Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Kitap ter stom.doc
Скачиваний:
29
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
3.55 Mб
Скачать

I klas kariýes ojaklarynyň şekil aýratynlyklary.

Ýonulyp şekil berilýän köwekler her-dürli bolup olar gyrylýan dişlere, olaryň ýerleşýän ýer­lerine baglylykda silindr, üçburçluk, dörtburçlyk, romb, haç görnüşlerde taýýarlanylýar. Kä­bir ýagdaýlarda birnäçe kariýes ojagy birleşdirilip uly goşmak, tilki guýruk, konus şekilli edilip taýýarlamaly bolýar (6.8.-nji surat).

Kariýes köwekleriniň I klas boýunça görnüşleri.

II klas kariýes ojaklarynyň şekilleri birnäçe görnüşleri bardyr. Egerde zeperle­nen dişiň goňşy gapdalaşýan dişi ýok bolan ýagdaýynda (sogurlan bolsa) onda dörtburçlyk şekilli köwek dişiň diňe gapdal tarapynda ýasalýar. Egerde goňşy gapdallaşýan dişi bar bolsa onda kariýes ojagyna aňsat barar ýaly onuň çeýneýji tarapyndan sagdyn syrçany deşip goşmaça boşluk ýasalýar, ondan soňra bolsa dişiň gapdal galtaşýan tarapyndan esasy köwek taýarlanylýar şeýle-likde basgançak görnüşli iki boşluk edilýär. (6.9.-njy surat)

II-nji klas kariýes köweginiň taýýarlanylyşy.

Egerde uly we kiçi azy dişleriniň öňki we yzky galtaşýan taraplarynyň ikisinde hem kariýes ojagy bar bolsa onda iki tarapynda taýarlanan kariýes köwekleri bir-biri bilen birleşdirilip hem bilner. (6.10.-njy surat) II klas kariýes köweginiň taýýarlanyşy.

III klas kariýes köwekleriniň şekilleri ojaklaryň ýerleşişine bagly. Egerde alyn dişleriň galtaşýan taraplary kariýes bilen zeperlenip we oňa abzallar bilen baryp arassalamaklyk müm­kin­çiligi bar bolsa onda üç burçluk şekilinde köwek taýýarlanylýar (6.11.-nji a surat). Egerde dişler gy­sy­lyp oturan bolsalar, kariýes ojagyna barmasy kyn bolsa onda şol dişleriň dil tarapyndan go­şmaça meý­dança taýýarlanylýar we ondan soňra esasy boşluk gapdal tarapynda taýýarlanylýar (6.11.-nji b surat) a haçanda kariýes ojaklary diňe bir gapdal taraplaryny zeperleman eýsem-de dişiň öňki ýa-da dil tarapyndaky syrçalary hem saýalan bolsa onda bir-biri bilen birleşdirilen köwekler emele getirilýar (6.11.-nji g surat).

III klas kariýes köwekleriniň şekilleri.

IV klas kariýes köwegi iki boşlukdan ybarat edilip taýýarlanylýar. Üçburçlyk görnü­şinde esasy boşluk dişiň galtaşýan tarapynda we akaba görnüşdäki goşmaça meýdança kesiji böleginiň dil tarapyndan taýýar lanylýar (6.12.-nji surat)

IV klas kariýes köwekleriniň görnüşleri.

V klas kariýes köwekleri süri noýba, tegelek sar, owal şekillerinde taý­ýar­lanylýar (6.13.-nji surat)

V klas kariýes köweginiň taýýarlanyşy.

Ýokarda agzalyp geçilen köwekleriň şekillerinden başga-de petikleýji maddala­ry­nyň gowy saklanmaklygy üçin goşmaça oýuklar, çuňlukler, retensiýa nokatlary hem edilýär.

Dişleriň gaty dokumalaryny düzetmekde gaýtadan dikeldiji serişdeleri ulany­lan­da kö­wek­leriň gyrylyşynyň adaty Blek boýunça kariýes köwekleriniň gyrylyş taýýar­la­nyşyndan käbir tapawutlary bar. Birinjiden – dişiň syrçasyny örän tygşytly ýonmaklyk maslahat berilýär (diňe zeperle­nen syrçany gyryp aýyrmaklyk we näçe mümkin boldugyça sagdyn syrçany saklap alyp galmaklyk). Ikinjiden – kariýes ojagynyň klasyna garamazdan olara belli – bir şekil bermek hokmany däl hasaplanylýar. Sebäbi häzirki döwürde ulanmaga hödür­lenýän gaýtadan dikel­dijiler dişiň gaty dokumalaryna diňe bir mehaniki taýdan ýelmeşmäň eý­semde himiki taýdan hem ýelmeşmek ukyby bardyr (adgeziwler arkaly). Üçünjiden – kariýes köweklerini tiz we ýiti gyryjy abzallaryň kömegi bilen amala aşyrylmalydyr ýagny turbina diş gyryjysy we almaz daşlaryndan ýasalan borlaryň kömegi bilen, olar kariýes köweginiň syrça erňeklerinde nätekizlikleri galdyr­maýarlar we kompozit petikleýjiniň kadaly ýelmeşmegine şert döredýär. Dördünjiden – ýonulan kariýes köwekleri gowy edilip antiseptik erginler bilen ýuwu­lyp arassalanmaly hem-de ondaky organiki ýaglaryň, birleşmeleriň galyndysynyň bolmazlygy üçin (olar petikleýjileriň durnukly­lygyna ýaramaz täsir edýärler) boşlugyň içini, diwarla­ryny, erňeklerini turşularyň täsiri esasda ýuwulyp arassalanmalydyr. Bäşinjiden – reňki üýtgän syr­çany hokmany ýonup aýyrmaly we boşlugyň syrça erňegini 450-lyk derejede ýapgyt etmeklik zerurdyr. Bu ýapgytlyk syrça bilen petikleýjiniň bir-biri bilen gowy alyşmagyny üpjün edýär.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]