- •Institutynyň talyplary üçin
- •Terapewtik stomatologiýanyň ösüşi we onuň öňünde durýan meseleler
- •Stomatologiýa gullugyny guramak
- •Häzirki zaman stomatologiýa gullugy şu aşakdaky görnüşlerden ybarat:
- •2.1. Stomatologyň otagynyň guralyşyna talaplar we kadalar.
- •Stomatolog lukmanyň otagynda şu aşakdaky enjamlar bolmaly:
- •Terapewtik stomatologiýada aseptika we antiseptika
- •Sterilizasiýa we dezinfeksiýa
- •Amidopirin synagynda Ulanylýan erginiň düzümi şu aşakdakylardan ybarat:
- •Agyz boşlugyndaky synalaryň we dokumalaryň gurluşy we ýerine ýetirýän işleri
- •3.1. Agzyň nemli bardasy
- •3.1.1. Agzyň dürli bölümlerindäki nemli bardanyň gurluşy
- •3.1.2. Agzyň nemli bardasynyň ýerine ýetirýän işleri
- •3.2. Sülekeý mäzleri, sülekeý we agyz boşlugynyň suwuklygy
- •3.2.1. Sülekeý mäzleri
- •3.2.2. Sülekeý we agyz boşlugynyň suwuklygy
- •3.2.3. Sülekeýiň ýerine ýetirýän funksiýalary
- •We ösüp çykyş möhletleri
- •3.3.1. Dişleriň anatomik gurluşy
- •3.3.1.2. Hemişelik dişler
- •3.3.2. Dişiň gaty dokumalarynyň gistologik gurluşy, himiki düzümi we ýerine ýetirýän işleri
- •3.4. Agyz boşlugynyñ mikroflorasy
- •3.5. Agyz boşlugynyñ goraýjy mehanizmleri
- •3.5.1. Mahsus däl goraýyş faktorlar
- •3.5.2. Mahsus goraýyş faktorlar
- •Mahsus goraýyş faktorlar
- •Agyz agzalarynyň ýagdaýlaryny anyklamagyň usullary
- •4.1. Näsagdan sorag-ideg edilişi (subýektiw barlaglar)
- •4.2. Obýektiw barlag usullary
- •4.2.1. Seretmeklik
- •4.2.1.1 Daşky serediliş
- •4.2.1.2. Agyz boşlugyna seretmek.
- •Dişleriň etlerine seretmek
- •Cpitn indeksiniň kesgitlenişi
- •Agyz boşlugynyň gigiýeniki ýagdaýlarynyň kesgitlenişi
- •4.2.1.3. Agyz boşlugynyň içki bölegine seretmek
- •Agzyň nemli bardasynda bolup geçýän patologik hadysalar
- •4.2.1.4. Dişlere seretmeklik
- •4.2.2. Dişleriň perkussiýasy
- •4.2.3. Palpasiýa barlagy
- •4.2.4. Temperatura duýujylygyny anyklamak.
- •4.2.5. Diş dokumalarynyň ýagdaýlarynyň elektrik togunyň kömegi bilen anyklanylyşy
- •4.2.6. Rentgen anyklaýyş usullary
- •Rentgen barlaglaryň usullary:
- •4.2.7. Transillýuminasiýa anyklaýyş usuly
- •4.2.8. Lýuminesent barlag usuly
- •4.2.9. Funksional takyklamalar
- •4.2.10. Funksional barlaglary
- •4.2.11. Laboratoriýa barlag usullary
- •4.3 Stomatologik näsaglarynyň hasaba alnyş kartasy
- •Kariýesden özge zeperlenmeler
- •Kariýesden özge zeperlenmeler.
- •Syrçanyň kemterliligi (gipoplaziýasy)
- •Dişleriň menekliligi (flýuorozy).
- •Syrçanyň artykmaçlygy (giperplaziýasy)
- •Dişler ösüp çykanyndan soňraky döwürlerde ýüze çykýan kariýesden özge zeperlenmeler
- •Pahna şekilli kemtik.
- •Dişleriň gaty dokumalarynyň patologik sürtülmesi
- •Dişleriň eroziýasy
- •Dişleriň gaty dokumalarynyň nekrozy
- •Dişleriň himiki (turşulardan) nekrozy
- •Dişleriň ýiti şikeslenmesi
- •Dişleriň kariýesi
- •6.2. Dişleriň kariýesiniň toparlara bölünişi
- •6.3. Kariýesiň klinikasy
- •6.4. Dişleriň kariýesiniň patologik anatomiýasy
- •6.5. Diş kariýesiniň döreýişiniň nazary ýollary (takyklamalary)
- •Şats we Martiniň helasiýa teoriýasy
- •Kariýesiň döremeginiň häzirki zaman düşündirilişi
- •Surat № 6.6. Kariýesiň döreýşiniň taslamasy.
- •6.6. Diş kariýesiniň bejerlişi
- •Blek boýunça kariýes köwekleriniň klaslara bölünişi
- •I klas kariýes ojaklarynyň şekil aýratynlyklary.
- •III klas kariýes köwekleriniň şekilleri.
- •IV klas kariýes köwekleriniň görnüşleri.
- •V klas kariýes köweginiň taýýarlanyşy.
- •6.6.2. Petikleýji serişdeler
- •6.6.2.1. Wagtlaýyn ulanylýan petikleýjiler.
- •6.6.2.2. Aralaýjylar.
- •6.6.2.3. Hemişelik petikleýjiler
- •Sementleriň oňaýly taraplary:
- •Sementleriň oňaýsyz taraplary:
- •Petikleýjileri gatatmaklyk üçin ulanylýan fotopolimerzatorlar (gatadyjy çyralar) we olaryň ulanylyşy
- •6.6.3. Gaýtadan dikeldiji serişdeler bilen köwekleri doldurmaklygynyň tapgyrlary
- •6.7. Kariýesiň bejergisinde goýberilýän säwlikler we gaýra üzülmeler
- •Dişleriň pulpasy
- •7.1.1. Dişiň pulpasynyň anatomiki, gistologiki gurlyşy we fiziologiki aýratynlygy
- •7.1.2. Diş pulpasynyň gistologiki gurluşy
- •Diş pulpasynyň gistohimiýasy
- •7.1.3. Diş pulpasynyň gan üpjinçiligi.
- •7.1.4. Diş pulpasynyň nerw üpjinçiligi
- •7.1.5.Diş pulpasynyň ýerine ýetirýän işleri.
- •Iýmitlendiriş
- •Iýmitlendiriş işjeňligi
- •7.3. Dişiň pulpit keselleriniň sebäpleri.
- •7.3.1. Döreýiş sebäpleri.
- •7.4. Diş pulpasynyň çişmesiniň geçiş aýratynlygy, morfogenezi, mikrosirkulýator üýtgeşmesi.
- •7.3. Surat. Diş kök akabasynyň esasy arteriolynyň diwarynyň ultrodüzmi.
- •7.5. Diş pulpasynyň çişmesiniň toparlara bölünişi.
- •7.6. Pulpidiň geçiş alamatlary we anyklanyşy.
- •7.6.1.Ýiti ojaklaýyn pulpit.
- •7.6.2.Ýiti ýaýraň pulpit.
- •7.6.3. Üznüksiz fibroz pulpit.
- •7.6.4.Üznüksiz gipertrofiki pulpit.
- •7.6.5. Üznüksiz çüýreme (gangrenoz) pulpit
- •7.6.6. Üznüksiz pulpidiň ýitileşmegi.
- •7.7. Dişleriň pulpit keselleriniň bejerliş usullary
- •Bejerliş usullar
- •7.7.2. Pulpit keselini wital amputasyýa geçiriliş aýratynlygy.
- •7.13. Surat. Wital ekistropasiýa amputasion usuly
- •7.7.3. Hirurgiki usuly.
- •7.7.3.1. Pulpany wital ekstirpasyýa geçirilişi.
- •Pulpit bejerlende wital ekistropasyýa usulynyň geçiriliş tapgyry
- •7.7.3.2. Pulpanyň dewital ekistropasyýa geçirilişi
- •7.7.3.3. Pulpanyň dewital amputasyýa geçirilişi
- •Pulpit kesellerini bejerlende göýberilýän säwlikler we gaýry üzülmeler
- •VIII Bap Periodont dokumanyň çişmesi (infilomkatiýasy)
- •8.1. Periodont dokumanyň anatomiki -fiziologiki aýratynlygy.
- •8.3. Surat. Periodont süýmleriniň keseligine ýerleşişi, diş keseligine keseilende.
- •8.6. Surat. Periodontdaky epitelial galyndylary.
- •Periodontyn işjeňligi.
- •8.2. Periodontitiň sebapleri.
- •8.3. Periodontitiň (döreýşi geip çykyşy, geçiş aýratynlygy) patogenezi
- •8.4. Periodontit keselleriniň toparlara bölünişi.
- •8.5. Periodontit keseliniň geçiş aýratynlygy.
- •8.5.1. Dişiň köküniň depejigindäki ýiti periodontit.
- •8.5.2.Üznüksiz periodontitler
- •8.5.2.1.Üznüksiz fibroz periodontit.
- •8.5.2.2. Üznüksiz granurleýji periodontit
- •8.5.2.3. Üznüksiz granulamatoz periodontit
- •8.18. Surat. Üznüksiz gramulýomtoz periodontit.
- •8.5.2.4. Üznüksiz periodontitiň ýitileşmesi
- •Patomorfologiki üýtgeşmeler.
- •Periodontit kesellerini bejerliş usullary
- •8.6. Periodontitleriň bejerlişi.
- •Dişiň periodontit keselini bejermekligi şu aşakdaky tertiplerde amala aşyrmak ýerlikli hasap edilýär:
- •Ýiti periodontit keselini bejermekligiň aýratynlygy
- •Bir kökli dişiň bejerilişi
- •Köp kökli dişiň ýiti periodontit keselini bejerlişi Näsag ilkinji gezek ýüz tutanda
- •Üznüksiz periodontidiň bejerlişi
- •Bir kökli dişleriň bejerliş aýratynlygy
- •Köp kökli dişleriň bejerliş aýratynlygy
- •Üznüksiz periodontidiň ýitileşmesiniň bejeriliş aýratynlygy.
- •Periodontit keselini bejerlýärkä we bejergiden soňki göýberilýän säwlikler we gaýry üzülmeler.
- •Parodontyň keselleri
- •9.1. Umumy maglumatlar.
- •9.2. Parodont keselleriniň toparlara bölünişi.
- •9.3. Parodontyň gurluşy.
- •9.4. Parodontyň funksiýalary.
- •9.5. Parodont keselleriniň sebäpleri.
- •9.6. Parodont kesellerinde patologoanatomik alamatlar.
- •9.7. Parodont keselleriniň anyklanyş - barlag usullary.
- •9.1. Görkeziji. Parodont keselleriniň dürli görnüşlerinde
- •9.8. Parodont keselleriň geçiş alamatlary
- •9.8.1. Gingiwit
- •9.8.2. Parodont kesellerinde dişetiniň melanoz tegmildi.
- •9.19. Surat Dişetindäki melanoz tegmildiň goýylyk
- •9.8.3. Parodontit.
- •9.8.4. Parodontoz.
- •9.8.5. Parodontoliz (parodontyň beterleşip ereýän idiopatik keselleri).
- •9.8.6. Parodontomalar.
- •9.9. Parodont keselleriniň bejerlişi.
- •9.9.1. Ýerli bejergi.
- •9.9.2. Umumy bejerlişi.
- •9.9.3. Hirurgik bejerliş usuly.
- •9.9.4. Fiziki bejerji usuly.
- •9.9.5. Ortopedik bejerliş usuly.
- •9.10. Parodont keselli näsaglara bejeriş – keseliň öňüni alyş kömeginiň guralşy.
- •Stomatogen ýokanç ojaklary we ojakly – şertlendirlen keseller.
- •Bejerliş aýratynlygy
- •Agyz boşlugynyň nemli bardasynyň keselleri
- •11.1. Agzyň nemli bardasynda keselleriniň görnüşlere bölnüşi
- •Ýokanç keseller:
- •III. Allergiki we zäherli-allergiki keseller:
- •IX. Rakoňýany keseller, howypsyz we howyply çişler:
- •II. Ýokanç keseller:
- •IV. Ekzogen zäherlenmelerde, agzyň nemli bardasynyň üýtgeşmeleri.
- •11.2. Şikesli zeperlenmeler
- •11.2.1. Mehaniki şikeslenme
- •11.2.1.1. Ýiti mehaniki zeperlenme
- •11.2.1.2. Üznüksiz mehaniki zeperlenme
- •11.2.2. Himiki zeperlenme.
- •11.2.3. Fiziki zeperlenilme.
- •11.2.3.1. Galwanizm.
- •11.2.3.2. Şöhle keseli
- •11.2.3.3. Äň-ýüz sebtindäki täze dömmeleriň şöhle bejergisinde agzyň nemli bardasynyň üýtgemeleri.
- •11.2.4. Leýkoplakiýalar
- •Owunjak düwünçejikleri bolan gaty we ýumşak gaňşyrawgyň nemli bardasynyň gipertozy çykaryjy akabanyň giňeldilen nokatly bolan giperplazirlenen sülekeý mäzleri.
- •11.2.5. Paşkowyň ýumşak leýkoplakiýasy
- •11.2.6. Kennonyň ak ýumşak haly
- •11.3. Ýokanç keseller
- •11.3.1. Wirus keseller
- •11.3.1.1. Ýönekeý (adaty) gerpes
- •11.3.1.2. Gurşaýjy gerpes.
- •11.3.1.3. Gerpetiki angina
- •11.3.1.4. Ýiti respirator wirus ýokanç keselleri.
- •11.3.1.5. Agsal keseli
- •11.3.1.6. Agyz boşlugyndaky aids ýokanç keseli.
- •11.3.2. Wensanyň ýaraly – çüýreme stomatiti
- •11.3.3. Mereziýel keseli
- •11.3.4. Inçekesel.
- •11.3.5. Kandidoz (Agyz boşlugyň nemli bardasynyň köpüklemesi)
- •Agyz burçynyň jaýrykly mikotik (hamyrmaýaly) çişmesi.
- •11.4. Allergiýa keselleri.
- •11.4.1. Käbir allergiki keselleriň kliniki alamatlary
- •11.4.1.1. Anafilaktiki şok.
- •11.4.1.2. Kwinkäniň angionewrotik çişgini
- •11.4.1.3. Derman allergiýasy.
- •Kataral we kataral-gemorragik stomatit (heýlit, glossit).
- •11.4.2. Köp görnüşli şypyljaýan eritema
- •11.4.3. Üznüksiz gaýtalanýan aftoz stomatit.
- •11.4.4. Behçetiň (sindromy) alamatlar toplumy.
- •11.4.5. Şegreniň (sindromy) alamatlar toplumy
- •11.6. Gipowitaminozlarda agzyň nemli bardasynyň ütgemeleri.
- •11.7. Käbir ulgamlaýyn kesellerde agzyň nemli bardasynyň ütgeýşi
- •11.7.1. Aşgazan-içege ýollarynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemeleri
- •Agzyň nemli bardasynyň bozulmagy
- •11.7.2. Ýürek-damar kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.3. Içki mäz (endokrin) kesellerde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.5. Gan emele getiriş ulgamynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •Agzyň nemli bardasynyň eroziw – ýaraly zeperlenmegi.
- •11.7.6. Nerw ulgamynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.6.1. Stomalgiýa (glossalgiýa).
- •11.7.6.2. Tagam alyşyň bozulmagy
- •11.7.6.3. Sülekeý çykmagyň bozulmagy
- •11.8. Deri kesellerinde agzyň nemli bardasynyň üýtgeşmeleri
- •11.8.1. Gyzyl ýasy demrew
- •11.8.2. Pakgarçak keseli
- •11.8.3. Pemfigoid
- •11.8.4. Gyzyl gurt keseli
- •11.8.5. Dýuringiň dermatiti
- •11.9. Diliň anomaliýasy we aýratyn keselleri
- •11.9.1. Gasynly dil
- •11.9.2. Gara (saçly) dil
- •11.9.3. Deskwamatiw glossit
- •11.9.4. Rombgörnüşli glossit
- •11.10. Heýlitler
- •11.10.1. Eksfoliýatiw heýlit (tozgalaýan)
- •11.10.2. Glandulýar heýlit
- •11.10.3. Aktiniki we meteorologik heýlitler
- •11.10.4. Allergik gatnaşyk heýlit
- •11.10.5. Atopiki heýlit (adaty däl heýliti)
- •11.10.6. Ekzematoz heýliti
- •11.10.7. Makroheýlit (Melkerson – Rozentalyň alamaty)
- •11.11. Agzyň nemli bardasynyň we dodagyň gyzyl gaýmasynyň howply dömmä getiriji keselleri
- •11.11.1. Howply dömmä getiriji hadysalarynyň toparlara bölünşi
- •11.11.2. Boueniň keseli
- •11.11.3. Rak öň ýany siňňiller
- •11.11.4. Dodagyň gyzyl gaýmasynyň rak öň ýany çäkli giperkeratozy
- •11.11.5. Manganoftiniň rak öň ýany abraziw heýliti
- •11.11.6. Deri siňňili
- •11.11.7. Keratoakantoma.
- •11.11.8. Rak öň ýany keselleriň öňüni alyş çäreleri
- •11.1. Diş ýokundylary
- •Diş daşlaryny aýyrmak
- •Edebiýat sanawy
2.1. Stomatologyň otagynyň guralyşyna talaplar we kadalar.
Stomatologyň otagy guralanda ýörite kadalardan we talaplardan ugur alynmagy, ýagny ulanylýan enjamlaryň hem-de işler berjaý edilende ulanylýan derman we beýleki serişdeleriň saglyga ýetirýän täsiriniň göz öňünde tutylmagy zerurdyr. Sebäbi, işleriň nädogry berjaý edilmegi beden saglygyna öz zyýanly täsirini ýetirýär, mysal üçin petikleýji ýa-da başgaça dikeldiji serişdelerden bolan amalgama ulanylmagy onuň düzümindäki simabyň bolmagy barada aýtmak bolýar.
Hakykatda, adaty ýagdaýda bir stomatolog lukmanyň iş ýeri üçin 14 m2 meýdançanyň göz öňünde tutylmagy wajypdyr. Otagyň içinde ýene goşmaça stomatologyň oturgyjuny - bir iş ýerini ýerleşdirmek üçin 7 m2 meýdança goşmaly. Emma häzirki zaman çylşyrymly enjamlar üçin 10 m2 meýdançany göz öňünde tutmak maslahat berilýär.
Stomatologiki otagda amalgama we ş.m. serişdeleri ulanmak maksat edinilýän bolsa, onda hökmany ýagdaýda otagyň poluna, petigine we diwaryna berk üns bermek zerurdyr. Stomatologyň otagynyň diwarlary tekiz, ýylmanak bolup, hiçhili jaýryklar, yşlar bolmaly däldir. Diwarlaryň birleşýän burçlary pol we petigiň birleşýän ýerleri ýylmanak bolup, ýüzünden hiçhili goşmaça bezegler goýulmaly däldir. Diwaryň suwagyna goşmak ýada ýüzüne 5 % kükürt külkesini çalmak bilen, otagyň içinde işler berjaý edilende zyýanly täsirleri özüne sormagyna garşy maksat üçin ulanylýar. Ýüzüni ýagly ýa-da silikat reňkler bilen reňklemek zerur. Otagyň poluny ilki bilen kardon kagyzy, soňra linolium bilen örtüp, diwaryň içine 10 sm-e çenli girizmek zerurdyr. Linoliumlaryň birleşýän ýerlerini berk ýelmemeli. Linoliumlaryň we gaz ýada suw geçirijileriniň, elektrik togunyň diwara aralaşýan ýerlerine hamyr çalmak hökmandyr. Bu arassaçylyk uýasynyň ýerine ýetrýän işlerini doly we dogry berjaý etmekde ÿardam berer.
Stomatologyň otagynyň diwarlaryna, düşegine, petigine ýagty ak reňkler çalmak maslahat berlip, ýagtylyk 40% koeffisiýentden pes bolmaly däldir.
Mümkin bolsa, açyk mele, ak reňkleri çalmaly. Lukman öz işlerini berjaý edende reňkiň täsiri bolmaly däldir. Reňkleriň gara ýakyn bolmagy dişiň gaty we parodontlarynyň hem agyz boşlugynyň nemli bardasynyň keselleri anyklananda we bejerilende päsgel berip biler. Otagyň gapysyna, penjiresine ýagly ak reňk çalmak maslahat berilýär.
Otagyň içiniň öz tebigy ýagtylygy bolmaly. Penjiresi demirgazyk tarapa bakmalydyr, sebäbi, tomus aýlary, ýylyň yssy wagtlary penjire demirgazyga bakmasa otagyň içiniň gyzmagyna alyp barýar. Eger-de demirgazykdan başga taraplarda penjiresi bar bolsa, onda hökmany ýagdaýda perde-žalýuzlar bilen tuty örtülmelidir.
Ýagtylyk koeffisienti 1:4-1:5 derejä çenli maslahat berilýär. Otagyň içi goşmaça yşyklar bilen ýagtylandyrylmaly. Ýagtylandyryş çyrasy we şoňa meňzeş yşyklandyryjylar oturdylan ýagdaýlarynda başga adamlaryň gözüne düşüp päsgel bermeli däldir.
Stomatologyň otagynda umumy yşykdan başga-da, diňe işlenilýän ýere düşýän yşyk, ýagtylyk bolmaly, stomatologiki enjama berkidilen, gerekli bolan ýere gönükdirip bolýan reflektor bolmaly. Bu ýagtylyk umumy ýagtylygyň diňe 10 % tutmaly.
Hökmany ýagdaýda otagyň içiniň howasyny çalyşýan enjamlar oturdylmaly we her sagatda 2-3 gezege çenli howasyny çalyşmak zerurdyr. Şeýle-de, penjirede fortoçka bolmaly.
Lukmanyň iş otagynda kwars lampasy bolup, onuň kömegi bilen howa arassalanýar. Bu işi, iş wagtynyň aralygynda ýa-da ahyrynda berjaý etmek ýerlikli hasap edilýar.
Otagyň içinde lukmanyň, şepagat we arassaçylyk uýasynyň iş ýerleri göz öňünde tutulmaly. Lukmanyň iş ýerinde stomatologiki enjamlar, näsagyň oturgyjy (kreslo), derman serişdelerine niýetlenen stol we lukmana niýetlenen aýlanýan oturgyç, şepagat uýasynyň gurallary tertiplemgi üçin stol, gury gyzgynlyk bilen gurallar arassalanýan şkaf, şprisler arassalanýan şkaf, arassa gurallary saklamak üçin stol we aýlanýan oturgyç bolmalydyr. Arassaçylyk uýasynyň gurallary saýlamagy üçin stol, gurallary ýuwmak üçin kran suwy akýan ýer bolmaly. Şeýle-de, otagyň içinde gerekli bolan artykmaç serişdeleri, gurallary we dermanlary saklamak üçin şkaf (A belgili şkaf-awuly, B belgili şkaf-güýçli täsir edýän dermanlary saklamak üçin niÿetlenen) we resmi hatlar üçin stol bolmaly.
Häzirki wagta stomatologiki enjamlar gün-günden kämilleşýär. Şu günki günde çylşyrymly stomatologiki enjamlardan pnewmatiki (howa bilen) elektrik togunyň kömegi bilen, gidrawalik suwuň kömegi bilen, elektron ulgamynyň (uzylyň) kömegi bilen işleýän bormaşynlar bar. Enjamyň düzüminde stomatologiki diş bejeriş oturgyjy bolup, ol awtomatiki hereketleri ýerine ýetirýär. Goşmaça ýagtylyk berýän reflektoryň, kompressor we agyz boşlukda amallary berjaý etmek üçin abzallaryň, dişiň gaty dokumasyny gyrmak üçin, diş daşlary we ýokundylaryny aýyrmak üçin, sülekeýi, tozanjyklary sorujy abzallaryň bolmagynyň, lukmanyň öz işlerini amal etmeginde orny uludyr. Dişiň gaty dokumasyny gyrmak üçin enjam dürli tizlikde hereket edýär. Hereket ediji enjam 2-3 görnüşde bolup, mehaniki, howa bilen we mikromotorly peýnekler bardyr. Abzallaryň düzüminde ultrases bilen diş daşlaryny aýrmaga niýetlenen gural (pistolet) howa we suw pürkmäge niýetlenen gönükdiriji bar. 2000-den 12 000-15 000 min/ tizlikde işleýän mikromotorly peýnekler bolýar. Howa bilen işleýän peýnekler 300 000-450 000 min/tizlikde hereket edýär. Stomatologiki enjamyň düzüminde petikleýjileri ýa-da dikeldijileri gatadýan çyra bolup, petikleýjini şöhle bilen gatatmaga niýetlenen. Näsaglar üçin stomtologiki oturgyç näsagyň kellesini, göwresini, aýagyny erkin ýagdaýda saklamak üçin degişli hereketleri berjaý edip bilýär.
