Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Kitap ter stom.doc
Скачиваний:
29
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
3.55 Mб
Скачать

6.6.2. Petikleýji serişdeler

Dişiň täjiniň köweklerini petiklemeklik kariýesiň bejergisiniň jemleýji tapgyry bolup oňa serişdeleri saýlap almaklyk hem wajypdyr. Petiklemekligiň netijeliligi kariýes köweklerini dogry we şertlere laýyk taýýarlamakdan we ulanyljak petikleýjiniň hiline, taýýarlanylyşyna, lukmanyň amaly endiklerine gönüden göni baglydyr.

Petikleýji serişdesini saýlap almaklykda we onuň hilini, netijeliligini takyklamak­lykda olaryň himiki düzümini, häsýetlerini, agyzda özlerini alyp baryşlaryny bilmeklik gerekdir. Olaryň düzü­mini, kliniki häsiýetlerini öwrenmeklik klinikadan öň geçilýän synplarda özleşdirilýär şonuň üçi­nem gaýtalamazlygy makul bildik.

Petikleýjiler ulanylyş görkezmeleri boýunça üç topara bölünýärler.

1) wagtlaýynça ulanmaklyk üçin

2) hemişelik petikleýjiler

3) aralaýjy gatlaklar üçin.

6.6.2.1. Wagtlaýyn ulanylýan petikleýjiler.

Wagtlaýyn ulanmaga niýetlenen petikleýjiler 1-2 hepdäniň dowamynda boşluk­lary ýap­mak­lyk üçindir. Bularyň içinde iň köp ýaýrany emeli dentin külkesidir (Sink-Sulfat sementi). Onuň kul­kesi Sulfatdan we Sinkiň oksidinden durýar, hem-de 5-10% derejedäki kaolinden ybaratdyr. Emeli dentiniň külkesi suwda garylyp taýýar­lany­l­ýar, garylmaklyk 1.5-2 minudyň dowamynda ama­la aşy­ry­lyp, ol tä hamyr bolýänça, onuň gatamaklygy 3-4 minutda tamam bolýar. Kärhanalar tara­pyn­dan göý­berilýän dentin hamyry hem bardyr. Onuň düzüminde dentin we haýsam bolsa bir ösümlik ýagy bolýar. Taýýar göýberilýän dentin hamyry agyz boşlugynda 2-3 sagadyň dowamynda sülekeýiň we beden temperaturasynyň täsirleri esasda gataýar. Bulardan başgada wagtlaýynça petikleýji seriş­de­si höküminde ewgenol ýagynyň okisi sink külkesi bilen garylyp taýýarlanan hamyryny hem ulan­mak bolýar. Sink – ewgenol petikleýjisini çagalarda süýt dişleriň boşluklaryny doldurmak üçin hem ulanylsa bolýar.

6.6.2.2. Aralaýjylar.

Bu topardaky erişdeler iki topara bölünýärler: 1) bejergi gatlaklar, 2) aralaýjy gatlaklar;

Haçanda çuňňur kariýes ojagy bejerilende, bejeriji gatlaklary goýmak maslahat berilýär. Munuň sebäbi köweginiň düýbi çuň, dişiň pulpasy golaý ýerleşen, pulpada käbir morfologik üýt­geş­meler bolup geçýänligi üçindir. Şol üýtgeşmeleri aýyrmak, pulpa bejeriji täsir etmek, ikilenji den­tin gat­­­lagyny çalt emele getirmek niýeti bilen bejeriji gatlaklar goýulýar. Ol bejeriji gatlaklara dü­­­zü­minde kalsiniň gidroksidini, sinkiň, kremniniň oksidlerini saklaýan, agyrsyzlandyryjy, anti­septik se­­riş­­deleri, antibiotik, gormonal, fermentleri saklaýjy hamyrlar degişlidir. Olara kal­me­sin hamyrlary, timodent, kalsidont, Dycal we Alcaliner petikleýjileri şöhle bilen gataýjy Calcimal we ş.m. degişlidir. Bejergi gatlaklar kariýes köwegi arassalanyp, taýar edilenden soň, az-owlak möç­berde köwegiň düýbüne goýulýar, ondan soň aralaýjy gatlak goýulyp diş köwegi hemişelik petiklenilýär.

Aralaýjy gatlaklar kariýesiň ösen görnüşleriniň bejergisinde hemişelik petikleýjiniň aşagyna aralaýjy düşek görnüşinde goýulýar. Olaryň esasy maksady hemişelik petikleýjileriň düzümin­däki ýaramaz – awuly jisimleriň dentin turbajyklarynyň üsti bilen diş pulpasyna aralaşmasyna ýol bermeýän böwet höküminde hyzmat etmek üçindir. Aralaýjy düşeklere Sink-Fosfat sementi (fosfat, unifas sement), okis-sink hamyry, Polikarboksilat sementi, iýonomer sementi degişlidir. Bularyň içinde Fuji-2; Base line; Chemfil Superiýor; Chelon Fil we başg. has gowularydyr. Bularyň käbirleri şöhle bilen gataýjylara degişlidirler.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]