keseilende.
- •8.6. Surat. Periodontdaky epitelial galyndylary.
- •Periodontyn işjeňligi.
- •8.2. Periodontitiň sebapleri.
- •8.3. Periodontitiň (döreýşi geip çykyşy, geçiş aýratynlygy) patogenezi
- •8.4. Periodontit keselleriniň toparlara bölünişi.
- •8.5. Periodontit keseliniň geçiş aýratynlygy.
- •8.5.1. Dişiň köküniň depejigindäki ýiti periodontit.
- •8.5.2.Üznüksiz periodontitler
- •8.5.2.1.Üznüksiz fibroz periodontit.
- •8.5.2.2. Üznüksiz granurleýji periodontit
- •8.5.2.3. Üznüksiz granulamatoz periodontit
- •8.18. Surat. Üznüksiz gramulýomtoz periodontit.
- •8.5.2.4. Üznüksiz periodontitiň ýitileşmesi
- •Patomorfologiki üýtgeşmeler.
- •Periodontit kesellerini bejerliş usullary
- •8.6. Periodontitleriň bejerlişi.
- •Dişiň periodontit keselini bejermekligi şu aşakdaky tertiplerde amala aşyrmak ýerlikli hasap edilýär:
- •Ýiti periodontit keselini bejermekligiň aýratynlygy
- •Bir kökli dişiň bejerilişi
- •Köp kökli dişiň ýiti periodontit keselini bejerlişi Näsag ilkinji gezek ýüz tutanda
- •Üznüksiz periodontidiň bejerlişi
- •Bir kökli dişleriň bejerliş aýratynlygy
- •Köp kökli dişleriň bejerliş aýratynlygy
- •Üznüksiz periodontidiň ýitileşmesiniň bejeriliş aýratynlygy.
- •Periodontit keselini bejerlýärkä we bejergiden soňki göýberilýän säwlikler we gaýry üzülmeler.
- •Parodontyň keselleri
- •9.1. Umumy maglumatlar.
- •9.2. Parodont keselleriniň toparlara bölünişi.
- •9.3. Parodontyň gurluşy.
- •9.4. Parodontyň funksiýalary.
- •9.5. Parodont keselleriniň sebäpleri.
- •9.6. Parodont kesellerinde patologoanatomik alamatlar.
- •9.7. Parodont keselleriniň anyklanyş - barlag usullary.
- •9.1. Görkeziji. Parodont keselleriniň dürli görnüşlerinde
- •9.8. Parodont keselleriň geçiş alamatlary
- •9.8.1. Gingiwit
- •9.8.2. Parodont kesellerinde dişetiniň melanoz tegmildi.
- •9.19. Surat Dişetindäki melanoz tegmildiň goýylyk
- •9.8.3. Parodontit.
- •9.8.4. Parodontoz.
- •9.8.5. Parodontoliz (parodontyň beterleşip ereýän idiopatik keselleri).
- •9.8.6. Parodontomalar.
- •9.9. Parodont keselleriniň bejerlişi.
- •9.9.1. Ýerli bejergi.
- •9.9.2. Umumy bejerlişi.
- •9.9.3. Hirurgik bejerliş usuly.
- •9.9.4. Fiziki bejerji usuly.
- •9.9.5. Ortopedik bejerliş usuly.
- •9.10. Parodont keselli näsaglara bejeriş – keseliň öňüni alyş kömeginiň guralşy.
- •Stomatogen ýokanç ojaklary we ojakly – şertlendirlen keseller.
- •Bejerliş aýratynlygy
- •Agyz boşlugynyň nemli bardasynyň keselleri
- •11.1. Agzyň nemli bardasynda keselleriniň görnüşlere bölnüşi
- •Ýokanç keseller:
- •III. Allergiki we zäherli-allergiki keseller:
- •IX. Rakoňýany keseller, howypsyz we howyply çişler:
- •II. Ýokanç keseller:
- •IV. Ekzogen zäherlenmelerde, agzyň nemli bardasynyň üýtgeşmeleri.
- •11.2. Şikesli zeperlenmeler
- •11.2.1. Mehaniki şikeslenme
- •11.2.1.1. Ýiti mehaniki zeperlenme
- •11.2.1.2. Üznüksiz mehaniki zeperlenme
- •11.2.2. Himiki zeperlenme.
- •11.2.3. Fiziki zeperlenilme.
- •11.2.3.1. Galwanizm.
- •11.2.3.2. Şöhle keseli
- •11.2.3.3. Äň-ýüz sebtindäki täze dömmeleriň şöhle bejergisinde agzyň nemli bardasynyň üýtgemeleri.
- •11.2.4. Leýkoplakiýalar
- •Owunjak düwünçejikleri bolan gaty we ýumşak gaňşyrawgyň nemli bardasynyň gipertozy çykaryjy akabanyň giňeldilen nokatly bolan giperplazirlenen sülekeý mäzleri.
- •11.2.5. Paşkowyň ýumşak leýkoplakiýasy
- •11.2.6. Kennonyň ak ýumşak haly
- •11.3. Ýokanç keseller
- •11.3.1. Wirus keseller
- •11.3.1.1. Ýönekeý (adaty) gerpes
- •11.3.1.2. Gurşaýjy gerpes.
- •11.3.1.3. Gerpetiki angina
- •11.3.1.4. Ýiti respirator wirus ýokanç keselleri.
- •11.3.1.5. Agsal keseli
- •11.3.1.6. Agyz boşlugyndaky aids ýokanç keseli.
- •11.3.2. Wensanyň ýaraly – çüýreme stomatiti
- •11.3.3. Mereziýel keseli
- •11.3.4. Inçekesel.
- •11.3.5. Kandidoz (Agyz boşlugyň nemli bardasynyň köpüklemesi)
- •Agyz burçynyň jaýrykly mikotik (hamyrmaýaly) çişmesi.
- •11.4. Allergiýa keselleri.
- •11.4.1. Käbir allergiki keselleriň kliniki alamatlary
- •11.4.1.1. Anafilaktiki şok.
- •11.4.1.2. Kwinkäniň angionewrotik çişgini
- •11.4.1.3. Derman allergiýasy.
- •Kataral we kataral-gemorragik stomatit (heýlit, glossit).
- •11.4.2. Köp görnüşli şypyljaýan eritema
- •11.4.3. Üznüksiz gaýtalanýan aftoz stomatit.
- •11.4.4. Behçetiň (sindromy) alamatlar toplumy.
- •11.4.5. Şegreniň (sindromy) alamatlar toplumy
- •11.6. Gipowitaminozlarda agzyň nemli bardasynyň ütgemeleri.
- •11.7. Käbir ulgamlaýyn kesellerde agzyň nemli bardasynyň ütgeýşi
- •11.7.1. Aşgazan-içege ýollarynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemeleri
- •Agzyň nemli bardasynyň bozulmagy
- •11.7.2. Ýürek-damar kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.3. Içki mäz (endokrin) kesellerde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.5. Gan emele getiriş ulgamynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •Agzyň nemli bardasynyň eroziw – ýaraly zeperlenmegi.
- •11.7.6. Nerw ulgamynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.6.1. Stomalgiýa (glossalgiýa).
- •11.7.6.2. Tagam alyşyň bozulmagy
- •11.7.6.3. Sülekeý çykmagyň bozulmagy
- •11.8. Deri kesellerinde agzyň nemli bardasynyň üýtgeşmeleri
- •11.8.1. Gyzyl ýasy demrew
- •11.8.2. Pakgarçak keseli
- •11.8.3. Pemfigoid
- •11.8.4. Gyzyl gurt keseli
- •11.8.5. Dýuringiň dermatiti
- •11.9. Diliň anomaliýasy we aýratyn keselleri
- •11.9.1. Gasynly dil
- •11.9.2. Gara (saçly) dil
- •11.9.3. Deskwamatiw glossit
- •11.9.4. Rombgörnüşli glossit
- •11.10. Heýlitler
- •11.10.1. Eksfoliýatiw heýlit (tozgalaýan)
- •11.10.2. Glandulýar heýlit
- •11.10.3. Aktiniki we meteorologik heýlitler
- •11.10.4. Allergik gatnaşyk heýlit
- •11.10.5. Atopiki heýlit (adaty däl heýliti)
- •11.10.6. Ekzematoz heýliti
- •11.10.7. Makroheýlit (Melkerson – Rozentalyň alamaty)
- •11.11. Agzyň nemli bardasynyň we dodagyň gyzyl gaýmasynyň howply dömmä getiriji keselleri
- •11.11.1. Howply dömmä getiriji hadysalarynyň toparlara bölünşi
- •11.11.2. Boueniň keseli
- •11.11.3. Rak öň ýany siňňiller
- •11.11.4. Dodagyň gyzyl gaýmasynyň rak öň ýany çäkli giperkeratozy
- •11.11.5. Manganoftiniň rak öň ýany abraziw heýliti
- •11.11.6. Deri siňňili
- •11.11.7. Keratoakantoma.
- •11.11.8. Rak öň ýany keselleriň öňüni alyş çäreleri
- •11.1. Diş ýokundylary
- •Diş daşlaryny aýyrmak
- •Edebiýat sanawy
6.6.2.3. Hemişelik petikleýjiler
Kariýes we onuň ötüşmelerinde köwekleri doldurmak we dişiň täjiniň daşky sypatlaryny, anatomik bütewligini dikeltmek üçin hemişelik petikleýjiler gerek bolýar we olary üç toparlara bölýärler: Sementler, Amalgamalar, kompozitler. Her bir fabrik ýa-da kärhana tarapyndan hödürlenen petikleýji serişdesi amaly önümçilige ulanmaklyga ygtyýarnama berilmezden öňürti barlag-synagyndan geçirilmelidirler. Şol synaglarda bolsa olar birnäçe talaplara laýyk gelmelidirler we ondan soňra olar giňden ulanmaga hödürlenilip bilnerler. Şol talaplaryň käbirlerinden stomatolog lukmanlaryň hem baş çykarmaklygy zerurdyr. Ine olaryň käbirleri:
1. Hemişelik petikleýjiler dişleriň köweklerine goýulanyndan soň köp wagtyň dowamynda özleriniň durkuny saklap bilmelidirler.
2. Dişler bilen iýmitler çeýnelinen wagty döreýän mehaniki güýje, agrama çydamly bolmalydyr.
3. Agzyň suwuklygynda, sülekeýde we beýleki erginleriň täsirinde ereýjiligi pes bolmaly.
4. Umumy bedene, agyz agzalaryna, dişiň gaty we ýumşak dokumalaryna oňaýsyz, awuly täsiri pes bolmagy zerurdyr.
5. Petikleýjileriň gyzgyn-sowuk gyjyndyrjylaryny geçirjiligi bolmaly däldir.
6. Petikleýjileriň temperatura täsirleri sebäpli onuň göwrümini ulaltmak ýa-da kiçelmek derejesi dişiň gaty dokumasynyňka gabat gelmelidir.
7. Olaryň aňsat taýýarlanylmak we plastik ýumşaklyk ukyblary ýokary bolmalydyr.
8. Dişiň gaty dokumalaryna, esasanam syrçasyna ýelmeşmek - “adgeziýa” bolan ukyby ýokary bolmagy zerurdyr.
9. Petikleýjiniň reňki syrçanyň reňkine mümkin boldugyça gabat gelmelidir.
10. Kariýes köwegine goýulan petikleýjiniň gaýtadan kariýes ojagynyň döremezligi üçin onuň garşysyna belli-bir möçberde täsiri bolmalydyr. Ýagny düzüminde mineral duzlaryny - Ca+, P+, F we başg. saklamagy zerurdyr.
11. Umumy bedende we agyzda allergiýa hadysasyny döretmeli däldir.
12. Diş petiklenenden soň, wagtyň geçmegi bilen petikleýji özüniň reňkini üýtgetmeli däldir.
13. Petikleýji serişdesiniň önümçilikde taýýarlanyşy we onuň daşky gurşawyň täsirine durnuklylygynyň amatly bolmagy gerekdir.
14. Petikleýjiniň maliýe tarapdan hem amatly bolmagy (onuň bahasynyň arzanlygyny) gelejekde göz öňünde tutulsa lukmanlar, näsaglar üçin hem gowy ýardam bolar.
Sement petikleýjiler. Şu günki stomatologiýada sementleriň köp görnüşleri ulanylýarlar we olaryň iň esasylary şu aşakdakylardan ybarat:
1. Sink-fosfat sementi (fosfat-sement). Düzümi:külkeden we erginden durýar. külkesi – sinkiň oksidi; magniý, kremniý oksidleri, wismutyň üçlük oksidi, misden we birnäçe kiçi himiki maddalardan ybaratdyr. Ergini – alýuminiň we sinkiň ortofosfor turşusyndan durýar.
Sink fosfat sementi kariýesiň bejergisinde aralaýjy gatlak hökmunde hem-de pulpit, periodontit çişmelerinde akabalary doldurmak üçin ulanylýar.
Petikleýjiniň garylyp taýýarlanylyşynyň tertipleri: 1. Petikleýjini taýýarlamaklyk we garmaklyk garyjynyň kömegi bilen aýna gutusynyň tekiz üstünde amala aşyrylýar. Garyjy (şpatel) demirden ýa-da plastmassadan bolup, olaryň zeperlenen ýerleri bolmaly däldir. Külkesi bilen erginiň gatnaşygy: 1,5 gr. külkä 0,4 ml ergin ýeterlikdir (5-6 damja). 2) Garmaklyk geçirilýän ýeri bolan aýna gutusy sowadylan bolmaly, esasan hem biziň yssy howa şertlerimizde. 3) Garmaklygyň dowamlylygy 90-sekuntdan köp bolmaly däl. Näçe köp dowamly garyldygyça gatamaklygyň wagty uzalýar we külke-ergin birleşip şepbik emele gelmeklik hadysasy bozulýar. 4) Taýýarlanylanda külkesiniň we ergininiň mukdarlary näçe az boldugyça petikleýjiniň gatamagynyň wagty şonçada azalýar. 5) Petikleýjiniň külkesi näçe köp mukdarda ergine goşulyp taýýarlanylsa şonçada mehaniki çeýneýiş güýjüne durnuklylygy artýar. 6) Köwege petikleýji goýulandan soň, ony tekizlemek, ýülmemeklik bir näçe gün geçenden soň edilmelidir.
2. Bakterisid ýa-da gara misli sement. Onuň külkesiniň düzümi edil sink-fosfadynyňky ýaly we ondan aýratynlykda onda misiň, kümüşiň, simap duzlary hem bardyr. Ergini – alýuminiň, sinkiň ortofosfor turşusyndan ybaratdyr. Bu sement aralaýjy gatlak we akabalary doldurmak üçin niýetlenendir.
3. Silikat sementi (silisin sement). Düzümi külke we erginden dürýär. Külkesinde kremniýniň ikilik oksidi, alýuminiň, kaliýniň oksidleri, natriniň, kalsiniň ftory birleşmeleri we başg.. Ergini edil sink-fosfatynyňky ýalydyr. Onuň taýýarlanylyşy hem fosfat sementiňki bilen meňzeşdir.
4. Selikat – fosfatly sement (silidont sement). Külkesiniň 20%-ti fosfat sementiniňki, 80%-ti silikat sementiniňki. Erginiň düzümi ýokardaky agzalan sementlerinki ýalydyr.
5. Polikarboksilat sementi. Düzüminde mineral duzlary hem-de plastmass şepbigini saklaýan petikleýji bolup, onuň külkesi: sinkiň, magniniň oksidleri we amoniý birleşmesinden ybarat, ergini – poliakril turşusynyň 37%-li suwly erginidir. Külkesiniň we ergininiň taýýarlaýyşda gatnaşygy 1,0 gram külkä 2 damja ergin goşulýar, garylyşyň dowamlylygy 20-30 sekunt. Bu sement aralaýjy gatlak hökmünde ulanylýar.
6. Iýonomer sementi ýa-da aýnaly iýonomer sementi. Erginden we külkeden ybarat. Düzümi: Külkesi alýuminiň silikat aýnasyndan, kremniniň oksidi, fosfat alýuminiň oksidi hem-de birnäçe ftoruň birleşmeleri bardyr. Ergini poliakril turşusynyň 50%-li suwly ergininden durýar.
Taýýarlanylanda külke bilen erginiň gatnaşygy: 2,5 gram külkä 1,0 ml ergin goşulýar. Taýýarlamak işi aýna gutysynyň içinde 1 min dowamynda geçirilýär. Hemişelik petikleýji hökmünde ulanylýar, esasan I, V synp boşluklary petiklemek üçin niýetlenendir.
Iýonomer sementleriniň taýýarlanyşynda käbir aýratynlyklary bar: 1) külkäni ulanmazdan öňürti gowy edip garyşdyrmaly; 2) külkeli çüýşejigiň agzy elmydama mäkäm ýapylan bolmaly, sebäbi külkäniň özüne çyglylygy sorujylygy ýokarydyr; 3) taýýarlanylýan wagty külke we erginiň gatnaşygy bozulmaly däl, özüniň hilini pese gaçyrýar. Iýonomer aýnaly sementleriň şöhle bilen gataýanlary hem häzirki wagtda bar, olar dişlerdäki uly bolmadyk zeperlenmelerde (syrçanyň şikesi, pahna sekilli kertigi, eroziýasynda) tebigy fissuralary doldurmak üçin niýetlenendir. Bu petikleýjiler düzüminde mineral we ftor birleşmeleri saklaýanlygy üçin kariýesiň garşysyna ýokary täsiriniň barlygy hem-de mehaniki güýje durnuklylygy bilen tapawutlanýarlar.
Sement petikleýjilere kliniki taýdan häsiýetnama: hemme petikleýjilerde bolşy ýaly olaryň oňaýly hem-de oňaýsyz taraplary bardyr.
