Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Kitap ter stom.doc
Скачиваний:
29
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
3.55 Mб
Скачать

Blek boýunça kariýes köwekleriniň klaslara bölünişi

I klas: uly we kiçi azy dişleriniň tebigy oýuklarynda we jaýryklarynda ýerleşen kariýes ojaklary;

II klas: uly we kiçi azy dişleriniň gapdal-galtaşýan (aproximal) taraplarynda ýer­leş­ýän kariýes ojagy;

III klas: gyýak we kesiji dişleriň gapdal – galtaşýan (aproximal) taraplarynda ýerleşýän kariýes ojaklary (kesiji bölegi zeperlenmedik dişler).

IV klas: gyýak we kesiji dişleriň gapdal-galtaşýan (aproximal) taraplarynda we şol sanda kesiji bölegi hem zeperlenen;

V klas: ähli topardaky dişleriň boýunjyk töwereginiň kariýes ojaklary.

Kariýes ojagynyň klasyna garamazdan köwekleriň ýonulyp arassalanyşy bir­meň­zeş tapgyrdan ybaratdyr we onuň yzygiderliligini doly berjaý etmek hok­ma­nydyr. Ine olaryň sanawy: 1) agyrsyzlandyrmak; 2) köwekleriň girelgesini açmak; 3) köwek­dä­ki çüýrän dokumalary aýyrmak (nekroektomiýa etmek); 4) köweklere şekil bermek­.

Ilkinji tapgyrda dişiň gaty dokumalary gyryjy abzallaryň kömegi bilen işlenilip ýonu­landa näsagda kiçili-ululy agyrlar döreýär we kadaly bejeriş işlerini geçirmäge uly päsgel berýär. Şonuň üçin hem gyrmazdan öňürti agyrsyzlandyrmak zerur. Agyr­syzlandyrmak üçin agyr­syzlandyry­jy serişdeleri dişlere damdyrmak, çalmak, ýapgylary etmek ýaly usular bardyr. Bu ýerde 5-10%-li derejede lidokainiň erginini, 5-10%-li kokoin, dikain erginlerini ulanmak bolýar. Kop halatlarda sanjym etmeklik arkaly agyrsyzlandyrma ulanylýar we onuň netijeliligi ýokary. Üçlük nerwiň haýsam bolsa bir şahasyna (bejeriljek dişe baglylykda) agyrsyzlandyryjy ergin goýberilýär (2% nowokainiň, 2% lidokainiň, 1-2% ultrakainiň, 1-2% trimekainiň) hem-de 5-10 minutdan soň doly agyrsyzlandyrma gazanylýar.

Ikinji tapgyr kariýes ojaklarynyň girelgeleri darajyk, a düýpleri bolsa giň bolany üçin ikinji tapgyr kariýes köweginiň girelgesini açmaklyk we giňelt­meklikden ybarat. Köwegiň girelgesindäki syrçany aňsat ýonup aýyrmak üçin ýiti şar, fissur şekilli borlar ýa-da almaz daşlaryndan ýasalan gyryjylar ulanylýar. Eger-de kariýes boşlugy II klasa degişli bolsa, onda kariýes köweginiň girelge­sinden daşary dişiň çeýneýji böleginden deşip goşmaça meýdança hem edilýär, ýagny kariýes ojagyna doly baryp bolar ýaly hem-de gelejekde petikleýjiniň saklanmaklygyna şert dörär ýaly.

Üçünji topgyr kariýes ojagyndaky patologik üýtgän dokumalary aýyrmaklyk­dan ybarat bolup, ilki bilen ekskowator, gladilka gazolowjylary bilen ýumşak syrça, dentin gatlaklaryny gopa­ryp aýyrmaklyk, has gataňsy gopmaýan çüýrän gatlaklary bolsa ýonujy abzallaryň – şar şekilli bor­la­ryň, fissura, konus borlaryň kömegi bilen tä arassa sagdyn syrça – dentin doku­malaryna çenli gyrylyp aýyrylýar. Kä halatlarda bolsa esasanam çuňňur kariýes ojagynda köwegiň dübündäki reňki üýtgän, ýone gataňsyrak dentin gatlagy hem aýyrylman galdyrylýar, diş pulpasynyň golaý bolanlygy üçin.

Dördünji tapgyr kariýes köwegine belli-bir şekil bermeklikden ybarat bolup, ol esasa­nam petikleýji serişdeleriň gowy saklanmaklygy üçin gerekdir. Kariýes ojagynyň klasyna görä şekiller berilýär, ýöne muňa garamazdan her-bir gyrylyp emele getirilen kariýes köwegi umumy talaplara laýyk gelmelidirler.

Köweklere edilýän umumy talaplar:

1. Köwegiň 4 sany elementi-bölegi bolmalydyr: a) düýbi, b) diwarlary, g) erňekleri, ç) çuňkleri;

2. Diwarlary bir-birine paralel bolmaly;

3. Köwegiň diwarlarynyň düýbine geçýän ýerinde göni çuňki emele getirmeli;

4. Köwegiň syrça erňekleri tekiz we ýülmenek bolmaly.

Köwekleriň emele getirilip şekil berlişi köp halatda olaryň klasyna bagly bolup, olar dürli-dürlidir.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]